Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirilýär. “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary milli kanunçylyga girizmek boýunça kanun taslamasy taýýarlanylýar.