Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak üçin işewürlik gollanma taýýarlady
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak işini we netijelerini düşündirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işewürlik gollanmasy üç dilde taýýarlanyldy. Hususy pudagyň wekillerine niýetlenilen işiň taýýarlanylyşyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Halkara Söwda Merkeziniň hünärmenleri gatnaşdylar. Işewürlik gollanmasynda Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagyň esasy ugurlary, onuň ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna ýetirýän täsiri jikme-jik düşündirilýär. Sebitiň we dünýäniň söwda gatnaşyklaryna ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagyny şertlendirjek bu başlangyç Halkara Söwda Merkeziniň «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we baglanyşyk» taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Bu iş Bütindünýä Söwda Guramasy baradaky esasy maglumatlardan başlap, onuň eksport edijiler üçin döredýän anyk bähbitli taraplary we intellektual eýeçiligi goramagyň düzgünleri ýaly giň ugurdaky meseleleri öz içine alýar.