"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň merkezi edaralarynyň mejlisleri

Aşgabat, 29-njy iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meselelerine garaldy. Mejlislere gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklary hem-de Zenanlar birleşigi Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň agzybirligini üpjün etmek, olary döredijilikli we öndürijilikli zähmete höweslendirmek işlerine uly goşant goşýarlar. Bu işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelip, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam berýär.

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi

Aşgabat, 29-njy iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny amala aşyryp, ählumumy meseleleriň çözgüdine, belent ynsanperwer ýörelgeleriň we gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Adam hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde yglan eden hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryň ileri tutulýan wezipelerini durmuşa geçirýän ýurdumyz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi

Aşgabat, 29-njy iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny amala aşyryp, ählumumy meseleleriň çözgüdine, belent ynsanperwer ýörelgeleriň we gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Adam hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde yglan eden hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryň ileri tutulýan wezipelerini durmuşa geçirýän ýurdumyz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň merkezi edaralarynyň mejlisleri

Aşgabat, 29-njy iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meselelerine garaldy. Mejlislere gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklary hem-de Zenanlar birleşigi Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň agzybirligini üpjün etmek, olary döredijilikli we öndürijilikli zähmete höweslendirmek işlerine uly goşant goşýarlar. Bu işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelip, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam berýär.

Geňeşli iliň işi ileri

Indi 33 ýyla golaý wagt bäri Garaşsyzlygyň erkana howasyndan dem alýan eziz Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap barha batly gadamlar bilen barýar. Döwletimiziň Ýer ýüzündäki syýasy abraýy gün-günden ýokary göterilýär, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ägirt uly üstünlikler bilen barha berkeýär, türkmen halky bu gün milli medeniýeti we sungaty bilen buýsançly başyny belent tutup, halkara giňişlige çykýar. Şu göwün galkyndyryjy ösüşleriň gözbaşynda bolsa döwlet bilen halkyň jebisligi, milli döwletlilik ýörelgelerimiz durandyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygary öňe sürüp, halkymyzy üstünliklerden üstünliklere alyp barýar. Halk bilen bitewüligiň, il-ulsy özüňe ýakyn tutmagyň döwletlilikden nyşandygy barada dana pederlerimiz parasatly pikirleri aýdyp geçipdirler. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Görer gözüň — iliňni» atly şygrynda bu barada:

Döwrümizi gülledýän beýik tutumlar

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler Watanymyzy täze ýeňişlere ýetirýär. Eziz Arkadagymyz halkyň bähbidini ähli zatdan ilerde tutup, watandaşlarymyzyň has nurana günlerde ýaşamagyny üpjün etjek tutumly işleriň birnäçesini amala aşyrdy we amala aşyrýar. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde durmuşa geçirýän işleri berkarar döwletiň bagtyýar raýatlary hökmünde kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi tüýs ýerine düşen çözgütleriň biridir. Biz olaryň mejlislerinde Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryny diňläp, olary ildeşlerimiziň arasynda wagyz edýäris.

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Täsirli duşuşyk Ýakynda TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň meýilnamasyna laýyklykda, TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesi bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginde okuw-maslahaty geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, edara-kärhanalaryň inžener-tehniki işgärleri gatnaşdy.

Ösüşiň hereketlendiriji güýji (Döwür we ýaşlar)

Watansöýüji, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimli, sagdyn bedenli, ruhy hem ahlak taýdan arassa ýaşlar jemgyýetimiziň esasy sütünidir. Şoňa görä-de, ýaş nesliň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde uly tagallalaryň edilýändigini aýratyn bellemelidiris. Çünki bagtyýar geljegimiz şu günki ýaşlarymyz bilendir. Ýaşlar jemgyýetiň gymmatly güýjüdir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlary ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler, jemgyýetimiziň we raýatlarymyzyň abadançylygyny maksat edinýän jemgyýetçilik hem-de döwlet işlerine işjeň gatnaşýarlar. Bu wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň özeninde döwlet möçberinde ýaşlaryň goldanylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalary, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» durmak bilen, onuň üstünlikli amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna wajyp orun degişlidir.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) EGER ULUJA ÇAGAŇYZY SAPAKLARA GATNADÝAN BOLSAŇYZ, MÜMKIN BOLDUGYNDAN, KÄTE ONUŇ JIGILERINI HEM BILE ÄKIDIŇ

Bagtyýar ýaşaýşyň wezipeleri

Gyzgyn howaly günleriň dowam edýän döwründe Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tebigatyň gözel ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek barada öz maslahatlary bilen ýüzlenip, şulary ýatladýar: Tokaý seýilgählerinde baglaryň guran şahalaryny kesip aýryp, baglaryň aşaklaryna dökülýän guran pürlerinden yzygider arassalap, çäkden çykarmaly. Kebşirleme işlerini geçirmek üçin rugsady bolan hünärmenler işleriň geçirilmeli ýerlerini ot-çöplerden topraga çenli arassalap, uçgunlar dumly-duşa ýaýramaz ýaly, töwerekleýin oda durnukly diwary gurnap, ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edip, işe girişmeli.

Mani ýa-da pul harplygy oýun ýaly usul arkaly üstünlige we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bodo ŞEFER

HIÇ HAÇAN ÝEKE DOLANDYRMAŇ, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

Bilelikde liderligiň täze kesgitlemelerini döredýän, oňa düýbünden başgaça many berýän täze nesliň ähli ýaşdaky liderlerine bagyşlanýar. Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.

Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

Köpetdagyň eteginiň taryhy künjegine gözellik goşýan Arkadag şäheri halkymyzyň buýsanjy. “Ýaşlaryň şäheri”, “Geljegiň şäheri” diýlip ykrar edilen Arkadag şäheriniň ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheridigini bellemek has-da ýakymly. Geçen ýylyň tomsunda, şanly günde sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ilkinji tapgyrynyň açylyş dabarasy bolup, ol ýerde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ulanmaga berildi. Şondan bäri bir ýyldan gowrak wagt geçdi. Geçen döwrüň içinde Arkadag şäherinde ýurt we halkara derejesindäki çäreleriň ençemesiniň üstünlikli geçirilmegi “akylly” şäheriň dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna itergi berdi.

Işjeňlikde geçen maslahat

Babadaýhan etrabynyň jemgyýetilik guramalary tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakyndaky» Kararyndan gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde geçirilýär. Babadaýhan dokma toplumynyň mejlisler jaýynda edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň arasynda geçirilen maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Maslahatda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şatlykly wakalara ünsi çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy wakalaryň üstüni ýetirjekdigini buýsanç bilen nygtadylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň durmuşyndaky jemgyýetçilik-syýasy we taryhy ähmiýeti barada aýdylanlar has-da uly gyzyklanma döretdi.

Aýdym-sazly dabara

Asyrlaryň şamçyragy — Magtymguly Pyragy Golaýda etrap medeniýet bölüminiň ýygnaklar zalynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Asyrlaryň şamçyragy — Magtymguly Pyragy” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan edara-kärhanalaryň işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahat duşuşygy

Geňeşli ýurt bagtyýarlyk ýolunda Ýakynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de şäher halk maslahatynyň bilelikde guramagynda «Geňeşli ýurt bagtyýarlyk ýolunda» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa şäher halk maslahatynyň agzalary, TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Şat çagalygyň höziri

Mary welaýatynyň gözel künjeginde, Murgap derýasynyň kenarynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlan «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde-de şu günler şatlyk-şowhun höküm sürýär. Bu ýerde dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 300 çaga dynç alyp, saglygyny berkidýär, merkezdäki dürli gurnaklara gatnaşyp, dynç alşy wagtyhoşlukda, keýpiçaglykda geçirýär. Bagtyýar çagalaryň her bir gününi şadyýan, şowhunly geçirmekleri üçin bu ýerde ýörite iş meýilnamasyna laýyklykda, dürli dabaralar, aýdym-sazly şüweleňler, gyzykly gezelençler guralýar. Dowam edýän üçünji tapgyrda şu merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar Mary welaýat kitaphanasynda, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, «Bagtyýarlyk» seýilgähinde gezelençde bolmak bilen, wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Çagalar kitaphanada özlerini gyzyklandyrýan kitaplary okaýarlar, kitaphana işgärleriniň täsirli gürrüňlerini diňleýärler. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelençde çagalar muzeýiň taryh, arheologiýa, etnografiýa, türkmen tebigaty bölümlerine aýlanyp, halkymyzyň geçmiş taryhy, gadymy ýadygärlikleri, gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan gadymy gymmatlyklar, sungat derejesine çykarylan senetçiligi, milli däp-dessurlary, daşymyzy gurşap alan gözel tebigatyň baý ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi bilen ýakyndan tanyşýarlar. Şeýle-de çagalar Mary

Ýaş­lar — ýag­ty er­tir­le­riň eýe­le­ri

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Hormatly Pre­zi­den­timiziň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi ne­ti­je­sin­de ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan däp-des­sur­lar esa­syn­da my­na­syp ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça ze­rur bo­lan iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ra äh­li­ta­rap­la­ýyn gol­daw­lar be­ril­ýär.

Çagalaryň arasynda geçirilen dabaralar

27-nji iýulda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly diýip adym tutsalar» diýen at bilen merkezara «Açyk gapylar» güni geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran bu çäresine Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Merkezlerde dynç alýan çagalaryň beýik söz ussadyna, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasyna, eziz Diýarymyza we beýik ösüşlerimize, bagtyýar çagalyga bagyşlap öz düzen goşgularyny okamaklary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Çäräniň dowamynda teatr ussatlarynyň, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň çykyşlaryna, aýdym-sazly edebi çykyşlara orun berildi. Şeýle hem çagalar döredijilik toparlarynyň tans çykyşlary has-da täsirli boldy. Bu ýerde gadymdan gelýän däplere eýerilip, toý pişmesi bişirildi, milli senetçilik we el işleri ýerine ýetirildi. Bu uly çärede çagalar türkmen milli oýunlaryny oýnadylar.

Milli ýörelgeler — mizemez binýat

Halk Maslahaty ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we jemgyýetdäki durmuş gatlaklarynyň bähbitlerini sazlaşdyrmak bilen, ýurt derejesinde bilelikdäki hereketi guraýjy güýç hökmünde çykyş edýär. Bu gün ýurduň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň hemaýaty bilen her bir adamyň, ýurdy özgerdiji her bir subýektiň döredijilikli zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygy, ýokary baha mynasyp bolýandygy Diýarymyzyň ösüşleriniň kepilidir. Bu hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý durmuş we syýasy tejribesiniň halkymyzyň gurujylyk, döredijilik pähim-paýhasynyň netijesinde amala aşýar. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde öňe sürülýän pähim-paýhaslaryň halkyň we her bir adamyň öňünde duran wezipeleridir maksatlary aňlamagyň hem-de amal etmegiň ýol-ýörelgeleri bolup çykyş edýändigini aýratyn bellemeli. Şol esaslar barada alym Arkadagymyz: «Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar» diýýär. Bu bolsa adamlaryň, dürli jemgyýetçilik toparlarynyň we gatlaklarynyň, tutuş halkymyzyň ýurduň geljegi üçin agzybirlikde bitirmeli işleriniň üstünlikli durmuşa geçmeginde ýurduň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýörelgeleriniňdir tagallalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini aňladýar. Sebäbi olarda il-hal