"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmen türgenleri Tokioda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar

16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary we talyplary, sport weteranlary, giň jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda boljak giň gerimli wajyp ýaryşlara badalga berilmegine bir hepdeden hem az wagt galdy. Oňa däp boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşarlar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.

Üstünlik hemraňyz bolsun, türgenler!

16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda boljak giň gerimli wajyp ýaryşlarda dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleriniň hatarynda biziň türgenlerimiz hem çykyş ederler.

Türkmenistanyň toparyny Olimpiýa oýunlaryna ugradyş dabarasy

Aşgabat, 16-njy iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda boljak giň gerimli wajyp ýaryşlara badalga berilmegine bir hepdeden hem az wagt galdy. Oňa däp boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.

Biziň olimpiýaçylarymyz

Düýn Aşgabatda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ak pata bermek dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, dünýäniň iň iri sport baýramçylygy bu gezek 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda geçiriler. Garaşsyz Türkmenistanyň wekilleri Olimpiýa oýunlaryna 1996-njy ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Biziň türgenlerimiz Olimpiýa medalyny gazanmak üçin ýaryşdan-ýaryşa terjibesini artdyryp, gazanýan netijesini gowulandyrýarlar.

Üstünlik ýaranyňyz bolsun, olimpiýaçylarymyz!

Ýene-de sanlyja günden Ýaponiýanyň Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary badalga alar. Dünýäniň iň iri sport baýramy türkmen türgenleri üçin hem möhüm synag bolar. Elbetde, Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmak her bir türgeniň iň arzyly maksady. Çünki türgenler bu oýunlara gatnaşmaga ygtyýar berýän ýollanma üçin iň möhüm hem iri, diýseň ýokary ussatlygy talap edýän synaglardan geçýärler. Dünýä we yklym çempionatlarynda, beýleki iri ýaryşlarda çykyş edip, utuklary toplaýarlar. XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer däplerine berk eýerýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Iri sport baýramçylygynda çykyş etjek olimpiýaçylarymyza ak pata berliş dabarasynyň guralmagy bolsa professional sportuň uly ösüşlere eýe bolýan, Olimpiýa hereketiniň galkynýan, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilýän ýurdunda sport dünýäsiniň iň belent sepgitlerine ynamly gadam urulýandygyny äşgär etdi. Arkadag Prezidentimiziň ynamy türkmen olimpiýaçylaryny milli sportumyzyň taryhyny olimpiýa üstünlikleri bilen bezemäge, türkmen sportunyň abraýyny arşa götermäge ruhlandyrdy.

Çary MÄMMEDOW: «Tokio Olimpiadasyndan tamamyz uly»

Agyr atletika boýunça halkara derejeli emin, Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň baş kätibi Çary Mämmedowyň ady köplere tanyşdyr. Ol ýurdumyzyň çempionatlarynda, şeýle hem, halkara ýaryşlarynyň birnäçesinde eminlik etdi. Ine, indi bolsa ol XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem eminlik eder. Biz milli ýygyndymyzyň Olimpiýa oýunlaryna ugradylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Çary Mämmedow bilen söhbetdeş bolduk. — Gürrüňdeşlige agyr atletika gelşiňiz baradaky ýatlamalardan başlaýalyň.

Sport mekdeplerinde

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, ýurdumyzda ençeme sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berlendigi, ýaşlara sport bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilendigi kalplary buýsanja besleýän hakykatdyr. Bu günki gün paýtagtymyzda ýerleşýän sport mekdeplerinde türgenleşýän ýaşlar ussat tälimçilerden tälim alyp, öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Paýtagtymyzda geçirilýän bäsleşiklere sport mekdepleriniň türgenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa olaryň has-da kämilleşmegine şert döredýär. Nesip bolsa, ýaşlaryň tejribelerini artdyryp, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna pugta ynanýarys. Şirmyrat ÝUSUBOW,

Bedew münen sag bolar

Türkmen durmuşynda bedewleriň ornuny öwrenmekde milli Liderimiziň eserleri gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri barada şeýle diýýär: «Biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr». Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan bedewleriň ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda hem peýdasy uludyr. At münmek adamda duş gelýän dürli keselleri bedewe bolan ýakymly garaýyşlaryň, söýginiň täsiri bilen bejermek usulydyr. Eýýäm ir döwürlerden maýyplygy bolan adamlara saglyk kömegini bermekde ippoterapiýadan peýdalanylypdyr. Ippoterapiýada ruhy we beden sagdynlygy sazlaşýar. Has anyk düşündirip aýtsak, bedewiň ýanyna baran adam ýakymly duýgulary başdan geçirýär. Bedewiň gözelligi, mähirliligi, oňa dakylan esbaplaryň, şaý-sepleriň nepisligi, owadanlygy ruhy taýdan oňyn täsirini ýetirýär. Adam ownuk-uşak aladalardan saplanýar, göwni ganatlanýar. Ata-babalarymyz «Bedew münen hassa sagalar» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Bejergi üçin at münülende, ýarawsyz adam bedewiň üstünde eýersiz oturýar, şonuň netijesinde atyň endamynyň gyzgyny oňa täsirini ýetirýär. At münmek adamyň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligini artdyrmak bilen, onuň hereketine tygşytlylyk, takyklyk, ynamlylyk h

Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy

Asyrlaryň jümmüşinden bitewiligini saklap gelen türkmen halkynyň dünýäniň maddy medeniýetine goşan goşandy örän uludyr. Şol gymmatlyklaryň biri-de ahalteke bedewleridir. Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde türkmeniň atşynaslyk, seýisçilik sungaty özüniň gadymy dessurlaryny gaýtadan dikeldýär. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty barha belende galýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, ussat halyçylaryň, zergärleriň, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň bedewiň waspyny ýetirýän eserleriniň arasynda döredijilik bäsleşikleriniň, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi atşynaslyk sungatyna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň yzygiderli geçirilmegi bolsa dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni meşhur ahalteke bedewlerine gönükdirýär.

Küşt me­se­le­le­ri

Bölümi Türkmenistanyň milli oýunlarynyň merkeziniň baş tälimçisi B.Atabaýew alyp barýar.

TFF-niň täzelikleri

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde 2022-nji ýylda futbol boýunça ýaşlar ýygyndylarynyň (U23) arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. Onuň netijesinde ýygyndy toparlaryň 42-si toparçalaryň 11-sine bölündiler. Günbatar zolakda toparçalaryň altysy (23 ýygyndy) emele gelen bolsa, Gündogar zolagynda ýygyndylaryň 19-sy toparçalaryň bäşisinde çykyş ederler.

Taýjyk ussanyň pälwanlar maşgalasy

Oba arasynda tutulýan ady Taýjyk ussa bolsa-da, deň-duşlary oňa Pälwan diýip ýüzlenerdiler. Ol häzir segseni arka atan goja. Taýjyk ussa diňe bir Görogly etrabynyň «Berkarar» geňeşliginde däl, eýsem, tutuş etrapda sylanýan ýaşulularyň biri. Ömrüniň köpüsini daýhançylyk, maldarçylyk bilen geçiren gojanyň adynyň yzyna «ussa» sözi tirkelse-de, henize çenli onuň ussaçylyk edip, pil, kätmen bejerenini, orak dişänini gören adam ýok. Elbetde, biz bu babatda onuň özüne-de sowal berdik, ýöne anyk bir jogaby alyp bilmedik. Gürrüňi edilýän daýhan birleşigine köp ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk eden, Taýjyk ussanyň deň-duşy Atajyk Muhammedow bilen bolan söhbetdeşlikde onuň bu «syry» açyldy duruberdi. – Taýjyk ýaşlykda örän ezberdi, onuň elinden gelmeýän hünär ýokdy. Haýsy işiň başyna barsa-da, öň görüp goýan ýalydy. Öz işiniň ussadydy. Ýaşlykda boş wagtlarymyz göreş tutardyk. Ol şoňa-da ýolbaşçylyk ederdi. «Öwlüýa ýabyň» ilersindäki kirşenlik ýer biziň türgenleşik meýdançamyzdy. Şeýdip onuň ussat ady wagtyň geçmegi bilen ussa öwrüldi gidiberdi – diýip, Atajyk aga gürrüň berýär.

Taryhda şu gün

1994-nji ýylyň 17-nji iýulynda 15-nji gezek geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Braziliýanyň hem-de Italiýanyň milli ýygyndylary duşuşdylar. ABŞ-nyň futbol meýdanlarynda geçirilen dünýä birinjiliginiň aýgytlaýjy duşuşygyna barýan ýolda Italiýanyň ýygyndysy toparçalaýyn bäsleşikde Irlandiýadan 1:0 hasabynda ýeňleninden soň, galan iki duşuşygynda (Italiýa-Norwegiýa – 1:0, Italiýa-Meksika – 1:1) dört utuk toplap, ýaryşy 1/8 finaldan dowam etdiripdi. Şondan soň goşmaça wagtda Nigeriýadan 2:1, çärýek finaldyr ýarym finalda bolsa Ispaniýadyr Bolgariýadan esasy wagtda 2:1 hasabynda üstün çykmagy başarypdy. Braziliýanyň ýygyndysy bolsa diňe bir duşuşygyny deňlikde tamamlap, galan oýunlarynda ýeňiş (Braziliýa-Russiýa – 2:0, Braziliýa – Kamerun – 3:0, Braziliýa – Şwesiýa – 1:1, Braziliýa-ABŞ – 1:0, Braziliýa-Niderlandlar – 3:2, Braziliýa-Şwesiýa – 1:0) gazanypdy.

Welaýatlardan habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, sporta hem uly üns berilýär. Etrek etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümine degişli sport mekdeplerinde ýaşlaryň futbol, woleýbol, ýeňil atletika, milli göreş we beýleki görnüşler bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler döredilendir. Sport mekdeplerinde zähmet çekýän tälimçi-mugallymlar ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý edýän, öz saýlap alan sport görnüşleri boýunça tejribeli türgenler bolup ýetişmekleri üçin yhlas-başarnyklaryny gaýgyranoklar. Türkmen sportuny dünýä ýüzünde tanatmakda diýseň beýik işleri amal edýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.

Güneşli Diýardan Günüň dogýan ýurduna

Türkmenistanly türgenler tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Olimpiýa oýunlary 1896-njy ýyldan bäri häzirki görnüşinde geçirilip gelinýär. Bu Oýunlar bütin adamzady jebisleşdirýän sportuň we dostlugyň baýramçylygydyr. Dünýäde saglyk bilen baglanyşykly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar bizi ajaýyp sport baýramçylygyna — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna bir ýyl artyk garaşmaga mejbur etdi. Sanlyja günden dünýäniň 200-den gowrak döwletinden 12,5 müňe golaý türgeni bir ýere jemlejek Olimpiýa oýunlarynyň bäsleşikleri 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçiriler.

20-nji «Uly tuwulgasy»

Möw­sü­miň 3-nji «Uly tu­wul­ga» ten­nis ýa­ry­şy «Wimb­le­don­da» er­kek­le­riň ara­syn­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç, ze­nan­lar­dan awst­ra­li­ýa­ly Eş­li Bar­ti ýe­ňi­ji bol­dy. Ge­çen ýyl ge­çi­ril­me­dik bäs­le­şi­giň er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­na­lyn­da Jo­ko­wiç ita­li­ýa­ly Mat­teo Ber­ret­ti­ni bi­len du­şuş­dy. Sa­na­wyň 7-nji bel­gi­li ten­nis­çi­si Ber­ret­ti­ni il­kin­ji «Uly tu­wul­ga» fi­na­lyn­da oý­nap, ol bi­rin­ji set­de taý-bre­giň ne­ti­je­sin­de 7:6 öňe saý­lan­dy. Ýö­ne on­dan soň­ky set­ler­de sa­na­wyň bi­rin­ji bel­gi­li­si Jo­ko­wiç er­jel­li­gi el­den ber­män ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 2-nji we 3-nji set­ler­de 6:4 ýe­ňiş ga­za­nan ser­bi­ýa­ly ten­nis­çi 3-nji set­de-de 6:3 üs­tün çyk­dy. Şeý­le­lik­de, 3 sa­gat 24 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da 3:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan 34 ýa­şyn­da­ky No­wak Jo­ko­wiç «Wimb­le­don­da» yz­ly-yzy­na 3-nji, umu­my­lyk­da 6-njy ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. 20-nji «Uly tu­wul­ga» çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan Jo­ko­wiç, bu ugur­da şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­re­riň hem-de is­pa­ni­ýa­ly Ra­fa­el Na­da­lyň re­kor­dy­na şä­rik bol­dy. Şeý­le-de, 1,7 mil­li­on funt ster­ling pul baý­ra­gy­ny hem ga­za­nan Jo­ko­wiç kar­ýe­ra­syn­da­ky 85-nji ku­bo­gy­ny eýe­le­di.

Mes­si ar­zu­wy­na ýet­di

Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň fut­bol çem­pio­na­ty Ko­pa Ame­ri­ka­da Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Bra­zi­li­ýa­nyň Rio de Ža­neý­ro şä­he­rin­dä­ki meş­hur «Ma­ra­ka­na» sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da Ar­gen­ti­na bi­len Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şuş­dy­lar. Dart­gyn­ly ge­çen oýun­da Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy 1-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Tan­go­çy­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly Rod­ri­go De Pau­lyň pa­syn­dan soň, An­hel Di Ma­ri­ýa der­we­ze­çi­niň üs­tün­den der­we­zä gö­nük­dir­di. Şeý­le­lik­de, Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy 28 ýyl­dan soň, Ko­pa Ame­ri­ka­da çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Bu ola­ryň 15-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup (1921, 1925, 1927, 1929, 1937, 1941, 1945, 1946, 1947, 1955, 1957, 1959, 1991, 1993, 2021) tan­go­çy­lar Urug­wa­ýyň re­kor­dy­na şä­rik bol­du­lar. To­pa­ryň ka­pi­ta­ny hem ýyl­dy­zy Lio­nel Mes­si mil­li ýy­gyn­dy­da­ky il­kin­ji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Ol çem­pio­na­tyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy hem-de iň ne­ti­je­li fut­bol­çy­sy baý­rak­la­ry­na la­ýyk gö­rül­di. Mes­si çem­pio­nat­da 4 gol ge­çi­rip, 5 go­luň pa­sy­ny ber­di. Öz meý­dan­ça­syn­da as­gyn ge­len Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 12-nji ge­zek kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy.

Go­şa üs­tün­lik gazananlar

Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň «çel­si­li» fut­bol­çy­la­ry – Žor­ži­nio bi­len Emer­son Pal­me­ri­niň to­par­daş­la­ryn­dan iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy olar bu çem­pi­on­lyk­dan 1,5 aý tö­we­re­gi öň Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny hem ga­za­nyp­dy­lar. Şeý­le­lik­de, olar bir möw­süm­de Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň hem-de Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň ýe­ňi­ji­le­ri bol­dy. Olar şeý­le ba­şar­nyk gör­ke­zen 10-11-nji fut­bol­çy­lar hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Bu iki as­ly bra­zil bo­lan fut­bol­çy­lar­dan öň 1964-nji ýyl­da is­pa­ni­ýa­ly Lu­is Sua­res («In­ter»), 1988-nji ýyl­da gol­lan­di­ýa­ly Hans wan Breu­ke­len, Ro­nald Ku­man, Ber­ri wan Aer­le, Je­rald Wa­nen­burg («PSW Eýnd­ho­wen»), 2012-nji ýyl­da is­pa­ni­ýa­ly Fer­nan­do Tor­res bi­len Hu­an Ma­ta («Çel­si»), 2016-njy ýyl­da-da por­tu­ga­li­ýa­ly Kris­tia­no Ro­nal­do bi­len Pe­pe («Re­al Mad­rid») iki ar­zy­ly ku­bo­gy eýe­läp­di­ler.

Toparlaryň pul baýraklary

UEFA 16-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­a gat­na­şan to­par­la­ra umu­my­lyk­da 775,5 mil­li­on ýew­ro pul baý­ra­gy­ny ber­di. Iň köp pu­l baý­ra­gy­na çem­pi­on Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy my­na­syp bo­lup, olar 34 mil­li­on ýew­ro pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­nyl­dy. Bu şu çem­pio­nat­da bir to­pa­ryň alyp bil­jek iň ýo­ka­ry muk­dar­da­ky pul sy­la­gy­dyr. Fi­nal­çy iň­lis­le­re 30,25 mil­li­on ýew­ro, ýa­rym fi­nal­çy­lar Is­pa­ni­ýa 22,5 mil­li­on ýew­ro hem-de Da­ni­ýa 21 mil­li­on ýew­ro be­ril­di. Gat­na­şan her to­pa­ra 9,25 mil­li­on ýew­ro ber­lip, onuň muk­da­ry to­par­ça­lar­da ga­za­ny­lan her ýe­ňiş 1,5 mil­li­on (deň­lik üçin 750 müň ýew­ro) art­ýar. Şeý­le-de, her tap­gy­ra çy­ky­lan­da-da ozal bel­le­nen muk­dar­da to­par­la­ryň kas­sa­sy­na gir­ýän pul muk­da­ry art­dy­ryl­ýar. Şo­ňa gö­rä, ýe­ke ge­zek hem ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik iki ýy­gyn­dy Tür­ki­ýe bi­len De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa iň az pul muk­da­ry, gat­na­şan her to­pa­ra be­ril­ýän baş­lan­gyç muk­da­ry – 9,25 mil­li­on ýew­ro bi­len sy­lag­la­nyl­dy.

Iň köp gol­ly çem­pio­nat

Bir aý­lap do­wam eden çem­pio­nat­da 51 du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Şol 51 oýun­da 142 gol der­we­zä gi­ri­zil­di. Bu bol­sa iň köp go­luň ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty diý­mek­dir. Mun­dan öň­ki iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji 2016-njy ýyl­da­ky çem­pio­nat­da 51 oýun­da 108 gol ge­çi­ri­lip­di. Ge­çi­ri­len 142 go­luň 11-si aw­to­gol bo­lup, ga­lan 131 go­ly 80 fut­bol­çy der­we­zä gi­riz­di. 50 fut­bol­çy 1 gol­dan, 30 fut­bol­çy-da 1-den köp gol ge­çir­di. Het-trik eden fut­bol­çy bol­man, je­mi 12 fut­bol­çy 14 ge­zek (Ben­ze­ma bi­len Ro­nal­do 2 ge­zek 2 gol­dan ge­çir­di) bir oýun­da 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Emin­ler 17 ge­zek 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­di­ler we şo­la­ryň 9-sy dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di (52,94 %).