"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Daýhan hojalygynyň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän uly mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, ýer böleklerini uzakmöhletleýin kärendesine alýan daýhan hojalyklarynyň Köneürgenç etrabynda hem ençemesi bar. Şolaryň hatarynda «Akderýa» daýhan birleşiginiň çäginde hereket edýän 30 gektar meýdany öz içine alýan «Hormatly gallaçy» daýhan hojalygyny görkezmek bolar. Daýhan hojalygyna Guwanç Meredow ýolbaşçylyk edip, berkidilen ýeriň 15 gektaryny özleşdirip, alty ýyldan bäri guşgursak ak bugdaýy ösdürip ýetişdirýär. Geçen ýyl hojalyk şonça gektar ýerden 38 tonna 920 kilogram ýokary hilli azyklyk bugdaýy Watan harmanyna tabşyryp, ýyllyk meýilnamasyny 143 göterim ýerine ýetirdi. Munuň özi ýaş daýhanyň çeken asylly zähmetiniň kemsiz ýerine düşendiginden habar berýär.

Ýylyň şygaryndan ruhlanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir ýylymyz ýatdan çykmajak wakalara, taryhy pursatlara beslenýär. Geçen, 2020-nji ýylda hem täze taryhy döwrümiziň şöhratly sahypalaryna girjek şatlykly pursatlaryň ençemesine şaýat bolduk. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň dag tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde «Bagabat» şypahanasynyň, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ýatdan çykmajak taryhy wakalardyr. Galyberse-de, şanly ýylda welaýatymyzyň çäginde dürli maksatly başga-da ençeme desgalaryň açylyş dabaralaryna gözli şaýat bolduk.

Ene toprak — altyn zerim

Ata-babalarymyz öz nesillerine toprak, ene ýer barada ençeme paýhasly sözleri miras galdyrypdyrlar. Olar umman ýaly giň we çuň manysy bilen seniň göz öňüňde bütin dünýäni janlandyrýar. Şondan bolsa gerek, obada doglup kemala gelen her bir adamyň özüni bilip, ilkinji sygynýan gudraty ene ýer bolup durýar. Ol sahy topragyň idegini kemsiz ýetirip, oňa uly umyt bilen tohum taşlaýar. Şeýdip, ýerden göwün diýen hasylyny alýar. Göräýmäge köp hysyrdyny talap edýän bu pişe hem-ä gyzykly, hem-de peýdaly. Halal zähmet bolsa, daýhana arassa girdeji getirýär, onuň eli uzadan ýerine ýetip, baýap başlaýar. Bu günki gün daýhanyň törüni çuwal-çuwal mäşdir noýba, bugdaý, akja tüwi, käşir, kelem bezeýär. Onuň saçagynda bolsa adyn tutan zadyň bar. Iň guwandyrýan ýeri, şol önümleriň ählisi türkmeniň sahy topragynda daýhan zähmeti bilen ýetişdirilen önümler.

Göktereň

Biziň bu mukaddes topragymyzda yhlas etseň, bitmeýän ekin ýok. Göktereňi (halk arasynda terkädi ýa-da kaboçok hem diýilýär) göwnejaý taýýarlanan, dersi, suwy ýetirilen toprakda ekip, ýokary hasyl alyp bolýar. Göktereň gaty gabyklylar görnüşine degişli bolup, onuň gowy bişenleri mal iými üçin we tohumçylykda ulanylýar. Boýy ýeten ýaşajyklary bagryň işjeňligini sazlaýar. Tohumyndaky 50 göterime çenli bolan ýag we santonin maddasy adam içegesindäki gurçuklary we onuň tohumlaryny ýok edýär.

Üzüm iýseň...

Irki zamanlarda üzüm hoşasynyň şekili bol hasylyň nyşany hasaplanypdyr. Muňa biz 1948-nji ýylda belli arheolog Masson tarapyndan Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan keramiki diwarlyklaryň böleklerinde çekilen üzüm hoşalarynyň şekilleri hem-de üzümçilik barada daşa ýazylan salgyt resminamalary arkaly hem göz ýetirip bilýäris. Gadymy döwürde keramika ýazylan we biziň şu günlerimize gelip ýeten taryhy tapyndynyň böleklerinde Gyýagamyş atly bir ýigide patyşa baky ýaşaýşyň dermanyny tapyp getirmegi buýurýar. Gyýagamyş dünýäniň köp bölegini aýlanýar. Bir gün çöl içinde suwsuz tapdan düşýär we özünden gidýär. Şonda bir kepderi gelip, çüňkünde suw daşap, ýigidi aýak üstüne galdyrýar. Soň guş Gyýagamyşa çüňkünde saklap ýören bir dänäni berýär hem-de adam dilinde gürläp:

Mallary iýmitlendirmegiň kadalary

Nitratlar azot birleşmeleriniň duzlary bolup, olar lukmançylykda, weterinariýada, boýag önümçiliginde giňden ulanylýar. Azot önümleri ösümliklerden ýokary hasyl almakda mineral dökün görnüşinde giňden peýdalanylýar. Ýöne olaryň möçberi, wagty, dowamlylygy nädogry ulanylanda, agrotehniki çäreler dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda ösümliklerde nitratlaryň, seýrek nitritleriň toplanmasy bolýar we şol ösümlikler bilen mallar iýmitlendirilende, zäherlenmeler ýüze çykýar. Mysal üçin, iýmitlik şugundyryň taýýarlanyş we saklanyş usulyýetleri bozulanda, onda saklanýan nitratlaryň nitritlere öwrülmegi bolup geçýär. Nitratlar we nitritler bilen mallaryň zäherlenmesi diňe azot saklaýan ösümlikler bilen bolman, azot önümleri bilen hapalanan suw çeşmeleriniň üstünden hem bolup bilýär. Amatly şertlerde (temperaturada, çyglylykda, Gün şöhlesiniň ýiti düşmeginde, makro we mikroelementleriň bolmagynda) nitratlar ösümlikleriň kök ulgamy bilen sorulýar we nitratlar — nitritlere — gidroksilamin reduktazdan ammiaga çenli dikelýär we soňra beloklary emele getirýän aminoturşylary sintezlemekde ulanylýar. Şeýle şertler bozulanda, ösümliklerde nitratlaryň toplanmasy bolýar we mallaryň zäherlenmelerine getirýär. Mallaryň toparlaýyn zäherlenmeleri iýmitlik üçin ekilýän otly meýdanlaryň 1 gektaryna 150 – 200 kilogram azot dökülende ýüze çykýar. Suwda gowy ereýän dökünlerde, esasan-da, selitrany ösümlikleri

Çakyryk

Hazyna deňelýän Garagum sährasynda çakyryk diýen täsin guş ýaşaýar. Oba ýerlerinde alaja togan diýip bir guş bardyr, serçedenem kiçiräk uçup-ylgap siňek, çybyn-çirkeý, ary ýaly mör-möjekleri çöpläp ýörendir. Guýrugy uzynja çalymtyl, kellesi gara, ganaty keseligine ak-çalymtyl guşjagaz. Çakyrygam şoňa meňzeşiräk çopan goşunyň töwereginde sazakdyr gandymyň, çerkezdir sözeniň düýbünde gatyrak ýerden çukur gazyp höwürtgeleýär. Adamy penalap ýaşaýanynyň sebäbi, onuň ýumurtgasydyr gyzyletenelerine ýylanam, zemzenem, gyrgydyr çaýçaňňalagam, syçançydyr göwenegem hyrydar. Çopan goşunynyň töweregine bolsa, ýaňky ady agzalanlar gelip bilmeýär. Geläýse-de, çopanyň gazabyna duçar bolýar. Çakyrygam öz gezeginde çopanyň ýagşylygyny gaýtarmak üçin, gündiz ýatyp gijelerine-de sakyrtga, möý-içýan, çekirtge ýaly zatlary iýip, çopany goraýar. Eger ary ketegi duş gelse çakyryk hezil edip ukuda ýatan arylary çöpleýär. Gyzyl aryň ketegini dagy iş edinip köwläp-köwläp alýar. Çölde duýdansyz öňüňizde aýagy, çüňki uzynja, gözüniň daşy gara-ak, halkaly, arkasy, ganaty, döşi çäge pisint — melewşe-saryrak guş çyksa, tanap goýuň, ol çakyrykdyr. Çölde daňdan ilki bilen torgaý saýraýar. Ana şol wagt çakyryk çopan goşunyň töweregindäki suwdan ganyp, ganatyny jüýjeleriniň üstüne saýa edip, uka gidip, uzyn gün ýatýar.

Barlaghananyň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolan oba hojalygyny, şol sanda maldarçylyk pudagyny hem ylmy esasda ösdürmekde uly tagalla edýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem ilatyň maldarçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmak, önümliligini ýokarlandyrmak we ot-iýmlik binýadyny berkitmek babatynda degişli işleri geçirmek boýunça anyk wezipeler goýuldy. Şu wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda maldarçylyk pudagynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Dowardarçylyk Türkmenistanda maldarçylygyň kämilleşen, esasy pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň özboluşly tebigy we howa şertleri bu pudagyň üstünlikli ýaýbaňlanmagy üçin örän amatlydyr.

Halal zähmetiň höziri

Gözellik öz-özünden döränok. Ol gözellige teşne adamlaryň yhlasly, irginsiz zähmeti bilen döreýär. Babadaýhan etrabynyň Hasyl obasynyň ýaşaýjysy Annaoraz Berdiýew hem gözellik döredýän adamlaryň biri. Tüweleme, onuň mellek ýerindäki baglary göreniňde göwnüň göterilýär. Howlynyň içine saýaly daragtlar bezeg berse, mellegi dürli görnüşli miweli baglar tutup otyr. Olaryň arasynda üzüm, alma, aýwa, armyt, injir, nar ýaly miweli baglaryň ýüzden gowrak düýbi bar. Onuň bilen ýakyndan söhbetdeş bolanymyzda, ol ýetişdiren baglary barada täsirli gürrüň berdi: —Miweli we saýaly baglaryň gadyryny bilen adama olaryň miwesi-de, saýasy-da saglyk üçin tenekar, melhem bolup durýar. Kakama Sapar Berdiýew diýerdiler, ol uruş weteranydy. Bütin ömrüne diýen ýaly daýhan birleşigimizde sürüji bolup işledi. Işden ýadap gelendigine garamazdan, eline pilini, üzüm gaýçysyny alyp mellege girerdi. «Şu baglaryň içine girsem, ýadawlygymdan nam-nyşan galanok, birhili ýigdelen ýaly bolaýýan!» diýerdi. Bizi hem öz ýanyndan aýyrmazdy. Ol öwretmekden hiç ýaltanmazdy.

Aralyk ekinler

Diýarymyzyň toprak-howa şertleri mukaddes ene topragymyzda datly miwedir ir-iýmişleriň, gök önümdir bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge, bir ýerden iki hasyl almaga, hatda gyşda gyşlaýan ýorunja, güýzlük arpadyr bugdaý ýaly ekinleri ekip, üçünji hasylyň düýbüni tutmaga doly mümkinçilik berýär. Ekin dolanyşygynyň aýlawyna laýyklykda, bir ýerden iki hasyl almak üçin güýzlük bugdaýdan soň gyşlaýan ekinlerden ýorunja, gant we gyzyl şugundyr, ot-iýmlik şugundyr, käşir, güýzlük kelem, işdäaçar otlar, düme we ýarym düme bakja ekinleri gowy netije berýär.

Täze hasylyň aladalary

Meýdan işleri gyzyşýar Ak bugdaý etrabynda ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak işine jogapkärli çemeleşilýär. Şu günler gowaça ekişi üçin niýetlenen meýdanlarda sürüm işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Belent maksatlar, aýdyň menziller

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler beýleki ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny hem gurşap aldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň içgin alada etmegi bilen, bu pudakda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine, netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe maksatnamalar, kararlar kabul edildi. Olarda oba hojalygyny özgertmek, öndürilýän önümleriň görnüşlerini, möçberlerini artdyrmak ilatyň hal-ýagdaýlaryny gowulandyrmagyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde esasy wezipe edilip goýulýar.

Ylymly nesiller — döwletimiziň altyn geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylym-bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda türkmen ýaşlaryny watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemek hem-de kämil hünärmenler edip ýetişdirmek babatda durmuşa geçirilýän täze başlangyçlar aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen ýaşlary — Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi. Ýaşlaryň ruhy we beden sagdynlygy, hünär taýýarlygynyň kämilligi, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi beriji güýçdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle uly orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly kepillendirýär. Olaryň hukuklaryny üpjün etmek babatdaky zerur şertleriň döredilmegi ýörite kanunlarda we maksatnamalarda öz beýanyny tapýar.

Watanymyzy beýgeldýän pudak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz senagatda, medeniýetde, saglygy goraýyş ulgamynda, bilimde, sportda we beýleki ugurlarda uly ösüşleri başdan geçirýär. Şol sanda oba hojalyk pudagynda hem geçen ýyllarda bellenilmäge mynasyp işler alnyp baryldy. Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde öňe süren başlangyçlary hem daýhanlary önüm öndürmeklige has-da höweslendirdi. Ýurdumyzda daýhanlara halal zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almaga, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem daýhanyň ýakyn ýardamçysy bolan kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli tehnikalar daşary ýurtlardan yzygiderli satyn alynýar. Ol toprakdan bol hasyl almaga we ýetişdirilen önümleri wagtynda ýygnamaga kömek berýär. Umuman, beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamy hem Watanymyzy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Oba hojalyk önümlerini öndüriji zähmetkeşlere döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýeňillikleriň berilmegi bu pudagyň ösdürilmeginiň girewidir. Bu günki günde gursagy hyjuwly daýhanlaryň her bir tutan maksatlary rowaç alýar. Olar ýurdumyzda bellenilýän toýdur-baýramlara, şanly senelere zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem nesip bolsa daýhanlarymyza üstünli

Belent sepgitlere ruhlanyp

Häzirki wagtda oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşyklaryna geçirmek, ýeriň hakyky eýesini tapmak, pudaga hususy eýeçiligi giňden çekmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, daýhanlaryň netijeli zähmeti üçin amatly şertler üpjün edildi. Bu ugurda alnyp barylýan işler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz beýanyny tapýar. Amala aşyrylýan işleriň netejesinde, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan, bolelin, eşretli durmuşyna gönükdirilen beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hususy ulgamyň wekilleri-de saldamly goşant goşýarlar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetiň hususy böleginiň ornuny ýokarlandyrmakda, telekeçilige ýardam bermekde uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli oba hojalygynyň iri kärhanalary, tutuş senagat zolaklary, döwrebap ýyladyşhana toplumlary, önümçiligiň we gaýtadan işlemegiň bitewi ulgamyny öz içine alýan guş toplumlary, maldarçylyk we balykçylyk hojalyklary, miweli baglar döredildi.

Sazlaşykly tagallalar

2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde meýdan işleriniň depginini güýçlendirmek babatda yhlasly zähmet çekýän Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri ýaz ekişine aýratyn jogapkärli çemeleşýärler. Olar şu günler gowaça hasylyndan boşan gektarlarda sürüm işlerini alyp barmak bilen, işiň hiline uly üns gönükdirýärler. Etrap boýunça sürüm geçiriji tehnikalaryň 60-sy bu işe gatnaşýar. Etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary özlerine berkidilen sürüm geçiriji traktorlaryň saz işlemegini gazanýarlar. Olaryň gündelik sürüm geçirilýän meýdanlarynyň hatarynyň barha artmagy bu möhüm çäräniň irki möhletlerde tamamlanmagyna şert döredýär.

Alyn der — altyn zer

«Dürden gymmat deri bilen dünýäni daýhan ekleýär». Söz ussadynyň şu setirleriniň döremegine ene ýere bagry badaşan, halal zähmeti bilen başgalara görelde bolmagy başarýan babadaýhanyň sebäp bolandygy öz-özünden düşnükli. Dogrudanam datly nygmatlar desterhan-saçaga ýetýänçä toprak goýnuna daýhanyň alyn deri, azap-yhlasy siňmeli. Şeýle işleri amal edip, bütin düýrmegi-durky bilen topraga hyzmat edýän daýhana duşsaň, şahyryň ýokarky setirleri biygtyýar ýada düşýär. Halallygy hemra edinip, päk zähmetden bagtyny tapan, ene topraga ykbalyny baglan daýhanlarymyzyň bitirýän işleri kämil goşgy-gazallara, aýdym-mukamlara mynasyp. Ene ýer gözbaşy egsilmeýän bereket arygy. Şol çeşmäniň mydama dolup-daşyp, desterhan-saçaklara rysgal-berekediň akyp durmagy daýhan zähmetine baglydyr. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde ýaşaýan, zähmet çekýän daýhanlaryň gazanýan zähmet üstünliklerini eşideniňde buýsanjyň artýar.

Oba hojalyk habarlary

Taýýarlyk işleri ýokary depginde Geçen ýyl döwlete «ak altyn» tabşyrmakda welaýatymyzda ilkinjileriň hatarynda meýilnamany üstünlikli berjaý eden Boldumsaz etrabynyň «Guýanagyz» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň şu ýyly hem zähmet üstünliklerine beslemek baş maksady bolup durýar. Bu ýerde şu günler ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak işleri geçirilýär. Hojalykda 200 gektardan gowrak meýdanda şüdügär sürümi, 160 gektar ýerde tekizleme işleri geçirildi. Daýhan birleşiginiň Saparberdi Begjanowyň, Döwran Allabaýewiň ýolbaşçylyk edýän 1,2-nji kärendeçiler toparlarynda bu işler doly geçirilip gutaryldy.

Toprak — bereket çeşmesi

— Ekerançylykda özüne ussat diýdirmegi başarýan, eýeçiligindäki ýere siňdiren alyn derinden bereket tapýan daýhanlar hojalygymyzda az däl. Şolaryň biri hem zähmetsöýer daýhan, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Döwran Täçmyradowdyr — diýip, Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşiginiň başlygy Aşyr Geldinazarow ýaşyl maýsaly meýdanyň gyrasyndan egnine pilini atyp, dogumly ýöräp gelýän ýaş ýigide tarap garap durşuna buýsançly gürledi. — Geçen ýylyň galla oragy möwsüminde daýhan birleşigimiz boýunça 2152 tonna guşgursak dänäni Watan harmanyna tabşyryp, uly üstünligiň eýesi bolduk. Şeýle ajaýyp netijäni gazanmagymyzda 5 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan 42 sentner hasyl alan şu ussat kärendeçi gallaçynyň hem goşandy az bolmady — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Hawa, kärendeçi daýhan Döwran Täçmyradow halal zähmet çekip, rysgal-döwletiň, berekediň eýesi boldy. Ol — halal baýamaklygyň ýoluny daýhançylykdan tapanlaryň biri. Arly ýyllar çekilen irginsiz zähmet, ene topraga siňdirilen yhlas kiçigöwünli, pespäl ynsana şan-şöhrat getirdi. Örküni topraga baglap, daýhançylyk kesbini ýetginjeklikden dowam edip gelýän ýigidiň päk yhlasyny onuň ýetişdirýän boldumly hasylynyň mukdarynda-da, ýokary hilinde-de aýdyň görmek bolýar. «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýleni. Daýhan ýigidiň aýdyşy ýaly, ýere yhlas bilen ýapyşsaň, ondan bol hasyl alyp bolýar.

Daýhanyň ygtybarly daýanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde oba hojalyk pudagy belent sepgitleri eýeledi. Daýhana zähmet çekip toprakdan bol hasyl almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda daýhanyň ygtybarly daýanjy hasaplanýan tehnikalaryň birnäçe tapgyrlary ýurdumyza getirilýär. Olar kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli bolup, daýhanyň ýakyn ýardamçysyna öwrülýärler. Şu günler hem ýerlerde ak ekini iýmitlendirmek, täze ekilmeli hasyl üçin sürüm, tekizleşik işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň tehnikalary hem giňden ulanylýar.