"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Umumymilli maksatlaryň bähbidine

Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky köpri bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda barha berkidilýän milli döwletlilik ýörelgelerimizi dünýäde dabaralandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ählimiziň iň beýik maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzyň şanyna şan goşýan möhüm başlangyçlary wagyz etmek, halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrmak jemgyýetçilik guramalarynyňdyr syýasy partiýalaryň wekilleriniň hem esasy borjudyr. Golaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Kararyna laýyklykda, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak bellenildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde geçiriljek döwletli maslahatda il-ýurt bähbitli meseleler ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek arkaly ara alnyp maslahatlaşylar, ýetilen sepgitlere ser salnyp, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitleniler. Şanly ýylda geçiriljek umumymilli forum dana Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletlilik taglymatynyň gün-günden rowaçlanýandygynyň, türkmen döwletiniň kuwwatlanyp, dünýäde abraýly ornuny has-da pugtalandyrýandygynyň nyşanyna öwrüler

Jebislik — ösüşleriň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bitirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli nusgalyk işler biri-biriniň üstüni ýetirip, ýeneki ösüşler üçin täze gözýetimleri açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýär. Munuň şeýledigini duýup ýaşamak bolsa Diýarymyza bolan buýsanjyňy has-da artdyrýar. Berkarar döwletimiziň mynasyp ösüşlerini, mähriban il-ulsumyzyň durmuşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işler, aýdyň maksatlar arkaly ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň esasy kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, ilkinji nobatda, ilimiziň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýar. Agzybirligi, jebisligi mizemez durmuş ýörelgesine öwrüp, ony asyrlarboýy dowam edip gelýän merdana ilimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletli başlangyjyny, ählumumy bähbitleri nazarlaýan taryhy tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýar. Täze taryhy döwürde ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçilýän hem-de agzybirligimizi, jebisligimizi dabaralandyrýan milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz Diýarymyzyň at-abraý

Awaza — dostluk mekany Hazaryň türkmen kenarynda medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi

Düýn Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi. Hazaryň jana şypaly türkmen kenarynda geçirilýän bu çärelere şu ýylyň 26 — 30-njy martynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan ýurdumyzyň çagalary hem-de paýtagtymyzda ýerleşýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar gatnaşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dörän «akylly» şäherde geçirilen halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyp, toparlaýyn medal sanawynda birinji orna mynasyp bolan russiýaly mekdep okuwçylary 31-nji iýulda paýtagtymyza geldiler. Olar paýtagtymyzda bolmagyň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri we taslama döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň eserleri, kitap sergisi bilen tanyşdylar. Olar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşlerine, bu baradaky buýsançly habarlara, wakalara, halkara derejede ykrar edilen üstünliklere bagyşlanan wideoşekil

Berjaý edilmeli düzgünler

Häzirki döwürde el zähmetini ýeňilleşdirýän, elektrik togy bilen işleýän dürli görnüşli tehnikalar öý hojalygynda giňden ulanylýar. Ýöne şolaryň arasynda has-da köp ulanylýanlary otagy ýyladyjy peçler hem-de sowadyjy enjamlardyr. Bu enjamlar gije-gündiziň dowamynda uzak wagtlaýyn işledilýär. Şunlukda, olaryň uly kuwwatlylygy elektrik setine aşa agram berme, gysga utgaşma, elektrik geçirijileriň ýa-da enjamyň agregatlarynyň gyzmasy döräp, ýangynyň ýüze çykmagyna getirip biler. Olar zerarly döreýän ýangyn howpuny öwrenmek zerurdyr. Bu zerurlyk enjamlaryň gurluşynda ýanyjy materiallaryň ulanylýandygy we olaryň ýokary energiýa talap edijiligi bilen düşündirilýär. Ýokary energiýa sarp edýän bu enjamlaryň uzak wagtlap işledilmegi netijesinde hem-de adamlaryň ol enjamlary gözegçiliksiz galdyrmagy sebäpli ýangyn döräp bilýär.

Gökdere

AşgabadyňGolaýynda,Sowuk suwlyÝap boýunda Her ýylyň herTomus çagy,Dynç alýandyrÇaga bary.

Gozgalmaýan emlägiň goraglylygy

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda giň gerimli wezipeleri çözmäge mümkinçilik berýän, halkyň ýaşaýyş derejesini has gowulyga tarap özgerdýän çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmalarynyň ykrar edilmegini we goralmagyny kämilleşdirmek maksady bilen, 2014-nji ýylda «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun döwlet gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we oňa bolan hukuklaryň borçlanmalarynyň, şeýle hem onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň hukuk esaslaryny we tertibini belleýär.

Her kim bilip goýsa ýagşy

Ýangyn hadysasy dörände, her bir raýatyň bilip goýaýmaly zerurlyklary bardyr.  Häzirki wagtda ýangyn söndüriji toparyna jaň etmek meselesi hemmeler üçin elýeterlidir. Jaýlardadyr desgalarda ýangyn dörän halatynda, raýatlar, ilki bilen, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna telefon arkaly 01 belgä ýa-da öýjükli telefondan 001 belgä habar bermeli. Habar berlende, ilki bilen, ýangynyň dörän ýeri, nämäniň ýanýandygy baradaky anyk maglumaty, soňra öz adyny, telefon belgisini, salgysyny habar bermeli. Ýangyn barada daş-töwerege habar berip, jaýyň içinde galan adamlary halas ediş işlerine başardygyňdan kömek bermeli. Munuň üçin islendik serişdeden peýdalanmak ýeterlikdir. Ýangyn söndürijiler gelýänçä, ýangynyň ýaýramagyna päsgelçilik döretmek maksady bilen, jaýyň gapysyny, penjiresini berk ýapmaga synanyşmaly. Ýangynyň howply ýerlerinden egilip geçmeli. Dem almagy ýeňilleşdirmek üçin islendik esgini ölläp, onuň bilen agzyňy, burnuňy ýapyp, dem alyş ýollaryny goramaly.

«Awaza — dostluk mekany»

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, şu ýylyň 25 — 30-njy marty aralygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçirilipdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen geçirilen bu olimpiadada 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 10 günlük dynç almaga mümkinçilik döredýän ýollanma gowşurylypdy. Şol ýollanmanyň esasynda Russiýa Federasiýasynyň toparynyň Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alşy başlandy. Olaryň oňat dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Çagalar arassa howada gezelenç etdiler we «Daýanç» sagaldyş merkezine dynç almaga gelen çagalar bilen tanyşdylar. Bu merkezde hereket edýän gurnaklaryň  işi bilen tanyşmak hem olar üçin diýseň gyzykly boldy. Şeýle-de daşary ýurtly okuwçylaryň Türkmenbaşy şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine hem-de «Salkyn» seýilgähine gezelençleri guraldy. «Awaza — dostluk mekany» ady bilen geçirilýän bu çäräniň ýaş nesilleri bir ýere jemlemegi, olaryň wagtlaryny täsirli hem gyzykly geçirmekleri, birek-birek bilen dostlaşmaklary üçin özboluşly sowgat bolandygyny belläsimiz gelýär.

«Daýançdaky» tomusky dynç alyş

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde  çagalaryň tomusky dynç alyş günleri uly ruhubelentlige beslenýär.  Bu ýerde Arkadag şäherinde geçirlen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýanyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde bejergi alan çagalar, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar dynç alýarlar. Dynç alşyň ilkinji gününde «Daýanç» sagaldyş merkezinde  Russiýa Federasiýasyndan  we ýurdumyzdan dynç almaga gelen çagalar uly şatlyk-şowhun bilen garşy alyndy. «Arkadag sahawaty — ömürleriň çyragy» atly açylyş dabarasy bu ýere gelen çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Açylyş dabarasynda dost-doganlyk aýdymlary, türkmen halkynyň milli  küştdepdi tansyna çagalaryň hemmesi goşuldy.

Aýdym-sazly dabara

Meniň Watanym — bagtyýar çagalygyň mekany TMÝG-niň Sakarçäge etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 15-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda «Meniň Watanym — bagtyýar çagalygyň mekany» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 4-nji, 7-nji, 15-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Keçe sungatynyň ussatlary bäsleşdiler

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen «Gülüň owadan!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda welaýatymyzyň gelin-gyzlary-da üstünlikli çykyş edip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň döwlet tapgyryna welaýatymyzdan zenanlaryň ikisi — Saýat etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Öwezgül Agajanowa we Saýat etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy Jeren Bazarowa gatnaşdylar. Olar berlen şertlere görä, ýüňi saýlamak we saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek, gül ýasamak ýaly keçäniň taýýarlanylyşy bilen bagly işleri ýerine ýetirmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem işine ussat gelinler özleriniň şahyrana döredijiligi bilen milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşini wasp etdiler. Bäsdeş gelin-gyzlaryň biri-birinden owadan edip güllän keçeleri bu sungatyň inçelikleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Giriş synaglaryna badalga berildi

Düýn ýurdumyzyň çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ählisinde giriş synaglaryna badalga berildi. Welaýatymyzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde we Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde hem giriş synaglary ýokary guramaçylykly ýagdaýda ýaýbaňlandyryldy. Giriş synaglary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilime höwesli bagtyýar ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň, aýratyn zehinleriniň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigini alamatlandyrdy. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp täze hünär ugurlary döredilýär. Şeýle özgertmelerden, özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar türkmen ýaşlary bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna talyplyga dalaşgärleriň sanynyň barha artmagy hem sözümiziň aýdyň subutnamasydyr.

«Bir penjire» umumy döwlet maglumat web-portaly döredildi

Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» (www.tradebridge.gov.tm) umumy döwlet maglumat web-portaly döredildi. Ol daşary ykdysady işlere gatnaşýanlar üçin «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamynyň elýeterliligini üpjün edýär. Mehanizm ähli ulanyjylaryň eksport-import amallaryny resmileşdirmek boýunça talaplaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şunda serhet gümrüginden geçýän harytlar ýa-da ulag serişdeleri hakyndaky maglumat giriş nokadyna diňe bir gezek görkezilýär. Ýurdumyzyň «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamyna goşulyşan 16 ministrligi we pudaklaýyn müdirlikleriniň 22 düzüm bölümi serhet gümrüginden geçirilýän harytlardyr ulag serişdelerine degişli elektron ygtyýarnamalary, şahadatnamalary we beýleki rugsat beriji resminamalary resmileşdirýärler.

Özbegistanda «Chevrolet Lacetti» ulagynyň iň soňky nusgasy ýygnaldy

«Chevrolet Lacetti» ady bilen hem tanalýan «Daewoo Genta» bir wagtlar Russiýada diýseň meşhur bolupdy. Bu model 2000-nji ýyllaryň başynda peýda bolup, Özbegistanda «UzAuto Motors» kärhanasynda öndürildi. Muňa garamazdan, 27-nji iýulda «Lacetti/Gentra» hekaýasy tamamlandy: ýurtda ulagyň iň soňky nusgasy çykdy. Ol gara sedan görnüşinde hödürlendi. «Lacetti/Gentra» — önümçilik liniýasynyň iň uzak ömür süren modeli: Özbegistanda bu awtoulag 15 ýyllap öndürildi, şol döwürde bu nusganyň 500 müňden gowrak awtoulagy gurnama binýadyndan çykdy (2013-nji ýylda gaýtadan işlenenden soň 487174 nusga) öndürildi.

Ýagşylyk ýalkawy

Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigine, ata Watanymyzyň ösüşiň belent sepgitlerine ýetýändigine şaýat bolýarys. Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary ýurdumyzy ösüş-özgertmeleriň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň mekanyna öwürdi. Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine eýerip esaslandyran Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda oňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy-da juda ýerlikli çözgüt boldy. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna, näsag çagalaryň ýüzlerçesinde çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmegi, olaryň saglygynyň lukmanlaryň berk gözegçiliginde saklanmagy we degişli bejergileriň yzygiderli alnyp barylmagy, ýurdumyzyň welaýatlarynyň degişli hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, lukmançylyk enjamlarydyr serişdeleriň berilmegi sahawatly işleriň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.

Keçe güllär çeper eller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, şol sanda çeper elli zenanlarymyzyň el işlerini wagyz etmeklige uly üns berilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gelin-gyzlarymyzyň arasynda milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerine höwesi artdyrmak, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek maksadyndan ugur alyp geçirilýän bäsleşigiň Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan jemleýji döwlet tapgyry üç şertden ybarat boldy. Olaryň birinjisine keçäniň taýýarlanylyşy bilen bagly işler, ýagny ýüň saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek hem-de keçäni taýýarlamakda zerur bolan gurallar hakdaky maglumatlar girýär. Ikinji şertde milli keçe nagyşlaryny salyp, keçe güllemek hem-de üçünji şertde bolsa keçe bilen baglanyşykly şahyrana halk döredijilik eserlerini aýdyp bermek bellenildi. Çykyşlarda milli mirasymyza belent sarpa goýulýan döwrümiziň waspy belentden ýaňlandy.

Ýokary taýýarlykly barylýar

Ýakynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halk häkimiýetiniň ygtybarly sütüni» atly maslahat geçirildi. Bu maslahatda Arkadag şäheriniň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary çykyş etdiler. Çykyşlarda Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda — 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine möhüm ähmiýet degişlidigi we ony ýokary derejede geçirmek boýunça ýurdumyzyň ähli künjeklerinde taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.

Milletiň maslahatly mejlisi

27-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, saparyň çäginde geçiren iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Garaşsyzlyk baýramyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygy, täze taryhy döwürde bellenilýän şanly seneleriň milli ýörelgelere laýyklykda dabaralandyrylmalydygyny nygtady. Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolalymyz bäri, halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, halk häkimiýetini kemala getirmek boýunça uly işler alnyp baryldy. 1991-nji ýyldan bäri geçen 33 ýylyň dowamynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen şöhratlandy.

Söwda toplumynyň amatlyklary

Arkadag şäheriniň Söwda toplumynyň binasynyň tutýan meýdany 6573 inedördül metr bolup, onda toý-sadaka dabaralaryny geçirmek üçin 500 orunlyk «Arzuw» toý mekany, ilat üçin elýeterli, ýokary hilli hyzmat edýän market, hojalyga gerek bolan azyk, öý goşlary, egin-eşik we gurluşyk harytlary satylýan dükanlar hem-de naharhanalar bar. Şeýle-de baýramçylyk günlerine gabatlanyp ýörite göçme söwda nokatlaryny gurnamak işleri alnyp barylýar. Bu ýerde gözellik salony hem bar. Bu ady agzalan söwda nokatlary Arkadag şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmatlaryny hödürläp gelýär. Alan harytlaryndan göwni hoşal bolan ildeşlerimiz bu ýeriň satyjylaryna «söwdaňyz bolsun!» diýip, ýagşy dileg edip gitseler, satyjylar hem öz müşderilerine «noş bolsun!» ýa-da «nesip etsin!» diýip, päk ýüreklerinden çykýan sözlerini bagyşlaýarlar. Ýene bir aýratyn bellemeli zat müşderilere eltip bermek hyzmatyny amala aşyrmak üçin ýörite ulaglaryň bolmagydyr. Olar jemi üç görnüşli bolup, biri naharhanalarda taýýarlanan naharlary müşderilere gyzgynlygyna eltip bermek mümkinçiligi bilen tapawutlansa, beýlekisi ýörite sowadyjyly bolup, dürli içgileri sargyt edilen ýerine sowuklygy bilen eltip bermek üçin niýetlenen eken. Ýene biri bolsa ýük çekmäge niýetlenipdir. Elektromobil görnüşindäki bu ulaglar müşderileriň sargydyny tiz wagtda täzeligi we terligi bilen gowşurmakda amatlydyr.

Ýangyndan ägä boluň!

Tokaý seýilgählerde baglaryň guran şahalaryny kesip aýyrmaly we baglaryň aşaklaryna dökülýän guran pürlerini yzygider arassalap, olary çäkden çykarmaly. Kebşirleme işleri geçirilende, rugsady bolan hünärmenler işleriň geçirilmeli ýerlerini ot-çöplerden topraga çenli arassalap, uçgunlar dumly-duşa ýaýramaz ýaly, töwerekleýin oda durnukly diwary gurnamaly hem-de ýangyn söndüriş serişdeleri üpjün edilenden soň işe girişmeli. Türkmenistanyň çägindäki edara-kärhanalaryň, guramalaryň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ählisi tebigatyň gözel ýerlerinde islendik bir işi geçirende, ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini dürs berjaý etmäge borçludyr. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.