Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş almak, ýekelemek, otag etmek hem-de hatarara bejergi işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaýa ideg etmek işleri alnyp barylýar. Welaýatda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, tohumlyk bugdaýy ýygnap almak, daşamak we talabalaýyk saklamak üçin ähli zerur çäreler görüldi.