"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ýaş nesil baradaky alada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp-ulalmaklary, ylymly-bilimli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu gün ata Watanymyz bagtyýar çagalygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Ösüp gelýän ýaş nesiller — ajaýyp zamanamyzyň gül-gunçalaryna deňelýän mähriban körpelerimiz biziň ynam-arzuwlarymyzdyr. Şonuň üçinem watansöýüji, berk bedenli, sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda alnyp barylýan möhüm işler aýratyn many-mazmuna beslenýär. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalarynyň aýdyň netijesidir. Hut şeýle bolansoň bagtyýar nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan alkyşly sözleri asla egsilmeýär.

Her bir adamyň borjy

Elektrik togy ulanylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri birkemsiz berjaý edilmelidir. Ýörite niýetlenen goraýjylaryň peýdalanylmagy elektrik geçirijisindäki tok güýjüniň artmagyndan ýa-da gysga utgaşmadan döreýän ýangynyň öňüni almagyň esasy şertleriniň biridir. Ulanylýan tok geçirijileriň daşky örtügi wagtyň geçmegi bilen guraýar. Şol esasdan, wagtal-wagtal tok geçirijileriň daşky örtüginiň garşylyga çydamlylygy barlanyp durulmalydyr. Elektrik enjamlary ulanylanda, aşakdaky düzgünler berk berjaý edilmelidir:

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Ekologiýa syýasatynyň rowaçlygy Hormatly Prezidentimiz gözel tebigatymyzy goramaga, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga we tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmaga gönükdirilen wezipelere uly üns berýär. Gözel Diýarymyzyň tebigatynyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmek bilen bagly wezipeleri öňde goýýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologiýa syýasatynyň esasy maksady ilatymyzyň daşky gurşawda sagdyn ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Berk talap

Ulag serişdesini dolandyrmak üçin zerur resminamalaryň düzüw bolmagyny üpjün etmek hökmany şert bolup durýar. Mysal üçin, awtoulag serişdesine erk etmek üçin dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnama, bellenen tertipde şahadatnama sürüjiniň elinden alnan ýagdaýynda bolsa, wagtlaýyn rugsatnamasy we şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmalydyr. Mundan başga-da, Kadalarda bellenilişi ýaly, ulagyň bellige alnandygy hakynda güwänamasy we döwlet tehniki gözegçiliginden geçendigi hakyndaky guratlyk haty sürüjiniň ýanynda bolmalydyr. Ýene bir ýagdaýam ýatlap geçeliň. Eger-de ulagyň eýesi bolmadyk mahaly dolandyrylanda, şol ulaga eýelik etmäge, ony ulanmaga, oňa serenjam bermäge bolan hukugyny tassyklaýan resminamasy hökmandyr. Bu babatda ýük awtoulaglary üçinem kesgitlenen kadalar hereket edýär. Bölümçämiziň gözegçileri ýollara we köçelere gözegçilik edenlerinde ýokarda gürrüňi edilen düzgünleriň berjaý edilişine-de ýeterlik üns berýärler. Sebäbi, sürüjileriň käbirleri geleňsizlik edip, degişli resminamalary düzgüne laýyk resmileşdirmän awtoulaglara erk edilmegine ýol berýärler. Şeýle düzgün bozmalara ýol berýän sürüjiler ýüze çykarylsa, olara hereket edýän kanunçylyga laýyklykda çäreler görülýär.

Asudalygyň goragynda

Eşretli ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda il-günümiz hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletli döwranda ýaşap, gurýar we döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň hatyrasyna tutanýerli zähmet çekýär. Asuda, abadan durmuşda işlemegem, ýaşamagam bagtyýarlykdan nyşandyr.

Baldyzym — bagtyma şärik

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Türkmen zenanlarynyň bütin durky, süňňi-süýegi gözellige ýugrulandyr. Muňa arkama-arka aýlanyp gelýän däp-dessurlarymyzyň, halk döredijiligimiziň, şahyrana eserleriň, eneden gyza, gaýyndan gelne, ýeňňeden baldyza geçip gelýän el işleriniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Üýşüp-üýşüp keşde çeken, keçe basan, haly dokan, gaýma gaýan, süýji tagamlary taýýarlap, ýagşy görüm-görelde bilen sagdyn nesli kemala getiren, dogry edep-terbiýe berip, Watanyň mynasyp ogul-gyzlaryny ýetişdiren mähir-mylakatly zenanlarymyzyň näçe tarypyny ýetirseňem azdyr.

“Mersedes - benziň” taryhyndan

Täze tehnologiýalar bilen gyzyklanýan meşhur telekeçi Emil Ýellinekiň haýyşy boýunça 2 silindrli, 6 at güýji kuwwatly awtomobil döredilip, bu awtomobil uly üstünlige eýe bolupdyr. 1900-1901-nji ýyllarda inžener-konstruktor Awgust Wilgelm Maýbah tarapyndan işlenilip taýýarlanylan 35 PS dünýäde ilkinji hereketlendirijisi benzin bilen işleýän bu awtomobil Emil Ýellinekiň haýyşy boýunça gyzynyň hormatyna “Mersedes” diýip atlandyrylypdyr. Ýellinekiň gyzynyň maşgalada tutulýan ady Mersedes bolup, doly ady Adriana Manuela Ramona Ýellinekdir. Mersedes awstriýaly telekeçi hem-de Awstro-Wengriýanyň ilçisi Emil Ýellinekiň maşgalasynda Awstriýanyň Wena şäherinde dünýä inýär. Mersedes — ispança “Merсedes” — “sowgat, sylag” diýmekdir. Şol döwürlerde bu at ispan dilli halklarda uly meşhurlyga eýe bolup, aýal-gyzlara dakylypdyr. Bu adyň doly atlandyrylyşy Mariýa de las Mersedesdir.

Bagtyň syry

(Tymsal) Bir täjir ogluny çagalygyndan dürli ugurlardan okadypdyr. Ogly ýetginjek çykansoň, ony alys ýerde ýaşaýan ady belli akyldardan sapak almaga ugradypdyr.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Daş buzlugy Argentinada ýerleşýän Kampo-de-Pedra-Pomes atly giden meýdan tebigat täsinlikleriniň jemlenen ýeridir. Guşuçar belentlikden seredeniňde, ululy-kiçili, dürli reňkli kiçiräk baýyrlar, gaýalar özboluşly gözelligi peşgeş berýär. Irki döwürlerde Blanko ýanardagynyň atylmagyndan emele gelen ýere «Daş buzlugy» ýa-da «Aý landşafty» diýilýär. 14 inedördül kilometr meýdanda ýanardag jynsy bolan pemza emele gelmeleri Gün şöhlesine öwşün atýan buz harsaňlaryny ýadyňa salýar. Ýyllaryň geçmegi bilen pemza dag jynsyny ýeliň timarlamagy netijesinde täsin şekiller döräpdir. Bu ýerde olaryň bäş müňden gowragy bar. Dürli ululykdaky şekilleriň käbiriniň beýikligi 30 metrden geçýär. Tebigatyň bu ajaýyplygy syýahatçylary özüne çekýär.

Kalplaryň şahyrynyň hormatyna

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we kitaphananyň bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy – türkmen kalbynyň şahyry» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň wekilleri, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer syýasaty esasynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna uly sarpa goýulýandygy, ýaşlary milli watançylyk ruhunda terbiýelemekde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň köptaraplaýyn edebi mirasynyň täsiriniň uludygy bellenildi. Çykyş edenleriň akyldar şahyrymyzyň öwüt-ündew mowzugyndaky goşgularyny okap, olarda öňe sürülýän pikirleri giňişleýin düşündirmekleri maslahatyň täsirini has-da artdyrdy.

Dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde «Toprak bereket eçilýär» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirdik. Oňa guramamyzyň şäher komitetiniň hünärmenleri we işjeň agzalary, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň işgärleri, pudagyň öňdebaryjy zähmetkeşleri gatnaşdylar. Galla oragy möwsüminiň üstünlikli jemlenmegi mynasybetli geçirilen bu maslahatda ilkinjileriň hatarynda zähmet ýeňşini gazanan gallaçy kärendeçilerimizi we kuwwatly tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edip, möwsümde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamakda ussatlyk görkezen sürüjileri guramamyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk. Janypkeş daýhanlarymyz oba zähmetkeşlerine giň mümkinçilikleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar. Soňra welaýatymyzyň sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary bilen ildeşlerimize ruhy lezzet paýladylar.

Ýol abat — il abat

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň halkyň asudalygy we bagtyýarlygy hakda edýän aladalaryndan ugur alnyp, awtomobil ýollaryny abatlamak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şu günler welaýat merkezimizdäki ýollara sürüjiler we pyýadalar üçin niýetlenilen ýol belgilerini goýmak, olary täzelemek işleri bilen birlikde ýörite toparyň çözgüdi bilen çatryklara döwrebap ýolyşyklary hem goýulýar. Şeýle hem Türkmenabat — Mary awtomobil ýolunyň Türkmenabat şäher böleginde sürüjileri ugrukdyrýan ýol çyzyklaryny çyzmak, ulaglaryň göwnejaý hereketlerini ýola goýmak işleri hem sazlaşykly alnyp barylýar. Bu ugurdaky işler ildeşlerimiziň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen birlikde şäherimiziň barha gözelleşmegine getirýär. Ýollarda hereket howpsuzlygyny gazanmak, ýol-ulag belgileriniň ähmiýetini ilatyň dykgatyna ýetirmek maksady bilen sürüjiler bilen düşündiriş işlerini hem yzygiderli geçirýäris.

Täze kitaplar bilen tanyşdyryldy

Kitaphanamyza ýene-de täze kitaplaryň birnäçesi gelip gowuşdy. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli neşir edilen täze çeper eserleriň bolmagy bizi aýratyn buýsandyrdy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň eserleri, Türkmenistanyň Gyzyl kitaby we çagalar üçin niýetlenilen gollanmalaryň birnäçesi kitaphanamyzyň kitap goruny has-da baýlaşdyrdy. Kitaphanamyzda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralaryny guradyk. Dabaranyň dowamynda çeper döredijilik bilen meşgullanýan okyjylarymyz beýik söz ussady Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan şygyrlaryny okadylar.

Täsirli geçen söhbetdeşlik

Tejen etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda Tejen etrabynyň Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlandy. Söhbetdeşlikde ýurdumyzda beýik söz sungaty Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu gün Magtymguly Pyragynyň mertebesiniň barha belende galýandygyny, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan şanly ýylymyzyň taryhy wakalara beslenýändigini guwanç bilen bellediler hem-de dana atamyzyň ömür-döredijiligi, edebi mirasy, şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti hakda gürrüň etdiler.

Kämil hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurdaky maksatnamalaýyn işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, belent ahlak häsiýetinde terbiýelenmegine oňyn ýardam edýär. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen üstünlikli özgertmeleriň alnyp barylýandygyny äşgär edýär.

Maslahat işjeňlikde geçdi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda maşgala mukaddesligine bagyşlanan wagyz-nesihat ähmiýetli maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýewiň, mährem ene Ogulgözel Myradowanyň, Gökdepe etrap Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri Enar Amanlykowanyň çykyşlary uly dykgat bilen diňlendi. Ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga gönükdirilen tagallalar, şeýle-de pederlerimizden miras galan asylly ýol-ýörelgeler, däp-dessurlar, edep-terbiýe kadalary dogrusyndaky gürrüň maslahatdaky çykyşlarda eriş-argaç bolup geçdi. Çykyş edenler ýaşlara gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Ýakymly täsirleri galdyran gezelenç

Ýurdumyzda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalar wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýärler. Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümi tarapyndan ýörite meýilnama esasynda çagalar bilen gyzykly çäreler, duşuşyklar, täsirli gezelençler, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip durulýar. Bu bolsa olaryň oňat dynç alyp, wagtlaryny şatlykly geçirmeklerine ýardam edýär. «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen «Gämi» muzeýine guralan gezelenç olarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Muzeý gymmatlyklary çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Olar dürli görnüşli gaýykdyr gämi eksponatlary bilen tanyşdylar, olar bilen baglanyşykly muzeý işgärleriniň beren gyzykly gürrüňlerini diňlediler.

Halk Maslahaty: demokratiýa, adyllyk we jebislik

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Golaýda paýtagtymyzyň häkimliginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisinde munuň bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ählumumy forum Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriler. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde durýan möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň aýratyn uly ähmiýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ol adamlary beýik maksatlaryň daşynda birleşdirmekde, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär.

Bagtyýar balalar

Ýaş nesil — röwşen geljegimiz, guwanjymyz, buýsanjymyz. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzda ýaş nesilleriň beden, bilim, ruhy, ahlak taýdan hemmetaraplaýyn ösüşine aýratyn ähmiýet gönükdirilýär, çagalar çäksiz mähir we alada bilen gurşalýar. «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde çagalar baglarynyň döwrebap binalary guruldy hem-de gurulýar. Olarda körpe nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap sowat öwrenmegi, dynç almagy we wagtyny peýdaly geçirmegi babatynda ähli şertler üpjün edilýär. Çagalar baglarynda ýokary derejede enjamlaşdyrylan döredijilik otaglarynyň, sport zallarynyň, ilkinji kompýuter sowadyny öwredýän we daşary ýurt dillerini öwrenmäge niýetlenen lingafon otaglarynyň bolmagy körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän tagallalardan gözbaş alýar.

Täsirli duşuşyk

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ahal welaýat kitaphanasynyň guramagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän bagtyýar çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Welaýat kitaphanasynyň meýilnamasy esasynda geçen duşuşykda agzalan kitaphananyň kitap gaznasynda saklanýan çagalar edebiýatlary, dürli ertekili neşirler barada ýaş nesle täsirli gürrüň berildi. Türkmen halk ertekileri we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda aýdyldy.