"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy­na taý­ýar­lyk

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz sport döw­le­ti­ne, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat bol­sa iri hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Çün­ki ýur­du­myz­da sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler ýo­ka­ry de­re­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, Türk­me­nis­ta­nyň sport ug­run­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has-da iler­le­me­gi­ne go­şant goş­jak şeý­le sport ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri-de 15 — 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy­dyr. Bu ýa­ry­şy ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin de­giş­li res­mi­na­ma­lar we me­ýil­na­ma­lar esa­syn­da berk taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

Türk­me­nis­tan­da fi­ji­tal-sport

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Mu­ny «Gel­je­giň oýun­la­ry» ha­sap­lan­ýan fi­ji­tal-sport oýun­la­ry­nyň türk­men ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den meş­hur­ly­ga eýe bol­ma­gy, türk­men tür­gen­le­ri­niň spor­tuň bu gör­nü­şin­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri hem aý­dyň gör­kez­ýär.

Medeni-sport çäreleri

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Her ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýän Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mä­ge ba­gyş­la­nan dür­li me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler top­lum­la­ry iş­jeň gu­ral­ýar.

Ser­het­siz fut­bol

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Gü­lüs­tan şä­he­rin­de 2024-nji ýy­lyň 23 — 30-njy mar­ty ara­ly­gyn­da «Now­ruz — 2024» «Ser­het­siz fut­bol» di­ýen at bi­len Hal­ka­ra ça­ga­lar-ýet­gin­jek­ler ýa­ry­şy ge­çi­ril­di.

Sport —bagt­ly gel­jek

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­rap Ge­ňe­şi we beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de et­ra­byň 10-njy or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ni my­na­syp gar­şy­la­mak we ýaş­la­ry spor­ta çek­mek mak­sa­dy bi­len, «Sport — bagt­ly gel­jek» at­ly wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Bu du­şu­şyk Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň saz­la­şyk­ly ösü­şi, ola­ryň jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­mak­la­ry üçin al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, öň­de goý­lan we­zi­pe­ler, şeý­le-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len guraldy. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gyn­da çy­kyş eden­ler et­ra­by­myz­da sport ul­ga­myn­da yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler dog­ru­syn­da, ýaş­la­ry­my­zy spor­ta gö­nük­dir­mek­de gur­nal­ýan çä­re­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin aý­dyp ber­di­ler. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­nyň ahy­ryn­da şeý­le aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we Arka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za bi­möç­ber al­kyş söz­le­ri aý­dyl­dy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň dabaralanmasy

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler welaýatymyzyň çäklerinde hem şatlyk-şowhuna beslenip, belent ruhda bellenip geçildi. Şol gün ir bilen welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bilim, sport ulgamynyň işgärleriniň we ýaşlaryň gatnaşmaklarynda welaýat merkeziniň gözel künjekleriniň biri bolan «Magtymguly» meýdançasynyň öňünden welosipedli ýörişe badalga berildi.

Şu gün – Bütindünýä saglyk güni

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Aprel aýynyň ilkinji günlerinden uly ruhubelentlige beslenen Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalara, taryhy senelere beslenýän günlerinde bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda dürli sport çäreleri, aýdym-sazly dabaralar guraldy. Sagdyn durmuş ýörelgesini, dostlugy hem-de gözelligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzyň çar künjeginde geçirilýän dabaralaryň dowamynda dürli ýaryşlar geçildi. Bu gün hormatly Prezidentimiziň ajaýyp baýramçylyk mynasybetli iberen Gutlagyndan ruhlanan ildeşlerimiz sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär.

Ýaşlar – Watanyň buýsanjy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýaşlar baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Şonuň esasynda hem ýaşlar özleriniň zähmet çekýän ugurlarynda erjellik bilen işläp, uly üstünliklere ýetýärler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň 2023-nji ýylda ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. Baý many-mazmunly bu kitap geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretdi, her birimiziň işimiz üçin gymmatly gollanma boldy.

Abraýly ýaryşyň bosagasynda

Ata Watanymyzyň ýene bir abraýly halkara ýaryşy kabul eder. 2024-nji ýylyň 15 – 20-nji aprelinde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler. Ýaryşda Türkmenistana ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony, Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary wekilçilik eder. Biz golaýda bu toparyň «Galkan» gyşky oýunlar sport toplumynda geçiren türgenleşigine gatnaşyp, halkara ýaryşa görülýän taýýarlyga ýakyndan şaýat bolduk. Tälimçi Ilýas Weliýewiň belleýşi ýaly, türkmen hokkeýçileri 10 – 16-njy mart aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň «A» toparynyň üçünji diwizionynyň duşuşyklaryna gatnaşdylar. Esasyny «Galkanyň» oýunçylary düzýän milli ýygyndymyz bu ýerde ýer eýeleriniň, Lýuksemburgyň, Meksikanyň, Tailandyň we GAR-yň toparlary bilen bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Bu barada toparymyzyň kapitany Ahmet Gurbanow şeýle gürrüň berdi:

Däbe öwrülen dabaralar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny pugtalandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek, sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ýaýbaňlandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň 7-nji aprelinde dünýäniň çar künjeginde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň dowamynda bu hakykata has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu umumadamzat ähmiýetli senäniň taryhy hakynda gürrüň edenimizde, 1950-nji ýyldan başlap her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününi bellemek hakyndaky karar 1948-nji ýylda kabul edilýär. Bu baýramyň eziz Diýarymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna, täze röwüşe eýe bolýandygy, Bütindünýä saglyk gününiň döwlet derejesindäki uly dabaralara beslenýändigi buýsandyryjy hakykatdyr. Bu senä aýratyn uly ähmiýet berilmegi bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynda adamlaryň saglygyny goramagyň, sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň täze derejelere çykmagynyň baş şertini emele getirýär.

Şanly senä bagyşlandy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Ähmiýetli çäreleriň giň toplumy Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilýändiginiň beýanyna öwrüldi. Mekdebiň girelgesindäki giň meýdançada ýerine ýetirilen köpçülikleýin maşklar röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş türgenleriň sagdynlyga ymtylyşyny görkezse, sportuň görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlarydyr beýleki çäreler dabaralaryň şowhunyny artdyrdy. Bu ýerde ýaşlar agyrlyk daşlaryny götermek boýunça bäsleşdiler. Tanap çekmek boýunça guralan ýaryşda mekdebiň toparlarynyň ýeňşe höwesi hem ynamy aýdyň şöhlelendi. Mekdebiň çäginde amala aşyrylan welosipedli ýörişler sport çäreleriniň toplumynyň iň gyzykly bölegini emele getirdi. Okuwçylarymyz bu ýörişe uly höwes bilen gatnaşdylar. Bu ýerde sportuň göreş görnüşleriniň hem ençemesi boýunça ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Göreş bäsleşikleri iň güýçli pälwanlary ýüze çykardy.

Saglyk. Sagdynlyk. Rowaçlyk

Saglyk bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasydyr, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär. Gözel tebigatly Saglyk ýolundan ýöräp geçmek, açyk howada welosipedli gezelenç etmek, boş wagtlaryňy sport meýdançalarynda geçirmek soňky ýyllarda ýaşlar üçin asylly ýörelgä öwrüldi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatyny ösdürmekde, halkymyzyň saglygyny, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesliň beden we ylym-bilim kämilligini kemala getirmekde saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport we bilim ulgamlary uly ähmiýete eýedir. Bu babatda Türkmenistan ylym-bilimi, sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn geljekde hem-de uzak möhletleýin döwürde ösdürmäge gönükdirilen beýik işleri alyp barmak bilen, dünýä nusgalyk görelde görkezýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň «Saglyk – abatlyk» diýen bölüminde «Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadadyr» diýip jaýdar belläp geçýär. Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan taryhynda baý medeniýetini, asylly ahlak sypatlaryny, durşy bilen edep-ekrama ýugrulan däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini kemala getiripdir.

Futbol täzelikleri

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Esasy duşuşykda Arkadag şäheriniň «Arkadag» topary «Ahaly» uly hasap bilen (4:1) ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, 12 utuk toplan «Arkadag» topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Aşgabat» toparyny kabul eden «Şagadam» çempionatdaky 2-nji ýeňşini gazanyp (1:0), ýaryş tertibinde eýeleýän dördünji ornunda galdy. 7 utuk toplan «Aşgabat» üçünji orny eýelemegini dowam edýär. Paýtagtymyzyň «Altyn Asyry» Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Meşhur pälwan

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Garagum sährasynyň Göbekli obasynda çarwa maşgalasynda dünýä inip, häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Herrikgala ýaşaýyş toplumynda ýaşaýan, ençeme toýlary baglan Gul ogly Momma pälwan (halk arasynda tutulýan ady Kakageldi Gul pälwan) şeýle gürrüň berýär: «1979-njy ýylda, Derweze şäherçesiniň ýanyndaky Goşatakyr obasynda bolan toýda nesibämiz çekip, Muhammetberdi bilen duşuşdyk. Toý eýesi uly dört jübütlige girýän pälwanlara dört ogşugy baýrak goýdy. Gökdepe sebitinden bagajadan Muhammetberdi teleke pälwan, körsagyrdan Bäşim pälwan, Ahal geňeşliginden Gurbangeldi pälwan, Tümen-Çyrladan bolsa Gul Hojrap pälwan dagy orta çykdy. Olaryň garşysyna Garagum sährasynyň Goşalaň guýusyndan Berdi aç, Portdan Çopan işan pälwan, Mämmetýardan Berdi Welleň pälwan, Göbekliden bolsa men çykdym. Baýraga goýlan ogşuklaryň ikisine Muhammetberdi teleke pälwan Berdi Welleň pälwany, Bäşim pälwan bolsa Aman ajy ýeňip mynasyp boldular. Çopan işan pälwan Gul Hojrap pälwany, men bolsa Gurbangeldi pälwany ýeňip, iki ogşugy biz aldyk. Muhammetberdi ägirt gara güýjüň eýesi bolmak bilen, mümkinçilige görä çepine göterip urmaga ussatdy...».

Şowhuna beslenen hepdelik

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de açyk gapylar hepdeligi geçirilýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda guralan fijital-sport ýaryşlary şu gün tamamlanýar. Fijital-sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birikmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.

Diňe hokkeý hakynda

Diýarymyzda hokkeý boýunça geçiriljek halkara ýaryşyň barha golaýlaşýan günlerinde sportuň bu görnüşiniň taryhy hakynda gysgaça söhbet etmegi makul bildik. Häzirki wagtda hokkeý sportuň gyşky görnüşleriniň arasynda iň meşhury bolup, onuň dörän ýeri Kanada hasaplanylýar. Ilkinji hokkeý oýny 1875-nji ýylyň ýaz paslynda Monreal şäherinde geçirilýär. Şondan 11 ýyl geçeninden soňra, ýagny 1886-njy ýylda bu oýna resmi kadalar girizilýär. Hut şol ýylda hem Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň toparlarynyň arasynda taryhy duşuşyk geçirilip, onda hokkeýiň dörän ýurdunyň wekilleri ýeňiş gazanýarlar. 1899-njy ýylda bolsa ilkinji hokkeý arenasy açylýar, soňra bolsa emeli buzdan hokkeý meýdançalary ulanmaga berlip başlanýar.

Bedenterbiýe we sport

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň dabaralanmagy ýa­ly aja­ýyp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän her bir ada­myň mer­te­be­si­ni beý­gelt­mek hem-de onuň bagt­ly ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mek ba­ra­daky ala­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hu­su­san-da, ýaş ne­sil ba­ra­da­ky ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tut­ýan ug­ru­na öw­rül­di. Ýaş nes­liň ter­bi­ýe­si­ne, ylym­ly-bi­lim­li bol­ma­gy­na, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy­na, Wa­ta­ny­my­za, il-gü­nü­mi­ze we­pa­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne, her bir iş­de öz şah­sy jo­gap­kär­çi­li­gi­ni duý­ýan nes­liň ke­ma­la gel­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň ara­syn­da dür­li wa­gyz-ne­si­hat, sport we me­de­ni-köp­çü­lik çä­re­le­riniň, dür­li bäs­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi hem ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­lemek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mu­nuň özi ze­hin­li, ukyp­ly we ba­şar­jaň ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­ma­ga, olar­da spor­ta bo­lan hö­wes­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Sport mekdeplerinde

1-2-nji aprelde Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda ýetginjekleriň arasynda kiçi futbol boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa welaýatyň şäherlerinden we etraplaryndan toparlar gatnaşdy. Finalda ýer eýeleri bilen Ak bugdaý etrabynyň topary duşuşdy. Netijede, ýaş olimpiýaçylar 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy başardylar. Maksatnyýaz MEREDOW,

Türgenleri taplaýan ýaryşlar

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, suwda pökgi oýnamak boýunça hem dürli derejeli ýaryşlar geçirilýär. Şeýle ýaryşlarda institutymyzyň topary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Fewral aýynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda geçirilen ýaryşda «Talyp sporty» toparymyz öňdeligi eýeledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Suwdaky sport görnüşleriniň federasiýasynyň guramagynda suwda pökgi oýnamak boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Oňa welaýatlaryň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Bu ýaryşda hem Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary öňdeligi eýelemegiň hötdesinden geldi. Ýygyndy toparyň düzüminde ýokary okuw mekdebimiziň talyplary hem çykyş etdiler. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.

Taryhda şu gün

1896-njy ýylyň 6-njy aprelinde ilkinji gezek guralan häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheriniň «Mermer» stadionynda geçirilen açylyş dabarasyna 80 müň tomaşaçynyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Halkara Atletik kongresiniň 1894-nji ýylyň 23-nji iýunyndaky ýygnagynda antik döwrüniň oýunlaryny dikeltmek barada Pýer de Kuberteniň teklibi gyzgyn goldaw tapýar. Ýygnagyň dowamynda ilkinji Oýunlary Gresiýa ynanmak barada ylalaşyga gelinýär. 6 – 15-nji aprel aralygynda geçirilen Oýunlara 14 döwlete (Awstraliýa, Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Gresiýa, Daniýa, Italiýa, ABŞ, Fransiýa, Çili, Şweýsariýa, Şwesiýa, Awstriýa, Wengriýa) wekilçilik eden türgenleriň 241-si gatnaşmaga isleg bildirýär. Türgenler sport görnüşleriniň 9-synda (nusgawy grek-rim göreşi, welobäsleşik, gimnastika, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, tüpeňden ok atmak, tennis, agyr atletika, gylyçlaşmak) medal sanawynyň 43-si ugrunda bäsleşýärler. ***