"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

«Paramount» studiýasy «Skydance Media» bilen birleşýär

«Hollywood »-yň meşhur studiýalarynyň biri bolan «Paramount » başga bir kompaniýa, «Skydance Media » kompaniýasy bilen birleşýär. Has takygy, «Skydance Media » kompaniýasy «Paramount » studiýasynyň paýnamalaryny satyn alar. 1912-nji ýylda esaslandyrylan «Paramount » studiýasy «Hollywood »-yň iň gadymy 2-nji, dünýäde- de iň gadymy 6-njy kinostudiýa hasaplanýar. «Skydance » 2006-njy ýylda esaslandyrylyp, 2009-njy ýyldan bäri «Paramount » bilen bilelikde filmleriň önümçiligini gurap gelýärdi. «Terminator », «Ýerine ýetirip bolmajak missiýa » (Mission Impossible) filmleriniň soňky 4 bölümi, «Top Gan: Mawerik » (Top Gun: Maverick), «Star Trek» we başga- da birnäçe ilhalar filmler bu 2 studiýanyň bilelikdäki önümleri bolupdy. CBS, «Nickelodeon », «Paramount+ » ýaly «Paramount »-yň garamagyndaky platformalar hem 2016-njy ýylda «Skydance Media » kompaniýasyna öwrülen bu studiýanyň düzümine girer. «Paramount » studiýasy esasanam «Paramount+ » sebäpli soňky ýyllarda maliýe babatda kynçylyk çekýärdi. «Paramount+ » özi ýaly «Netflix », «Disney Plus» we «Amazon Prime Video» «streaming » platformalaryndan yza galýardy we müşderi toplamakda garaşylýan netijäni bermändi.

76-njy «Emmy» baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

Telewideniýe dünýäsiniň iň abraýly baýraklaryndan bolan «Primetime Emmy » baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. Telewideniýe akademiýasy (ATAS) tarapyndan yglan edilen 76-njy «Primetime Emmy » baýraklarynda FX-iň önümi bolan «Shogun » teleserialy 25 ugurdan dalaşgär görkezildi. FX-iň başga bir ekran eseri «The Bear » bolsa 23 ugurda dalaşgär diýlip bellendi. Bu serialyň bir möwsümde 23 ugurdan dalaşgär görkezilmegi «Emmy » baýraklarynyň komediýa ugry boýunça rekorda deň boldy. Umumylykda «Netflix »-iň önümleri 107 ugur boýunça «Emmy » baýraklarynyň dalaşgärligine hödürlendi. Köpleriň söýgüsini gazanan gara komediýa serialy «The Curse » ýeke ugurdanam dalaşgär görkezilmedi. «Only Murders in the Building » serialyndaky keşbi üçin komediýa seriallarynda iň gowy aktrisa baýragyna dalaşgär görkezilenleriň biri- de belli aktrisa, aýdymçy Selena Gomes boldy. Ol bu ugurda dalaşgär görkezilen asly latyn amerikaly 4-nji aktrisa hökmünde bellige alyndy. 76-njy «Emmy » baýraklarynyň ýeňijileri 16-njy sentýabrda Los Anjelesdäki «Peacock» teatrynda geçiriljek dabarada mälim ediler. Mundan 2 ýyl ozal 1-nji möwsümi ýaýlyma berlen «Güýç ýüzükleri » (The Rings of Power) serialynyň 2-nji möwsümi tomsuň iň soňky günlerinde tomaşaçylara ýetirilip başlanar. «Prime Video»-da görkeziljek serialyň 2-nji möwsümi- de 8 bölümden ybarat bolar. J.J. Tolkieniň meşhur «Ýüzükleriň hökümdary » eseriniň ýanam

Daşa surat çekmek

Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde köpimiz deňiz kenaryna, dag eteklerine ýa-da tebigatyň jümmüşine gezelenje gidýäris. Gezen ýerlerimizde tebigatyň gözelliklerine, okuw wagtynda görüp bilmeýän zatlarymyza duşýarys. Köplenç deňiz kenarlarynda daşy ýylmanak dürli şekilli daşlar ýa-da balykgulaklar duş gelýär. Eýsem, daşlara suratçekip ýa-da olary reňkläp öz eseriňizi döredip biljekdigiňiz barada pikir edip gördüňizmi?! Daşa surat çekmek çotga we reňk bilen ýerine ýetirilýär. Emma şekillendiriş sungaty dersindäkiden tapawutlylykda kagyzy däl-de, daşyň ýüzüni reňklemeli bolýar. Haýsy daşa nähili surat çekjekdigiňiz öz islegiňize bagly. Häzirki wagtda daşlary reňklemek köp ýerde sungat derejesine ýetip, diňe şonuň bilen meşgullanýanlar hem bar. Çagyla surat çekmek üçin dürli ýogynlykdaky çotgalary saýlap almaly. Ýüzi ýalpyldawuk däl-de, solak reňkli daşa reňk has gowy düşýär. Surat çekmezden ozal daşy mazaly ýuwup, arassalamaly, soňra guratmaly. Reňklemäge başlamazdan ozal gara galam bilen şekiliň daşyny çyzmaly. Soňra bolsa, halan reňkiňiz bilen reňklemeli. Ak, ýasy we ulurak daşlary has gowy reňkläp bolýandygyny unutmaň! Daşyň şekiline görä, ony haýwanlara ýa-da miwedir bakja ekinine- de meňzedip bilersiňiz. Balykgulaklar hem reňklemek üçin amatly tebigy önüm hasaplanýar.

Pişik ýaly pandajyk

Tebigy şertlerde ýaşaýan uly pandalar diňe Hytaýda duş gelýär. Bu pandalar aýynyň bir görnüşi hasaplanýar. Adaty pandalaryň ýaşaýan tebigatynda gyzyl panda atly ýene bir jandar ýaşaýar. Iki görnüşi bolan gyzyl panda hem ala reňkli bolup, tilkä meňzeýär. Pişikler ýaly bedenini ýalap arassalaýandygy üçin bu jandarlara «pişik pandasy » hem diýilýär. Gimalaý daglarynyň gündogar eteklerindäki tokaýlarda ýaşaýan gyzyl pandalar deňiz derejesinden has beýikdäki bambuk tokaýlarynda mesgen tutunypdyrlar. Bu jandary ilkinji gezek 1825-nji ýylda fransuz zoology Frederik Kýuwýe anyklaýar. Ol bu jandara iň owadan jandar diýip baha berýär. Şol sebäpli alym oňa latynça «ot reňkli » ýa-da «ýalpyldaýan pişik » manysyny berýän «Ailurus fulgens » diýip at dakýar. Aslynda ala reňkli adaty uly pandalar gyzyl pandalardan has giç anyklanýar. Şeýle bolansoň, ilki gyzyl panda at dakylýar. Soňra gyzyl panda meňzeşdigi sebäpli ala panda at berilýär. Gyzyl pandalaryň ululygy adaty pişik ýalyrak bolýar. Bedeniniň uzynlygy 65 santimetr, guýrugy 60 santimetr çemesi bolýar. Agramy 6 kilogram töweregi bolýan pandalar ortaça 23 ýyl ýaşaýar. Gyzyl pandalaryň possunynda ak reňkli özboluşly nagyşlary bolýar. Gür tüýli guýrugynda bolsa alty öwüşginli reňk bolýar. Bu bolsa, olaryň agaç şahalarynyň arasynda görünmezligini üpjün edýär. Galyň tüýi bedeniniň ähli ýerini, şol sanda penjelerini hem örtýär. Bu bolsa, gyşyň

Hemmeleriň arzyly oýunjagy

Wenger matematigi Erno Rubigiň 1974-nji ýylda oýlap tapan tapmaça oýnawajy dünýäde hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýän güýmenjä öwrüldi. Bu oýnawajy gören uludankiçä hemmeler zehinini barlamak üçin ony biygtyýar eline alýar. Häzire çenli bu oýunjakdan 450 milliondan gowragynyň satylandygy bellenilýär. Oýunjak ilkibaşda okuw esbaby hökmünde oýlanyp tapylypdyr. Professor Rubik talyplaryna üç ölçegli jisimleri düşündirmek üçin her tarapyndan 9 kwadrat bolan we her bölegi aýratynlykda hereket edip bilýän bu oýunjagy oýlap tapýar. Kubjagazyň ilkinji görnüşleri 27 sany dürli agaçlardan ybarat bolupdyr. Soňra bolsa 54 öýjükli – merkezinde 6 sany 1 reňkli, gapdalynda 12 sany 2 reňkli we çüňkünde 8 sany 3 reňkli öýjük bolupdyr. Rubigiň tapmaçasyny ilkinjileriň hatarynda öz talyplary çözüpdirler. 1975-nji ýylda Rubik öz öndüren önüminiň patentini alýar. 1978-nji ýylda bolsa Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Jadyly kubik » ady bilen ilkinji ýasan kubiklerini oýnawaç hökmünde çagalara hödürleýär. 1980-nji ýylda oýnawaç kompaniýalarynyň biri bu oýunjagy öndürip satmak hukugyny satyn alýar. Şondan soň bu oýnawaçlar dünýäniň dürli ýerlerinde satylyp başlanýar. «Rubigiň kubjagazyna » başgaça «jadyjy kubjagaz » hem diýilýär. 1980-nji ýyllarda meşhurlygy dünýä ýaýran tapmaçany çözmek üçin dürli usullar gözlenip başlanýar. Internetiň ýaýramagy bilen bu kubjagyzy çözmegiň dürli usullary köpçülige gör

Dünýäniň iň uly meteoridi

Beýleki planetalardan tapawutlylykda Ýeriň aýratyn atmosferasy bolup, üstünde ýaşaýyş bar. Atmosfera gatlagy Ýeri kosmos giňişliginde gaýyp ýören ululy- kiçili daşlardan goraýar. Ýer ýüzünde 100 kilometr çemesi beýiklikde başlaýan atmosfera haýsydyr bir jisim gelip uranda, kislorod bilen galtaşyp, ýanyp başlaýar we pytraýar. Ýeriň ýüzüne çenli gelip ýetýänçä bolsa, ýanyp, bugaryp ýok bolýar. Bu bolsa, ähli janly- jandarlary, ösümlikleri, umuman Ýerdäki ýaşaýşy goraýar. Şeýle- de bolsa, seýrek ýagdaýda Ýeriň atmosferasyna giren daşlar dolulygyna ýanyp gutarman, onuň kiçiräk bölekleri ýere gelip ýetýär. Atmosfera girenden soňra ýanyp, ýok bolýan daşa meteor, ýere gelip ýetýänlere meteorit diýilýär. Kosmos giňişliginde gaýyp ýören has uly daşlara bolsa asteroid diýilýär. Dünýäde häzire çenli onlarça meteorit gaçyp, olaryň käbiri muzeýlerde ýa-da başga bir ýapyk binada saklanýan bolsa, käsi gaçan ýerinde dur. Ýere gaçan iň uly meteorit Namibiýanyň demirgazygyndaky Hrutfonteýn etrabynyň golaýyndaky Hoba diýen ýerdäki äpet daş hasaplanýar. Ýer ýüzündäki iň uly bitewi asman jisimi hasaplanýan Hoba meteoridini görmäge barýan syýahatçylar hem az däl. Bu daş has irki döwürlerde Ýere gaçypdyr. Geçirilen barlaglarda asman jisiminiň 80 müň ýyl ozal Ýere gaçandygy anyklandy. Ony 1920-nji ýyllarda bir daýhan ýerini sürýän wagty tapypdyr. Oňa ýerli dilde «hopa », ýagny «men tapdym » diýen at g

Göwherden gurlan jaýlar

Dünýäde gurluşyk üçin dürli materiallardan peýdalanylýar. Köplenç gurluşyk ediljek ýerdäki materiallardan peýdalanylýan bolsa, käbir gurluşyk materiallary has alys ýurtlardan getirilýär. Polat, agaç, dürli ösümlikler, daş, toprak, çäge we beýlekiler ýaşaýyş jaýlarynyň, köprüleriň we beýleki desgalaryň gurluşygynda irki döwürlerden bäri peýdalanylýar. Germaniýanyň taryhy we medeni gymmatlygy bilen tanalýan şäherçeleriniň birindäki jaýlarda bolsa, iň gymmat bahaly daşlaryň biri hasaplanýan göwher bölejikleri ulanylypdyr. Bawariýanyň Nördlingen şäherçesindäki jaýlar guşuçar belentlikden seredilende äpet tegelek oýuň içinde ýerleşýär. Şäherçäniň köçeleri hem aýlawly bolup, uly halkanyň içinde ýerleşýär. Emma ýylda müňlerçe syýahatçynyň bu ýere gelmekleriniň sebäbi köçeleriň aýlawly bolmagy däl. Syýahatçylary bu şäherçä çekýän esasy zatlaryň biri bu ýerdäki jaýlaryň diwarlarynda müňlerçe tonna örän ownuk göwher bölejikleriniň bolmagydyr. Jaýlaryň diwarlaryndaky göwher zerrejikler bolsa, 15 million ýyl çemesi ozal Ýere gelip uran asteroidiň gurluşyk materialy hökmünde ulanylmagy bilen bagly. Has gadymy taryhy bolan şäher hem şol äpet asteroidiň emele getiren jülgesiniň içinde gurlupdyr. Bu açyşy 1960-njy ýyllarda bu ýere gelen geologlar – amerikaly Ýujin Şumeýker hem-de hytaýly Eduard Çao edipdir. Asman jisiminiň gaçmagy netijesinde emele gelen, giňligi 26 kilometre barabar bolan uly

Migrasiýa ilatyň köpelmeginiň esasy hereketlen

Birleşen Milletler Guramasy 2100- nji ýyla çenli çaga dogluşynyň derejesi pes we garrylygyň derejesi ýokary bolan ýurtlarda migrasiýanyň «özgerişligiň esasy hereketlendiriji güýji » hem-de demografik dinamika boljakdygyny öňe sürýär. BMG-niň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti tarapyndan taýýarlanan «Dünýäniň demografik geljegi – 2024» atly hasabatda «2054-nji ýyla çenli halkara migrasiýasy 52 ýurtda ilatyň köpelmeginiň esasy hereketlendirijisi bolar we bu san 2100-nji ýyla çenli 62 ýurda ýeter » diýlip bellenilýär. «Halkara migrasiýasy biziň dünýämizi emele getirýän esasy demografik meýilleriň biridir. Eger-de biz kynçylyklary ýeňip geçip, mümkinçiliklerden peýdalansak, inklýuziw we durnukly ösüşi gazanmak üçin tagallalarymyzy çaltlandyryp bileris » diýlip, BMG-niň hasabatynda tassyklanýar. Hasabatda Awstraliýa, Kanada we ABŞ ýaly çaga dogluşynyň has pes derejesi bolan ýurtlarda migrasiýanyň ilatyň köpelmegine sebäp boljakdygy bellenilýär. BMGniň geçiren barlaglaryna görä, mysal üçin, ABŞ-da 2054-nji we 2100-nji ýyllarda ilat «migrasiýa hasaba alynmazdan », degişlilikde, 13 göterim we 36 göterim pes bolar. Migrasiýa ölüm derejesini peseltmekden başga- da, dogluş derejesiniň «ýerini dolmaga kömek eder» hem-de Daniýa, Finlýandiýa, Islandiýa, Irlandiýa, Niderlandlar, Norwegiýa we Şweýsariýa ýaly ýurtlarda ilatyň

Malaýziýanyň täze Patyşasy

20-nji iýulda Soltan Ybraýym Ysmaýyl Kuala- Lumpurdaky Milli köşkde geçirilen dabarada resmi taýdan Malaýziýanyň täze Patyşasy boldy. Dabara ýurduň Premýer- ministri Anwar Ybraýym, Ministrler Kabinetiniň agzalary, şeýle hem Bruneýiň Soltany Hasanal Bolkiah we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ýaly daşary ýurtlardan gelen ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy. Ýurduň Premýer- ministri Anwar Ybraýym Malaýziýanyň halkynyň adyndan Patyşany gutlady, iň ýokary hökümdaryň halkyň agzybirliginiň we gülläp ösmeginiň nyşanydygyny belledi. Malaýziýanyň 17-nji Patyşasy Ybraýym Ysmaýyl geçen ýylyň 27-nji oktýabrynda bu wezipä saýlanyp, şu ýylyň başynda tagta çykypdy. Ýurduň ýokary ýolbaşçysy, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär. Konstitusiýa laýyklykda, hökümetiň islendik karary onuň adyndan we razylygy bilen kabul edilýär, ýöne iş ýüzünde monarh hökümetiň ýa-da mejlisiň tekliplerine esaslanyp, karar kabul edýär. Ýurtda mirasdüşer soltanlaryň döwlet Baştutany wezipesine geçmeginiň özboluşly ulgamy bar. Ol öz orunbasary (wezir) bilen bilelikde ikinji möhlete gaýtadan saýlanmak hukugy bolmazdan bäş ýyllyk möhlete saýlanýar. Dalaşgär 1957-nji ýylda, Patyşa wezipesi döredilende düzülen sanaw boýunça kesgitlenýär. 1958-nji ýylda doglan Ybraýym Ysmaýyl bu wezipä gelmezden öň Johor ştatynyň häkimidi.

Balerina meňzeş gökdirän gurlar

Albaniýanyň paýtagty Tiranada «Bond Tower » atly özboluşly binany gurmak meýilleşdirilýär. Portugaliýanyň OODA studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan bu bina balet tansynyň hereketini ýada salýan üýtgeşik görnüşe eýe bolar. «Bond Tower »-iň daşky görnüşi bir gurluşa birigýän iki diňden ybarat. 50 gatly bolmagyna garaşylýan toplumyň takyk beýikligi entek kesgitlenmedi. Taslama düzülende adaty alban halylaryndan, şeýle hem ýurduň daglaryndan we obalaryndan ylham alnypdyr. Binanyň nagyşly fasady, toplumlaýyn ýaşyl giňişlikleri we üçekdäki eýwany binagärlik bilen tebigatyň sazlaşykly utgaşmasyny döreder. Aşaky gatlarda söwda merkezleri we ofis üçin otaglar, olardan ýokarda bolsa myhmanhana bolar. Ýokarky gatlar balkonly öýler üçin niýetlenen. Özboluşly dizaýny bolany üçin, «Bond Tower » haýbatly ululygyna garamazdan kaşaň görünýär. Häzirki wagtda binanyň gurluşygyna başlandy, ýöne onuň tamamlanjak senesi belli edilmedi.

Iň güýçli deňiz ýel turbinasy

Hytaýyň «Dongfang Electric Corporation » kompaniýasy kuwwatlylygy 18 MW/t deň bolan dünýäniň iň beýik deňiz kenaryndaky ýel turbinasynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny mälim etdi. Täze gurnama ýylda 72 GWt/s arassa energiýa öndürip biler, bu bolsa Hytaýyň gündogar kenarlarynda energiýa balansyny üpjün etmäge kömek eder. Hytaý 2060-njy ýyldan soň ýel energiýasyny uglerodsyz energiýa üpjünçiliginiň esasy hökmünde görýär. Geçen ýyldan bäri ýurtda bir günde 16 MW/t kuwwatly ýel turbinalaryny gurmak tehnologiýasy işlenip düzüldi. Bu bolsa olary oturtmak işlerini epesli çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Golaýda gurlan 18 MW/t ýel turbinasynyň diametri 260 metr bolan peri bolup, bu ýedi adaty futbol meýdançasyndan hem uludyr. Periň meýdany näçe uly bolsa, edilen çykdajyny çalt ödäp, köp energiýa öndürýär. Geljekde Eýfel diňinden has beýik we diametri 310 metr bolan perli 22 MW/t kuwwatly ýel turbinasyny gurmak meýilleşdirilýär. Hytaý özüniň ägirt uly daşky gurşaw maksatlaryna ýetmäge tagalla edip, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmekde möhüm öňegidişlikleri dowam etdirýär.

Litiý üpjünçiligi boýunça şertnama baglaşyldy

Serbiýanyň hökümeti we Ýewropa Bileleşigi akkumulýatorlar üçin materiallar bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşdy. Belgradda geçirilen strategiki çig mallar boýunça sammitiň çäginde Serbiýanyň magdan senagaty we energetika ministri Dubrawka Jedowiç- Handanowiçiň we Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şefçowiçiň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi. Jemleýji resminamanyň gol çekilmegine gatnaşan Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols: – Bu şertnamanyň baglaşylmagy Ýewropanyň garaşsyzlygyny goramaga, batareýalaryň we elektroulaglaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder – diýip belledi. Şu ýylyň iýul aýynyň başynda Serbiýanyň konstitusiýa kazyýeti Ýewropanyň iň uly litiý ýatagy bolan günbatar Ýadar jülgesinde 2,4 milliard dollarlyk magdan taslamasyny togtatmak baradaky karary ýatyrdy. Çünki 2021-nji ýylda Ýadarda magdan känini özleşdirmek meýilnamasy Belgradda uly ekologiýa nägileligini döredipdi. Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç «Handelsblatt » gazetine beren interwýusynda Belgradyň Germaniýa we Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde Ýewropanyň iň uly litiý ýatagyny özleşdirjekdigini aýtdy. Ol bu taslama bilen Serbiýanyň ykdysadyýetini ösdürmek we ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulyşmagyny çaltlandyrmak baradaky uly umytlary baglanyşdyrdy. – Biz her ýylda 58 müň tonna litiý öndürip bileris. Bu 1,1 million elektroulagy öndürmek üçin ýeter

Fon der L ýaýen ikinji möhlete saýlandy

 Ýewropa Parlamenti Strasburgda geçirilen umumy mejlisde Ursula fon der Lýaýeni ikinji bäş ýyllyk möhlet bilen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlady. Ses berişlikde Ýewropa Parlamentiniň 720 agzasynyň 401-i fon der Lýaýeniň dalaşgärligine ses berdi. 284 deputat garşy çykdy. Fon der Lýaýen 2019- njy ýylyň dekabryndan bäri Ýewropa Komissiýasyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Ses berişlikden soňra, fon der Lýaýen Ýewropa Parlamentinde çykyş edip, geljek bäş ýyl üçin öz işiniň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Ol 2050-nji ýyla çenli Ýewropany klimatyň bitarap yklymyna öwürmek üçin niýetlenen ilkinji möhletiniň esasy maksatnamasy bolan «Ýewropa üçin ýaşyl şertnamany » durmuşa geçirmegi dowam etdirjekdigini aýtdy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy 2040-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlary 90 göterime çenli azaltmagy wada berdi hem-de infrastruktura we senagata, esasan hem, energiýany kön harç edýän pudaklara ep-esli maýa goýumlarynyň goýberiljekdigini belledi. – Bu ýagdaý arassa polatdan başlap, arassa tehnologiýa çenli hemme zatda öňdebaryjy bazarlary döretmäge kömek eder – diýip, fon der Lýaýen aýtdy. Onuň howa baradaky borçnamalary, «ýaşyl » fraksiýanyň wekilleriniň aýgytly goldawyna eýe boldy. Mundan başga- da, Ursula fon der Lýaýen howpsuzlyga we goranyşa maýa goýmagyň zerurdygyny öňe sürdi. – Biziň goranyş ulgamyna çykdajylarymyz juda az. Munuň t

Dalaşgärligini Harrise berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Prezident wezipesine gaýtadan saýlanmak isleginden ýüz öwrenden soň, 25- nji iýulda ilkinji gezek halka ýüzlenip çykyş etdi. ABŞ-nyň Lideri Ak Tamda eden çykyşynda noýabr aýynda boljak saýlawlardan öz dalaşgärligini aýyrýandygy baradaky taryhy kararyny mälim etdi. – Häzir Amerika üçin taryhdaky seýrek pursatlaryň biri – özgerişlik pursady gelip ýetdi, şoňa görä- de, biziň kabul edýän kararlarymyz geljek onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň we dünýäniň ykbalyny çözmelidir – diýip, Baýden belledi. – Men wezipäme hormat goýýaryn, ýöne öz ýurdumy has-da gowy görýärin. Milletimizi jebisleşdirmegiň iň gowy usuly, gezegi ýaş nesle geçirmekdir – diýip, Baýden belledi. Baýden özüniň demokratiýany goramak ugrundaky göreşini dowam etdirjekdigini sözüniň üstüne goşdy. – Meniň ýolbaşçylygym, Amerikanyň geljegine bolan garaýşym ikinji möhlete mynasypdyr, ýöne demokratiýamyzyň dabaralanmagyny hiç zat, şol sanda, şahsy isleglerimiz hem bökdäp bilmez – diýip, Prezident Jozef Baýden belledi. Şeýle hem Baýden halka ýüzlenmesinde Demokratik partiýadan özüne mirasdüşer hökmünde saýlan wise- prezident Kamala Harrisi «başarnykly, güýçli » we «ýurduň lideri » diýip atlandyrdy.

Dünýä täzelikleri gysga setirlerde

Perguza köli guraýar. Italiýanyň Sisiliýa adasyndaky Perguza köli howanyň global maýlamagy sebäpli gurady diýen ýaly. 1,8 inedördül kilometr meýdany tutýan sebitdäki ýeke- täk köl tebigy goraghananyň çägine girýär. Perguza göçegçi guşlaryň esasy dynç alyş ýeridi. Müsürli zenanyň keşbi döredildi. Alymlar 1500 ýyl mundan ozal ýaşap geçen gadymy müsürli zenanyň mumiýasy esasynda onuň 3D keşbini döretdiler. Braziliýanyň meşhur 3D dizaýneri Sisero Morais barlagçylar topary bilen bilelikde dikeldiş işini amala aşyrdy. Hünärmenler sanly portreti döretmek üçin zenanyň kelleçanagyny öwrendiler. Bir tigirli welosipedde geçdi. Imon Kiweni Irlandiýany bir tigirli welosipedde 5 gün 5 sagat 23 minutda geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. 613 kilometr uzynlykdaky syýahat adanyň iň günorta nokady Mizen- Hedde başlap, iň demirgazyk nokady Malin- Hedde tamamlandy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Orta asyr mähellelerini abatlamakçy. Marokkonyň hökümeti Patyşalygyň dürli şäherlerinde orta asyr mähellelerini abatlamak üçin 800 million dollardan gowrak serişde sarp etdi. Patyşalygyň maddy we medeni mirasy hasaplanýan gadymy mähelleler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Iň uzyn ýaşyl magistral gurlar. Dubaýda «Green Spine » atly dünýäniň iň uzyn «ýaşyl » awtomagistraly gurlar. Taslamany URB binagärlik kompaniýasy işläp düzdi. Gurluşyk işleriniň 2040- njy ýy

Goşa ganatly ýel turbinasy

Hytaý birnäçe ýyl bäri deňizlerde ýel turbinalaryny gurýar. Deňizler gury ýere garanyňda yzygiderli ýel öwüsýändigi sebäpli turbinalaryň üznüksiz işlemegini üpjün edýär. Hytaýly inženerler dürli çözgütleri hödürleýärler. Golaýda bolsa, «Mingyang Smart Energy » kompaniýasy tarapyndan «OceanX» atly ýel turbinasynyň gurluşygy tamamlandy. Y görnüşli bitewi platformada ýerleşýän desganyň ýokarsy V şekilli bolup, hersiniň ujunda aýratyn perleri bar. Gurluşyň umumy agramy 16 müň 500 tonna, perleriniň diametri 182 metre ýetýär. Berk gurluşly «OceanX» desgasy tizligi sagatda 260 kilometre ýetýän ýele hem-de 30 metre ýetýän tolkunlara çydap bilýär. Ýel turbinasy bir ýylda, takmynan, 30 müň hojalyga ýetjek 54 müň MW/t elektrik energiýasyny öndürmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda Hytaýyň günortasyndaky Guançžou portunda duran desgany kenardan uzakdaky başga bir ýere ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Ýurtda 2025-nji ýyla çenli sarp edilýän elektrik energiýasynyň üçden bir böleginiň arassa çeşmelerden üpjün edilmegi maksat edinilýär. Mährem BABAMY RADOWA, TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Howadan suw öndürýän enjam

Üns beren bolsaňyz howanyň yssy günlerinde serginledijileriň daşky böleginden az mukdarda suw damjajyklary damýar. Suw damjasy uly awtobuslaryň ýa-da otlularyň serginlediji ulgamynda hem peýda bolýar. Bu ýagdaý serginledijiniň içerdäki çyglylygy daşaryk çykarmagy bilen bagly bolup, adaty ýagdaýdyr. Ýagny serginlediji jaýyň ýa-da ulagyň içindäki howadaky bugy daşaryk çykaranda sowuk ýerden geçen bug suwa öwrülýär. Emma bu suw örän az mukdarda bolýar. Bilermenler bolsa, howadan has köp suw alyp, suw ýetmezçiliginiň öňüni almakda peýdalanmagy maksat edinýärler. ABŞnyň Ýuta uniwersitetiniň inženerleri howadaky suw molekulalaryny toplap, içimlik suw öndürýän enjam oýlap tapdylar. Ylmy- barlag toparynyň agzasy Samir Rao öndüren enjamynda ulanylan metal- organiki materialyň suwy ýokary derejede özüne siňdirýändigini belleýär. Bu usul arkaly has köp suw ýygnap bolýandygy bellenilýär. Enjam bugy gözenekler arkaly tutandan soňra suw molekulalary gyzdyrylyp, suwuk ýagdaýa getirilýär. Sonagül ANNAÝE WA, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň «Ýeňiş» kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.

Iň yssy howa hasaba alyndy

Soňky ýyllarda Ýer ýüzüniň köp ýerinde aşa yssy howa hasaba alynýar. Ýewropa Bileleşiginiň Kopernik adyndaky klimatyň üýtgemegi baradaky gullugy 21-nji iýulyň bütin dünýäde häzire çenli hasaba alnan iň yssy gün bolandygyny belledi. Şol gün howanyň temperaturasy dünýäde ortaça 17,09 dereje bolupdyr. Şeýle hem ABŞ, Ýewropa we Russiýa yssy howa akymynyň täsirine giripdir. Geçen ýylyň 3-6-njy iýuly aralygynda hem şol döwre çenli hasaba alnan iň yssy günler bolandygy bellenildi. Alymlar bu ýylky aşa yssy howanyň «El Nino » howa akymy bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.

Kömür önümçiligi azalar

Halkara energiýa agentligi «Kömür- 2024» atly maglumat taýýarlady. Maglumatda elektrik energiýasyny öndürmekde giňden ulanylýan bu magdanyň, esasan, Hytaýda we Hindistanda has köp sarp edilýändigi, bu iki ýurtdaky artyşyň netijesinde geçen ýyl dünýäde kömre bolan islegiň 2,6 göterim artandygy bellenildi. Kömre islegiň artmagynda elektrik energiýasyna islegiň ýokarlanmagynyň we gidroelektrik beketleriň önümçiliginiň pese gaçmagynyň täsiri bolupdyr. Dünýäde sarp edilýän kömrüň ýarysynyň Hytaýa degişlidigi bellenildi. Ýewropada kömre bolan isleg 2000-nji ýyllardan başlap azalyşyny dowam etdirdi. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda elektrik energiýasynyň önümçiligi kömürden 25 göterim azalypdyr. Günden we ýelden alynýan elektrik energiýasynyň çalt depginler bilen ösýändigine garamazdan, kömre bolan islegiň şu ýyl hem-de geljek ýyl üýtgewsiz bolmagyna garaşylýar. Şu ýyl Hytaýda elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň 6,5 göterim ösjekdigi sebäpli kömrüň sarp edilişiniň azalmagyna garaşylmaýar. Hindistanda bolsa, ýylyň ikinji ýarymynda kömre bolan islegiň azalmagyna garaşylýar. Maglumatda kömre bolan global islegiň belli bir sepgide ýetip, ýakynda azalyp başlajakdygy mälim edildi.

Tehnologiýa kompaniýalary Hytaýdan öňe geçdi

Dünýäniň öňdebaryjy 10 tehnologiýa kompaniýasynyň umumy gymmaty 18 trillion dollara golaýlady. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda jemi içerki önümi 17,6 trillion dollar bolan Hytaýdan öňe geçdiler. «Companies Market Cap» saýtynyň seljermesine görä, iri kompaniýalaryň paýnamalary we bazar gymmaty göz öňünde tutulanda, «Apple » 3,4 trillion dollarlyk gymmaty bilen öňdeligi eýeleýär. Bazar gymmaty 3,3 trillion dollar bolan «Microsoft » ikinji orunda durýar. Mahal- mahal birinji ornada çykýan «Microsoft »-yň bazar gymmaty 2023-nji ýylyň iýul aýynda 2,5 trillion dollar bolan bolsa, bir ýyldan soňra 3,3 trillion dollara ýetdi. Kompaniýanyň gymmatynyň artmagynda emeli aň we «bulut » hyzmatlarynyň täsiri uly bolupdyr. Soňky ýyllarda garaşylmadyk ýagdaýda öňe saýlanan NVIDIA kompaniýasynyň bazar bahasy 3 trillion dollardan geçipdir. Geçen ýylyň iýul aýynda bu görkeziji 1,2 trillion dollar bolupdyr. Emeli aň tehnologiýasyna degişli harytlary we hyzmatlary çykarmagy bu kompaniýanyň çalt depginler bilen ösmegine getirdi. Sanawda «Google »-a eýeçilik edýän «Alphabet » 2,2 trillion dollarlyk bazar bahasy bilen dördünji, «Amazon » 1,9 trillion dollarlyk bazar bahasy bilen bäşinji orunda durýar. «Meta » (1,2 trillion dollar), TSMC (878 milliard dollar), «Tesla » (802 milliard dollar), «Broadcom» (749 milliard dollar) we «Tencent» (449 milliard dollar) ilkinji onluga giripdir.