"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Üstünliklere beslenen ýaryşlar

Watan goragçylarynyň gününiň hormatyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin medeni-sport çärelerine giň orun berildi. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň arasynda geçirilen harby we sport ýaryşlary-da örän çekeleşikli häsiýete eýe bolup, onda güýçlüler ýeňiş münberinde öz mynasyp orunlaryny tapdylar. Ýeňil atletikanyň düzümine girýän sportuň görnüşleri, şol sanda dürli aralyklara ylgaw ýaryşlary, ýaraglary sökmek-düzmek, nyşana tyg zyňmak, stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaly sport ýaryşlarynda harby gullukçylar öz başarnyklaryny görkezdiler. Birnäçe günläp dowam eden ýaryşlaryň jemi jemlenende Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň topary 1-nji, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary 2-nji, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň topary bolsa 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň toparyndan ýaryşlara gatnaşan harby gullukçylar, maýor Parahat Kakaýew, kapitan Goçmyrat Babaýew, borçnama boýunça harby gullukçy, starşina Azat Öwezdurdyýew, harby talyp Ýazdurdy Hojamyradow dagynyň görkezen netijeleri beýleki bäsdeş türgenlerinden has-da tapawutlandy. Ýaryşlaryň netijesi boýunça tapawutlanan toparlar we harby gullukçylar ony gurnaýjylaryň Hormat hatlaryna, kuboklaryna we gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular. Biz hem harby gullukçy türgenlere

Sagdynlygyň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» berk bedenli ýaşlary terbiýelemegiň hukuk binýadyny üpjün edýär. Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerýän ýaşlar sportuň birnäçe görnüşinden başarnyklaryny artdyrýarlar. Muňa ýurdumyzdaky we birnäçe halkara sport bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýan we baýrakly orunlary eýeleýän türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesine seredenimizde has aýdyň göz ýetirýäris. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň, serkerdeleriň, borçnama boýunça harby gullukçylaryň, harby talyplaryň hem-de çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda geçirilen sport ýaryşlary giň gerimli häsiýete eýe boldy. Sportuň 24 görnüşini öz içine alan bu ýaryşa harby we hukuk goraýjy edaralaryndan özüne ynamly, ezber, merdana harby gullukçylaryň ençemesi gatnaşdy. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen ýaryş örän çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşa gatnaşan harby gullukçylar ençeme sport görnüşi boýunça toplan tejribelerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Ýeňişleriň hem alkyşlaryň zamanasy

Berkarar Watanymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy dünýä dolan dabaralar bilen bellenip geçildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde şol geçen şöhratly ýyllaryň dowamynda ähli ugurlarda gazanylan ägirt uly ösüşler dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýdy. Ýetilen belent sepgitler, taryhy ösüşler dogrusynda söhbet edilende bolsa, eziz Diýarymyzda sport ulgamynda amala aşyrylan nusgalyk işler hem öz mynasyp ornuny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary we taryhy tutumlary, giň gerimli özgertmeleri netijesinde milli sportumyzy ösdürmegiň binýadynyň goýlandygy döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Şol başlangyçlaryň, tutumlaryň, özgertmeleriň esasynda hem ýurdumyz dünýäde sport döwleti diýlen belent ykrarnamanyň eýesi boldy. Watanymyzda sanlyja ýylyň içinde ençeme bedenterbiýe-sagaldyş, sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ilatyň saglygyny berkitmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni rowaçlandyrmagyň, ýokary netijeli sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlarynyň nusgalyk derejede geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmegi bolsa, Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde ykrar edilmeginiň hakykatyň dabaralanmasydygyny äleme äşgär etdi.  

Sport — sagdynlygyň sakasy

Babadaýhan etrabynyň sport mekdebinde hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda woleýbol ýaryşy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň döwletimizde sagdyn jemgyýetiň pugtalanmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport-sagaldyş hereketiniň giň gerime eýe bolmagy ugrundaky durmuşa geçirýän giň göwrümli işlerinden ugur alnyp geçirilen ýaryşa toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Toparlar öz aralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Şol duşuşyklar jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmak babatdaky tagallalaryň barha dabaralanýandygynyň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sport-sagaldyş hereketiniň ilerleýändiginiň aýdyň alamaty boldy. Çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryş güýçli toparlary ýüze çykardy.

Ýetginjek boksçularyň ýaryşynda

Boks boýunça biziň sport mekdebimiziň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki we Çärjew etrabyndaky sport mekdeplerinde tälim alýan, 2013 ― 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjek boksçular gatnaşdylar. Jemi 120 türgeniň öz ukyplaryny görkezen ýaryşynda biziň sport mekdebimiziň türgenleri toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. Şäherimizdäki 7-nji sport mekdebinden gelen türgenler bolsa ikinji orny eýelediler. Çärjew etrabynyň Farap şäherinden gelen türgenler ýaryşda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Gimnastikaçylar döwlet ýaryşyna taýýarlyk görýärler

Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebinde sport gimnastikasy boýunça ezber türgenleriň onlarçasyna tälim berilýär. Ýakynda mekdebimizde sportuň şu görnüşi boýunça Türkmenabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Ol türgenleriň öz tälimçileriniň ýolbaşçylygynda jogapkärçilikli ýaryşa taýýarlyk bilen gelendiklerini görkezdi. Dürli ýaş derejelerinde M.Nurmämmedow, A.Saparow, A.Jumaýew, F.Akmyradow, O.Kadyrow, D.Iganow, M.Akmyradow, A.Nowruzowa, L.Palsewa, A.Rozyýewa ýaly türgenlerimiz beýlekilerden has tapawutlandylar.

Ýaş küştçüleriň ýeňşi

Ýakynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 20 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda sportuň küşt görnüşi boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Küşt federasiýasy bilen bilelikde guran ýaryşynyň esasy maksady küşt sportuny wagyz etmekden hem-de ýaşlar ýygyndy toparlaryna mynasyp türgenleri saýlap almakdan ybarat boldy. Ýaryş küştüň adaty, rapid we blitz görnüşleri boýunça şweýsar usulynda 9 tapgyrda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden türgenleriň 100-e golaýy gatnaşdy. Gazanylan utuklaryň jemlerine görä, her görnüş boýunça aýratyn ýeňijiler kesgitlendi. Küştüň adaty görnüşi boýunça her oýunça 90 minut we goşmaça 30 sekunt wagt berildi. Türgenler rapidde 15 minut we goşmaça 10 sekunt, çalt oýnalýan blitzde 3 minut hem-de goşmaça 2 sekunt wagt aralygynda bäsleşdiler. Bu ugurlaryň hersinden 6, jemi 18 türgen ýeňiji boldy. Oglanlaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezen küştçi Amanmuhammet Hommadow, gyzlaryň arasynda Lala Şöhradowa altyn medala hem-de Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň kubogyna mynasyp boldy. Ýeňijilere altyn, kümüş, bürünç medallar, Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Şu günler welaýatymyzda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň welaýat tapgyrlary giň gerime eýe bolýar. Spartakiadanyň woleýbol görnüşi boýunça welaýat tapgyrynyň sebit ýaryşlary üstünlikli geçdi. GÖKDEPE. Etrabyň sport mekdebinde woleýbol ýaryşynyň günbatar sebit etraplary boýunça duşuşyklary çekeleşikli häsiýetde geçdi. Döwrebap enjamlaşdyrylan sport zalyndaky giň mümkinçilikler okuwçy oglan-gyzlara ukyp-başarnyklaryny görkezmäge şert döretdi.

Welaýatyň birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde kuraş boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. 2006 — 2008-nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen bu ýaryşa welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden türgenleriň 160-a golaýy gatnaşdy. Oglanlaryň arasynda tutluşyklar jemi 9 agram derejesi boýunça geçirilip, onda çärjewli türgenler has üstünlikli çykyş etdiler. Ýagny, Mekan Saparow 50, Narmurat Muradow 73, Ýusup Hojakulyýew 90 kilograma çenli agram derejelerinde birinjiligi gazandylar. Türkmenabat şäherinden Maksat Kurbanbaýew 55 we Alişer Imamberdiýew 66 kilograma çenli agram derejeleri boýunça birinjiligi eýelediler. Köýtendagly Jasur Hoşbakow we Ilşat Döwranow degişlilikde 46 we 60 kilograma çenli agram derejelerinde ýeňiş gazandylar. Hojambaz etrabyndan Çary Jumaýew 81, Kerim Rahmedow +90 kilograma çenli agram derejelerinde birinjilige mynasyp boldular.

Ýeňişler ýeňşe ulaşýar

Paýtagtymyzda 20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Onda welaýatymyzyň küştçüleriniň bäşisi öňdäki orunlaryň 8-sine mynasyp boldular. Küştüň üç görnüşi boýunça (rapid, nusgawy we blis) geçirilen çempionatda Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Lala Şöhradowanyň gyzlaryň arasynda ähli görnüşlerde-de ýurdumyzyň çempiony bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Güýçli bäsdeşleriniň örän kändigine garamazdan, Lala hemmelerden kän utuk toplamagyň we ozalky çempionlyklarynyň üstüni täzeleri bilen ýetirmegiň hötdesinden geldi.

«Arkadag» topary Türkiýede täze möwsüme taýýarlanýar

Meniň pikirimçe, ata Watanyny söýýän her bir adam belli bir derejede sportuň janköýeridir. Çünki seniň ýurduň abraýy üçin orta çykýan türgene biperwaý bolmak asla mümkin däl. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi bolan «Arkadag» topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

«Atletiko» 7 ýyllyk şowsuzlygyny tamamlady

Madridiň «Atletiko» kluby Ispaniýanyň Kubogynyň çärýek final tapgyrynda «Sewilýany» ýeňip, ýaryşyň ýarym finalyna ýollanma aldy. Şeýlelikde, «Atletiko» 7 ýyllyk şowsuz seriýasyny tamamlady. Has takygy, topar soňky gezek 2016/17-nji ýylyň möwsüminde Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykypdy. Ýeri gelende bellesek, «Malýorka», «Real» (Sosýedad) we «Atletiko» toparlary hem Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda meýdança çykmaga hukuk gazandylar.

«UFC»-niň Saud Arabystanyndaky ilkinji turniriniň senesi soňa süýşürildi

UFC»-niň Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde guraljak ilkinji turniri garaşylyşy ýaly mart aýynda däl-de, 22-nji iýunda geçiriler. Saud Arabystanynyň resmi wekiliniň öz sosial tordaky sahypasynda habar bermegine görä, aslynda, 2-nji marta bellenilen turniriň senesiniň soňa süýşürilmeginiň sebäbi onda ýokary derejeli türgenleriň gatnaşmagyny gazanmak bilen baglydyr.

Norwegiýanyň biatlon ýygyndysynyň DÇ — 2024-niň düzümi belli boldy

Norwegiýanyň Lyžaly sport federasiýasy biatlon boýunça ýurduň ýygyndy toparynyň 2024-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümini yglan etdi. Norwegiýanyň ýygyndy topary düzümine 12 gatnaşyjy almaga mümkinçiliginiň bardygyna garamazdan, 10 türgen bilen çäklendi. Olaryň 4-si zenan, 6-sy bolsa erkek türgenlerdir.

«Bolmaz bolmajak bolsa»

Russiýaly tennisçi Andreý Rublýow Awstraliýa açyk «uly tuwulga» ýaryşynyň çärýek finalynda ýeňlişe sezewar boldy. Bu russiýaly tennisçiniň «uly tuwulga» ýaryşlarynyň çärýek final tapgyryndaky 10-njy ýeňlişidir. Şeýlelikde, ol «uly tuwulgalaryň» çärýek finalyna 10 gezek çykyp, şolaryň ählisinde ýeňlen ilkinji tennisçi hökmünde taryha girdi. Maglumat üçin, Andreý Rublýow «uly tuwulga» ýaryşlaryndaky ilkinji çärýek finalyna 2017-nji ýylda «Amerika açykda» çykypdy.

Klopp «Liwerpul» -y terk eder

Germaniýaly hünärmen Ýurgen Klopp şu möwsüm tamamlanandan soňra «Liwerpul»-yň baş tälimçiliginden gitjekdigini mälim etdi. Ýeri gelende bellesek, Ýurgen Klopp «Liwerpul»-a 2015-nji ýyldan bäri tälim berýär. 56 ýaşly hünärmen mersisaýd kluby bilen ÝÇL-de, APL-da, Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Angliýanyň Kubogyna, Angliýanyň Liga kubogyna, Angliýanyň Superkubogyna we UEFA-nyň Superkubogyna eýe çykdy.

DÇ — 2026-nyň ýeňijisi Dallasda kesgitlener

2026-njy ýyldaky Futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygy Dallasdaky (ABŞ) «Meetlays» stadionynda geçiriler. DÇ — 2026-nyň ýeňijisini kesgitlejek duşuşygy kabul etjek bu stadionyň iň ýokary sygymy 105 müň tomaşaça deňdir.

Ýokary liga 4-nji martda badalga berler

4-nji martda Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bu barada Ýokary liga wekilçilik edýän klublara resmi hat iberdi. Hatda bellenilişine görä, Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji üç tapgyrynyň duşuşyklaryny 4-nji, 7-nji we 10-njy martda geçirmek meýilleşdirilýär.

Madridde «Formula -1» boýunça Gran-pri geçiriler

Madrid şäherinde «Formula-1» boýunça Gran-pri ýaryşyny geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Oňa laýyklykda, 2026-njy ýyldan başlap, Madridde «Formula-1» boýunça Gran-pri ýaryşy geçiriler. Bu baradaky ylalaşyk 10 ýyla niýetlenendir.

«SKA»-dan 400-lik rekord

Sankt-Peterburgyň «SKA» hokkeý topary KHL-iň nobatdaky tapgyrynda öz meýdançasynda Astananyň «Barys» toparyny 7:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, «SKA» bu turniriň çäginde 400 sany öý oýnuny ýeňiş bilen tamamlan ilkinji topar hökmünde rekord goýdy. Bu sepgide ýetmek üçin «SKA» toparyna 561 oýun gerek boldy.