Eller arassa bolmaly
Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek — kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usuly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, ol birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar we bakteriýalar ellerde toplanýar, olar ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem hajathanadan soň, nahar iýmezden öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň elleri sabyn bilen ýuwmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukyby gowşaýar. Beden gowşan ýagdaýynda «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň döremegi ähtimal. Şolaryň hataryna iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator wirus ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Elleriň iki tarapyny hem barmaklaryň aralary bilen akar suwuň aşagynda sabynlap, 20 sekunt gowy edip ýuwmaly. Gowy durlanymyzdan soňra, süpürip guratmaly. Günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri hem ulanmaly. Sabynyň antiseptik görnüşlerini ulanmak has netijelidir. Şeýle-de kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmak, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklamak zerurdyr.