"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Dabaraly günleriň guwanjy

Abadan geljegimize ynam döredýär “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň häzirki günleri taryhy wakalara beslenip, abadan ertirimize sarsmaz ynamy döredýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýeňişli ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň rowaç alýandygynyň datly miwesidir. Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

«Ak altyn» ussatlarynyň arasynda

Häzirki günlerde ýurdumyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Etrabymyzyň janypkeş daýhanlary hem bereketli topraga alyn derlerini siňdirip, tutanýerli zähmet çekýärler. Ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bol hasylyny ýygnaýan edermen daýhanlarymyzyň, kärendeçilerimiziň zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň jogapkär işgärleri hem ýygym möwsüminiň dowamynda olaryň arasynda bolup, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň oba zähmetkeşleriniň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň armasyny ýetirip durmagynyň, iş şertleri bilen tanyşmagynyň, wagyz-nesihat çärelerini geçirmeginiň ekin meýdanlarynda ýadawsyz zähmet çekýän adamlaryň ruhubelentligini, işeňňirligini has-da artdyrýandygyny bellemek gerek. Geçirilýän çäreleriň dowamynda pagta ýygymynda tapawutlanýanlara dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşurylýar. Olar ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy, şol sanda oba zähmetkeşleri hakynda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Baş baýrama mynasyp sowgatlar Belent sepgitlere, şanly wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly senesi — Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň uly toýy ýetip geldi. Toýa sowgatly barmagyň asylly däbine eýerýän türkmen ili baş baýramyna zähmet sowgatly geldi. Buýsançly sene mynasybetli welaýatymyzda täze binalardyr desgalaryň ençemesi ulanylmaga berildi.

1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni

Arzysy siz, sarpasy siz Watanyň “Ýaşulusy bolmadygyň, ýaş kiçisi bolmaz”, “Garryly öý — gaznaly öý”, “Edebiň ýagşysy — ulyny sylamak”, “Ulusyny sylan beg bolar” diýen pähimler milli medeniýetimiziň aýratynlyklarynyň biridir. Ulyny salmak, kiçä hormat goýmak ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Toý güni obanyň ýaşulularynyň märekede aý gurap oturmaklary bilen toý özüniň hakyky görnüşine girýär” diýip, ýaşuly nesle goýulýan hormat-sylag barada aýratyn nygtaýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Aliment tölemegiň kadalary Ajap eýýamymyzda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde jemgyýetimizde maşgala gatnaşyklarynyň kämil kanunçylygy kesgitlenen. Kodeksiň VI bölüminde maşgala agzalarynyň aliment tölemek borçlary bellenendir. Şu Kodeksiň 142-nji maddasynda bellenilişi ýaly, ata-eneler kämillik ýaşyna ýetmedik, kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz kömege mätäç bolan çagalary, şeýle-de bilim almagyň gündizki görnüşi boýunça, ýöne 23 ýaşdan uly bolmadyk okaýanlary ekläp-saklamaga borçludyrlar. Şeýle hem çagalary ekläp-saklamagyň şertleri ata-eneler tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär. Ata-eneler (olaryň biri) şu Kodeksiň 19-njy babyna laýyklykda, çagalary ekläp-saklamak barada şertnama baglaşmaga haklydyrlar. Eger ata-eneler çagalaryny ekläp-saklamaýan bolsalar, olary ekläp-saklamak üçin serişdeler kazyýet tertibinde tutulyp alynýar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Ajaýyp zamanamyzda ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, ýolyşyklaryň we beýleki degişli belgileriň bolmagy sürüjilere we pyýadalara hereket etmekde amatly şertleri döredýär. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda sürüjileriň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Ýolda dyknyşyk döräp, haýal hereket edilende we durlanda, öňden barýan ulaga çenli aralyk, adatdan daşary ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, azyndan 2 metr bolmalydyr.

Asudalygyň goragynda

Netije başarnyga bagly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyly belent sepgitler bilen şöhratlandyrmagy maksat edinýän il-günümiz döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle ajap eýýamymyzda halkymyzyň asudalygyny, rahat, abadan durmuşyny üpjün etmegiň wezipesi içeri işler edaralarynyň işgärleriniň paýyna düşýär. Şu wezipäniň ýerine ýetirilmegi bolsa, ýadawsyz aladany talap edýär.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk tamamlanyp barýar

Abadan durmuşyň kepili Hormatly Prezidentimiziň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly aladalary halkymyzyň abadan, asuda durmuşy barada tagallalaryndan gözbaş alýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynda çagalar bilen bagly hadysalaryň öňüni almaklyga uly üns berýäris.

Howpsuz hereket — bagtyýar durmuş

Täze taryhy döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň bezegine öwrülen ýollar gözel paýtagtymyzy ähli welaýat merkezleri, şäherler we şäherçeler, obalar bilen birleşdirýär. Döwrebap ýollarda iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almaga gönükdirilendir. Giň ýollarymyzdaky döwrebap ýol belgileridir ýol çyzgylary hereket howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biridir. Çünki durmuşymyzyň möhüm bölegi bolan ak ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, kadaly hereketi üpjün edýän ýolyşyklaryň hem-de beýleki degişli ýol belgileriniň bolmagy sürüjilere, pyýadalara zerur şertleri döredýär.

Ýollar — abat, il — asuda

Golaýda polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň çäginde ýerleşýän harby bölümlerde, harby edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň, sürüjileriň, umuman, ýol hereketine gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda Harby awtomobil gözegçiliginiň müdiri, podpolkownik Merdan Amadyýewiň guramagynda etrabyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany Tugur Tugurow bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar döwrüň abadan ýollarynyň howpsuzlygynyň hemmämize baglydygy barada aýratyn nygtaldy. Rejepmuhammet TOKGAÝEW, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.

Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň mynasyp dowamy

Şu gün Türkmenabat şäher häkimliginde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Munuň özi berkarar döwletimizde ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyň, halkara hukuk kadalaryna eýerilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda kabul edilen bu çözgüde laýyklykda, welaýatymyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan adamlaryň 456-sy raýatlyga kabul edildi we 31 adama ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralýandygyny, raýatlaryň abadan durmuşy ugrunda yzygiderli alada edilýändigini, dürli milletleriň wekilleriniň agzybirlikde ýaşamaklaryna we zähmet çekmeklerine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar.

Maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

Düýn ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine welaýatymyzdan hem jemgyýetçiligiň dürli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdy. Garaşsyz Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrülen şol maslahata gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançly sözlerini okyjylarymyza ýetirýäris.

Garaşsyzlyk — ganatymyz, bagtymyz

Ahal welaýat kitaphanasynda «Garaşsyzlyk — ganatymyz, bagtymyz» ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli bolan duşuşyga kitaphana işgärleri hem-de okyjy ýaşlar gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşmaga gelenler, ilki bilen, baýramçylyk kitap sergisine aýlanyp gördüler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary serginiň özboluşly bezegi boldy. Kitaphana hünärmenleri sergide görkezilen kitaplaryň baý many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüň berdiler.

Naý­ba­şy to­ýu­my­zyň şa­ny­na

Şu gün­ler ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýa­ly, Ahal we­la­ýa­tyn­da hem mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Da­ba­ra­la­ra bag­ty­ýar il­deş­le­ri­miz toý joş­gu­ny bi­len gat­naş­ýar­lar. GÖK­DE­PE. Et­rap mer­ke­zin­dä­ki «Gök­de­pe» toý me­ka­nyn­da Wa­ta­ny­my­zyň naý­ba­şy to­ýu­nyň şa­ny­na saz-söh­be­de bes­le­nen da­ba­ra ge­çi­ril­di. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­ny et­rap hä­kim­li­gi, et­ra­byň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry hem-de me­de­ni­ýet bö­lü­mi bi­le­lik­de gu­ra­dy.

Ilkinji goşar sagady

Adamzat taryhynda ençeme açyşlar, oýlap tapyşlar amala aşyryldy. Dürli pudaklary öz içine alýan bu täze açyşlary has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hünärmenler yzygiderli zähmet çekýärler. Häzirki wagtda hut şol pudak bilen gyzyklanýan bolaýmasaň, ol zatlaryň özgeriş tizligine ýetişmek diýseň kyn. Şeýle gün-günden kämilleşýän enjamlaryň biri hem goşar sagatlarydyr. Goşar sagatlarynyň taryhy bilen baglanyşykly ençeme maglumatlar bar. muňa garamazdan, taryhçylaryň aglabasy ilkinji goşar sagadynyň 1869-njy ýylda Patek Filip tarapyndan işlenilip düzülendigini belleýärler. 1880-nji ýylda Konstand Girard bu goşar sagadyny has-da kämilleşdirip, germaniýaly deňizçileriň takyk hereket etmeklerini gazanypdyr.

Ruhubelentlige beslenen maslahat

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň mejlisler jaýynda «Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň we Ahal welaýat bölüminiň işgärleri, meýletinçileri hem-de döredijilik işgärleri gatnaşdy. Maslahaty Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açylowa açyp, oňa gatnaşyjylary Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli gutlady hem-de bu senäniň giňden dabaralandyrylmagynyň ähmiýetini belledi. Maslahatyň barşynda çykyşlaryň başga-da birnäçesi diňlendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy, şahyr Gülşirin Hanowanyň, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewanyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň işgärleri Kerimberdi Hakberdiýewiň, Süleýman Haýdarowyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Ogulnabat Owlakowanyň çykyşlary diýseň täsirli boldy. Olar ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde Watanymyzyň ýeten belent derejeleri, arşa göterilen şan-şöhraty, täze taryhy döwrümizde durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli işler dogrusynda buýsanç bilen söhbet açyp, ýazan goşgularyny labyzly okadylar.

Döwrebap desga ulanmaga berildi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň bosagasynda Babadaýhan etrap merkezinde etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň täze, döwrebap edara binasy açylyp, ulanylmaga berildi. Munuň özi naýbaşy toýumyzyň dabaralarynyň üstüni ýetiren şatlykly waka öwrüldi. Täze, döwrebap desganyň öňündäki toý meýdançasyna säher bilen içeri işler edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler we beýleki myhmanlar ýygnandylar. Bu ýerde ajaýyp wakanyň şanyna geçen dabarada gutlag çykyşlary aýdyldy. Çykyş edenler ak ýollarymyzda hereket sazlaşygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ýollarda hereket howpsuzlygyny gazanmakda ulagyň tehniki taýdan gurat bolmagynyň möhüm şertleriň biridigini belläp, awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň täze, döwrebap edara binasynyň bu ugurdaky ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar.

Täze binanyň açylyş dabarasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň bosagasynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Sarahs etrap bölüminiň durky täzelenen döwrebap binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi ajaýyp toý sowgady boldy. Dabara harby gullukçylardan başga-da il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Döwrebap binanyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Döwran Baýramow, gullugyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor Tirkiş Şiralyýew, Sarahs etrabyndan ýaşuly nesliň wekili Rejep Amangylyjow we beýlekiler çykyş edip, şatlykly waka mynasybetli ol ýere ýygnananlary gutladylar. Olar çykyşlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň, şol sanda harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde döredýän giň we amatly şertlerine özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ýagşylyk (durmuş pursaty)

Heniz çaga wagtym ejem özümden kiçi jigilerim bilen gümra bolansoň, men hemişe enemiň ýanyndadym. Enem meni ezizlärdi, gujagyna alyp, başymdan sypalap, söýerdi. Ol hemişe öz ýanyna gelýän myhmanlar üçin ýygşyryp goýýan nohutdyr kişmişlerinden, hozdur maňyzlaryndan maňa-da bererdi. Ol nirä gitse menem yzyndan galmazdym. Soňabaka bir ýere ýolagçy bolsa enemiň özi meni gözlärdi. Ol golaý-goltumda maňa gözi düşmese: «Hany meniň tokarjam, buýra saçly guzym nirede, Akpamygyň kökejigi nirede?!» diýip, meni gözläp, çar ýanyna garanjaklardy. Men enemiň sesini eşidenimden ylgap onuň ýanyna barardym. Şol gün hem men onuň bilen obamyzyň çetindäki enemiň aýal dogany — Ajap ejäniň agtygynyň pişme toýuna gidipdim. Baranymyzda toý şatlyk bilen şowhuna beslenipdi. Märekeden ýaňa aşyk oklasaň ýere gaçarly däldi. Enem giň eýwanda saçak edip oturan daýzalaryň ýanyna bardy-da, olar bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Soňra bolsa gujaklaşyp salamlaşyp aýal doganyna getiren saçagyny uzatdy. Ajap eje giň eýwanyň töründe ekiz bäbejikler üçin ýörite ýasalan sallançaga elini uzatdy-da, eneme: «Bar Bossan jan, agtyjaklarymy ýüzüňe syl, Hydyr gören goşa çynarymdyr olar, seniň perzentleriňe-de Hudaý ýetirsin!» diýip göwnühoşluk bilen ýylgyrdy.

Ak ýollaryň asudalygy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen däbe öwrülip, her ýyl yglan edilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabat gelýär. Şonuň üçin hem biz – polisiýa bölüminiň işgärleri şu jogapkärli döwürde çagalar baglarynda, orta mekdeplerde dürli çäreleri geçirmäge aýratyn üns berýäris. Mekdep okuwçylarynyň aglabasy okuwa özbaşdak gatnaýarlar. Bu bolsa olaryň ýol hereketiniň kadalaryny bilmeklerini, olary berjaý etmek endiklerini ele almaklaryny talap edýär. Şonuň üçin Ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri ýurdumyzyň dürli künjegindäki mekdeplerde bolup, okuwçylar bilen söhbetdeşlikleri guraýarlar. Biraýlygyň adyndan görnüşi ýaly, ýollardaky howpsuz hereket ömrümiziň rahatlygyny üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan, ýol hereketiniň düzgünleri hemişe doly we dogry berjaý edilmelidir. Sürüjiler, ýolagçylar, pyýadalar hem hereketiň howpsuzlygyny gazanmakda özlerine düşýän jogapkärçiligi bilmelidirler we işjeň gatnaşmalydyrlar.