"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Milli oýunlar boýunça ýaryş

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sportuň türkmen milli oýunlary boýunça ýaryş geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi bilelikde gurady. Möwsümiň ikinji tapgyrynda merkezde wagtyny ruhubelentlikde geçirýän bagtyýar çagalar ýaryşa höwesli gatnaşmak bilen, türkmen milli oýunlarynyň tanap çekmek, ýaglyga towusmak görnüşleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak we türkmen milli oýunlaryna bolan höwesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşyň netijesinde tanap çekmekde «Bagtyýar nesil» topary, ýaglyga towusmakda «Gökdere» topary üstün çykdy. Ýaryşyň ýeňijileri guramaçylar tarapyndan sylaglandy.

Sport

Türkmenistanyň çempionaty geçirildi Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň sport zalynda dil we eşidiş taýdan maýyplygy bolan türgenleriň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça Türkmenistanyň şahsy çempionaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesi boýunça, zenanlaryň arasynda daşoguzly türgenler Suraý Annamyradowa birinji, Güläsel Seýitmedowa ikinji, Lebap welaýatynyň türgeni Jumagül Jumaýewa üçünji orunlara mynasyp boldular. On alty ýaşa çenli gyzlaryň arasynda welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgeni Malak Jumaniýazowa ýurdumyzyň çempiony boldy, lebaply türgen Miwegül Ýagmurowa bilen balkanly türgen Intizar Amanowa ýeňiş münberiniň ikinji we üçünji derejelerini eýelediler.

Ruhubelentlige beslenen ýaryş

Kaka etrabynyň çägindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň meýilnamasy esasynda gyzykly çäreler geçirilýär. Sportuň kiçi futbol, ýeňil atletika görnüşleri boýunça guralan ýaryş hem şeýle çäreleriň biri boldy. Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň işjeň gatnaşmagynda geçen ýaryş ýaş nesle sport ussatlygyny ýüze çykarmaga, ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge özboluşly mümkinçilik döretdi. Kiçi futbol ýaryşynda özara güýç synanyşan toparlaryň arasyndaky duşuşyklara gyzyklanma ýokary boldy. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde «Abiwerd» topary üstün çykdy.

Sagdyn beden — sagdyn ruh

Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesinde ýerleşýän 2-nji sport mekdebinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda sport mekdeplerinde tälim alýan türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Etrapdaky 1-nji we 2-nji sport mekdepleriniň woleýbolçylar toparlary öňdäki orunlary eýelediler. Ýaryş ýaşlaryň sportuň bu görnüşine uly höwes bildirýändiklerini, bu ugurda olaryň barha ýokary netijelere eýe bolýandyklaryny görkezdi. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde sport mekdebimizde beýleki ugurlar boýunça hem ýaryşlary guraýarys. Olarda «Sagdyn beden — sagdyn ruh» ýörelgesinden ugur alýarys.

Çeper gimnastika: 39 türgenden 29 medal

Ýurdumyzyň ýaşajyk gimnastikaçylary Daşkent şäherinde indi 14-nji gezek geçirilen «Merry Caravan» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallaryň 29-syna mynasyp boldular. Munuň özi 39 türgenimiziň agramly böleginiň medal gazanandygyny görkezýär. Hoş habaryň has guwandyryjy tarapy, 6 — 16 ýaş aralygyndaky aşgabatly, maryly we türkmenbaşyly türgenleriň 18 altyn, 10 kümüş we bir bürünç medal gazanmagydyr. Halkara ýaryşda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykanlaryň arasynda Gurbanjemal Ýagşymyradowanyň, Maýagözel Amanowanyň, Seýrana Hemraýewanyň, Ýewa Strelsowanyň, Sofiýa we Ameliýa Bensleriň, Reýhan Amanowanyň, Mahym Gurbanowanyň, Bogdana Kotukowanyň, Sara Gulberdiýewanyň, Ada Aýlin Günaslanyň, Lolota Awanesowanyň, Sara Hojaahmedowanyň, Irina Kononowanyň, Medine Akyýewanyň, Amaliýa Alekperowanyň, Leýli Batyrowanyň we Patma Kambarowanyň atlaryny görýäris. Sofiýa Tawarasýan, Aýna Akyýewa, Ýuliýa Malsewa, Inara Hanowa, Gözel Gurbanowa, Aýsen Abdyllaýewa, Aýperi Garajaýewa, Aýnur Täçgulyýewa, Enaý Hakyýewa, Halifa Jawadowa bolsa halkara ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldular. Ýeke-täk bürünç medal Selin Başyrowanyň paýyna düşdi.

Woleýbolda erjeller ýeňdi

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde woleýbol boýunça mekdebiň birinjiligi geçirildi. Etrabyň sport mekdebi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşyň esasy maksady tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny peýdaly geçirmegini, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat boldy. 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda geçen ýaryş gyzykly boldy. Ýaryşda tälimçi Yslamberdi Toýlyýewiň şägirtleri — “Galkynyş” topary üstün çykdy. Onda ikinji orny tälimçi Rejepdurdy Şyhymowdan tälim alýan “Berkarar” topary, üçünji orny Söýenç Gulgeldiýewiň tälim berýän “Arkaç” topary eýelemegi başardy. Ýeňiji bolan toparlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şäheriň açyk birinjiliginde

Arkadag şäherinde sportuň guşakly göreş görnüşi boýunça 13-15 ýaşly oglanlaryň we gyzlaryň arasynda şäheriň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, Ahal, Balkan hem-de Lebap welaýatlaryndan toparlar gatnaşdy. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli guralan ýaryşda oglanlar agram derejeleriň 9-sy, gyzlar agram derejeleriň 7-si boýunça güýç synanyşdylar. Onuň netijesinde Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebiniň türgenlerinden Begenç Berdimyradow 55 kilogram agram derejesinde oglanlaryň arasynda birinji orna, şol agramda gyzlaryň arasynda Jennet Odorowa ikinji orna, 55 kilogramdan ýokary agramda Aýşat Abdullaýewa ikinji orna, Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasyndaky sport mekdebiniň türgenlerinden Ata Ataýew oglanlaryň arasynda 40 kilogram agram derejesinde birinji orna, Pena Gülemanow 45 kilogram agram derejesinde birinji orna, Kerwen Nursähedow 30 kilogram agram derejesinde ikinji orna, Ilmyrat Täjow 33 kilogram agram derejesinde üçünji orna, Amanmyrat Rejepmyradow 40 kilogram agram derejesinde üçünji orna mynasyp boldular.

Türkmenistanyň wekilleri “Ýüpek ýoly-2024” halkara awtorallisine gatnaşarlar

Türkmenistanyň wekilleri “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisine gatnaşarlar. Şeýle hem bu ýaryşa Russiýanyň, Belorussiýanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň wekilleri gatnaşar. Ýaryş bäş ulag görnüşinde geçiriler. Jemi 67 ulag serişdesi hasaba alyndy. Şu ýyl ralli 5-15-nji iýulda Russiýanyň we Mongoliýanyň çägi boýunça geçer we Tomsk şäherinde badalga alyp Ulan-Batorda tamamlanar. “Ýüpek ýoly” ralliniň ugry 5257 kilometre, ýörite bölekleriň uzynlygy bolsa 2993 kilometre deňdir.

Aşgabat — sport şäheri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sport ýa­ryş­la­ry di­ýil­se, me­dal­lar­dyr ku­bok­lar, re­kord­lar­dyr ýo­ka­ry ne­ti­je­ler göz öňün­de jan­lan­ýar. Bu spor­tuň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Sport hak­da gür­rüň edil­se, mil­le­ti­ne, ýa­şy­na ga­ra­maz­dan, adam­la­ryň jem­le­nip, bir mak­sa­da gul­luk ed­ýän pur­sa­ty ha­ky­da­da peý­da bo­lar. Bu ag­zy­bir­li­giň we je­bis­li­giň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Sport diý­mek, bir söz bi­len aýt­ma­ly bol­sa, her bir ada­myň dur­mu­şy­ny öz içi­ne al­ýar. Üs­tün­lik­le­riň çür ba­şy­na çy­kan ada­ma ýe­ňi­ji, sport­da bol­sa çem­pi­on di­ýil­ýär. Diý­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak di­ňe bir özü­ňi beý­gelt­mek däl, eý­sem, ata Wa­ta­ny­ňy hem beý­gelt­mek di­ýen dü­şün­jä­ni öz içi­ne al­ýar.

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 2024-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da asyl­ly dä­be gö­rä, ýur­du­myz­da Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bel­le­nil­di. BMG-niň se­ne­na­ma­syn­da my­na­syp orun eýe­le­ýän bu hal­ka­ra baý­ram my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow gat­naş­dy.

Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li we­lo­si­ped­li ýö­riş ge­çi­ril­di

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 2024-nji ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de Aş­ga­bat­da hormatly Prezidentimiziň gat­naş­ma­gyn­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li köpçülikleýin we­lo­si­ped­li ýö­riş ge­çi­ril­di.

Milli sport ulgamy kämilleşýär

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, me­de­ni-yk­dy­sa­dy taý­dan tä­ze ösüş­le­riň tap­gy­ry­na çyk­ýan aja­ýyp eý­ýam bo­lup kalp­la­ry­my­za dol­ýar. Bu aja­ýyp dö­wür Gahryman Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik öz­gert­me­le­ri­niň hor­mat­ly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, ylym­da, bi­lim­de, me­de­ni­ýet­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş­da we sport­da tä­ze sepgit­le­riň eýe­len­ýän be­ýik döw­rü­dir.

Halkara sport hyzmatdaşlygy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­na ga­dam go­ýan il­kin­ji pursatla­ry­myz­da Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdarymyzyň türk­men hal­ky­na Tä­ze ýyl gut­la­gyn­da aý­dan paý­has­ly söz­le­ri spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan tür­gen­le­ri­mi­zi ru­hu­be­lent­li­ge bes­le­di.

Tür­gen­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ry ga­za­nan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň we Gah­ry­man Arkadagymyzyň adyn­dan sow­gat­lar, şeý­le-de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by gow­şu­ryl­dy.

Ruhubelentligiň sakasy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek, ony berk ber­jaý et­mek sag­dyn ýaşaýşyň esa­sy şer­ti­dir. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri gün­de­lik en­di­ge öw­rü­len­de ola­ry hök­ma­ny su­rat­da ýe­ri­ne ýe­tir­me­li diý­len dü­şün­jä­niň, gün­de­lik iş me­ýil­na­ma­la­ry­myz­dan aý­ra­tyn wagt aýyr­ma­gyň ze­rur­ly­gy hem bol­ma­ýar. Çün­ki en­di­ge öw­rü­len he­re­ket­ler özüň­de bi­yg­ty­ýar gaý­ta­lan­ýar. Ola­ry dur­mu­şy­myz bi­len bag­la­nyş­dy­ra­ny­myz­da zäh­met bi­len dynç al­şyň saz­la­şy­gy üp­jün edil­ýär hem-de ru­hu­be­lent­li­ge ýol açyl­ýar.

Täze sport mümkinçilikleriniň şäheri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Aş­ga­bat­da bo­lup ge­çen mej­li­sin­de ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dyň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edil­me­gi, ýur­du­my­zyň äh­li ra­ýat­la­ry bi­len bi­le­lik­de, biz — sport ul­ga­my­nyň hü­när­men­le­ri­ni hem tüýs ýü­rek­den buý­san­dy­ryp, kö­ňül şat­ly­gy­na bes­le­di. Bu ýe­ti­len be­lent sep­git­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ryn­dan göz­baş al­ýan, «Ýo­ka­ry sport­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä­de giň­den ta­nat­mak me­niň esa­sy mak­sat­la­ry­myň bi­ri­dir» diý­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi bi­ziň her bi­ri­miz üçin be­lent buý­sanç­dyr, eg­sil­mez mer­te­be­dir.

Ten­nis top­lu­my­ — Azi­ýa se­bi­ti­niň okuw-tür­gen­le­şik mer­ke­zi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Azi­ýa­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ten­nis top­lu­my­ny «Ten­nis bo­ýun­ça Azi­ýa se­bi­ti­niň okuw-tür­gen­le­şik mer­ke­zi» di­ýip yg­lan et­me­gi ýur­du­myz­da spor­ta go­ýul­ýan be­lent sar­pa­nyň, döw­le­ti­mi­ziň üs­tün­lik­li alyp bar­ýan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dün­ýä­niň giň sport jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýän ýe­ne-de bir aja­ýyp hem-de buý­san­dy­ry­jy wa­ka bol­dy.

Belent sepgitler, aýdyň netijeler

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gahryman Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­la­ma­gyn­da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dur­mu­şa ge­çir­ýän ägirt uly ta­gal­la­la­ry esa­syn­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de her ta­rap­la­ýyn ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Şol san­da mil­li sport­da, Türk­me­nis­ta­nyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny dün­ýä giň­den ýaý­mak­da be­lent sep­git­lere ýetilýär.

Planetanyň sport baýramy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan ýe­ri

Bedenterbiýe, sport we saglyk

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Be­den­ter­bi­ýe we sport jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän gym­mat­lyk­dyr. Türk­me­nis­tan­da bu ul­ga­my gün­sa­ýyn ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça sport bäs­le­şik­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.