"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Halkara habarlar

ÝURDUMYZYŇ «DEŇIZ DERWEZESINIŇ» GIŇ MÜMKINÇILIKLERi Golaýda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Ukrainanyň Ykdysady ösüş, söwda we oba hojalygy ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden, Ukrainanyň döwlet kärhanalaryny hem-de telekeçilerini Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Türkmenistan — BMG: gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär

2-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin «Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Öňňin Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Halkara maslahat geçirildi

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA-nyň arasynda 2021-nji ýyl üçin «Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmak ugrunda hyzmatdaşlyk

AŞGABAT, 2-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Taryhy tejribe, netijeli hyzmatdaşlyk

Şu gün — 2-nji martda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegine 29 ýyl dolýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ideýalara ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şoňa görä-de, bu sene strategik hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlere we gazanylan üstünliklere gaýtadan ser salmaga, häzirki zaman meýillerini göz öňünde tutup, ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmak hakda pikir öwürmäge mümkinçilik berýär.

Energetika — ählumumy ösüşiň ugry

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda beýik özgertmeler durmuşa geçirlip, uly netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda energetika pudagy ykdysady üstünliklerimiziň berk binýady hasap edilýär. Bu pudagyň kanunçylyk esasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de 2014-nji ýylda kabul edilen «Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.

Çar ýana uzaýan dostluk ýollary

Ýer ýüzünde belent abraýy barha beýgelýän Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli giňeldýär. Ata Watanymyzdan dünýäniň çar künjegine uzaýan awtoulag, demir, deňiz we howa ýollary gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden, döwrebap usullar bilen dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda ulag ulgamynda «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça ulag ulgamynyň gerimi giňeldilýär. Bu babatda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, golaýda açylyp, ulanylmaga berlen Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoly, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki, şeýle hem ýurdumyzyň welaýat merkezlerindäki Halkara howa menzilleri, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýaly geljegi uly ähmiýetli desgalar Türkmenistanyň sebitiň hem-de yklymyň esasy ulag-logistika merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylda «Durnukly, köpugurly

Möhüm ugurda hyzmatdaşlyk

Öňňin Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi, oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň milli parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn forumyň gün tertibi Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümi bolan Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 65-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri öz içine aldy.

Eksport mümkinçiligi giňeýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler halk hojalygynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilmegine kuwwatly itergi berýär. Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan depginli we durnukly ösdürmekde Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda-da ýokary netijeler gazanyldy. 2020-nji ýylda gazanylan uly üstünliklere ruhlanan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basdy. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlete degişli bolmadyk çygryň — telekeçiligiň ösdürilmegine iňňän uly ähmiýet berilýär. “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýmek bilen hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçilerine uly ynam bildirýär. Hususyýetçilere döwlet tarapyndan goldaw-ýardam berilýär. Telekeçileriň ýadawsyz aladalary bilen ýokary hilli harytlaryň we önümleriň bolçulygy döredilýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz önüm öndürijileriň öňünde daşary ýurtlara eksport edilýän ýokary hilli önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm wezipeleri goýdy. Şu iňňän wajyp wezipäniň oňyn çözgüdinde telekeçilere uly ornuň degişlidigini ýatlam

Aýdyň ýollarda ynamly gadamlar

Hormatly Prezidentimiz: «Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýip belleýär. Bu günki günde bolsa tutuş dünýä ýüzi Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň, halkymyzyň we dünýä döwletleriniň halklarynyň bähbidine gönükdirilýän beýik işleri amala aşyrýandygynyň şaýady bolýar. Ata Watanymyzyň jemgyýetçilik we demokratik ösüş ýolundaky ynamly ädimleri rowaçlyklara beslenýär. Hut şonuň üçinem bize Watan mertebesini arşa göterýän taryhy wakalara baý döwürde ösüş-özgerişlere guwanyp, buýsanyp we mynasyp goşandyňy goşup ýaşamak bagty miýesser edýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda adam hakyndaky alada ilkinji orunda durýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurulýan önümçilik maksatly desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli halkyň hyzmatyna berilmegi, ýurdumyzyň agzybirligiň we ynanyşmagyň Watanydygyny görkezýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistan sebitde durnuklylygyň hem ösüşiň merkezi hasaplanýar.

Goý, ýaňlansyn parahatlyk mukamy!

Täze — 2021-nji ýylyň hoş habarlar, şanly hem taryhy wakalar bilen başlanmagy mähriban Arkadagymyzyň: «Goý, Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!» diýen köňül arzuwynyň eýýäm wysal tapyp başlandygynyň aýdyň hakykatyna öwrülip, göwünlerimize ganat berdi. Pederlerimiziň parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerine eýerýän milli Liderimiziň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uludan bellenilýän bu taryhy ýylyny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan etdi.

Parahatçylyk we ynanyşmak — halkara gatnaşyklaryň esasy ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň dost-doganlyk ýörelgesiniň esasy bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda gazanýan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Ýer ýüzünde ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige esaslanýan ýörelgesiniň belent dabaralanmasy boldy. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatymyzyň esasy ýörelgesi bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmegi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna özboluşly itergi berýär. hususan-da, ol durnukly parahatçylyga, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna ýetmek maksady bilen, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdi

Türkmenistan — Özbegistan: däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy hem-de dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Munuň şeýledigine 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Myhman Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny milli Liderimize ýetirdi. Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Netijeli gatnaşyklar üstünlikli dowam etdirilýär

18-nji fewralda döwlet Baştutanymyz «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň biri bolan Türkmenistanyň energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhman bilen salamlaşyp, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň biri bolan Türkmenistanyň energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň çykarylýan hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini köpeltmek ýaly möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär.

Ulag-aragatnaşyk ulgamy

Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag-üstaşyr ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek hem-de olary ösdürmek babatdaky başlangyçlary bilen döredilen, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň halkara söwdanyň logistikasyndaky ähmiýeti barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň yklymara ulag ýollarynyň geografik taýdan amatly çatrygynda ýerleşmegi Ýewraziýa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň milli ulag-aragatnaşyk ulgamyny örän netijeli hem-de amatly peýdalanmakda döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, berkarar Watanymyzyň ulag-logistika ulgamy yzygiderli ösdürilýär, sebit we dünýä ähmiýetli döwrebap logistik desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» geçelgelerinde ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça iri halkara gatnaw menzilleriň we ýollaryň gurulmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Şeýle taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuny, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerindäki Halkara howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Kerki — Ymamnazar— Akina halkara demir ýol ulag geçelgelerini görkezmek bolar.

Dünýä uzaýan ýollar

Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri milli ulag strategiýanyň esasyny düzýär. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidir. Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ornunyň dikeldilmeginiň BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak ýörelgeleri esasynda Ýewropanyň we Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtaýar. Ýurdumyz «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegini işjeň goldaýar. Bu halkara geçelgesi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäginden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar deňzi we Garadeňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambeýasynyň mejlisinde we beýleki ýokary derejeli forumlarda beýan eden halkara başlangyçlarynyň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendigini belleýär.

Rowaçlyklara beslenýän halkara hyzmatdaşlyk

Türkmen diplomaty hormata laýyk Döwletleriň arasyny saz edip,Ismin ýazdyrandyr goja taryha.Parahatlyk sözün kalba ýaz edip,Laýykdyr işleri öwgä, tarypa.Owalynda Hak halamyş ilçini,Magtawy bilýäris parahatlygyň.Aýlanyp ýurtlary hem il içini,Taryp eder olar il rahatlygyn.Lebzi halal, ýüki alkyşdan bolar,Asudalyk küýsäp, çapyp atyny.Ruhun belent tutup, ýaýyp ýör olarArkadagyň çuňňur syýasatyny.