Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmagy geçen hepdäniň möhüm halkara wakasy boldy. Bitarap Türkmenistan sebitara we ählumumy oňyn ýagdaýlara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.
18-nji maýda bu sammite gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikler geçirdi. Taraplar bilelikdäki tagallalar netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilendigini belläp, hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.