"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Milner APL-yň rekordyny täzeledi

«Braýton» toparynyň ýarym goragçysy Jeýms Milner Angliýanyň premýer-ligasynda geçirilen möwsümleriň sany boýunça rekordy täzeledi. Ol öz toparynyň APL-yň täze möwsüminiň birinji tapgyryndaky oýnunda «Ewertona» garşy esasy düzümde meýdança çykdy. Şeýlelikde, Milner APL-da oýnan möwsümleriniň sanyny 23-e ýetirdi. Bu täze rekord hasaplanýar. Bu ugurda ozalky rekord Raýan Giggse (22 möwsüm) degişlidi.

«Real» altynjy gezek UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp boldy

Ispaniýanyň «Real» futbol kluby UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp boldy. Geçen möwsümde Ýewropanyň çempionlar ligasynda ýeňiş gazanan «Real» UEFA-nyň Superkubogy üçin geçirilen oýunda Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolan Italiýanyň «Atalanta» toparyndan üstün çykdy. Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda Karlo Ançelottiniň şägirtleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Ispan toparynyň düzüminde Federiko Walwerde (59) hem-de Kiliýan Mbappe (68) gol geçirdi. Şeýlelikde, «Real» UEFA-nyň Superkubogyny altynjy gezek eýeläp, bu ugurda «Milandan» hem-de «Barselonadan» öňe geçdi. Bu topar mundan ozal, 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji hem-de 2022-nji ýyllarda UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp bolupdy.

«Altyn asyr» AFK Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy

Ýurdumyzyň «Altyn asyr» futbol topary Hindistanyň AFK Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň saýlama duşuşygynda Hindistanyň «Ist Bengal» klubuny myhmançylykda ýeňlişe sezewar edip, bäsleşigiň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Hindistanyň Kalkutta şäherinde geçirilen oýun 3:2 hasabynda türkmen toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Ýaş türgenler bäsleşdi

Bäherden etrabynyň Sport mekdebinde küşt boýunça birinjilik geçirildi. Sport mekdebiniň küşt bölümüne gatnaýan uly we kiçi ýaşly türgenleriň arasynda geçen birinjiligi sport mekdebi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilelikde gurady. Ýaşajyk küştçüleriň 50-ä golaýynyň gatnaşmagynda çekeleşikli geçen ýaryşda uly ýaşly oglan türgenleriň arasynda 1-nji orny Tirkeşmuhammet Garamämmedow, 2-nji orny Myratberdi Myratberdiýew, 3-nji orny Parahat Ataýew eýeledi. Gyzlaryň arasynda 1-nji orny Leýli Geldiýewa, 2-nji orny Gülnäz Adylowa, 3-nji orny Mylaýym Toýlyýewa eýeledi. Kiçi ýaşly oglan türgenleriň arasynda baýrakly 1-2-3-nji orunlara degişlilikde Arslanmyrat Geldiýew, Aýnazar Garamämmedow, Abdylla Myradow mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda 1-nji orny Näzik Adylowa, ikinji orny Eminegül Garamämmedowa, üçünji orny Aýşa Annasähedowa eýeledi.

Sport. Saglyk. Ruhubelentlik

«7/24.tm»:№34 (221) 19.08.2024 Ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy ha­sap­lan­ýan asu­da Wa­ta­ny­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek­de, ýaş­la­ry köp­çü­l­ik­le­ýin spor­ta çek­mek­de uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Prezi­den­ti­miziň alyp bar­ýan sport sy­ýa­sa­ty­nyň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Hut şo­nuň üçin hem hä­zir­ki gün­ler­de şä­he­ri­mi­ziň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän sport bäs­le­şik­le­ri hem giň ge­ri­me eýe bol­ýar.

Öň­de be­lent sep­git­ler bar

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Hü­nä­re bo­lan söý­gi adam­da ke­ma­la gel­ýän asyl­ly gy­lyk-hä­si­ýet­le­riň bi­ri. Hü­nä­ri her kim özü­çe söý­ýär. Kim gö­wün sö­ýen hü­nä­ri­ni edi­nip, hü­när­men hök­mün­de zäh­met çe­ke­si gel­ýär, kim bol­sa öz hü­nä­ri­ni ýaş ne­sil­le­re öw­ret­me­gi mak­sat edin­ýär.

Türkmen samboçylary Dünýä kubogynda üstünlikli çykyş etdiler

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 2024-nji ýylyň 15 — 16-njy awgustynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde sambo boýunça Dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. «Gazprom» sport toplumynda geçirilen şol ýaryşlara Türkmenistandan 29 türgen gatnaşdy» diýip, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berilýär.

«Al­tyn фsyr» AFK-nyň Çem­pi­on­lar li­ga­sy-2 ýaryşynyň to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ry­na çyk­dy

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Aş­ga­ba­dyň «Al­tyn Asyr» fut­bol to­pa­ry no­bat­da­ky hal­ka­ra üs­tün­li­gi­ni ga­zan­dy. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si Ýaz­gu­ly Ho­ja­gel­di­ýe­wiň şä­girt­le­ri AFK-nyň Çem­pi­on­lar li­ga­sy-2-niň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň çä­gin­de myh­man­çy­lyk­da Hin­dis­ta­nyň «Ist Ben­gal» to­pa­ryn­dan 3:2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy.

Sport ul­ga­myn­da­ky ösüş­le­ri­miz

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne uý­mak, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Mu­nuň özi dur­muş ka­nu­na­la­ýyk­ly­gy­dyr. Çün­ki Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­la­ma­gy, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň dur­mu­şa ge­çir­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry esa­syn­da, sport hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de üs­tün­lik­li alyp bar­ýan dip­lo­ma­tik işi­niň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rül­di.

Halkara ýaryşyň medallary

Türkmen türgenleri 6 – 10-njy awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen boks boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler. Bokenbaý Saktaganowyň ýadygärligine bagyşlanan bäsleşige Türkmenistandan, Täjigistandan, Özbegistandan hem-de Gazagystanyň dürli şäherlerinden türgenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň 9 türgeni dürli agram derjelerinde ringe atoparymyzyň baş tälimçisi Tenilbek Džumakulow, ýaşlar ýygyndy toparymyzyň tälimçisi Maksud Şeripow hem-de milli derejeli emin Timur Halilow halypalyk etdi. Türkmen boksçylary halkara ýaryşy 6 medal (1 altyn, 1 kümüş, 4 bürünç) bilen jemlediler.

Ýurdumyzda awtomobil sporty belent derejä çykarylýar

Ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmagy, olaryň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şunuň bilen baglylykda, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine baryp görmegi aýratyn ähmiýete eýedir. NUSGALYK GÖRELDE — ÝAŞ NESILLERE ÝOL-ÝÖRELGE

Sportuň dabaralanýan zamanasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni has-da giň gerimde jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Taryhy jähetden alanyňda, gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň çar ýanynda gurlup, ulanylmaga berlen sport desgalary bu günki gün bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň iň bir gelim-gidimli hem-de gyzykly we çekeleşikli ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerine öwrüldi. Şol kaşaň desgalaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýän döwrebap sport mekdepleri bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem terbiýeläp, olarda maksadaokgunlylygy, tutanýerliligi, özlerine hem-de üstünliklere bolan ynamy kemala getirmekde, ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Sport — parahatçylygyň ilçisi, dost-doganlygyň köprüsi. Iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine bütin dünýäniň ünsüniň gönügýändigini, ýaryşlaryň geçýän wagtynda şol ýurduň, şäheriň adynyň Ýer ýüzünde dilden-dile geçýändigini sport bilen gyzyklanýan her bir adam bilýändir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen badalga berlen hem-de durmuşa geçirilen, täze eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän beýik işleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň dünýädäki meşhurlygynyň bar

Halkymyzyň milli buýsanjy

Türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biri-de wepalylygy, owadanlygy, ýyndamlygy bilen ata Watanymyzyň abraýyny arşa göteren ahalteke bedewlerimizdir. Asyrlarboýy merdana ýigitlerimiziň uçar ganaty saýylyp gelinýän ahalteke bedewlerimiziň bu günki gözelliginde müňýyllyklaryň dowamynda çekilen päk zähmetiň kämil miwesi görünýär. Eziz Watanymyzda ahalteke bedewleri hemişe üns merkezinde saklanýar. Olaryň sagdyn, ýyndam, owadan, mähirli, gözel, eýesine wepaly bolup ýetişmegi üçin, halkara gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolmagy ugrunda türkmen atşynaslaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, bu ýerde meşhur seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akademiýasynyň ýerleşmegi her bir türkmenistanlyny buýsandyrdy. Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlara halypa seýis Aba Annaýewiň seýisçilik, atşynaslyk hünärini ele almak ugrunda alyp baran işleri, ulanan tärleri barada giňişleýin öwredilýär. Bu ýerde «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» diýen at bilen ÝUNESKO klubunyň döredilmegi bolsa hyzmatdaşlygyň çägindäki nobatdaky ädim boldy.

Hormata mynasyp halypa

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäniň hem-de sportuň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek babatda halypa tälimçileriň üstüne hem uly jogapkärçilik düşýär. Uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti bilen tanalýan, şeýle hem sportuň küşt görnüşi boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ýaryşlarda yzygiderli baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny belende galdyrýan tälimçileriň biri-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçi-mugallymy Ahmet Odeýewdir. Halypa indi köp ýyllardan bäri ýaşlara küştüň inçe tilsimlerini öwredýär.

«Al­tyn Asy­ryň» üs­tün­li­gi

Ýurdumyzyň futbol toparlary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» futbol topary bu asylly däbi mynasyp dowam etdirip, yklymyň ikinji derejeli klub ýaryşynyň — AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň saýlama tapgyryndan üstünlikli geçip, bu abraýly ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykmagy başardy. 14-nji awgustda Hindistanyň Kalkutta şäherinde geçirilen saýlama duşuşykda «Altyn Asyr» Hindistanyň çempionatynda bu şähere wekilçilik edýän «Ist Bengal» toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Ýaşlar sporty saýlaýar

Ýurdumyzda sporty ösdürmek ugrunda amal edilýän beýik işler bu ugruň sazlaşykly ösüşini gazanmagyň möhüm bölegini emele getirýär. Şunlukda, sporty saýlaýan watandaşlarymyzyň sany yzygiderli artýar. Ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa professional türgenleriň yzygiderli köpelmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bilim alýan ýaşlar hem bedenterbiýäni we sporty gündelik hemrasyna öwürýärler. Olaryň ençemesi professional sporty saýlap, kämillige tarap ynamly ädimler bilen gadam goýýarlar. Institutymyzda hereket edýän Talyplar sport kluby ýaşlaryň has-da kämilleşmegi üçin diýseň oňaýlylygy, özünde jemleýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.

Pälwanyň pälwan perzendi

Garyşyk söweş sungatynyň ilkinji emellerini öwrenip başlan günleri Seýran bary-ýogy 3 ýaşyny doldurypdy. Zehinli oglanjygyň bu ýoluň menzillerine has kiçiliginden rowana bolmagyna kakasy Şöhradyň hem-de onuň agasy Orazgeldiniň göreldesi täsirini ýetiripdi. Onuň kakasy Ş.Orazgeldiýew başa-baş söweş sungatynyň ençeme ugurlaryndan uly üstünliklere, şol sanda MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşinden hem-de uniwersal söweşden dünýä derejesinde ajaýyp netijelere eýe bolupdy. Kakasynyň agasy hem-de Seýranyň tälimçisi O.Orazgeldiýew hem uly ýeňişlere ýetipdi. Munuň özi Seýranyň sport ýolunyň binýadynyň berk bolmagyny üpjün etdi. Şunlukda, ol ýaňy bir bäş ýaşynyň içindekä uşu sanda boýunça 7 ýaşly türgenleriň arasynda hem mynasyp çykyş etmegi başarýandygyny görkezmegiň hötdesinden geldi. Munuň üçin ol şol ýaşdaky çagalaryň arasynda guralan Türkmenistanyň açyk birinjiliginiň Kubogyna hem-de ýeňşe bolan höwesi üçin ýörite baýraga mynasyp bolupdy.

Sport

Ezberler öňe saýlandy Akdepe etrabynyň 7-nji sport mekdebinde ýetginjek gyzlaryň arasynda geçirilen basketbol boýunça etrap birinjiligi gyzgalaňly häsiýete eýe bolup, ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny alamatlandyrdy. Oňa etrabyň sport mekdepleriniň türgenlerinden, şeýle hem orta mekdepleriň basketbolçy okuwçylaryndan düzülen toparlar işjeň gatnaşdylar. Oýunlaryň netijesine görä, 7-nji sport mekdebiň topary birinji, etrapdaky 95-nji hem-de 59-njy orta mekdepleriň toparlary, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijileri etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň Hormat hatlary hem-de sowgatlary bilen sylaglandylar.

Bedenterbiýe we sport

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň meýilnamasy esasynda, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň meýletinçiler topary bilen bilelikde sanly ulgam arkaly okuw-maslahat geçirildi. Maslahatda sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn nesilleri kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada söhbet edildi. Ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sportda täze belentlikeri nazarlamagy babatda uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri edilen çykyşlaryň özenini düzdi.

Aragatnaşykçylaryň “Altyn Asyr” futbol topary nobatdaky halkara üstünligini gazandy

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri AFK-nyň Çempionlar ligasy - 2-niň saýlama tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Hindistanyň “Ist Bengal” toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda ilkinji bolup hasaby ýer eýeleri açdy. 7-nji minutda “Ist Bengal” D.Lalhlandanganyň geçiren goly bilen öňe saýlandylar. Ýöne olaryň bu üstünligi uzak çekmedi. “Altyn Asyr” 18-nji minutda Myrat Annaýewiň geçiren goly bilen hasaby deňledi. 28-nji minutda Selim Nurmyradow “Altyn Asyry” ilkinji gezek hasapda öňe çykardy. Şeýlelikde, duşuşygyň birinji ýarymy türkmen toparynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.