"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Halkyň bitewüliginiň, pähim-paýhasynyň nyşany

Janeş KEÝN,Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary. Ilki bilen, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik, şeýle-de Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglanandygym üçin Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygymy bildirmek isleýärin.

Doganlyk halkdan ajaýyp sowgat

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa doganlyk halkyň ylym-bilim ulgamynda uly işleri bitiren alymlary, görnükli magtymgulyşynaslary, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda akyldar şahyryň döredijiliginden söz açýan gymmatly maglumatlar beýan edildi. Biz özbek wekiliýetiniň agzalary bilen söhbetdeş bolup, olaryň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy hem-de onuň eserleriniň türkmen-özbek dost-doganlygyny berkitmekdäki orny barada aýdan sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Aşgabat forumy: parahatçylygyň we ösüşleriň hatyrasyna

Birleşdirijilik, beýik maksatlara ugrukdyryjylyk Magtymguly Pyragynyň şahsyýetine hem, beýik döredijiligine hem mahsus aýratynlyklaryň biri. Ine, geçen hepdede bu aýratynlyk türkmen paýtagtynda ýene bir ýola örboýuna galdy. Merjen paýtagtymyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forum taryhy ähmiýete eýe bolup, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen syýasy ýolbaşçylary, alymlary we medeniýet işgärlerini bir ýere jemledi. «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly forum halklaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen guraldy. Forumyň işine Gazagystanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň Prezidentleri we başga-da birnäçe ýurduň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Geçirilen forum diňe bir Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna hormat goýmak bilen çäklenmän, umumydünýä medeniýetiniň ähmiýetini öňe çykarmakda aýratyn orny eýeledi. Taryhy ähmiýetli forum

Türkmenistan we Gazagystan deňiz pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler

Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim, ulag, energiýa, medeniýet we sport ýaly köp ugurlary öz içine alýan memorandumlara we şertnamalara gol çekildi. Olaryň içinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklaryň oňaýly ösüşini göz öňünde tutup,deňiz ulaglary arkaly ýük daşamalaryň ösüşine we bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet bermek bilen birnäçe resminamalara hem gol çekildi.

Pariž awtoulag sergisi 90-njy gezek gapylaryny açdy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 90-njy gezek halkara awtoulag sergisi geçirilýär. Oňa ýerli we daşary ýurt awtomobil senagatynda öndürilen ulaglar görkezilýär. Bu halkara sergä Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem gatnaşdy. Ýewropa markalarynyň köpüsiniň gatnaşýan sergisinde hytaý markalary hem uly orun eýeleýär.

Hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary – ählitaraplaýyn ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge, dialogy ösdürmäge, ählumumy derejede parahatçylykly durmuşy döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda “Merkezi Aziýa ‒ Koreýa Respublikasy” parlament forumyny döretmek barada başlangyç öňe sürüldi. Bu başlangyç Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda şu günki duşuşygymyzyň maksady, döwletlerimiziň arasynda parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de dürli ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga we bu ugurlarda tejribe alyşmaga, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň başlyklarynyň şu günki ikinji duşuşygynyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga gönükdirilendir.parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine ýardam berdi. Şu başlangyjyň dowamy hökmünde şu ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa döw

“Beýik sähradan” Magtymgulynyň iline dost-doganlyk köprülerini berkidip

Biz şu günler taryhy wakalaryň täsirinde ýaşaýarys. 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum halkymyzyň milli buýsanjy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň şanyna tutulýan toýlaryň «şirwan perdä» çykandygyny alamatlandyran medeni-diplomatik çärä öwrüldi. Şol günlerde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň resmi, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň döwlet saparlary bilen ýurdumyza gelmegi bolsa bu tutumly toýuň ähmiýetini has-da artdyrdy. «Türkmenistan dünýä üçin açykdyr», «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip, ýakyn-u-alysdaky döwletleri dostluga, hoşmeýilli hyzmatdaşlyga çagyrýan Bitarap ýurduň keşbi, ine, şeýle möhüm wakalaryň mysalynda ýene bir ýola aýdyň açyldy. Hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda şanly sahypa

Türkmeniň ruhy dünýäsi: bu topragyň mirasyna hem-de rowaýatlaryna akyl ýetirmek

Golaýda ak mermerli paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Oňa dürli döwletlerden, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan 100-e golaý tele we radioýaýlymlaryň, metbugat neşirleriniň habarçylary gatnaşyp, maslahatyň işini dünýä jemgyýetçiligine ýetirdiler. Olaryň hatarynda Russiýanyň «МИР24», «Первый канал», «НТВ», «ТАСС», «ВГТРК», «Известия», «Комсомольская правда», «Russia Today», «Коммерсантъ», «Российская Газета», «Радио Маяк», «Ведомости» ýaly habar beriş serişdeleri bar. Halkara maslahat Ermenistan, Mongoliýa, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan ýaly onlarça ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan hem giňden beýan edildi. Halkara forumyň öňüsyrasynda Ýewropanyň baýry «Euronews.com» habarlar gullugy ýurdumyzyň medeniýetine we milli mirasyna bagyşlanan gepleşigi tomaşaçylara ýetirdi, şeýle-de «Türkmenistanyň ruhy dünýäsi: bu topragyň mirasyna hem-de rowaýatlaryna akyl ýetirmek» diýlip atlandyrylýan makala internet sahypasynda ýerleşdirildi.

Arkalaşygyň Moskwa duşuşygy: strategik hyzmatdaşlyk

Eýýamlar aýlanyp, döwürler özgerse-de, türkmen halkynyň ýaşaýyş pelsepesiniň, durmuş binýadynyň özenini düzýän dostluk, arkalaşyk, birek-birege sarpa goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk däp-dessurlary, ynsanperwerligi dabaralandyrýan ýörelgeleri wagtyň mizanynda barha täze gymmatlyga eýe bolýar. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Arkalaşyga agza ýurtlar garaşsyz, özygtyýarly döwletler bolmak bilen, birek-birek bilen deňhukukly hem-de özara hormat goýmak esaslarynda ýola goýulýan özygtyýarly gatnaşyklar syýasatyny alyp barýarlar. Bu gün GDA agza ýurtlaryň öz milli bähbitlerini umumy ösüşiň maksatlary bilen utgaşdyrmaga, ýüze çykýan meseleleriň öňüni almaga, olary özara ylalaşykly, açyk ýagdaýda çözmäge mümkinçilik berýän köpugurly gatnaşygyň çeýe guralyna öwrüldi. Biziň ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, 2005-nji ýyldan bäri, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýar. Arkalaşyga agza ýurtlaryň halklarynyň gatnaşygy belli bir taryhy döwürde umumy ykbaly paýlaşan halklar hökmünde wagtyň synagyndan kemsiz geçen wepadar dostlaryň gatnaşygynyň, hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň, umumy ösüşe, parahatçylyga gönükdirilen tagallalaryň nusgalyk görkezijisine öwrülýär. Arkalaşygyň esasy ileri tutulýan wezipeleri howpsuzlygy, durnuklylygy

Dostlary doganlaşdyran taryhy pursatlar

Durmuşymyzda şeýle bir pursatlar bolýar, ömrüňe ömür goşýan şol ýakymly pursatlar hiç wagt ýadyňdan çykmaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7—9-njy oktýabr aralygynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem iki dostlukly ýurduň halkyna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş etdi. Gadymy kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen we gazak halklaryny biri-birine has-da ýakynlaşdyran bu medeni çäräniň dowamynda gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagyna bagyşlanan dabara toý-baýramly günlerimize aýratyn şan berdi. Paýtagtymyzyň gözel ýerinde ýerleşýän «Laçyn» seýilgähine aýratyn görk beren täze heýkeliň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň halklarynda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň dabarada eden çykyşynda bellenilişi ýaly, iki doganlyk halkyň taryhy-medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran meşhur şahsyýetleriň, akyldarlaryň, şahyrlaryň mirasyny aýawly saklamak, olaryň eserlerini geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýe bolýar. Bu babatdan, taryhy ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede uludan bellenilýän, türkmen halkynyň

Daşary işler ministrligindäki brifing

Aşgabat, 14-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen halkara forumyň ýokary wekilçilikli düzümi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Atçylygyň gadymy mekanynda ÝUNESKO-nyň şahadatnamasy gowşuryldy

Halkymyzyň milli buýsanjyna deňelýän ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň netijesinde, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 12-nji oktýabrda ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda kemala gelen Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen maslahatda degişli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide fotosuratlar, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, dürli görnüşli haly we zergärçilik önümleri, atlaryň bezeg şaý-sepleri görkezildi. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çäklerinde geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh 2024-nji ýylyň 10 — 13-nji oktýabry aralygynda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. 2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh (mundan beýläk — taraplar) dostlukly, açyk we işjeň ýagdaýda resmi gepleşikleri geçirdiler hem-de syýasat, ykdysadyýet, oba hojalygy, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki ýurduň raýatlarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, sebitde we halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan we Mongoliýa halkara awtomobil we howa gatnawlaryny gowulandyrmak barada Ylalaşyklara gol çekdiler

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Gol çekilen ylalalşyklaryň arasynda esasy resminamalar ulag pudagyndaky ylalaşyklar boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyk, şeýle hem iki ýurduň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk baglaşyldy.

TULM Dubaý - Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy

Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesindäki ornuny berkitmek bilen, «Türkmenistanyň Ulag we Logistika Merkezi» (TULM) açyk paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Dubaý-Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy we konteýnerleri üçünji ýurduň otlularyndan GDA-nyň otlularyna gaýtadan ýüklemek işi Etrek ýükleýiş we düşüriş stansiýasynda üstünlikli geçirildi. Şondan soň konteýnerli otly düzümi Russiýa Federasiýasyna tarap ýoluny dowam etdirdi.

Daşary işler ministrligindäki brifing

Aşgabat, 14-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen halkara forumyň ýokary wekilçilikli düzümi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Parlament diplomatiýasy: parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine

Düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisi, türkmen-koreý geňeşme maslahatyny, parlamentara dostluk toparlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny hem-de «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat», «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak ugrunda hyzmatdaşlyk» atly bölümleri öz içine alan duşuşyk ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamynyň halkara işjeňliginiň barha giň gerime eýe bolýandygynyň, parlament diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşykda eden çykyşlarynyň mazmunyny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Won-şik U, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy:

TÜRKMENISTAN — MONGOLIÝA: özara bähbitli gatnaşyklaryň täze tapgyry

Hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly möhüm wakalara baý ýyllaryň biri hökmünde taryha ýazylar. 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy bolsa ýylyň iň wajyp wakalarynyň hatarynda häsiýetlendirmek bolar. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde guralan bu iri foruma dünýäniň ençeme ýurdunyň döwlet Baştutanlary hem-de abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. 10 — 13-nji oktýabr aralygynda dostlukly Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýurdumyza amala aşyran döwlet sapary bolsa bu möhüm waka gatnaşmak bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze sahypasyny açmaga gönükdirilendir. Mongoliýa Merkezi Aziýanyň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýän döwlet bolup, demirgazykda Russiýa, günorta-gündogarda we günbatarda Hytaý bilen serhetleşýär. Ýurduň umumy tutýan meýdany 1 million 564 müň 116 inedördül kilometre barabar. Welaýatlar «aýmaklar» diýlip atlandyrylyp, olar hem öz nobatynda somonlara bölünýär. Iri şäherleri — Ulan-Bator, Erdenet, Darhan we Çoýbalsan. Ýurduň çäginiň köp bölegini düzlüklerd

Ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň waspçysy

Sergeý LEBEDEW, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan adamzadyň aň-paýhas hazynasyna çäksiz goşant goşan beýik türkmen akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik, şeýle-de Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglanandygym üçin, Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Aşgabat duşuşyklary

Häzirki wagtda «Açyk gapylar» daşary syýasatynyň netijesinde dünýäde parahatçylygy we ynsanperwerligi ilerletmäge aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar bilen gatnaşyklary hoşniýetli esasda üstünlikli ösdürýär. Munuň şeýledigini 11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşmaga gelen daşary döwletleriň Baştutanlary we beýleki käbir myhmanlar bilen duşuşyklary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. ■ Döwlet Baştutanymyz Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.