"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Futbolçy bolmak üçin butsy hökman däl

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 47-nji orta mek­de­biň uçu­ry­my Be­genç Ho­ja­ýew ça­ga wag­ty fut­bol oý­nan­dy­gy­ny, em­ma fut­bol­çy bol­mak ar­zu­wy­ny ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da gal­dy­ryp, baş­ga kes­bi saý­lap alan­dy­gy­ny gür­rüň ber­ýär. «Ni­re­de iş­le­se­mem, ga­zet-žur­nal aç­sam-da fut­bol ha­ba­ry­ny il­ki bi­len oka­ýan, te­le­wi­de­ni­ýe­de fut­bol gör­se­mem, ün­sü­mi şo­ňa so­wa­ny­my bil­män gal­ýa­ryn. 25-nji ma­ýyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» di­ýlip yg­lan edil­me­gi fut­bol bi­len bag­ly ýat­la­ma­la­ryň bu­ja­gy­ny çöz­di» di­ýip, Be­genç Ho­ja­ýew öz ha­tyn­da ýa­zyp­dyr. Bi­zem onuň ýat­la­ma­la­ry­nyň kä­bi­ri­ni oky­jy­lar bi­len paý­laş­ma­gy ma­kul bil­dik. 

Bir günde iki baýram

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sport jan­kö­ýer­le­ri ta­ra­pyn­dan söý­lüp to­ma­şa edil­ýän hem-de köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şa­ran sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri-de fut­boldyr. Häzirki wagtda mil­li­on­lar­ça jan­kö­ýer­le­ri özün­de jem­le­ýän fut­bo­lyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de tut­ýan or­ny diý­seň uly. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan yn­san­la­ryň, hu­su­san-da, ça­ga­lar­dan baş­lap, ýa­şu­ly ne­sil­le­riň ara­syn­da fut­bol oýun­la­ry­na to­ma­şa ed­ýän­le­riň sa­ny bir ýa iki däl. Olar müň­ler­çe. Şo­nuň üçin-de, dün­ýä ýü­zün­de fut­bo­la hem-de fut­bolçylara be­ril­ýän üns has-da güýç­li. Ýa­kyn­da fut­bol muş­dak­la­ry­ny be­gen­di­ren bir wa­ka boldy, ýagny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan her ýy­lyň 25-nji ma­ýy «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» diý­lip yg­lan edil­di. Bu buý­san­dy­ry­jy wa­ka türk­menistanly fut­bol­ muşdak­la­ry üçin-de ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat bol­dy. Se­bä­bi her ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da paý­tag­ty­my­zyň — Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­ni ulu­dan baý­ram ed­ýän sport­sö­ýü­ji­le­ri­miz bu gün­de dün­ýä halk­la­ry bi­len bir­lik­de Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­nü­ni hem bel­le­ýär.

Ýaşlary terbiýelemekde sportuň ähmiýeti

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Äh­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň sa­ka­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­ýar. Her bir döw­le­tiň sy­ýa­sa­tyn­da, yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň beý­le­ki ugur­la­ryn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li amal et­mek­li­giň mö­hüm şer­ti bo­lup, bu işe jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry­nyň iş­jeň çe­kil­me­gi hem-de ola­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da­ky ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň tut­ýan or­ny çy­kyş ed­ýär.

Saglyk we sport aýy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň aýy bo­lan ap­rel aýy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap ýur­du­myz­da sport çä­re­le­ri, ýa­ryş­lar, we­lo­si­ped ýö­riş­le­ri we Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sag­dyn dur­muş çä­re­le­ri­ne ta­lyp ýaş­lar, dür­li pu­dak­la­ryň iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri iş­jeň gat­naş­dy­lar.

Biri gyzyl, biri sary, biri ak...

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sözbaşa gözi düşen okyjy, megerem, alabahar asmanynyň deňsiz-taýsyz bezegi bolan ynsan kalbyny joşa getirýän, adamlaryň göwünlerini al-asmana göterýän al-ýaşyl reňkli älemgoşaryň gözelliginiň waspyny etjekdigimize garaşýandyr. Ýöne ol ýalňyşýar... Biz ýap-ýaşyl öwüsýän futbol meýdançasynda deňsiz-taýsyz duşuşygyň gidişini büdredýän, futbolçylaryň hem-de bu jadyly oýnuň muşdaklarynyň keýpini gaçyrýan, eminleriň kisesindäki, älemgoşaryň ähli reňklerini bolmasa-da, köpüsini özünde saklaýan duýduryş petekleri hakynda gürrüň etmekçi bolýarys.

Saglyk üçin iň ygtybarly ylgaw

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň sag­lyk üçin peý­da­la­ry ba­ra­da, fi­zi­ki maşk­la­ryň ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri, gan ba­sy­şy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy, beý­nä gan in­me, dia­bet, huş­suz­lyk, sus­su­pes­lik, sem­re­me ýa­ly der­de­ser­le­riň, düw­nük ke­se­li­niň en­çe­me gör­nüş­le­ri­niň öňü­ni al­ýan­dy­gy ba­ra­da luk­man­çy­lyk tej­ri­be­sin­de aý­dyň su­but­na­ma­lar ýe­ter­lik. Soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da ýyg­na­lan yl­my mag­lu­mat­la­ryň şa­ýat­lyk et­me­gi­ne gö­rä be­den maşk­la­ry­nyň has peý­da­ly gör­nüş­le­ri­niň bi­ri yl­gaw bo­lup dur­ýar. 

Milli oýunlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Alym Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» diýen kitabynda: «Milli oýunlar halkyň edep-terbiýe we ahlak ýörelgeleriniň özboluşly dünýäsi bolup, zähmetsöýerlilik, gaýratlylyk, ugurtapyjylyk, başarjaňlyk ýaly milli häsiýetlerimizi, parahatçylykly durmuşy söýmek ýaly ýörelgeleri dabaralandyrýar» diýip, ata-babalarymyzdan miras galan milli oýunlarymyzyň çagalaryň şahsyýetiniň kemala gelmeginde uly ornunyň bardygyny belläp geçýär.

Asylly däbe öwrülen baýramçylyk

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ka­ra de­re­je­sin­de giň­den bel­le­ni­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­ly­gy, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýan baý­ram­dyr. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň to­mus pas­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň şa­ny­na köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­riň, baý öwüş­gin­li me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.

Fijital küşt gyzyklanmanyň täze görnüşi hökmünde

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Fi­ji­tal sport (he­re­ket­li-san­ly sport) – spor­tuň top­lum­la­ýyn gör­nü­şi bo­lup, tür­gen ýe­ke­lik­de ýa-da top­lum­la­ýyn spor­tuň bel­li bir gör­nü­şi bo­ýun­ça he­re­ket­li hem-de san­ly wir­tu­al dün­ýä­de bäs­leş­ýär­ler. Fi­ji­tal sport be­den taý­ýar­ly­gy­ny ta­lap ed­ýän he­re­ket­li, ada­ty sport oý­ny bi­len ki­bers­por­tuň, yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň ut­ga­şy­gyn­dan dö­rän tä­ze sport gör­nü­şi­dir. Mun­da tür­gen hem wir­tu­al dün­ýä­de komp­ýu­ter­de ýo­ka­ry ne­ti­je gör­kez­me­li, hem-de sport meý­dan­ça­syn­da özü­ni sy­na­ma­ly.

We­lo­si­ped sür­mek we sag­lyk

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 He­re­ket­de bol­mak be­de­ni­ňi ber­kit­mek­dir. Adam be­de­ni­niň tap­lan­ma­gyn­da, ber­ke­me­gin­de he­re­ket­li­li­giň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Fi­zi­ki iş­jeň he­re­ket­de bol­mak sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň iň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu bol­sa py­ýa­da ýö­re­mek ýa-da we­lo­si­ped sür­mek, maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­lup dur­ýar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, her gün 30 mi­nut çe­me­si ýö­ri­te mak­sat­ly aram he­re­ket et­me­li. Bu ze­rur bo­lan ýö­ri­te mak­sat­ly he­re­ket­li iş, öý­den işe py­ýa­da ýa-da we­lo­si­ped­li gat­na­mak ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­ner. Py­ýa­da ge­ze­lenç et­me­giň or­ta­ça uzak­ly­gy 1,5-2,8 ki­lo­met­re go­laý bol­ma­ly­dyr. Mu­ňa bol­sa, adat­ça, 15-20 mi­nut wagt harç­lan­ýar. We­lo­si­ped­li ge­ze­lenç et­me­giň or­ta­ça uzak­ly­gy 3,5-4,8 ki­lo­metr bo­lup, mu­ňa or­ta­ça 10-15 mi­nut ge­rek bol­ýar. Bu gan da­mar­la­ry­nyň wa­ri­koz ke­se­lin­den ejir çek­ýän­ler üçin örän peý­da­ly­dyr. Aýak­la­ryň py­ýa­da he­re­ket­de bol­ma­gy da­mar­lar­da gan aý­la­ny­şy­nyň tiz­leş­me­gi­ne, gan bi­len üp­jün­çi­li­giň ka­da­laş­ma­gy­na iter­gi ber­ýär. Spor­tuň bu gör­nü­şi göz üçin hem peý­da­ly­dyr.

Olim­pi­ýa ala­wy­ny ge­ti­ren gä­mi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Iň ga­dy­my fran­suz gä­mi­le­ri­niň bi­ri bo­lan üç gat ýel­ken­li «Be­lem» gä­mi­si il­kin­ji ge­zek 1896-njy ýy­lyň 10-njy iýu­nyn­da ýü­zü­şe baş­la­ýar. Ony Nant şä­he­rin­de gu­rup, An­til ada­la­ry­nyň se­bit­le­rin­de ýük da­şa­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. 1914-nji ýy­la çen­li ýel­ken­li gä­mi ýük da­şa­mak üçin 33 ge­zek uzak ara­ly­ga sy­ýa­hat ed­ýär. Bug gä­mi­le­ri bi­len bäs­le­şik­de äh­mi­ýe­ti­ni ýi­ti­ren gä­mi­ni uza­gyn­dan söw­da mak­satly ýü­züş­ler­den daş­laş­dyr­ýar­lar. Öz wag­tyn­da di­ňe bir Fran­si­ýa­nyň däl, eý­sem tu­tuş Ýew­ro­pa­nyň iň uly ýel­ken­li gä­mi­le­ri­niň bi­ri ha­sap­la­nyp­dyr. Şol dö­wür­de «Be­lem» gä­mi­si­ni bri­tan ger­so­gy sa­tyn alyp­dyr. Ol ýel­ken­li gä­mi­ni sy­ýa­hat et­mek üçin ula­nyp baş­lap­dyr. 1921-nji ýyl­da bol­sa iç­gi­le­ri sat­mak bo­ýun­ça tä­jir Ar­tur Er­nest Gin­ne­se sa­typ­dyr.

Türkmeniň ýüwrük ogly...

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ga­dym za­man­lar, gys­sag­ly ha­ba­ry goň­şy-kent­le­re ýe­tir­mek üçin han­lar, ser­ker­de­ler kow­sa ýet­ýän, gaç­sa gu­tul­ýan aşa do­gum­ly ýaş ýi­git mün­di­rip ça­pa­ra gön­de­rip­dir­ler. Meş­hur ýa­zy­jy­myz Ata Gow­şu­do­wyň «Dor­de­pel» po­wes­ti hem türk­me­niň geç­mi­şin­dä­ki at­ly ça­par­la­ryň yk­ba­ly bi­len bag­ly­dyr.

Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry gu­ra­lar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na gat­na­şy­jy­la­ry ka­bul et­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu ýyl­ky sport çä­re­le­ri 8-15-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da «Uly säh­ra­da du­şu­şyk» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ri­ler. Bu çä­rä 100 ýurt­dan 4 müň tür­gen gat­na­şar diý­lip ga­ra­şyl­ýar. Oýun­la­ryň gu­ra­ma­çy­la­ry As­ta­na­da bol­jak oýun­la­ra taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da mas­la­hat ge­çir­di­ler. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň eşik­le­ri­niň we me­dal­la­ry­nyň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di.

Fut­bol klu­by oý­nuň ha­ty­ra­sy­na iki gün­läp har­by gä­mi­de ýüz­di

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Çi­li­niň» «Sant­ýa­go Uon­de­rers» to­pa­ry «Çi­li — 2024» Ku­bo­gyn­da­ky il­kin­ji çy­ky­şy­ny uzak wagt ýa­dyn­da sak­la­sa ge­rek: mu­nuň özi ha­ky­ky sy­nag bol­dy.

Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­na­wy­na gys­ga wagt­lyk gi­ren sport gör­nüş­le­ri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Iň ab­raý­ly sport ýa­ry­şy bo­lan hä­zir­ki za­man Olim­pi­ýa oýun­la­ry Pýer de Ku­ber­ten ta­ra­pyn­dan tä­ze­den di­kel­di­lip, 1894-nji ýyl­dan baş­lap, bü­tin­dün­ýä ýa­ryş­la­ry gör­nü­şin­de her dört ýyl­dan bir ge­zek to­mus­ky hem-de gyş­ky möw­süm­ler­de ge­çi­ril­me­gi­ni do­wam ed­ýär.

Türkmen sportunyň ösüşli menzilleri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň bi­lim, sport ul­ga­my­ny we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­mek bi­len, bu ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek me­se­le­le­rin­de iş­jeň or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň dün­ýä­de sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak ug­run­da alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bar­ha öňe iler­le­ýär.

Ten­nis re­kord­la­ry

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 ATP ( Pro­fes­sio­nal ten­nis­çi­le­riñ as­so­sia­si­ýa­sy­nyñ) reý­tin­gin­de hep­de­lik ne­ti­je­ler bo­ýun­ça bi­rin­ji or­ny iñ uzak wagt­lap sak­lan ten­nis­çi ser­bi­ýa­ly, meş­hur ten­nis­çi No­wak Jo­ko­wiç bo­lup dur­ýar.Ol öz hep­de­lik ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bi­rin­ji or­ny 400 hep­de­den köp sak­lap, ta­ryh­da şu re­kor­dy gör­ke­zen ýe­ke­täk ten­nis­çi bol­ma­gyn­da gal­ýar. Sa­naw­da ikin­ji or­ny ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len us­sat ten­nis­çi, şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­rer eýe­le­ýär. Onuñ hep­de­le­ri­niñ sa­ny bol­sa 310-a ba­ra­bar­dyr.

Ýa­pon­la­ryň bagt­ly dur­muş­da ýa­şa­mak sun­ga­ty

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Iki­gaý ýa­pon­la­ryň dur­muş ka­da­sy­dyr, ony ber­jaý et­mek bi­len, bagt­ly bol­ma­gy we her bir gü­nüň üçin şat­lan­ma­gy öw­ren­mek müm­kin­dir. Bu ka­da­la­ra eýer­mek bi­len biz di­ňe bir dur­mu­şyň ma­ny­sy­ny du­ýup ýa­şa­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem oza­ly bi­len uzak ýa­şap bi­le­ris. Iki­ga­ýyň ýö­rel­ge­le­ri­ne esa­sy eýe­ri­ji­ler ýur­duň Oki­na­wa ada­sy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­dyr. Şeýt­mek bi­len, olar uzak ýa­şa­mak bo­ýun­ça dün­ýä re­kord­la­ry­ny goý­ýar­lar. Ge­liň, bu ka­da­la­ry dur­mu­şy­my­za or­naş­dyr­ma­gyň ýol­la­ry­ny sel­je­rip gö­re­liň.

Sport we ylym

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sport – bu ýo­ka­ry sep­git­le­re ýet­mek üçin güý­jüň, gö­zel­li­giň, sag­dyn­ly­gyň, kuw­wat­ly­ly­gyň we mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gyň jem­len­me­si­dir. Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de ol öza­ra dü­şü­niş­mek, hor­mat goý­mak we yna­nyş­mak gur­şa­wy­ny dö­ret­mä­ge ýar­dam ed­ýän se­bit hem-de äh­lu­mu­my de­re­je­dä­ki ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň, yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry­nyň mö­hüm dü­züm bö­le­gi­dir.

Tomus — 2024

Çagalaryň tomusky dynç alşy Ýakynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmeklerini gazanmak, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda sportuň futbol, basketbol, woleýbol, küşt ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlar guramaçylykly geçirildi.