"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň, sagdyn boluň!

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Şeýle-de dürli ýokanç keseller howa-damja ýoly arkaly näsag adam üsgürende, asgyranda, gürlände, köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin hem otaglaryň howasyny yzygiderli çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassalap duruň! Galyndylary we zir-zibilleri wagtly-wagtyna aýryň! Iýmiti talabalaýyk taýýarlaň! Daşardan geleniňizden, nahardan öň we soň elleriňizi hökman sabynlap ýuwuň! Zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanyň! Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň! Örtügi talabalaýyk, dürs dakynyň! Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz araçägi, 2 metr aralygy saklaň!

Saglygymyzy goralyň, sagdyn bolalyň!

Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ahal welaýat şahamçasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda saglygy goraýyş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerinden düzülen wagyz-nesihat toparynyň agzalarynyň çykyşlaryna orun berildi. Duşuşykda dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliniň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň, şeýle-de pasyl çalşygynda döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almakda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada gürrüň edilip, dürli kesellerden goranmak boýunça oňa gatnaşyjylara degerli maslahatlar berildi. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, pasla görä geýinmegiň, askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmegiň, iş ýerinde we öýde otaglaryň penjiresini wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmagyň, sagdyn we kadaly iýmitlenmegiň peýdasy barada aýdylanlar hem ünsli diňlendi.

Milli mirasymyzda tebipçilik

Türkmen milli lukmançylygynyň düýbüni tutujylar Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitabynda 810 dermanyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýankitabynda» 1000-e golaý, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» kitabynda hem 1000 töweregi dermanyň ady agzalýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik işinde bu sanawyň has köpdügi, güneşli Diýarymyzda 2500-den gowrak lukmançylyk ähmiýetli dermanlyk ösümlikleriň bardygy nygtalýar. Olaryň içinden 27 sanysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Milli golýazmalarda saklanýan ygtybarly çeşmelerdäki maglumatlara görä, lukmançylykda haýsydyr bir keseli bejermegi hassanyň tebigatyna laýyk gelýän iýmitden we dermanlardan başlamalydygy nygtalýar. Dünýä belli alym Muhammet Gaýmaz Türkmen: «Tebip Allanyň et diýen zatlaryny, tagat-ybadatlaryny hökman ýerine ýetirmelidir. Süýji dilli, mylaýym sözli, garyp-pukaralary bejermekde höwesek bolmalydyr» diýip tekrarlaýar. Dermana mätäçlik ýüze çykanda ony talabalaýyk ulanmagy başarmaly. Hassanyň ýaşyna, gylyk-häsiýetine, ýylyň paslyna, dermanyň ýasalyşyna we ulanylyş mukdaryna üns bermeli.

Bedenterbiýe - sagdynlygyň gözbaşy

Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetiň iň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny doly ýerine ýetirmekden we ýaş nesli bu ugra gönükdirmekden ybaratdyr. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, gaty ir döwürlerde her dürli hereketler kämilleşip, adamlaryň maşk etmek endigine öwrülipdir. Olar ylgamak, bökmek we towusmak ýaly hereketleriň bedeni berkidýändigini, ömri uzaldýandygyny we dem alyş ýollaryny sazlaýandygyny bilipdirler. Şonuň üçin, bedenterbiýe we sport ulgamy barha kämilleşipdir.

Çagalaryň saglygyny goramak

Pasyllaryň çalyşýan mahalynda howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy çaga bedenine belli bir derejede täsir edýär. Aýratyn hem ýaş çagalaryň bedeniniň gowşaklygy ýiti ýokanç keselleriň döremegine sebäp bolýar. Näsag asgyranda, üsgürende, gürleşende kesel howa damja ýollary bilen sagdyn çagalara geçýär. Çagalarda ýiti ýokanç keselleriň alamatlary nemli bardalaryň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokary galmagy bilen ýüze çykýar. Ýiti ýokanç keseli çagalarda has-da agyr geçýär, öýken sowuklamasy, dem alyş ýetmezçiligi ýüze çykýar. Ýiti respirator keseli bilen näsaglan çagalary köpçülik ýerlerine alyp barmaly däl. Maşgala lukmanyny çagyrmaly we onuň maslahatyny ilkinji günlerden doly we dogry berjaý etmeli. Ýaş çagalary özbaşdak bejermek maslahat berilmeýär.

Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwuň, sagdyn boluň!

Elleri ýygy-ýygydan ýuwup durmak zerur we peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji mikroblar we bakteriýalar ellerde toplanýar hem-de ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Nahardan öň we soň, daşarda gezelenç edilenden soň, elleri gowy edip, sabyn bilen ýuwmaly. Asgyrylanda, üsgürilende, elýaglyk ulanmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda, hapa elleriň keselleri diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň birtoparynyň döremegi ähtimal. Bu keselleriň toparyna ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Hut şonuň üçin hem ellerimizi elmydama arassa saklalyň, bu peýdaly endigi özümizde hem-de çagalarymyzda kemala getireliň! Elleriň iki tarapyny-da barmaklaryň aralary bilen birlikde akar suwuň aşagynda sabynlap, 20 sekunt gowy edip ýuwmaly. Ellerimizi gowy durlanymyzdan soňra, süpürip guratmaly.

Sagdyn ýaşlar — röwşen geljegimiz

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy bilen bilelikde guramagynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Sagdyn, ruhubelent nesil röwşen geljegimizdir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda edilen çykyşlarda halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny hemmetaraplaýyn goramaga hem-de pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýändigi, saglygy goraýyş ulgamyna dünýäniň iň kämil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygy buýsanç bilen bellenildi. Ýaş nesliň saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmakda, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakda, ömür dowamlylygyny uzaltmakda örän uly işleriň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaşlaryň sagdyn ösüp-ulalmaklary, saýlap alan hünäriniň eýesi bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän mähriban Arkadagymyza alkyş aýdyldy.

Sahawatly topragyň derman miweleri

Miweler saglygy goramakda hem-de bedeniňi berkitmekde dermanlyk we melhemlik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Sebäbi olar dürli witaminlere baýdyr. Alma. Ynsan saglygyna peýdaly, dürli witaminlere baý bolan almanyň düzüminde saglyga peýdaly maddalar köpdür. Ol adam bedenine oňat täsir etmek bilen, bakteriýalara garşy, peşew ýörediji, ýatkeşligi gowulandyryjy häsiýete eýedir. Şeýle-de adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrýar, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Böwrekde daşlar emele gelen ýagdaýynda derman hökmünde ulanylýar. Pektinleriň almanyň gabygynda köp saklanýandygy üçin gabygyny aýyrman iýmek peýdalydyr. Düzüminde demriň köpdügi sebäpli, ony göwreli aýallara we çagalara iýmek maslahat berilýär.

Gülle, Türkmenistan — sagdynlyk ýurdum!

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Bu bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýylda aýratyn wajypdyr. Şoňa görä, 19-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak ýaly işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Dogrudanam, welosipediň ynsan saglygyna peýdasy uludyr:

Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

Örtügi dogry ulanmagy endik et! ■ Kadalar ýönekeý bolsa-da, örän möhüm!

Saglyk binalary halkymyzyň hyzmatynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly işler amala aşyrylýar. Her ýyl giňden bellenilip geçilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde, ýagny, 2020-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Halkara Ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Halkara Ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň täsin binasy jemi 5 gatdan ybarat bolup, ol 130 orunlykdyr. Merkeziň maslahat beriş, anyklaýyş, kabul ediş bölümleri bar. Olaryň düzüminde gaýragoýulmasyz tiz kömek otaglary, barokamera, balneologiýa, dikeldiş-reabilitasiýa, intensiw bejeriş, reanimasiýa we anesteziologiýa, barlaghana, plastiki operasiýa, çagalar we uly adamlaryň ýanyk şikeslerini bejeriş bölümleri hereket edýär. Halkara Ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi Germaniýa döwletiniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Merkez häzirki wagtda doly derejede halkymyza hyzmat edýär. Merkeziň ýatymlaýyn bölümlerinde otaglar 1 we 2 orunlyk bolup, şol ýerde syrkawlar üçin ähli amatly şertler döredilen. Ýagny, otaglar köp görnüşli funksional enjamlar, telewizor, azyk önümleri üçin sowadyjylar, egin-eşikler üçin şkaflar bilen üpjün edilendir. Şeýle-de, ýatymlaýyn otaglaryň ählisinde kisl

Dertlere derman geçi süýdi

Garry enem çagalary ýaş wagtlary geçi sagar eken. Olar sürüden ýeke dogan, uly geçileriň ona golaýyny saýlap alypdyrlar. Ertir irden sürä goşmazdan öň, meýdanda owlaklary emmez ýaly geçilere ýelinse geýdirip, örä goýberipdirler. Meýdandan gelenden soň olary sagypdyrlar. Geçi süýdi has ýokumly we örän peýdalydyr. Geçi süýdüni içýän çagalar sagdyn bolýarlar. Nähoşlan çagalara geçi süýdüni içirseň, tiz sagalýar. Sebäbi geçi süýdüniň kesele garşy göreşijiligi örän ýokarydyr. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, onda belogyň mukdary 4-5 göterime deň. Sygyr süýdünden tapawutlylykda onda demir, magniý, kalsiý, marganes, mis, sink, fosfor, kaliý ýaly maddalar birnäçe esse köp. Onuň esasy aýratynlygy bolsa örän çalt siňýänligindedir. Aşa semizlikden ejir çekýän adamlara hem geçi süýdüni içmeklik maslahat berilýär. Ol esasan, ýüregiň urşuny kadalaşdyrýar.

Saglyk size ýaran bolsun!

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Lukman maslahat berýär

Agyz-burun örtükleri üsgürilende ýa-da asgyrylanda adamyň tüýküliginiň daşa ýaýramagynyň, howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň bedene aralaşmagynyň öňüni alýar we daş-töwerekdäkilere keselleriň ýokuşma howpuny azaldýar. Ýaşaýyş we iş otaglaryny wagtal-wagtal ýelejiretmeli, otagy ýörite niýetlenen zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen, çygly arassaçylyk işlerini yzygiderli amala aşyrmaly. Saglygyň sakasynda arassaçylygyň durýandygy hemmelere mälimdir. Hut, şonuň üçin, şahsy tämizligi doly hem dogry berjaý etmeli. Ertirki maşklar, ylgaw, pyýada ýöremek ýaly sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Gowy ukyňy almaly hem-de bedenterbiýe we sport bilen taplanmaly. Her bir adam pasyla görä geýinmelidir.

Saglygymyzy goralyň!

Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, sagdyn iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak sagdynlygyň girewidir. Şu günler howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli, agyz-burun örtüklerini dakynmak, bellenen howpsuz aralygy saklamak we pasla görä geýinmek maslahat berilýär.

Buýan köki

Ilat arasynda süýji buýan ady bilen belli bolan ösümligiň ýurdumyzda dört görnüşi, dünýäde on bäş görnüşi duş gelýär. Buýan köki dürli sökelliklerde derman hökmünde ulanylýar. Ol halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hemde on iki barmak içegäniň kesellerini bejermekde ulanylyp gelinýär.

...Hasta bolmasdan burun

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygyny gorap saklamak hakynda bimöçber aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygaryny öňe sürmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Biz şeýle aladalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigine Baýramaly şäherinde ýerleşýän welaýat iç keselleri hassahanasyna baranymyzda hem göz ýetirdik. Hassahananyň baş lukmany Şadurdy Berdiýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol Magtymguly Pyragynyň saglyk hakyndaky: Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun —

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mary şäheriniň 3-nji saglyk öýüniň lukmanlary hassahana gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşylaýarlar. Hassahananyň göz lukmany Allamyrat Jumaýew hem ýüz tutup gelýän näsaglara maslahat berýär we bejergi işlerini geçirýär. Ol gelýänleriň alkyşlaryna mynasyp bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň saglyk ulgamyny ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda döredip berýän mümkinçiliklerine jogap edip, ak ýektaýly lukmanlar janaýaman zähmet çekýärler.

Sagdyn nesil — geljegiň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdynlyk hem ruhubelentlik düşünjesi durmuşyň altyn kadasyna öwrüldi. Milli saglyk ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrmak işlerine döwletimiz aýratyn üns berýär, bu işlere örän köp serişdeler gönükdirilýär. Iň täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy innowasiýalaryň pudaga giňden ornaşdyrylmagy lukmançylyk ylmynyň hem hyzmatlarynyň hilini dünýäde iň ösen döwletleriň derejesine ýetirmäge giň ýol açdy. Gurlup, ulanyşa berilýän döwrebap saglyk binalary şäherlerimiziň hem obalarymyzyň görküne görk goşýar. Sagdynlyk we ruhubelentlik düşünjesiniň giňden wagyz edilmegi, hususan-da, ýaşlarda bedenterbiýä we sporta bolan hyjuwy artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz özüniň sagdynlyk we ruhubelentlik syýasatynyň baş maksadyny teswirlemek bilen, türkmen milletiniň genofonduny goramagyň döwrüň baş wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Bedenterbiýe we sport bu uly wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmegiň iň bir netijeli serişdesidir.

Saglygyň gadyryn bilgil...

Şu günler howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli, agyz-burun örtüklerini dakynmak, bellenilen howpsuz aralygy saklamak we pasla görä geýinmek maslahat berilýär.