"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Iň köp me­dal­ly tür­gen­ler

* To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň iň köp me­dal­ly tür­ge­ni ame­ri­ka­ly ýü­zü­ji Maýkl Felps bo­lup, ol 23-si al­tyn, 3 kü­müş, 2 bü­rünç, je­mi 28 me­dal ga­zan­ýar. Bu ugur­da ozal­ky SSSR-iň meş­hur gim­nas­ti­ka­çy­la­ry – La­ri­sa La­ty­ni­na 18 (9-5-4), Ni­ko­laý And­ri­ýa­now 15 (7-5-3) me­dal bi­len 2–3-nji ýer­ler­de bar­ýar­lar. * Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň iň köp al­tyn me­dal­ly tür­ge­ni-de Maýkl Felps bo­lup, onuň 23 al­tyn me­da­ly bar. Bu ba­bat­da 4 tür­gen 9 al­tyn me­dal bi­len ikin­ji­li­gi öza­ra paý­laş­ýar­lar. Olar La­ri­sa La­ty­ni­na, finl­ýan­di­ýa­ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Paa­wo Nur­mi, ger­ma­ni­ýa­ly ýü­zü­ji Mark Spitz hem-de ame­ri­ka­ly sprin­ter Karl Lýu­wis­dir.

Il­kin­ji me­dal­lar

* To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň il­kin­ji çem­pio­ny ame­ri­ka­ly Jeýms Ko­nel­li bo­lup, ol 1896-njy ýyl­da Afi­ny Olim­pia­da­syn­da üçür­dik­läp bök­mek­de al­tyn me­dal ga­zan­ýar. * Ger­ma­ni­ýa­ly Karl Şu­man Afi­ny 1896 Olim­pia­da­syn­da gim­nas­ti­ka­da 3, gö­reş­de-de 1 al­tyn me­dal ga­za­nyp, ol Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň il­kin­ji köp al­tyn me­dal­ly tür­ge­ni bol­ýar.

Iň uly sport baý­ram­çy­ly­gy­na ba­dal­ga ber­ler

Golaýda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy topary dabaraly ýagdaýda ugradyldy. Mälim bolşy ýaly, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary 23-nji iýul – 8-nji awgust aralygynda geçirilýär. Resmi açylyş dabarasy şu gün geçirilýän hem bolsa, käbir ýaryşlara 21-nji iýulda badalga berildi. Däp boýunça Olimpiýa oýunlaryna dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşýar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­na

Türkmen sportunyň täze belentlikleri

Halkyň saglygy hakynda alada milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň, uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygy baradaky alada durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrülmelidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde kabul edilen 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde ata Watanymyzyň başlangyçlaryna, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga, jemgyýetde ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy. Dünýäniň 56 döwleti berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýan bu çözgüde awtordaş hökmünde çykyş etdi.

Sport — dostlugyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sporty ylmy esasda ösdürmek baradaky başlangyçlary, durmuşa geçirýän toplumlaýyn işleri netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygynyň esasy ugruna öwrüldi. Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň esasy ýörelgesidir. Sport ýaryşlary dostlugyň we parahatçylygyň gönezligidir, birek-biregiň ukybyna we başarjaňlygyna hormat goýmagyň gözbaşydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda sportuň ösdürilmegine döredilýän giň mümkinçiliklere dünýä ýüzünde örän uly baha berilýändigine biz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. Munuň özi milli Liderimiziň parahatçylygyň waspçysy bolan sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekde alyp barýan işleriniň dünýä ýaň salýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türgenlere ak ýol arzuw edildi

16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda boljak giň gerimli wajyp ýaryşlara badalga berilmegine bir hepdeden hem az wagt galdy. Oňa däp boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.

Göreşen ýykar, ýaryşan ozar

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Çary Jumakow 1974-nji ýylda Saýat etrabynda dünýä indi. Ol orta bilimi etrapdaky 12-nji orta mekdepde aldy. 12 ýaşyna ýetende deň-duş oglanlary bilen guşakly göreşden türgenleşige gatnap başlady. Oňa ussat tälimçi Çary Mämmedow guşakly göreşiň inçe syrlaryny öwretdi. 57 kilogram agramda göreşip başlan ýaş ýigit etrabyň çäginde geçirilen ýaryşlarda birinjiligi elden bermedi. Ol 1991-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda milli göreşden birinji orny eýeleýär. Orta mekdebi tamamlandan soň 1992-nji ýylda Çary Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe fakultetine okuwa girýär. Şol ýylda-da ol sport ussady diýen derejä eýe bolýar. Çary ýokary okuw mekdebinde okaýan döwründe guşakly göreş boýunça döwlet derejesinde geçirilen ýaryşlarda yzly-yzyna üstünlik gazanýar. Şol ýyllarda Aşgabat şäherinde Türkiýe, Eýran döwletleriniň gatnaşmaklarynda turnir ýaryşy geçirilýär. Çary Jumakow şol ýaryşda absolýut çempion hem-de öz agramynda çempion bolýar. Ol 2001-nji ýylda Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçirilen dünýä ýaryşynda ikinji, Aziýa oýunlarynda üçünji orunlary eýeleýär. 1997-nji ýylda okuwyny tamamlandan soň Çary Jumakow Saýat etrabynyň 1-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işläp başlaýar. Tälimçiniň öz işiniň netijesinden kanagatlanmagyna, türgenlerine guwanmagyna esas bar. Onuň ýetişdiren türgenl

Üstünlik hemraňyz bolsun!

Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar 16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 9 türgen girýär, olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler.

Ýeňiş bilen dolanyň!

Olar ýene toýa ugradylar. Ýöne bu toý ozalkylaryň dagy çeni-çaky däl. Bu toýa bütin dünýä gatnaşýar. Özem oňa gatnaşmak ýeňil-ýelpaý däl. Hany, durmuş toýlarynda käbir gutlagçylar: «Bagta barýan çarkandakly ýollar» diýen düşünjäni ulanýarlar-a! Şu toýa barylýan ýol hem çarkandaklardan doly. Uly toýa gitjegiň çyn bolsa, şolaryň ählisinden ýeňiş bilen geçmeli. Mahlasy, toýa gitmäge mynasyp bolmaly.

Milli olimpiýaçylarymyzdan tamamyz uly

16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda boljak giň gerimli wajyp ýaryşlara badalga berilmegine bir hepdeden hem az wagt galdy. Oňa däp boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenler gatnaşar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.

Türkmenistanly emine ynam bildirildi

2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýän döwürde guramaçylar bilen häli-şindi iş salşyp durulýardy. Dünýä çempionatynyň resmi saýtyna jogapkärler bilen bolsa Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedow işleşýärdi. Günüň islendik wagtynda jaň etseňem, onuň äheňinden seniň jaňyňa garaşyp oturan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Türkmenistanly olimpiýaçylaryň Tokio şäherine ugramaly wagty golaýlanda türgenler we tälimçiler bilen birlikde, sport baýramçylygynda ýurdumyzdan eminiň hem wekilçilik etjekdigi baradaky habary eşidip, diýseň begendik. Tokio Olimpiadasynda agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmegiň köne tanşymyz Çarygeldi Mämmedowa ynanylandygyny bilip, ikinji gezek begendik. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek agyr atletika ýaryşlaryna ildeşimiziň eminlik etjekdigi bolsa ýene bir ýola begenmegimize we guwanmagymyza sebäp boldy. Çarygeldi Mämmedowyň bu jogapkärli işiň hötdesinden abraý bilen geljekdigine berk ynanýarys. Çünki ol 2017-nji ýyldan bäri dünýä we Aziýa çempionatlarynda, şeýle hem ençeme iri halkara ýaryşlarynda emin bolup, Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdi.

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda wekilçilik etjek Türkmenistanyň sport wekiliýetine

Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary!Mähriban türgenler! Size Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-de eziz Watanymyzyň halkara sport abraýyny täze belent derejelere götermegi tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ýoluňyz ak bolsun, mähriban türgenler!

Türkmen olimpiýaçylaryna ynam uly

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn durmuş ýörelgesine hem-de sport bilen işjeň meşgullanmaga ygrarlydygy jemgyýetimiz üçin, ilkinji nobatda bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynamly öňe barýan ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar üçin iň oňat göreldedir. Milli Liderimiz sport hereketiniň öňüni çekip we onuň ählihalk häsiýetine eýe bolmagyny üpjün edip, öz göreldesi bilen diňe bir beden taýdan sagdynlyga we ýokary netijeleri gazanmaga däl, eýsem, şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine çagyrýar. Şunda, ilkinji nobatda, adamyň ruhy, ahlak dünýäsi, belent oý-pikirleriniň ulgamy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Onuň esasyny bolsa Watanymyza bolan çäksiz söýgi duýgusy hem-de ony has-da kuwwatly we rowaç döwlete öwürmek islegi düzýär. Bu maksada ýetmekde bolsa köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmäge aýratyn orun degişlidir.

Türkmenistanyň toparyny Olimpiýa oýunlaryna ugradyş dabarasy

16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda boljak giň gerimli wajyp ýaryşlara badalga berilmegine bir hepdeden hem az wagt galdy. Oňa däp boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.

Sport syýasatynyň gadamlary

Türgenleşikler netijesini berýär Şäher, etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçiriljek ýaryşlara taýýarlyk görmek hem-de ýaş nesillerimiziň sport endiklerini ýokarlandyrmak maksady bilen Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde mekdebiň tälimçisi, gara guşagyň IV danynyň eýesi, halkara derejeli emin, welaýatyň baş tälimçisi Maksat Babaýew türgenleriň arasynda sportuň taekwon-do (ITF) görnüşi boýunça türgenleşik okuwlaryny yzygiderli alyp barýar.

Olimpiýa arzuwlary

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda türkmenistanly türgenleri garşyladylar «7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021.

Olimpiýaçylara bagyşlanan dabara

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň «Sport»  myhmanhanasynyň  mejlisler jaýynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna ak pata bermek dabarasy geçirildi. Dabaranyň hormatly myhmany bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary hormatly Serdar Berdimuhamedow dünýäniň naýbaşy sport baýramy boljak ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenlerine, tälimçilerine üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdi.

Sport habarlary

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. GANDBOLÇYLAR GÜÝÇ SYNANYŞDYLAR

Çary Mämmedow: «Buýsanjymyz sözlere sygmaýar»

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. Ýene sanlyja günden dünýä ýüzüniň millionlarça sport muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşan ýaryşyna, ýagny XXXII Olimpiýa oýunlaryna badalga berler. Tokioda geçiriljek bu Oýunlara türkmen sportsöýüjileri hem uly umyt bilen garaşýarlar. Şeýle derejeli ýaryşda türkmen halkyna wekilçilik etjek ildeşlerimiz özlerine miýesser eden bu beýik wezipäni üstünlik bilen amala aşyryp, halkymyzy öz gazanjak üstünlikleri bilen begendirmegiň arzuwynda ýaşaýarlar. Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, sport ussady Çary Mämmedow hem bu abraýly ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eder. Ol Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmäge çagyryldy. Ýurdumyzyň wekiline şeýle ýokary derejeli ýaryşda eminlik etmegiň ynanylmagy, Türkmenistanyň agyr atletika boýunça dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýandygynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Biz hem eminleriň arasynda iň ýokary derejä eýe bolan, ýagny 1-nji halkara derejeli emin Çary Mämmedow bilen ýaryşa ugramazynyň öňüsyrasynda gürrüňdeş bolduk.

Mançini duýgularyny paýlaşdy

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. OÝUNDAN ÖŇ: