Özgertmeler syýasaty — rowaçlyklaryň gözbaşy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň: «Geljekde her bir maşgalanyň öýi hem-de jaýy bolar» diýen sözlerine laýyklykda, häzirki wagtda ilatyň ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary yzygiderli gurulýar. Uzak möhletli we ýeňillikli bank karzlarynyň esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlary adamlar hakynda edilýän uly aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Bu bolsa durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygynyň subutnamasy bolmak bilen, raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukuklarynyň hem kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 5-nji iýunynda welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň dowamynda Daşoguz şäherinde birbada 8 sany köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giň gerimde bellenilmegi halkymyzyň baý edebi we medeni mirasyna goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu babatda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetiniň örän uly bolandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägir