Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň ýanynda we Baş baýdagyň öňündäki meýdançada geçirilen dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Esasy Kanunymyz we ýaşyl tugumyz ýurdumyzyň baş döwlet nyşanlary bolmak bilen, halkymyzyň mizemez jebisligini, parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Bularyň hemmesi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän, halkara jemgyýetçiligiň ählumumy goldawyna eýe bolan içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiz bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň halkyna iberen Gutlagynda: “Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa binasy bilen Baýdak meýdançasy, döwlet ähmiýetli Arkadag şäherindäki, welaýatlaryň merkezlerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky belent sütünli baýdak meýdançalary bu gün Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligini has-da dabaralandyrýar” diýip belleýär.