"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Uly alada

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak baradaky görkezmelerinden ugur alnyp ilaty sporta çekmekde uly işler ýola goýulýar. Ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli we netijeli meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Baýramaly şäher “Berkarar” sport desgamyzda hem ýaş türgenler barada uly aladalar edilýär. Olaryň ata-eneleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklanyp, wagtlaýyn tertibiň kadalaryna laýyklykda wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Häzirki wagtda bolsa, her bir ynsanyň öz saglygyny gorap, ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly wezipelere goşant etmek şu günki günde jogapkärli iş bolup durýar. Saglyk bagtyýarlyga eltýän esasy ýollaryň biridir. Hut şonuň üçin-de her bir ynsan öz saglygy barada alada etmelidir. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, tutumly işleri rowaç alsyn!

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ýolöten etrap hassahanasynyň göz keselleri bölüminiň müdiri lukman Roman Aidow ençeme ýyl bäri bu ugurda zähmet çekip gelýär. Ol halypa lukmanlardan tälim alyp, häzirki wagtda halypalaryň hatarynda tanalýar. R. Aidow ýüz tutup gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alýar. Olar halypa lukmanyň hyzmatyndan hoşal bolýarlar. Roman Aidow näsaglara dürs we dogry bejergi bermekde uly tagallalary edýär.

Sag başym — soltan başym

Erkeklik mäziniň howply täze döremeleri onkourologiýa degişli keselleriň içinde giňden ýaýran keselleriň biridir. Häzirki wagtda bu kesel 50 ýaşdan uly ýaşly adamlarda köp duş gelýär. Bu keseliň esasanam, bu keseli başdan geçirenleriň ýakyn garyndaşlarynda, jyns ýollarynyň dowamly sowuklama keselleri bilen kesellän adamlarda, mal ýaglaryny köp ulanýan adamlarda, şeýle hem A witamininiň ýetmezçiligi ýüze çykan adamlarda, we semiz adamlarda döräp bilmek ähtimallygy ýokary bolýar. Bu keseliň alamatlary peşew çüwdüriminiň peselmegi, peşewiň kynlyk bilen gelmegi, peşewhaltanyň doly boşaman galmagy, peşewiň tiz-tiz gelmegi, peşewi saklap bilmezlik, peşew ýollarynyň sowuklamagy, peşewde ganyň bolmagy, peşewiň agyryly gelmegi, çatalbada agyrynyň bolmagy, jynsy gatnaşyga işjeňligiň peselmegi, bilde agyrynyň bolmagy, böwregiň işjeňliginiň peselmegi ýüze çykýar. Kesel ötüşen ýagdaýynda peşew ýollarynyň gysylmasy esasynda näsag horlanyp başlaýar, bilinde agyry bolýar, gan zäherlenmegi sebäpli ukuçyllyk ýüze çykýar we deride gan inmeler döreýär, süňkler zeperlenýär.

Rowaçlyga beslenýär

Etrabymyzyň lukmanlary jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýylyň her bir paslynda döreýän möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak ugrunda meýilnama esasynda degerli işleri amala aşyrýarlar. TMÝG-niň etrap geňeşiniň ýaşlaryň arasynda “Sport — saglygyň sakasy” diýen at bilen geçirýän wagyz-nesihat çäreleri öz miwesini hem berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň saglygy barada alada ilkinji orunda saklanýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy baradaky aýdyň maksatnamalary rowaçlyklara beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe we sporta höwes bilen gatnaşmagy üçin döwrebap, amatly şertler döredildi. «Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdudyr!” diýlen çagyryşdan ugur alyp, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde ýaşlarymyza niýetlenilen döwrebap sport mekdepleriniň, stadionlaryň, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem muňa mysaldyr.

Sagdyn durmuş ýörelgesi — ýaşlaryň göreldesi

Ajap zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyň maksatnamalaryndan ugur alyp, ertirki güne ynamly barýarys. Bu günki gün ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýä hem-de sporta köpçülikleýin girişmegi olaryň saglygyna, sagdynlygyna ýol açýar. Ata Watanymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, etrabymyzda hem ynsan saglygy, keselleriň öňüni almak barada geçirýän çärelerimiz miwesini berýär. Çünki, TMÝG-niň etrap geňeşi Arkadag Prezidentimiziň eziz Diýarymyzyň berkararlygy, bagtyýar halkymyzyň döwletli döwranda, eşretli durmuşda ýaşamagy barada edýän tutumly işleriniň rowaç almagy biz — ýaşlarda uly hyjuw döredýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda etrap geňeşimiziň işgärleri hem “Sagdyn durmuş ýörelgesi — ýaşlaryň göreldesi” ady bilen geçirýän duşuşyklarymyzda sport bilen meşgullanmagyň beden sagatlygyňy üpjün etmekligiň täsiriniň uludygyny düşündirýäris.

Çaý — jana şypa

Çaý — gymmatly içgi. Ol bedene — kuwwat, seriňe tämizlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda çaýyň düzümi, onuň ynsan bedeni üçin gymmatly ýokumlara baýlygy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Mundan başga-da, kitapda çaýy nähili dogry içmelidigi, onuň gadaganlyklary hakynda şeýle maglumatlar getirilýär: 1. Çaý ajöze içilende, ol aşgazana we öthalta zelel ýetirip bilýär.

«Baýramaly» şypahanasynyň taryhy hem şu güni

Melhemler mekany bolan eziz ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup hyzmat edýär. Şeýle tebigy melhemlere baý şypahanalaryň biri hem «Baýramaly» şypahanasydyr. Şypahana Gün şöhlesi bilen bilelikde nerw ulgamy, ýürek, gan-damar kesellerine peýdaly bejergileri bilen, beýleki şypahanalardan tapawutlanýar. Bu şypahana tebigy, ýagny, yssylyk we guraklyk ýaly aýratynlyklary has çuň öwrenilen, böwrek kesellerini bejermek üçin dünýäde iň amatly ýer diýlip hasap edilýän şypahanadyr. Taryhy çeşmelere görä, «Baýramaly» şypahanasy Ýer şarynda Gün şöhlesiniň dik düşýän merkezinde ýerleşendir. Şonuň üçin hem Gün bejergisi şypahananyň iň netijeli emidir. Bu ýeriň howasy gurak bolup, çyglylygy Gara deňziň kenaryndaky çyglylykdan 20 esse azdyr. Gyş paslynda güýçli şemalyň bolmazlygy şypahanada ýylyň dowamynda bejergi almaga mümkinçilik berýär. Şeýle amatlyklar göz öňünde tutulyp, 1929-njy ýylyň 23-nji iýunynda Baýramaly klimatik melhemhana (kurort) diýlip yglan edilýär.

Ajaýyp şypahana

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda adam we onuň saglygy hakynda alada döwletimiziň iň ileri tutýan ugrudyr. Gözel paýtagtymyzy etekläp oturan, gojaman Köpetdagyň gujagynda, Bagabat jülgesinde täze bina edilen «Bagabat» şypahanasy hem munuň aýdyň mysalydyr. Ata-babalarymyzyň: «Görmäge göz gerek, taryplamaga — söz» diýişleri ýaly, täze, döwrebap şypahana göreni haýrana goýýar. Ilki bilen, baran badyňa şypahananyň owadan, millilige ýugrulan keşbi, al-asmanda pasyrdap duran ýaşyl baýdagymyz ünsüňi özüne çekýär. Şeýle hem dagyň jana şypa beriji tämiz howasy, daş-töweregi gurşaýan ösümlik dünýäsiniň hoşboý, maýyl ediji anbar ysy, üns bilen diňşirgenseň, golaýdaky çeşmeleriň şyrlaýyp akýan pessaýja sesi, bagdaky dürli guşlaryň saýraýan şirin sesli owazy, göýä, seni ertekilerdäki mahabatlandyrylýan erem bagyna düşen ýaly edýär.

Geliň, örtük dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Arassa ekologiýanyň, saglygyň, sportuň sazlaşygy

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanyna öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan işleriň, badalga berilýän başlangyçlaryň, tutumlaryň özeninde adamlaryň sagdyn, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekligiň durýanlygy döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Hormatly Prezidentimiziň hepdäniň sişenbe güni gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hormatyna yglan edilen, adamlaryň sagdyn durmuşy üçin amatly gurşawy döretmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmäge hem-de arassaçylyk kadalaryny berjaý etmäge gönükdirilen ekologiýa çäreleriniň çäklerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga bermegi-de şeýle tutumlaryň, başlangyçlaryň dowamat-dowamdygynyň subutnamasy bolup dabaralandy. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine, welosiped sürmegi halaýanlaryň sanynyň artmagyna, täze ekologik medeniýetiň kemala gelmegine, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýy üçin jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpçülikleýin ekologiýa we sport çäreleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şeýle çärelere döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy bolsa, her bir türkmenistanly üçin nusgalyk görelde bolup, olara bagtyýar raýatlarymyzyň ruhubelentlik bilen gatnaşmaklary guwanylmaly, buýsanylmaly ýagdaýdyr.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Otag gülleriniň peýdasy

Gyzyl köz ýaly çigildemler, al-elwan gülälekler, parç bolup açylan bägüller görenleriň gözüni dokundyrýar, ruhuny göterýär. Aýdyşlaryna görä, gülli meýdan jennetiň bir bölegine meňzeýär. Güller biziň gözel durmuşymyzyň, ajaýyp ýaşaýşymyzyň, bagtyýarlygyň aňlatmasydyr. «Göz görmekden doýmaz» diýlişi ýaly, gül adama berlen eşretleriň biri. Ol diňe bir daş-töweregimizi bezemek bilen çäklenmän, eýsem, ruhy dünýämizi hem baýlaşdyrýar. Gazetimiziň «Saglyk» burçunda bolsa biz diňe bir gülleriň ajaýyplyklary hakynda däl, eýsem, olaryň adam saglygyna peýdasy barada hem okyjylarymyza gürrüň bermegi makul bildik. Adamzat durmuşynda bir zada oňat deňeşdirme berlende, «gül ýaly» diýen söz düzümi ulanylýar. Tebigatymyzyň ajaýyp bezegi bolan gülleriň ösdürilip ýetişdirilmegi belli bir derejede ynsan zähmetini talap edýär. Yhlas siňdirilip ýetişdirilen ajaýyp güller adamzada çäksiz ruhy lezzet paýlaýar. Ynsan üçin öz eli bilen döreden gözelligini görüp guwanmak uly bagtdyr. Köçelerde, ýaşaýyş jaýlarynyň we edara-kärhanalaryň meýdançalarynda al-elwan öwsüp oturan gülleri gören her bir adamyň argynlygy aýrylyp, ruhy dünýäsine röwşenlik çaýylýar. Şol sebäpden adamlar gülleri diňe bir meýdanda ýetişdirmän, öýlerinde, otag şertlerinde hem ýetişdirýärler. Dürli otag gülleri diňe bir öýümize bezeg bermän, eýsem, biziň saglygymyz babatda hem «alada» edýär. Otag gülleri howany çyglandyryp, ony

Lukmanyň maslahatlary

Sagdyn ýaşaýyş — asuda durmuş

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň, durmuşa geçirilýän düýpli özgerişlikleriň gerimi barha giňeýär, toýlar hem toýlara ulaşýar. Üstümizdäki ýylda biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny we gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygyny belleýäris. Bu şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görüp, olary toý sowgatlary bilen garşylamak — ildeşlerimiziň her biriniň ýürek arzuwy, kalbynda besleýän baş maksady. Ynha, şu günler toý donuna beslenýän gözel paýtagtymyz bilen birlikde ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ekoabadançylygyny üpjün etmek, halk köpçüliginiň baýramçylyk ruhunyň artmagyny we sagdyn durmuş ýörelgesine köpçülikleýin eýermegini gazanmak üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesle has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr.

Berjaý edeliň!

Ýaltanmazdan jan edeliň,Göwnümze jaý edeliň,Mydama berjaý edeliň,Arassaçylyk düzgünin! Ýagşy pikir bolsun serde,Durmuş joşýar ene Ýerde,Ýöredeliň ähli ýerde,Arassaçylyk düzgünin!

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Saglyk size ýaran bolsun!

Ýokanç kesellerden goranmak üçin howpsuz araçägi saklaň! Iş we ýaşaýyş otaglaryňyzyň howasyny çalşyp, wagtal-wagtal ýelejirediň!

Saglygym — baş baýlygym

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyny geçen ýyl mähriban halkymyz uludan belläp geçdi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hormatly Arkadagymyzyň çuňňur parasaty bilen geçen sanlyja ýyllaryň içinde uly ösüşlere beslendi. Adamyň saglygy diňe bir onuň özüniň däl-de, eýsem, döwletiň hem esasy baýlygy hasap edilýär. Hut şonuň üçin hem saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen hem-de kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu ugurdaky ägirt uly işleriň ilkinjileriniň biridir. Şol birwagtyň özünde, tebigatyň jana şypa melhemlerinden peýdalanmak maksady bilen, güneşli Diýarymyzda şypahana ulgamyny ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň şypahanalary hakynda gürrüň edilende «Berzeňňi» şypahanasynyň melhemlik suwy ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidir. «Berzeňňi» şypahanasy Aşgabadyň günortasynda, Merkezi Köpetdagyň eteginde ýerleşmek bilen, paýtagtyň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-balneologiki bölümidir. Bu ýerde dik guýudan sekuntda 7 litr mineral suwy ýokary atylyp çykýar. Onuň düzüminde sulfat, magniý, kaliý bardyr. Bu täsin suw he

Sag başym — soltan başym

«Saglygym — baýlygym» diýilýänine eýerilip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsanyň saglygyny goramaga aýratyn üns berilýär. Bu babatynda ýurdumyzda döwrebap hassahanalar, şypahanalar hereket edýär. Olarda eli ýeňil, güler ýüzli lukmanlar zähmet çekip, halkyň saglygy ugrunda aladalanýarlar. Lukmanlar sagdyn berk bedenli bolmagymyz üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň, kadaly iýmitlenmegiň, ýeterlik ukyny almagyň, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň zerurdygyny yzygiderli nygtaýarlar. Şeýle hem iýmitimizde witaminlere baý bolan gök önümleriň agdyklyk etmeginiň hökmanydygyny düşündirýärler.

Kesgitlenen aralyk saklanýar

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan meýilleşdirilen sport çäreleri, okuw-türgenleşik sapaklary we ýygnanyşyklary geçirmegiň wagtlaýyn tertibi esasynda degerli işleri geçirýäris. Dünýäde we sebitde ýiti ýokanç keselleri bilen bagly durnuksyz epidemiologiki ýagdaýyň dowam edýändigini nazara alyp, sport mekdebimizde kesgitlenen aralygy saklamak, berjaý etmek üçin türgenleriň sany çäklendirilip, iki çalşykly okuw-türgenleşik sapaklary guralýar. Türgenleşik mahalynda türgene düşýän meýdança 5 metrden saklanmagy tabşyrýarys. Türgenleriň saglyk ýagdaýlary hakynda kepilnamasynyň bolmagy üpjün edilýär we olar türgenleşik wagtyny hasaba almazdan başga wagt agyz-burun örtüklerini ulanýarlar. Sport mekdebimiziň girelgesinde ýörite berkidilen şepagat uýasy tarapyndan türgenleriň we sport işgärleriniň burnuna oksolin melheminiň çalynmagy, elleriniň zyýansyzlandyryjy erginleri bilen zyýansyzlandyrylmagy hem-de olaryň beden gyzgynyny aralykdan ölçenilmegi guralýar. Şeýle hem sport edaramyzyň binasynyň girelgelerinde aýak-gaplaryny zyýansyzlandyrmak üçin zyýansyzlandyryş ergini bilen öllenip durulýan düşekçeler bilen üpjün edilýär. Sport zallarynda ýuwujy we zyýansyzlandyryjy serişdelerini ulanyp, çygly arassaçylyk işleri her 2 sagatdan geçirilýär. Şonuň ýaly-da sport zallary her 2 sagatdan, şeýle hem türgen