“ALAJA ALADYRYN...”
Milli keşdeçilik sungatynyň görnüşleriniň biri bolan alajalar ýaşaýyş-durmuşymyzda aýratyn orun eýeleýär. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan bu inçe senedi ene-mamalarymyz ak, gara, şeýle-de dürli reňkli ýüň we ýüpek sapaklaryň özara sazlaşygyndan döredipdirler. Bu ajaýyp el işini örme, işme, keşde, basma, gaýma usullarynda ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Zenanlarymyzyň çeper el işleriniň ählisine eriş-argaç bolup aralaşan alajalar özboluşly gözelligi, şeýle-de ruhy güýji bilen adam nazaryna ilgiç, ünsi çekiji bolupdyr. Şonuň üçin ene-mamalarymyz olar gözden-dilden goraýar diýip yrym edipdirler. Halk döredijiliginde: Alaja aladyryn,Nagyşa läledirin,Göz salanyň gözüneGörünmez beladyryn —