Logistika — durnukly ösüşiň möhüm şerti
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, giň gerimli özgertmelere, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Watanymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny kemala getirmek babatda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda gazanýan ösüşleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl, eýsem sebit we dünýä möçberli öňegidişlikleriň bolmagyna itergi berdi. Yklymyň esasy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyz, müňlerçe ýyllar mundan öň bolşy ýaly, häzir hem bu gadymy kerwen ýolunyň möhüm halkasy bolmagynda galýar. Onuň innowasion taýdan täzeden dikeldilmeginde Türkmenistan örän işjeň we ähmiýetli orun tutýar.