"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Dabaraly günde konsert

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň Gutlagynyň okalmagy mugallymlaryň, talyplaryň buýsanjyny has-da artdyrdy. Çärede bu mekdebiň mugallymlarynyň we 1-nji ýyl talyplarynyň ýürek buýsançlary diňlenildi. Soňra mekdebiň talyplary öz taýýarlan aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler. «Arşa galdyň şahyr Arkadag bilen» atly baýramçylyk konserti bolsa oňa gatnaşanlarda uly joşgun döretdi.

Teatr möwsümi açyldy

Golaýda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry täze möwsümi «Älem nury» atly sahna oýny bilen açdy. Doglan senesiniň 300 ýyllygy bellenilýän beýik akyldar Magtymguly Pyragy hakda söhbet açýan sahna oýnunyň edebi esasyny Tükmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Oýnuň režissýory Bagtyýar Abaýew. Teatryň işgärleri geljekde-de tomaşaçylaryň göwnünden turjak sahna oýunlaryny goýmaklygy meýilleşdirýär.

Sirk tomaşalaryna badalga

Ýakynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki täze möwsümiň açylmagy mynasybetli şowhunly sirk tomaşasyny görkezdi. Sirkiň täze taslamalary sirk tomaşasynyň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdi. Poni atlarynyň üstündäki maýmynjygyň dürli hereketleri, darbazçylaryň çykyşlary hakyky tomaşa boldy. Tomaşanyň ahyrynda ahalteke bedewlerimiziň gözelligi, haýran galdyryjy çykyşlary tomaşaçylarymyzda türkmen sungatyna, medeniýetine bolan buýsanç duýgusyny oýardy.

Buýsançly göwünleriň kelamy

Düýn Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň mejlisler jaýynda şäher häkimliginiň guramagynda bu toplumyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa bilim we medeniýet ulgamlarynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Däp bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Şol gün Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýan toplumynyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Döwrebap bina ähli amatlyklary bilen üpjün edilip, ajaýyp yşyklandyryjylar, döwrüň talabyna laýyk gelýän kämil tehnologiýa enjamlary ornaşdyrylandyr. Munuň özi raýatlaryň halal zähmet çekmäge, bagtyýar döwre buýsanyp ýaşamaga bolan höwesini artdyrýar. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler bular dogrusynda giňişleýin beýan etdiler. Ak mermerli paýtagt

Asudadyr ömrümiz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizi ähli ugurlar boýunça dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak babatynda döwlet Maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol sanda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny has-da ösdürmek, geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, okuw-usulyýet binýadynyň pugtalandyrylmagy, okuw kitaplarynyň, usuly gollanmalaryň has-da kämilleşdirilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim almagynyň, eziz Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeginiň mizemez kepilidir. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Şu günler tutuş ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly çäreler geçirilýär. Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş we bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly maslahatlar, dabaralar, wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallaryň maşgala gatnaşyklary gowulyga tarap ilerlär. Käbir işlerde özüňizden kiçi ýaşlylaryň jogapkärçiligi siziň boýnuňyza düşer. Ownuk şahsy we maddy meseleleriň aradan aýryljagy ikuçsuz. Hepdäniň ahyrynda şahsy durmuşyňyz bilen bagly täzeliklere taýýarlykly bolmak maslahat berilýär.

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, onuň 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen töleg geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Yhlasymyz ýerine düşýär

Hormatly Prezidentimiz adam hakyndaky aladany uly döwlet syýasatynda mydama ileri tutýar we bu babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Biz gündelik işimizi şol jogapkärli wezipelerden ugur alyp guraýarys. Ynsan saglygyny goramakda ýollarymyzda awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly we howpsuz guramak möhüm ähmiýete eýedir. Ulaglaryň sanynyň artýan şertlerinde degişli kadalary hem-de ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini berjaý etmek esasy talaplaryň biridir. Biz bular barada häzirki günlerde dowam edýän biraýlygyň çäginde geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde giňden durup geçýäris. Bu işler edara-kärhanalar bilen birlikde bilim edaralarynda, ilatyň arasynda hem alnyp barylýar.

Täze eýýamyň ajaýyp ösüşleri

Garaşsyz Diýarymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki zamanasynda oba hojalygyny ýokary depginlerde ösdürmek, ony düýpli özgertmek we iň bir düşewüntli pudaga öwürmek üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär, oba zähmetkeşlerine döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, ýerden bol hasyl öndürip, ýokary netijeleri gazanyp, owadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmekde we ýokary depginlerde ösdürmekde tutumly işler guramaçylykly amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň yhlasly zähmet çekmegi, asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäniň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işler durmuşa geçirilýär. Daýhanyň ýerden bol hasyl alyp, bereket baýlygynyň eýesi bolmagy üçin amatly şertler döredilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna

Garaşsyzlyk — halkyň buýsanjy Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi ýurt abadançylygynyň, il agzybirliginiň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän döwlet Baştutanymyzyň il-ulus baradaky tutumly tagallalarynyň miwesidir. Ösüşli Diýarymyzyň abraý-mertebesi dünýä derejesinde belende göterilip, hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan başlangyçlary halkara derejesinde gyzgyn goldaw tapýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Bähbitli işleriň başlangyjy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen başy başlanan beýik başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýär. Il-ýurt bähbitli tutumly işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň bolelin, eşretli zamanada ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, döwrebap bilim almagy ugrunda bimöçber işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda ençeme Maksatnamalardyr Kararlar kabul edilip, durmuşa geçirilýär.

Belent mertebäniň ýaňy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalaryň şaýady bolmak il-günümiziň guwanjyna guwanç goşýar. 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şygary Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy bolup ýaňlanýar. Bu gün gadymy türkmen topragynda Magtymguly atamyzyň arzuwlan Garaşsyz Türkmenistan döwletimizi dünýä tanaýar. Il-günümiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýar.

Mawy ýangyjyň mekanynda

Burawlaýjylaryň ýeňişli gadamlary Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiz çalt depginlerde ösdürilýär. Gaz senagaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň öňdebaryjy iri pudagy bolmak bilen, zähmetsöýer gazçylarymyzyň yhlas-tagallalary netijesinde tebigy gazyň çykarylyşy ýylsaýyn ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän tehnikalaryndan we tehnologiki enjamlaryndan netijeli peýdalanyp, mawy ýangyjyň akymyny artdyrmakda uly işler bitirilýär.

Magtymguly pyragy hakynda...

... Türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir. W.W.BARTOLD,

Adam. Jemgyýet. Kanun.

ÝOKARY TALABYŇ BORJY Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň binýadyny berkden tutýan türkmen halky ösüş-özgerişleriň rowaç ýoly bilen öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Asudalygyň goragynda

Guramaçylykly iş — üstünligiň açary 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda agzybir türkmen halky hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletli döwranda ýaşap, eşretli günleriň hözirini görýär. Il-günümiziň asudalykda, abadan durmuşda tutanýerli zähmet çekmegini üpjün etmek bolsa, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň wezipe-borçlary bolup durýar.

Hadysasyz ýollaryň aladasy

Güneşli Diýarymyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk başlandy. Ýurt boýunça geçirilýän bu çäräniň ilimiziň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynda ähmiýeti uludyr. Şonuň üçinem şu çäre ählihalk işine öwrülýär. Abadan durmuşymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen möhüm işlere biz hem işjeň gatnaşýarys. Bölümçämiziň işgärleri ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmagyň meselesine-de uly üns berýärler. Biz raýatlar we çagalar bilen guralýan duşuşyklarymyzda maşgalamyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynyň özümize baglydygyny düşündirýäris.

Galkynyşly döwrüň ýalkymly günleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her bir gün taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleriň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna özboluşly many-mazmun çaýýar. Geçen hepdäniň dowamynda bolan taryhy wakalar eziz Diýarymyzyň günsaýyn öňe barýandygyny äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri seljerildi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depgininiň saklanandygy aýratyn bellenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz degişli ugurlar boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Ýoluňyz ak bolsun!

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň aýdyň ösüşleriniň miwelerini, gazanylýan netijeleri her ädimde görmek bolýar. Ajaýyp hem bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz giň, owadan, dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelen döwrebap ýollary gurduryp, halkymyzyň hyzmatyna berýär. Ýaşaýşyň gözelligi, ynsanyň rahatlygy, maşgala abadanlygy bolsa, köp babatda ýol hereketiniň abatlygy bilen baglydyr. Ýollaryň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen biraýlygyň yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny, maşgala abadançylygyny ähli zatdan ilerde goýýandygyny aýan edýär. Ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişi bilen bagly giň gerimli çärelere halkymyz uly höwes bilen gatnaşýar. Rowaçlanýan Watanymyzda gurulýan we durky täzelenýän giň, ýagty we aýna ýaly tekiz awtomobil ýollarynda ulag serişdeleriniň hereketiniň sazlaşykly, sürüjileriň seresaply, hüşgär bolmagy möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurt derejesinde geçirilýän bu ählumumy çärä Harby awtomobil gözegçiliginiň işgärleri-de işjeň gatnaşýarlar. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda guralýan çäreler pyýadalar bilen sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň sazlaşygyny gazanmaga ýardam berýär, şeýle hem bolup biläýjek ýol

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Jebisligiň aýdyň ýoly Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uly dabara bilen baýram edilýän günlerinde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkara gatnaşyklarda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna, dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň artmagyna ýardam etjek  syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetli meselelere garalar. Öňde goýlan belent wezipelere ýetilmegini üpjün etjek il-ýurt bähbitli, ykbal özgerdiji resminamalar kabul ediler. Halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jebisligiň möhüm instituty bolup durýar. Ol milli döwlet gurluşynyň ýörelgelerini kämilleşdirýär hem-de olaryň häzirki zaman şertlerinde pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.