Agrosenagat toplumy: durnukly ösüşiň ylmy esaslary
Düýn S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen guralan halkara foruma ýurdumyzyň, şeýle hem Türkiýäniň, Özbegistanyň, Rumyniýanyň, Malaýziýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Eýranyň ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hyzmatdaşlyk edýän ugurdaş ylym-bilim ojaklarynyň talyplarydyr professor-mugallymlary, alymlary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan ýurdumyzyň obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça ylmy taslamalaryň sergisi, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlary bilen tanyşdylar. Onuň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuny toýlamaga uly taýýarlyk görülýän günlerde, Hasyl toýunyň bosagasynda bu halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu maslahat azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, Durnukly