Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Getsi, bu kompaniýany esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Sanktýohanseri, “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny dolandyrmak boýunça edara binasy Dýusseldorfda bolan geňeşçi, hyzmatdaş Armin Raffalskini we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hans Gerd Prodeli kabul etdi.
Işewürler wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, GFR-iň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän, ykdysady hyzmatdaşlygy netijeli alyp barmak ugrunda amatly şertler döredilen Türkmenistan bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar. Bellenilişi ýaly, Germaniýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen mundan beýläk-de ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle hem köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasynyň bardygy aýratyn nygtaldy.