"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

18 — 27-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Bu hepdelik üçin Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasy Germaniýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde medeni çäreleriň maksatnamasyny taýýarlady. 22-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen döredijilik toparynyň wekilleri kirişli saz gurallarynda konsert berdiler. Tomaşaçylar nemes nusgawy sazlaryndan we opera eserlerinden lezzet aldylar.

Koreý owazlary ýaňlandy

22-23-nji noýabrda Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan eýýäm birnäçe ýyl bäri guralmagy asylly däbe öwrülen çäre bu ýyl hem täsirli pursatlara baý boldy. Medeni çäräniň ilkinji gününde “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde geçirilen çäre köp adamly boldy. Bu ýerde tematiki surat meýdançasy, dürli öwüşginli täsin sowgatlyklary ýasamak boýunça ussahana hereket etdi. Bu ýere gelenlere milli koreý tagamlaryny dadyp görmek mümkinçiligi hem döredildi. Bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlarynda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Ýurdumyzda Özbegistanyň Medeniýet günleri geçirildi

18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu babatda Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilendigi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilendigi bellenilmäge mynasypdyr.

«El hünäri il gezer»

Şeýle at bilen 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde ene-mamalarymyzdan miras galan köjüme el işi boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň 10-sy gatnaşdy. «Milli ýörelge  — köpe görelde» diýlişi ýaly, ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan ýaşlarymyz, gyz-gelinlerimiz milli däp-dessurlarymyza eýerip, milliligimizi, edep-ekramlylygy gorap saklamakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Çünki ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlygy hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, talyp gyzlar berlen wagtyň dowamynda ene-mamalarymyzdan miras galan köjüme el işi boýunça öz başarnyklaryny we ussatlyklaryny açyp görkezdiler.

Jemleýji dabara

«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len çä­re­le­ri jem­le­mek da­ba­ra­sy hem-de onuň çäk­le­rin­de tür­ki döw­let­le­riň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy.

Şadyýan çagalar bäsleşdi

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen “Merdana nesil—2024” atly şadyýan bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry gyzykly geçdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi bilen etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen bu bäsleşige etrabyň dürli ýerlerinden mekdebara saýlama gözden geçirişlerinde öňe saýlanan okuwçy oglanlar gatnaşdylar. Merdana nesliň özboluşly baýramçylygyna öwrülen bäsleşige okuwçy oglanlaryň örän taýýarlykly gelendigine göz ýetirmek diýseň ýakymly boldy. Olar şertleriň ählisini talabalaýyk ýerine ýetirmek bilen, zehin-başarnygyny doly derejede görkezdiler. Zehinli, aýdym-saz sungatyna höwesli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly çagalary ýüze çykarmakdan ugur alan bäsleşigiň dowamynda ýeňijiler kesgitlendi.

Dost-doganlygyň dabaralanmasy

Watanymyzyň her biri güni toý-baýrama, şatlykly we buýsançly wakalara utgaşýar. Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi. Bu dabaranyň çäginde türki dilli halklaryň sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi, onda türkmen, türk, özbek, gyrgyz, gazak dillerinde aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy her birimiziň şatlygymyza şatlyk goşdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli şanly ýylymyzyň dowamynda geçirilen çäreleriň üstünlige beslenendigini uly buýsanç bilen aýdyp bileris. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýazyjy-şahyrlaryň, teatr, kino işgärleriniň, suratkeşleriň, aýdymçy-sazandalaryň, döredijilik toparlarynyň işjeň gatnaşmagynda guralan çäreler aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen guralan şeýle giň göwrümli çäreler türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny, doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda ähmiýetli boldy. Munuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Hoşniýetli goňşuçylyk, mizemez dostluk

Türkmen halkynyň durmuşynda «goňşy» sözi uly orun tutýar. Muňa biz halk döredijiligine, edebiýata ser salanymyzda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Iň ýakyn goňşymyz — Merkezi Aziýa sebitinde okgunly ösýän döwletleriň biri bolan Özbegistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasy strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň 18 — 20-nji noýabrynda dostlukly döwletiň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi döwletara gatnaşyklarda medeni diplomatiýa möhüm ornuň degişlidigini görkezýär.

Nesilleriň terbiýe mekdebi

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmek hem-de ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlan ýörite meýilnamasyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Etrap medeniýet merkezinde geçirilen bu söhbetdeşlige etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän dürli kärdäki ýaşlar, tejribeli halypalar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa çykyş edip, bagtyýar ýaşlaryň müňlerçesini özüne birleşdirýän Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, belent ruhly ýaşlaryň kemala gelmegi babatda wagyz-nesihat çäreleriniň, döredijilik duşuşyklarynyň, zehin bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilýändigini nygtady. Şunda zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen «Magtymguly sözlär, sözün soňlamaz», «Şahyryň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik duşuşyklaryny, akyldar şahyryň halk nakyllaryna, atalar sözlerine öwrülen baý şahyrana dünýäsini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen medeni çäreleri aýratyn bellemek gerek. Çykyş edenler

Gündogar bagşysyn diňle, Günbatar! (Dünýä we ýaşlar)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, ylmy-amaly maslahatlarda, konsertlerde, sungat festiwallarynda yzygiderli çykyş etmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, 7 — 14-nji noýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynda «Geljek häzir — Merkezi Aziýa» ady bilen festiwalyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saz toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sungat festiwalynyň baş maksady zehinli ýaşlaryň özara pikir-tejribe alyşmagyny üpjün etmekden, döredijilik gatnaşyklaryny berkitmekden, şeýle-de halklaryň milli medeniýetlerini dünýä tanatmakdan ybarat boldy. Sungat festiwalynda ýurdumyza Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary wekilçilik etdiler. Medeni maksatnama laýyklykda, gatnaşyjylar üçin Berlin şäherine gezelençler guralyp, Brandenburg orkestriniň ýerine ýetirmeginde gyzykly konsert geçirildi.

Sungata sarpa

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň çagalar sungat mekdebinde welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Nakgaşçylyk» bölüminiň 3-nji ýyl talyby Bibimerýem Töräýewanyň «Sungata sarpa» ady bilen şahsy sergisi guraldy. Onda ýaş suratkeşiň dürli ýyllarda ýerine ýetiren natýurmort, portret, etýud işleri görkezildi. Sergide Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligine, öwüt-nesihat häsiýetli goşgularyna bagyşlanyp döredilen eserler esasy orny eýeledi. Mundan başga-da, gyz-gelinlerimizi wasp edýän kompozisiýa eserleri, çaga portretleri sergä gelenlerde öz täsirini galdyrdy. Zehinli talyp gyz Bibimerýemiň ýerine ýetiren işlerini synlanyňda, reňk sazlaşygynyň doýgunlygyny we reňkleriň milli öwüşginliligini görmek bolýar.   

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ahal welaýat kitaphanasynda «Kitap — dünýäniň açary» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahat we kitap sergisi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat Medeniýet müdirligi we Baş bilim müdirligi tarapyndan guraldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim babatda görelde mekdebidir» diýen parasatly jümlelerinden ugur alnyp guralan çärä okyjy ýaşlar, şol sanda mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Nowaýynyň ilinden Pyragyly Türkmenistana

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň çykyşynda bu çäräniň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä bolup toýlanylýan ýylyna gabat gelýänliginiň uly ähmiýete eýedigi barada aýratyn durlup geçildi. Sahnada Gündogaryň beýik akyldary Alyşir Nowaýynyň ýaşan döwri we onuň ylmy-edebi mirasy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Özbegistan Respublikasynyň Mukimi döwlet sazly teatrynyň artisti Azizhon Latipow Alyşir Nowaýynyň keşbini janlandyrdy. Ol bu keşp arkaly tomaşaçylara Alyşir Nowaýynyň ýaşan döwri we onuň belli «Hamsa» eseri barada gürrüň berdi. «Hamsa» eserine girýän «Leýli we Mejnun», «Perhat we Şirin», «Ýedi planeta», «Isgenderiň diwary» ýaly poemalaryň gahrymanlarynyň keşplerini, olaryň başdan geçirýän wakalaryny belli özbek artistleri O.Tillanazarow, O.Ergaşew, M.Elow, R.Mirminow, F.Norow, D.Aliýew, S.Hurammow, J.Usarowa dagy halk sazlary bilen utgaşan ajaýyp aýdymlar bilen ynandyryjy beýan etdiler. Alyşir Nowaýynyň gazallaryna döredilen aýdymlary Ýunus Rajabiý adyndaky «Makom» ansamblynyň ezber sazandalarynyň sazandarlyk etmeginde özbek aýdymçylary M.Jumanowa, G.Salimowa, D.Şodmonowa, M.Akbarowa dagy belent heňde ýerine ýetirdiler.

Şu gün...

Şu gün Aşgabadyň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Möjek Çaryýewiň şahsy sergisi açylýar. Sergi ussat suratkeşiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp guralýar. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň agzasy Möjek Çaryýewiň degişme äheňindäki suratlaryny ýa-da nakgaş eserlerini synlanyňda, ussadyň tebigata, daş-töwerege özboluşly nazar bilen garandygyna göz ýetirse bolýar. Onuň türkmen multiplikasiýasynyň ilkinji ädimleriniň şaýady bolan eserleri-de sergä tomaşa etmäge baranlarda ýakymly täsirler galdyrar diýip ynam edýäris.

Parahatçylyk owazlary

Şanly ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň taslamasy boýunça ilkinji gezek Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 160 sazandany özünde jemleýän «Parahatçylyk owazy» atly üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň birleşen orkestri döredildi. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Parahatçylyk owazy» birleşen orkestriniň ilkinji konserti geçirildi. Orkestre Kowus Bäşimow we Gurbanberdi Begenjow dirižýorlyk etdiler. Baýramçylyk konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetiren «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan» atly aýdymy bilen açyldy.

Sebitiň sungata siňen sesi

12-20-nji noýabr aralygynda Germaniýanyň Berlin şäherinde «Geljek, şu wagt — Merkezi Aziýa» atly aýdym-saz we kinofestiwaly ýaýbaňlandy. Onda Merkezi Aziýanyň sungat ussatlary diňe bir kino we aýdym-saz sungatynda ýeten derejelerini açyp görkezmän, eýsem, bu ugurda kämilligiň basgançaklaryny geçmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. Bu halkara sungat forumynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Germaniýanyň kinematograflarynyň dürli žanrlarda döreden filmleriniň bäşisi görkezildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň bu festiwala «Istärin» atly filmi bilen gatnaşmagynda özboluşly many bar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde ýewropaly tomaşaçylara bu filmiň görkezilmegi dostlara türkmeniň kalbynyň açylmagydyr. Festiwaly gurnaýjylaryň maksatlary-da türkmen, gazak, gyrgyz, täjik, özbek halklarynyň ruhy gymmatlyklaryny, şu günki durmuşyny nemes jemgyýetine açyp görkezmekden ybaratdyr. Festiwaldaky çykyşlaryň guralyşynda-da Merkezi Aziýa halklarynyň ählisi bilen tanyşlyga gatnaşmak mümkinçiliginiň hemmeler üçin elýeter bolmagyna aýratyn üns berlipdir. Muny festiwalyň açylyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hersinden we Germaniýadan üçlük toparlaryň biriniň — jemi 6 toparyň tebigaty, milli saz dessurlaryny açyp görkezýän eserleri bilen çykyş etmegi-de subut edýär. Konsertde Garaşsyz Diýarymyzdan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen

Saz söýüjilere sowgat

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan gitaraçy mugallymlar M.Gurbanow bilen L.Nasyrowanyň bilelikde taýýarlan «Gitara» atly kitaby neşir edildi. Adyndan belli bolşy ýaly, kitap gitara saz guralynyň döreýiş taryhy, onuň Türkmenistanda öwrenilişi hem-de bu ugurda uly hyzmatlar bitiren sazandalar hakynda gyzykly maglumatlary özünde jemleýär. Kitapda türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň saz eserleri, türkmen halk aýdym-sazlarynyň täzeden işlenen nusgalary hem-de ansambl düzüminde ýerine ýetirilýän sazlaryň gönükmeleri, etýudlary we olaryň ýerine ýetirilmegine degişli usuly görkezmeler ýerleşdirilipdir. Täze kitap çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlary, okuwçylary we gitara saz guraly bilen içgin gyzyklanýanlar üçin özboluşly okuw gollanmasy bolup hyzmat eder.

Sungat dostlugy berkidýär

Gadymy döwürlerden bäri goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan türkmen-özbek dostlugy häzirki wagtda täze öwüşgin bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary täze üstünliklere beslenýär. Ýakynda ýurdumyzda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri hem bize ýatda galyjy pursatlary eçildi. Ýurduň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, özbek sungat ussatlarynyň konserti, özboluşly aýdym-saz we tans-etnografik çykyşlary ildeşlerimizde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky  Medeniýet günleriniň çäklerinde Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda 20-nji noýabrda öz işine başlan Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň dabaralanmasy boldy.

Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

Düýn Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

«Kompozitor» hakda kelam

Maksat GYLYJOW,Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň Filmiň edebi esasyny düzýän bölüminiň başlygynyň orunbasary, «Kompozitor» filminiň režissýory: