Maksatnamalaýyn ösüşe belent ynam bilen
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşa ornaşdyrylýan toplumlaýyn maksatnamalarda ýaşlar baradaky alada esasy orunda durmak bilen, diňe bir şu güni däl, eýsem uzaklary nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşy, bilimi, saglygy, hukuklarynyň goraglylygy bilen baglanyşykly toplumlaýyn çäreler durmuşa ornaşdyrylyp başlandy. Geçen bäş ýylda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýaşlar bilen bagly köpugurly işleri, çäreleri sazlaşykly alyp barmaga gönükdirilen maksatnamanyň ýörelgelerine, wezipelerine laýyklykda, ýaşlaryň arasynda dürli ugurlara dahylly çäreler geçirildi. Olaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, tebigaty, daşky gurşawy goramak, ylma, bilime içgin aralaşmagyny, döredijilik ukyplaryny artdyrmak, milli medeniýetimize we sungatymyza çuňňur gyzyklanma döretmek, şöhratly geçmişimizi beýan edýän muzeýlere, şeýle hem kitaphanalara ýaşlary işjeň çekmek, sagdyn bedenli, sport bilen meşgullanmagy endik edinen, sagdyn durmuşa eýerýän nesli terbiýelemek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp baryldy. Türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki ylym-bilim, sport