Bir suprada eda boldy aşymyz
«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 1992-nji ýylda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly we deňhukukly agzasy bolmak bilen, halkara hukugyň kadalaryny ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny yglan etdi. Şeýlelikde, Garaşsyz, özygtyýarly döwletimizde umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alnyp, ýurduň Esasy Kanunynda demokratik ýörelgeler, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmek, döwlet dolandyryşynyň hukuk binýady berkidildi. Onuň mazmunyny döwlet häkimiýeti, gurluşy, eýeçiligiň görnüşleri, şahsyýetiň hukuk ýagdaýy baradaky kadalar düzýär. Her ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi, konstitusion özgertmeleriň ösüş ugurlary durmuş-ykdysady we syýasy häsiýetli sebäpler bilen şertlendirilen. Konstitusiýa, ilkinji nobatda, özünde şol jemgyýetdäki eýeçiligiň we ykdysady işiň guramaçylygynyň görnüşlerini, döwletiň raýatlarynyň olara gatnaşygyny beýan edýär. Adamlaryň jemgyýetde we döwletde ýaşamagynyň esasy düzgünlerini, olaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny berkidýär. Şol sanda ýurduň häkimiýet ulgamyny, onuň wezipelerini we ygtyýarl