"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sagdynlygyň sakasy

Sarahs etrabynyň oba geňeşliklerinde we edara-kärhanalarynda ilatyň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak we olaryň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilip durulýar. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de saglygy goraýyş edaralary tarapyndan wagyz-nesihat häsiýetli şeýle duşuşyklaryň biri-de Hanýap geňeşliginde geçirildi. Duşuşykda howanyň gyzmagy bilen baglanyşykly ýüze çykyp biläýjek keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen baglanyşykly gürrüňe aýratyn orun berildi. Bellenilişi ýaly, her bir adam saglygy barada alada etmelidir, arassaçylyk-sanitariýa talaplaryny berjaý etmelidir, sagdyn iýmitlenmelidir. Dürli miweler we ir-iýmişleri mazaly ýuwup iýmelidir.

Dost-doganlygyň nusgalyk ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işler üstünliki durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan gözbaş alýan ajaýyp eserleri bilen bagtyýarlyk döwrümiz has-da nurlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip gelen milli däp-dessurlarymyz barada gyzykly söhbet açylýar. Şeýle hem onda dost-doganlygy, ynsany birek-birege ýakynlaşdyrmagyň asylly ýörelgeleri aýdyň ýol hökmünde häsiýetlendirilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz eziz Diýarymyzyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da rowaçlandyrýar. Ençeme asyrlardan bäri goňşuçylykda ýaşap, birek-biregiň hormat-sarpasyny ähli zatdan belentde goýýan türkmen we özbek halklarynyň gatnaşyklary Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän ynsanperwer syýasaty esasynda has-da ýokary derejelere çykýar. Şeýlelikde, türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan baýlaşdy. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara hem-de şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň halkymyzyň ummasyz paýhasyny, ynsanperwerlik we döwletlilik ýörelgelerini özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eser

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan

Wa­ta­ny­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy bi­ziň ma­ny­ly ýa­şaý­şy­myz­dyr. Bu ga­dy­my Di­ýar­da Wa­tan mer­te­be­si­niň be­lent­li­gi­niň ha­ty­ra­sy­na, äh­li yh­la­sy­ny, gaý­ra­ty­ny ba­gyş eden mer­da­na­la­ryň gö­rel­de­si nus­ga bo­lup ýa­şa­ýar. * * *

Döwletlilik ýörelgesi — nesillere görelde

AŞGABAT, 30-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde “Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — nesillere görelde” atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek diline neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallasy netijesinde ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurlar ýaşlaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby özbek dilinde neşir edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Häzirki döwürde türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan has-da baýlaşdy. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara we şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir.

Mukaddes aýdaky päkize doga-dilegler kabul bolsun!

Her günüň wakalary ýurdumyzyň ösüşlerini, halkymyzyň öz milli Lideriniň daşynda berkden-berk jebisleşendigini, ýakynu-alysdaky halklar bilen gatnaşyklarymyzyň ynsanperwerlige ýugrulandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň Gypjakdaky Baş metjitde beren sadakasy bilen baglanyşykly hem şuny aýdyp bolar. Gahryman Arkadagymyzyň pederi Mälikguly aga dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza aýynyň nurana günlerinde dünýäden ötdi. Hakyky watançy, ömrüni il-ýurda hyzmat etmäge bagyşlan ynsan, mertligiň, hoşniýetliligiň, asyllylygyň belent nusgasy, ajaýyp mugallym — ine, Mälikguly aga barada biziň her birimiziň ýüregimizde hem aňymyzda şeýle päkize düşünjeler ýaşaýar. Bu düşünjeler halkymyzyň kalbyna ornan, hakydasyndan hiç mahal öçmejek mizemez ynama öwrülendir...

Kämil kanunçylyk binýady — ösüşleriň esasy

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň kanunçylyk esaslary düýpli berkidilýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda, ata Watanymyzda şahsyýetiň erkin ösmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Esasy Kanunymyzda raýatlaryň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän durmuş we hukuk goraglylygy kepillendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edaranyň, ýagny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň döredilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň durmuşynda taryhy wakadyr. Gözel Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, agzybir hem jebis halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat etjek iki palataly kanun çykaryjy edara berkarar döwletimiziň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesini has-da ýokary göterjek çözgütleri kabul etmekde netijeli işleri alyp barar.

Çaga — durmuşyň güli

Täze doglan çagany ýüze sylmak halkymyzyň asylly edähetleriniň biridir. Sebäbi çaga — ynsanyýetiň dowamaty, geljegi. Ony ýöne ýere durmuşyň gülüne deňemeýärler. Şonuň üçinem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe körpejelerimiziň saglygyny gorap saklamaga, berkitmäge dünýä inen gününden başlap üns berlip başlanýar. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň jan saglygy hakynda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda ähli şertleri döredip bermegi bizi çäksiz begendirýär. «Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy, bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi hem göz öňünde tutýarys» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz çagalaryň saglygyny gorap saklamagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde öňe sürýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ähli raýatlar bilen bir hatarda, göwreli aýallaryň, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň öz saglygyny goramaga bolan hukuklary kepillendirilýän bolsa, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» we beýleki möhüm resminamalar esasynda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň netijesinde, enelerde we çagalarda köp duş gelýän keselleri,

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de «Demirýollary» açyk görüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Demirýollary» AGPJ-niň 7-nji şahamçasynyň mejlisler jaýynda «Arkadag taglymaty galkyndyrýar Watany» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlar barada bimöçber aladalary edýän döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Arzygül DURDYMYRADOWA,«Demirýollary» AGPJ-niň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly hasapçysy.

Çaga eziz, edebi ondan hem eziz

«Nesil terbiýesinde türkmençilik ýoly» atly makalalar toplumyndan Halkymyzyň akyl eleginden geçirip, synag degirmeninde üwäp, halallyk jamynda ýugran bu jümlesiniň edil şu günlerde ― tutuş adamzat jemgyýetiniň ösen siwilizasiýasynyň birmeňzeşlige, umumylyga isleg bildirýän döwründe has-da many-mazmuny çuňlaşýar. Sebäbi bagryndan önen perzendinden onuň edebini ýokarda goýan ata-babalarymyz, megerem, şu gadymy nakyly döredende hem dünýäde millet hökmünde ykrar edilmegiň nähili belent derejededigine aňryýany bilen göz ýetiren bolmaly. Ata-babalarymyzyň şeýle asylly ýörelgelerini çuňňur sarpalaýan hormatly Prezidentimiz bu barada her bir çykyşynda belleýär. Kabul edýän döwlet Kararlarynda resmileşdirýär. Milli Liderimiziň 29-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekmegi onuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda çaga terbiýesiniň baş taglymata öwrülýän döwründe milli edep-ekramyň inçe ýollary, usul-tärleri hakynda gürrüň etmegiň sogaby uludyr.

Bagt paýlaýan mekan

Watan buýsanjy ýüregiňde mäkäm orun tutanda, ýaşamagyň lezzeti başgaça bolýar. Buýsanç duýgusy ýöne ýerden döremeýär. Adamy buýsandyrýan zatlaryň düýp özeninde netijeli zähmet durýar. Mermer paýtagtymyz Aşgabadyň adynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmeginde hem, asylly zähmetiň, yhlasyň, çuň parasatyň ajaýyp netijesi bar. Eziz Diýarymyzda amal edilýän beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk mekdebiniň beýik binýadydyr. Dünýä täsinlikleriniň hatarynda öňdeligi saklamak üçin kalbyň ganatly, zähmetiň joşgunly bolmaly. 2008-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Halkara howa menziline barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan «Oguz han we onuň ogullary» täsin suw çüwdürimler toplumy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna «Iň iri möçberli suw çüwdürimler» ugry boýunça girizildi. Onuň düzüminde işi hem-de yşyklandyrylyşy özara ýakyndan sazlaşdyrylan, dolulygyna we köpugurly esasda dolandyrylýan serhowuzlaryň 27-si bar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallar üçin düşümli bolar. Sowukganly we parahat boluň, ähli arzuwlaryňyza ýetersiňiz. Bu hepde öýüňizi, iş ýerleriňizi arassa saklasaňyz saglygyňyz üçin hem gowy bolar. Hamallaryň hünär, iş babatdaky ýagdaýy gowulyga tarap üýtgär. Geljek hepde önüm öndürýän telekeçiler üçin önümçiligini giňeltmäge amatly mümkinçilik dörär.

Il agzybirliginiň ajaýyp nusgasy

Öňňin ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we Aşgabat şäherinde bolşy ýaly, welaýat merkezindäki Baş metjitde agzaçar sadakasy berildi. Ýörgünli däp-dessurlarymyza laýyklykda mübärek Oraza aýynda berlen agzaçar sadakasy hormatly Prezidentimiziň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowy hatyralaýan çäreler bilen utgaşdy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we köpsanly ildeşlerimiz bilen birlikde welaýatymyzyň çäginde ýaşaýan doganlyk özbek halkynyň wekilleri hem agzybirlik bilen gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar metjidiň bezeg aýratynlyklary bilen tanşyp, diwarlary bezeýän mukaddes ýazgylaryň ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Şeýle-de hajy Arkadagymyzyň metjide ýadygärlik hökmünde gowşuran yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden özüne ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtüge hem-de keramatly teperrige togap edip, Gurhandan aýat okadylar hem-de hormatly Prezidentimiziň mukaddes Oraza aýynda berýän agzaçar sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, ulus-ilimiziň ýüreginde orun alan hormatly Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aramyzdan gitmegi zerarly merhuma imanynyň hemra bolmagyny dileg etdiler. Şeýle-de halkymyzyň abadançylygy, onuň baý medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak barada edýän hossarlyk aladalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan

Ady dünýä dolan türkmen halysy

Öz akabasyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň, el işleriniň inçe syrlarynyň, aýratynlyklarynyň sünnälenilip, kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr. Olar halkymyzyň taryhyny, gahrymançylygyny, gözel tebigatyny, pähim-parasadyny, milliligini, däp-dessurlaryny dokaýan nepis halylarynyň çitimlerine, göllerine siňdirmegi ussatlarça başarypdyrlar. Türkmen halyçylarynyň on barmagynyň hünärinden dörän müňýyllyklaryň ömür dowamatyna, syrly rowaýatlara öwrülip, dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp sungat eserleri häzirki döwürde özboluşly kämillige eýe bolýar. Gelin-gyzlarymyzyň bu ugurdaky şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, tebigy gözelligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek bolsa döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde orta çykýar. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda el hünärine degişli bolan dürli döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmäge giň ähmiýet berilýär. Ýakynda welaýatymyzyň Halaç etrabynyň Garabekewül şäherindäki medeniýet öýünde welaýatymyzyň halyçy gelin-gyzlarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşigi hem şolaryň biridir. «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» diýen at bilen geçirilen bu bäsleşik gelin-gyzlarymyza öz ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşik üç şert

Howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek — abadançylygyň kepili

Ýurdumyzda gurlup, ulanmaga berlen ajaýyp binalary, hususy we döwlet emläklerini ýangyn howpundan goramak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Gözegçiliksiz galdyrylan ýa-da ätiýaçlylyk bilen seredilmedik oduň adamyň ömrüne we daşky gurşawa düýpli zeper ýetirýändigini unutmaly däldir. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ilkinji nobatda, ýaşaýjylara, ähli raýatlarymyza baglydyr. Şonuň üçin hem ýaşaýyş jaýlarynyň, ulaghanalaryň daş-töweregi arassalanyp, zir-zibiller öz wagtynda çäkden çykarylmalydyr. Geçelgeleri, girelgeleri, howlynyň içini, jaýlaryň ýangyna garşy araçäklerini, daşarky halas ediş merdiwanlaryny, ýangyna garşy suw howuzlaryna barylýan ýollary dürli görnüşdäki goşlar bilen bekläp, geçmäge päsgelçilik döretmek, ýerli häkimlikleriň rugsady bolmazdan, gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek, jaýlaryň ýangyna garşy araçäklerinde, boşluklarynda, howlynyň çägindäki açyk meýdançada ýanyjy goşlary, ýeňil ýanyjy suwuklyklary, gazly, kislorodly gaplary saklamak, jaýlaryň, howlynyň we gurluşyk işleri geçirilýän ýerleriň töwereginde ot ýakmak ýa-da doly sönmedik közli külleri dökmek talaba laýyk gelýän däldir.

Bize ýazýarlar

BEDEW ATYŇ WASPY TARYHY ÝADYGÄRLIKLERDEGadymy Marguşda biziň eýýamymyzdan öňki III-II asyrlarda atlaryň eldekileşdirilip başlanandygy dogrusynda maglumatlar bar. Marguş medeniýetiniň paýtagt şäheri Goňurdepeden tapylan jaýlanan taýçanagyň galyndylary, atyň bürünç heýkeljikleri, şeýle hem gadymy Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň çäklerindäki Daşgaladan dokuzburçluk şekiliň içinde şekillendirilen atyň (XIV asyr), Kyrkmolla depesinden taýçanagyň (miladydan öňki I müňýyllyk), Horezmşalaryna degişli bolan mis zikgeleriň ýüzündäki atly serbazyň şekilleriniň ýüze çykarylmagy halkymyzyň atçylyk we seýisçilik sungatynyň örän gadymydygyny subut edýär. Şeýle hem Nejmeddin Kubranyň kümmetinden tapylan şaý-sepler bilen bezelen bedew şekillendirilen bezeg daşy (XIII-XIV asyr) milli zergärçilik sungatyna degişli baý maglumatlary özünde jemleýär. Bu taryhy maglumatlar bilen içgin tanyş bolanyňdan soň, ýurdumyzyň Döwlet tugrasynda türkmen bedewiniň şekillendirilmeginiň tötänden däldigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Türkmen tebigatynyň we milli seýisçilik tejribesiniň sazlaşygyndan kemala gelen bedewleriň häsiýetli aýratynlyklary, eýesine wepalylygy halkyň ruhyýetine has ýakyndyr. Şonuň üçin hem, dana ata-babalarymyz owadanlygyň we ýyndamlygyň nyşany hasaplanýan gamyşgulak bedewleri merdana ýigitleriň maksat-myradyna deňeýär. «Ataňdan soň atyňy gör!» diýip sarpal

Ajaýyp kitaby okap...

Gymmatly eser Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine giň ýol açyldy. Halk arasyndaky «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap okamaýan bir dil biler, kitap okaýan kän dil biler», diýlişi ýaly, her bir eseri okap, köp zada düşünmek bolýar. Mähriban Arkadagymyz bagtyýar halkymyza «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly çuň many-mazmuna ýugrulan eserini peşgeş berdi. Bu kitap, esasan-da, döredijilik adamlarynyň ylham çeşmesine öwrüldi. Milli medeniýetimiziň sungatymyzyň hak howandary mähriban Arkadagymyzyň döredýän her bir eseri okyjylara ruhy lezzet paýlaýar, islendik kärdäki adamlaryň ýankitabyna öwrülýär.

Saldamly goşant

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça gülläp ösýär, ýokary zähmet üstünlikleri gazanylýar. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy barha gowulanýar. Şeýle guwançly ýol-ýörelgäniň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlanýandygy guwanjymyzy goşalandyrýar. Türkmen halkynyň döredijilikli zähmeti bilen ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty ýylsaýyn artyp, ösüşli ýol bilen öňe barýar. Şeýle ösüş-özgerişli ýolumyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem badynyň artýandygyny bellemelidiris. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiz oba-şäherlerimiziň abadanlaşdyrylmagy bilen bagly wajyp wezipeleri öňde goýýar. Müdirligimiziň işgärleri şol wezipelerden ugur alyp, welaýat merkezimiziň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen uly işlere özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan zähmet adamsy hakyndaky alada uly üns berlip, işgärlerimiziň tutanýerli zähmet çekmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi ugrunda degerli işler geçirilýär.

Bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler öz beýanyny tapýar. Golaýda şäherimiziň “Berkarar” sport toplumynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri” ady bilen şäherimiziň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde 1-nji orny şäherimiziň 10-njy orta mekdebiniň 10-njy “A” synp okuwçysy Guwanç Öwezmyradow, 2-nji orny 5-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hoşgeldi Şabasanow, 3-nji orny 13-nji mekdep--internatyň 11-nji synp okuwçysy Azym Söýünow eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan hem-de işjeň gatnaşan okuwçylara TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Howpsuz iş şertleriniň girewi

Bagtyýarlyk zamanamyzyň ähli ýyllarynda bolşy ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda hem zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi derwaýys wezipe bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň degişli kararynyň çäklerinde degerli işler durmuşa geçirilýär. Şu wajyp wezipäniň oňyn çözgüdini gazanmakda jemgyýetçilik gözegçilik işlerini amala aşyrmak derwaýys meseledir. Onuň çäginde her bir iş ornunda zähmeti goramagyň bellenilen talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi bilen bagly çäreler görüldi. Şeýle hem zähmeti goramak boýunça gözükdirmeleriň ýola goýulmagyny seljermek hem-de ýüze çykarylan kemçilikleri öz wagtynda aradan aýyrmak bilen bagly işlerem wajyplygyna galýar. Şonuň üçinem kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak maksady bilen degerli çäreler ýola goýlup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi üpjün edildi. Howpsuz zähmeti ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen şu we beýleki çärelerimiz möhüm ädim bolup hyzmat etdi. Şonuň üçinem biz bu babatda geljekde-de zerur çäreleri meýilleşdirýäris.