"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Ýokary hilli we rahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri halk hojalygynyň dürli ugurlarynda göreldeli zähmet çekýärler we milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhana hem şolaryň biridir. Hususy kärhana 2013-nji ýyldan bäri edara-kärhanalar üçin ýörite egin-eşikleriň tikinçiligini amala aşyryp gelýär. Kärhanada Hytaýdan getirilen enjamlar işledilýär. Onda işçi-hünärmenleriň 250-ä golaýy zähmet çekýär. Olar awtomatlaşdyrylan we kompýuterleşdirilen enjamlara başarjaňlyk bilen erk edýärler. Kärhana, esasan, azyk önümçiligi, lukmançylyk edaralary, gurluşyk kompaniýalary, nebitdir gaz, senagat kärhanalary, ulag we aragatnaşyk pudaklary, oba hojalyk işgärleri üçin ýörite lybaslary, iş egin-eşiklerini tikýär. Taýýar egin-eşikler 42-den 64-e çenli ölçeglerde müşderilere hödürlenýär.

Garagumuň gujagyndaky ýaýla

Düýe çalynyň tagamyny bilmeýän ýokdur. Tomsuň häzirki jöwzaly günlerinde şakäsäni dolduryp içseň, janyň gönenäýer. Agaranyny aýtsana! «Çemçe batmaz» diýilýänden ýyljajyk çörege ýanap iýseň, uzyn gün başga huruş küýsetmez. Eger ýoluňyz düşüp, Garagumuň gujagyndaky gadymy Malaý, Arapbaý guýularynyň töwereklerine barsaňyz, ýokarky agzan nygmatlarymyz salamdan soň derrew hödür ediler. Gadymy kerwen ýolunyň ugrundaky köne oý-ýaýlalar tüýs maldarçylygyň, bu ýerleri mekan tutanlaryň aýdyşy ýaly, sarwançylygyň hemem dowardarçylygyň hakyky mesgeni. Garagumuň gujagynda gurulýan Aşgabat — Türkmenabat awtobany bilen ugurdaşrak gidýän köne ýoldan kybla-guşluga sowulsaň, gum depeleriniň arasyndan uzaýan ýylan yzy ýaly çopan gatnawy agzalýan örülere elter. Medeni zonadan 50 kilometr çemesi daşlykdaky gum obasyna ineniňde, gulaga düýeleriň yňramasy, köşekleriň naşyja bozlamasy iler-de, hakyky çarwa durmuşy gözüňi eglär.

«Begres» — Ýewropanyň Türkmenistandaky söwda merkezi

Bu ýerde hil we rahatlyk bir-birege gowuşýar Islendik bir mesele boýunça duşuşyga gidenimizde, ýa bolmasa, toý-tomaşa bolsun, erkek-zenan parhy ýok, biri-birinden owadan we döwrebap eginbaşlary geýmek üçin haýyr-heläk. Kim söwda merkezlerine baryp, halan geýimlerini saýlasa, kimisi internet dükanlaryndan söwda edenini kem görenok. Häzirki yssy howada-ha hasam.

«Dolýar meniň torlaryma...»

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmekde, halkymyzy ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmekde obasenagat toplumynyň balykçylyk pudagyna-da uly orun degişlidir. Ähli ugurlarda uly ösüşleri nazarlaýan hususy telekeçiler bu pudagyň ösüşine-de mynasyp goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze balyk» hojalyk jemgyýetiniň balykçylyk hojalygynda alnyp barylýan işler hem bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Birnäçe ýyl mundan ozal, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak arkaly, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň çäklerinde ýurdumyzyň balykçylyk hojalyklary hususy telekeçileriň garamagyna berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Täze balyk» hojalyk jemgyýeti hem birnäçe ýyl bäri, döwrebap işleri ýola goýup, oňyn netijeleri gazanyp gelýär. Mary welaýatynyň telekeçileri Hanhowuz, Saryýazy suw howdanlarynda çapak, kepir, kiçi we uly taran, tüňňümaňlaý, kiçi we uly daban, gyzylteňňe ýaly balyklary tutup, ilata ýokumly azyk önümini ýetirmekde uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Bu howdanlardaky we köllerdäki balyklaryň tebigy şertlerde köpelip ýetişýändigini bellemek gerek.

«Ertekiden» çykýan doňdurmalar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Erteki» hususy kärhanasy 2002-nji ýyldan bäri, ýurdumyzda doňdurmalary we dorag peýnirçelerini öndürmek bilen meşgullanyp, halkyň islegini kanagatlandyrmak ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Telekeçi Aşot Pogosýan tarapyndan esaslandyrylan kärhanada häzirki wagtda 35-den gowrak işgär zähmet çekip, olaryň köpüsi ýaşlardyr. Işe girizilen ilkinji ýyllarynda mümkinçilikleriň çäklidigi sebäpli, kärhanada öndürilýän önümleriň görnüşleri köp bolmandyr, has anyk aýtsak, 10 — 12 görnüş önüm çykýan eken. Häzirki wagtda bolsa, kärhana Hytaýyň, Italiýanyň, Belarusyň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde işler doly awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. Bu bolsa önümleriň görnüşlerini köpeltmekde, hilini ýokarlandyrmakda oňaýly şertleri döredýär. Şuňa laýyklykda, indi hususy kärhanada 35-den gowrak görnüş doňdurma öndürilip, olary ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki bazarlara we söwda nokatlaryna täzeligine dessin ýetirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.

Işewürlik: täze ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga gönükdirilendigini her ädimde duýmak bolýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem kiçi we orta işewürlige hemmetaraplaýyn goldaw bermekden ybaratdyr. Häzir hususy eýeçiligi ösdürmegiň çäklerinde, ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat önümçiligine öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça wezipeler yzygiderli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik we gurujylyk ruhuna mynasyp işleri bitirmeklige Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komiteti hem öz goşandyny goşýar. Diýarymyzyň beýik ösüşleri, oňyn özgertmeler öňde durýan wezipeler baradaky söhbetler etrabymyzdaky hususy kärhanalaryň we telekeçileriň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklardyr çäreleriň mazmunyny düzýär. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzyň hususyýetçileri hem milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda — senagat, gurluşyk, azyk, oba hojalygy ýaly ugurlarda yhlasly we üstünlikli zähmet çekýärler.

Işi ilerleýän kärhana

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gön işläp bejerýän täze kärhanasy işe girizildi. Döwlet tarapyndan berlen uzak möhletleýin ýeňillikli karz pul serişdesiniň hasabyna Mary welaýatynda gurlan kärhanada Italiýanyň hem-de Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň gön önümçiligi üçin niýetlenen döwrebap enjamlary ornaşdyryldy. 1995-nji ýylda döredilen «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti iri we ownuk şahly mallaryň derilerini gaýtadan işlemek bilen, ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän dürli reňkdäki hem-de galyňlykdaky deri önümlerini öndürýär. Ol ýurdumyzda deri eýlemegiň inçe tärlerini özleşdirip, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda öňdebaryjy kärhanalaryň biri hökmünde tanalýar. Kärhana 100 göterim arassa deri önümlerini gaýtadan işleýändigi bilen tapawutlanyp, olardan tikilen aýakgaplar ekologik taýdan arassa, berk we ýylyň islendik paslynda geýmäge niýetlenendir.

Ýokary hilli, uly islegli

Daşoguz welaýatynyň senagat önümçiliginde netijeli iş alyp barýan «Bagt täji» hojalyk jemgyýetinde polipropilenden hem polietilenden öndürilen haltalaryň täze tapgyry ýörite şertnamalar esasynda sarp edijilere ugradylyp başlandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iýul aýynda bu ýerde ýokary hilli haltalaryň 60 tonna golaýy öndürilip, göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, sarp edijileri ýerli önümler bilen üpjün etmäge ygtybarly goşant goşýan hojalyk jemgyýetinde gündelik gazanylýan iş netijeleri barha artýan islegleri kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Täze döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, önümçiligiň hemme ugurlarynda ekologik howpsuzlygyň ähli talaplarynyň doly berjaý edilmegi bu önümleriň hil derejesini kesgitläp, ähmiýetini artdyrýar. Häzirki bazar şertlerinde täzeçe iş alyp barýan hususy düzümiň önümçilik ulgamlary ýokary öndürijilikli kämil enjamlar, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Olaryň sazlaşykly hem utgaşykly işledilmegi bilen, bu ýerde her günde 1,5 — 2 tonna halta taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hojalyk jemgyýetiniň önümlerine islegler barha artýar, onuň eksport mümkinçiligi hem ýokarlanýar. Polipropilen we polietilen haltalaryň uly tapgyry Russiýa eksport edilýär.

Tämizligiň türkmençe täri

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Bu işler hemme ugry öz içine alyp, innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagynda, hususy ulgamyň ösdürilmeginde aýdyň ýüze çykýar. Ýurdumyzda hususy pudagyň goldanylmagy netijesinde türkmen telekeçileriniň yhlasy bilen importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi barha artýar. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, himiýa senagaty hem giň gerimler bilen ägirt uly ösüşlere eýe bolýar. Bu işde işleri häzirki zaman dünýä ülňülerine gabat gelýän türkmen telekeçileriniň goşandy uludyr. Halkyň iň bir köp sarp edýän arassaçylyk serişdeleriniň aglaba bölegi indi öz ýurdumyzda öndürilýär. Tämizligiň türkmen nusgalaryny hödürleýän, içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümler hem-de önümçilikler dogrusynda durup geçmek isleýäris. «Biziň bar ýerimizde tämizlik bar, saglyk bar!»

Ýokary hil we göwnejaý hyzmat

Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklary ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem mynasyp goşant goşýarlar. Hususyýetçileriň döwrebap kärhanalarynda önümleriň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda netijeli işleri amala aşyrýan düzümleriň biri-de «Kendir» hususy kärhanasydyr. Kendir» hususy kärhanasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik toplumy 2013-nji ýylda esaslandyryldy. Bu kärhanada Türkiýede we Hytaý Halk Respublikasynda taýýarlanylan döwrebap enjamlaryň kömegi bilen, jaýyň üstki örtükleriniň, demirbeton gurluşlary üçin kebşirlenen gözenekleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Dürli ölçegdäki we reňkdäki üçek örtükleri bilen bir hatarda, ternaw suw akarlary, alýumin profilinden penjireler we gapylar hem taýýarlanylýar. Önümçilik üçin esasy çig mal hökmünde demir listler peýdalanylyp, ýörite enjamlaryň kömegi arkaly olara gerekli şekil berilýär. Kärhanada öz işine ökde işçi-hünärmenleriň 70-den gowragy zähmet çekýär.

Islegli gurluşyk harytlary

Bu günki gün ak mermere beslenen ajaýyp paýtagtymyz bilen birlikde, Watanymyzyň ähli künjeginde durmuş maksatly döwrebap binalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Beýikden gelen kaşaň binalar gurlanda, häzirki zaman we milli bezeg usullarynyň sazlaşykly ulanylmagy olaryň gözelligini artdyrýar. Türkmen işewürleri diňe medeni-durmuş maksatly binalary gurman, olar üçin gerek bolan gurluşyk materiallaryny hem öndürýärler. Soňky ýyllarda ýurdumyzda öň daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk serişdeleriniň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle önümleri öndürýän kärhanalaryň biri hem «Galkynan ykbal» hususy kärhanasydyr.

Mekdep bazarlary ilatyň hyzmatynda

Çagalaryň gyzykly, her pursady ýatda galyjy wakalara baý bolan tomus paslynyň soňky aýyna-da gadam basdyk. Golaýlap gelýän täze okuw ýylyna guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, düýn Diýarymyzyň dürli künjeklerinde mekdep bazarlary ilata islegli harytlaryny hödürläp başladylar. Biz muňa Aşgabat şäherindäki 2-nji Teke bazaryna baranymyzda-da magat göz ýetirdik. — Mekdep bazaryna gelýän müşderileriň sany barha artmak bilen. Bu ýerde okuwçylara hem-de talyplara Türkmen döwlet neşirýat gullugy we hususy telekeçilerimiz tarapyndan taýýarlanylan okuw önümleridir esbaplary, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli tikinçilik kärhanalarynda öndürilen okuw lybaslarynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Hususan-da, mekdep bazarlarynda «Hasap», «Ussat halypa» hususy kärhanalary tarapyndan öndürilen gündelikdir depderler, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Ahal» tikinçilik birleşiginiň okuwçy oglanlar üçin penjekleri, «Bahar» tikin önümçilik birleşiginiň okuwçy gyzlar üçin taýýarlan köýnekleri, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň inçe süýümli pagtadan taýýarlanylan ak köýnekleri agdyklyk edýär. Okuw esbaplarynyň daşky bezeginde paýtagtymyzdaky gözel binalaryň, gadymy milli gymmatlyklarymyzyň, ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki taryhy ýadygärliklerimiziň şekilleri ýerleşdirilipdir. Ýaşlarymyzy gerekli okuw esbaplary bilen üpjün etmek mekdebe taýýarlyk iş

Miweleri baldan datly

Telekeçilige giň ýol! Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagy ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oýlanyşykly özgertmeleriň baş maksadydyr. Ak bazarlarymyzyň, bereketli saçaklarymyzyň dürli azyk önümlerine, naz-nygmatlara baý bolmagy babatdaky işlerde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünliklere beslemek bilen, ýurdumyzyň hususy işewürlerine uly ynam bildirýär. Munuň özi türkmen işewürlerini netijeli zähmete, döredijilikli gözleglere, täze maksat-tutumlara ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Halmämmet Amanmämmedowyň Uly Balkan dagynyň eteginde, Balkanabat şäheriniň Düzmergen ýaýlasyndaky miweli baglaryny synlanyňda hem şeýle buýsançly hakykata anyk göz ýetirýärsiň. Agrosenagat pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ilaty bereketli topragymyzda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek babatdaky tagallalara goşant goşmak maksady işjanly telekeçini ýyladyşhana işini ýola goýmaga hem-de dürli miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge ruhlandyrdy. Şu maksat bilen, ol birnäçe ýyl mundan ozal ady agzalan ýaýladan 22 gektar meýdany 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga aldy hem-de dessine işe girişdi.

Türkmen işewürleri şu ýylyň 8 — 10-njy oktýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek «HORECA Uzbekistan» atly ilkinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Özbegistanyň Myhmanhanalar birleşigi türkmen işewürlerini 2024-nji ýylyň 8 — 10-njy oktýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek «HORECA Uzbekistan» atly ilkinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk komitetiniň goldawy bilen guraljak bu çäre myhmanhana işewürliginde gazanylan üstünlikleri görkezmek we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp platforma bolar. Sergi Özbegistandan hem-de daşary ýurtlardan myhmanhana we restoran işewürliginiň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemlär. Serginiň maksatnamasy şulary öz içine alýar:

Döwrebap toplumda täzeçil işler

Halkymyzda ýedi hazynanyň biri hasaplanýan guşçulyk ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri tarapyndan üstünlikli ösdürilýän ugurdyr. Häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we işleriň halkara standartlaryna laýyklykda ýola goýulmagy bu ugurda ýokary netijeleri gazanmaga, täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berýär. Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çägindäki iri guşçulyk toplumynda «Täze Aý» haryt nyşanly guş etini öndürýän «Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri hem bu hakykatyň aýdyň mysalydyr. «Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýeti 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilip, işlerini yzygiderli kämilleşdirmek bilen, belent maksatlary nazarlaýar. Giň çägi eýeleýän guşçulyk toplumy 6 bölümden ybarat bolup, olaryň her birinde kesgitli işler ýerine ýetirilýär. Toplumda awtomatlaşdyrylan ulgamlar bilen üpjün edilen kesimhana, 7 ýatakdan ybarat bolan et ugurly broýler towuklaryny idedilýän bölüm, inkubirleme bölümi, ene towuklary idetmek üçin ýataklar, jüýje saklanýan we ýumurtga öndürýän bölümler hereket edýär. Arassaçylyk kadalaryna we keselleriň öňüni almagyň düzgünlerine esaslanylyp, toplumdaky bölümleriň her biriniň arasynda ep-esli aralyk goýlandyr.

Binýady ynama esaslanýan şokolad imperiýasynyň taryhy

Durmuşda iň esasy zat — ynam. Bu işewürlik babatda hem hut şeýle. Muňa şu günki makalamyzy okanyňyzdan soň, has anyk göz ýetirip bilersiňiz. Eger-de şeýle bolmasa, 17 gezek batan şowsuz kakanyň ogly özi hem iki gezek şowsuzlyga ýüz urandan soňra, dünýäniň iň uly şokolad imperiýasyny döredip bilermidi?! Ol bu zatlaryň ählisini diňe ynamyň güýjüne daýanyp başarypdyr ahyry... Milton Herşi 1857-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndaky kiçijek obada dünýä inýär. Onuň çagalygy iň sypaýy görnüşde aýdylanda, kösençlik bilen geçýär. Ilkibaşda olaryň maşgalasynyň maddy ýagdaýy erbet hem bolmandyr. Öz fermalary, ýeterlik düşewüntleri bolupdyr. Kakasynyň dessine baýamak baradaky pikirleri we olary durmuşa geçirmäge eden synanyşyklary Herşileri garyplyga duçar edýär.

Türkmen önümleri Italiýada

Şu ýyl önümçiliginiň 10-njy ýylyny dowam etdirýän «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde öndürilen akkumulýatorlar ýakynda Italiýa Respublikasyna eksport edildi. Hojalygyň hünärmenleriniň gürrüň berşi ýaly, Türkmenistanda öndürilen bu önümlere alys Ýewropa ýurdunda ýokary baha berilýär. Geçen 10 ýylyň dowamynda «Kökçi» müşderileriniň ynamyny gazanmagy başardy. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynda öndürilen dürli göwrümli akkumulýatorlaryň ýokary hiline köpler şaýat bolan bolsa gerek. Ýokary hil hem amatly baha — alyjynyň isleýän zady. Önümçilik işlerini Türkmenabat şäheriniň eteginde alyp barýan «Kökçi» hojalyk jemgyýetine meşhurlyk getirenem hut şu aýratynlykdyr.

“Bagym bar — barym bar”

Şu günler bazarlardaky hem-de söwda nokatlaryndaky gök önümleriňdir miweleriň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Ilatyň bereketli saçaklarynyň bezegi bolan, ekologik taýdan arassa, saglyga peýdaly şeýle önümleri öndürmekde yhlasly zähmet çekýänleriň biri-de 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde miweli nahallaryň on müňlerçe düýbüni oturdan telekeçi Ahmet Jumabaýewdir. Telekeçiniň Bäherden etrabynyň Magtymguly we Ş.Batyrow adyndaky daýhan birleşikleriniň çäginden uzak möhletleýin esasda bölünip berlen ýerinde alma, armyt, şetdaly, behi ýaly miwelerden bol hasyl alynýar. Olar «Güneşli miwe» haryt nyşany bilen içerki bazarda ýerlenilýär.

Gün­do­gar se­bit: işe­wür­le­riň işi ile­ri

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da şu ýy­lyň al­ty aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça äh­li ba­bat­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň has-da gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň öň­kü­den-de go­wu­lan­ma­gy ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler­de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň işe­wür­le­ri­niň hem my­na­syp zäh­met pa­ýy bar. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da ýurdumyzyň gün­do­gar se­bi­tine-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň Şa ga­da­my düş­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de «Türk­men en­jam» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan Köý­ten­dag et­ra­byn­da gur­lan, ýyl­da bir mil­li­on ton­na se­ment ön­dür­mä­ge ukyp­ly se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň, «Asu­da akym» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan Dä­new et­ra­by­nyň Aş­ga­bat ge­ňeş­li­gin­de gur­lan, «Şir ýag» ha­ryt ny­şan­ly sin­te­ti­ki aw­to­mo­bil çal­gy ýag­la­ry­ny ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň, şeý­le-de «Nu­saý ýol­la­ry» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­na­bat şä­he­rin­de gur­lan, 4 gat­ly, 18 öý­l

Gurluşykda zerur önüm

Telekeçilige giň ýol! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gurluşyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagy daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk önümleriniň ornuny tutýan harytlaryň öz ýurdumyzda öndürilme-gine giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bäş tilsim» hojalyk jemgyýetiniň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde ýerleşýän gurluşyk we hojalyk harytlaryny öndürýän kärhanasy hem şolaryň hatarynda tanalýar.