"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe

Abadan ýaşaýşyň gözbaşy Elli ýyl mundan ozal, Stokgolm şäherinde geçirilen BMG-niň daşky gurşaw boýunça maslahatynda, 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Biziň ýurdumyzda bu baýramçylyk 2008-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde giňden bellenilip gelinýär.

Abadançylygyň gönezligi

Tebigata bolan söýgi, daşky gurşawa aýawly gatnaşyk türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony goramak ýörelgeleri nesillerden nesillere geçirilip gelnipdir. Ene-atalarymyz nesil terbiýesinde tebigata bolan paýhasly gatnaşyga uly üns beripdir. Halkymyz asyrlarboýy ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, alada bilen gurşapdyr. Arassa daşky gurşaw, owadan tebigat, tämiz howa, tereň suwly çeşme-çaýlar, seleň sähralar, gojaman daglar, gür baglar ynsan ruhuny baýlaşdyrýar. Eziz Watanymyzda ekologiýa abadançylygyna ösüşiň möhüm ugry hökmünde ilkinji derejeli üns berilýär. Bu ulgamda milli tebigy baýlyklary gorap saklamaga hem-de köpeltmäge, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, türkmen topragynyň köp görnüşliligini we täsin tebigatyny goramaga, baýlyklaryny aýawly peýdalanmagy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalar we iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremegiň uly maksatnamasy, suw hojalyk taslamalary, biologiýa köpdürlüligini we tebigy gözelligi gorap saklamak boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysady pudakda, durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge daýanýar.

Arassa ekologiýa – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

Tebigatyň ekologiýa taýdan arassa bolmagy diňe bir ynsanyň jan saglygyna oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, ähli janly-jandarlaryň ýaşaýşynyň zerurlyklarynyň biri bolmagynda galýar. Çünki ekologiýanyň arassalygy ömrüň uzalmagydyr ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr. Tebigat bilen ynsanyň, janly-jandaryň sazlaşykly ýaşamagy — bu islendik döwrüň talabydyr. Şonuň üçin Gün dogup Gün ýaşyp, dört pasyl özleriniň özboluşly gylyk-häsiýetleri we aýratyn owadanlyklary bilen biri-birini çalşyp durýar. Dünýäniň ýüreginde ýerleşýän güneşli, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz ekologiýa taýdan arassalygy, sähraýy tebigatda bitýän ähli ösümlikleriň jana tenekarlygy bilen dünýäni haýrana goýýar. Türkmen topragynyň dagynda, düzünde, sährasynda ýaşaýşa bolan umydyňy artdyrýan egsilmez güýç, ruhlandyryjy gudrat bar. Gadymy türkmen tebigatynyň haýran galdyryjy derman ösümlikleri dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy ensiklopedik kitabynda milliligimiz siňen bereketli topragymyzda ösýän ösümlikleriň aýratyn ähmiýeti dogrusynda durlup geçilýär: «Biziň ata-babalarymyz ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplanan dermanlyk ösümliklere ýüzlenipdirler. Olar tebigatyň güýji bilen agaçlardan we otlardan bölünip çykýan peýdaly maddalardan peýdalanypdyrlar. Adamlar pişik, it ýaly öý haýwanlarynyň ösümlikleri iýip, hassalykdan sagalýandyklaryny görüpdirler

Bag – dur­mu­şyň be­ze­gi

Dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasy hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan nobatdaky üstünligidir. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz halkymyzy bu şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň we BMG-niň köp ýyllaryň dowamynda dünýäde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary hem-de taslamalary bilelikdäki tagallalar bilen üstünlikli amala aşyrýandygyny nygtady. Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň mart aýynda Halkara Nowruz gününe — Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan paýtagtymyzda badalga berlen ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi bu hakykaty aýdyň şöhlelendirýär.

Ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň kepili

Daşky gurşawy goramak şu günüň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň köpçülikleýin bag nahallaryny oturdyp, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça asylly işleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini mart aýynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy hem aýdyň görkezýär. Eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjy golaýandygy üçin halkara güwänamanyň gowşurylandygy barada gelip gowşan hoş habar ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülýändiginiň halkara ykrarnamasydyr. Tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, olaryň köpdürlüligini gorap saklamak babatda diňe bir ýurt derejesinde däl-de, halkara derejesinde hem nusgalyk işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň bu babatdaky halkara başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlaryndan gözbaş alýar. Türkmenistanyň öňe sürýän her bir başlangyjy halkara bileleşiginde uly goldawa eýe bolýar.

Ekologiýanyň hukuk goraglylygy

Ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ekologik syýasatyň esasy mazmunyny: adamyň ýaşaýşynyň we onuň işiniň esasy hökmünde çykyş edýän tebigy gurşawyň abat saklanylmagyndan, onuň baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagyndan, ýurtda ekologik ýagdaýyň sagdynlaşdyrylmagyndan, ekologik howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdygyny nygtap geçdi. Häzire çenli ýurdumyz ekologiýa ugry boýunça halkara konwensiýalaryň hem-de köptaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna goşuldy. Munuň özi bellenilip geçilen ugurlarda milli, sebit we halkara derejesinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin berk hukuk binýadynyň döredilmegine ýardam edýär. Diňe 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyz daşky gurşawy goramak boýunça halkara resminamalaryň dördüsine goşuldy. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Giň dünýä seýran eýleseň...

Mekgejöwen Antarktidadan başga ähli yklymda ösdürilip ýetişdirilýär. *  *  *

Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki

Zähmetiň islendik görnüşi milli terbiýe ulgamynyň gözbaşydyr. Päk zähmet ynsana at-abraý getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda bagçylygy ösdürmekligiň iň gowy milli däplerimiziň birine öwrülip gitmegi ýaşuly nesilleri begendirip, ýaşlaryň ýüreginde zähmete bolan söýgini berkidýär. Ýaňy-ýakynda dünýäniň ekologiýa abadançylygyna goşan goşandy üçin paýtagtymyz Aşgabada halkara güwänamanyň gowşurylmagy ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan zähmet terbiýesiniň öz miwesini berýändiginiň mysalydyr.

Sergin howa — sagdyn durmuşyň girewi

Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bag ekmegi sogaply iş hasaplapdyr. Munuň özi halkymyzyň ähli döwürlerde tebigat bilen ysnyşykly ýaşamaga, daşky gurşawa aýawly seretmäge uly üns berendigine şaýatlyk edýär. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem dowamat-dowam tapýar. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň baharynda gelip gowşan, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigi baradaky hoş habar hem doly tassyklaýar. Berkarar döwletimiz häzirki wagtda ähli ugurlarda ynamly öňe ilerleýär. Bu babatda her bir ugra degişli döwlet maksatnamalary kabul edilip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle maksatnamalaryň biri-de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu maksatnamanyň çäginde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, raýatlarymyzyň saglygy üçin amatly ekologik howa gurşawyny döretmek maksady bilen soňky ýyllarda 145 milliondan gowrak bag nahallarynyň oturdylmagy diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebit ähmiýetli asylly tutumlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bu günki günde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy

Rowaçlygyň girewi

Daşky gurşawyň goraglylygy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir. Durnukly ösüşiň maksatlarynda ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary boýunça ýerine ýetirilmeli işlere toplumlaýyn esasda çemeleşmek oňyn netijeleri berýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyndaky çykyşynda: «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem biziň parlamentarilerimize uly we döredijilikli işler garaşýar. Azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, elýeterli lukmançylyk we bilim biziň ýurtlarymyzyň parlamentarileriniň hemişe üns merkezinde bolmaly wezipeleriň diňe bir bölegidir» diýip belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda tebigy baýlyklary gorap saklamak, olary aýawly peýdalanmak, ähli pudaklara  sanly ulgamy ornaşdyrmak, ata Watanymyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak biziň ata-babalarymyzdan galan ajaýyp mirasymyzdyr. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynda suwa, topraga, haýwanat dünýäsine, bagy-bossanlyklara bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar hökmünde uly sarpa goýulýar. Häzirki döwürde döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etme

Eýýamyň sungaty, döwrüň zynaty

Hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi günsaýyn özgerýär, gül görki gaýtalanmajak gözellige beslenýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde häzirki wagtda ajaýyp binagärlik hem ekologik aýratynlyklar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, täze döwrümiziň döredijilik kuwwatyny halkymyzyň asyrlara ýalkym saçýan gurmak ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmak esasynda dürli öwüşginli, belent başly desgalar bina edilýär. Halkymyzyň buýsanjy Aşgabat dünýäniň ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda mynasyp orun aldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek dabaralary arkaly goldawy, goşan goşandy üçin halkara güwänamasynyň berilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ol ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy. Şäher gurluşygynyň dünýä tejribesindäki hem-de milli binagärlik däplerindäki iň ösen talaplaryna laýyk gelýän her bir gurluşykda şäher ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulýar. Ulag infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi, döwrebap ýollaryň, ýanýodalaryň, ýerasty geçelgeleriň gurulmagy, täze-täze desgalaryň bina edilmegi ajaýyp işleriň aýdyň nyşanydyr. Gözel paýtagt

Halklaryň bagtyýarlygynyň bähbidine

Ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary bilen daşky gurşawy goramak meselesini diňe köptaraply hyzmatdaşlyk we halkara goldawy esasynda çözmegiň mümkindigini hem-de Türkmenistanyň ekologiýa babatda alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatynyň dünýä ilatynyň parahat we abadan ýaşamagyna gönükdirilendigini subut edýär. Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ekologiýa abadançylygy – sagdyn durmuş

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň üçünji plenar mejlisi «Ekologiýa abadançylygynyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy» atly mowzukda geçdi. Ekologiýa abadançylygy, ilkinji nobatda, sagdyn hem abadan durmuşdyr. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde amala aşyrylýar. Bu ugurda yzygiderli görülýän çäreler dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa heläkçilikleriniň öňüni almak boýunça dünýä möçberindäki hukuk resminamalary bolup durýan tebigaty goramak baradaky ylalaşyklara ilkinjileriň hatarynda goşuldy. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen üçünji plenar mejlisi Täjigistan Respublikasynyň wekili alyp bardy. Çykyş edenler, ilki bilen, foruma gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilik we türkmen myhmansöýerligi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Sebitde ekologiýa abadançylygy, daşky gurşawy goramak, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler bilen birlikde, bu babatda Garaşsyz Türkmenistanda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigini bellediler, gök baglyga bürenen Aşgabadyň gözelliginiň waspyny ýetirdiler.

Tokaýlary goramak üçin 200 million

Eger birdenkä 200 million ýewro utuş gazansaňyz, puly nämä sarp ederdiňiz? Elbetde, bu sowalyň jogaby uzyn bolar. Ýöne, ynha, adyny mälim etmek islemedik bir fransiýaly tebigatşynas «EuroMillions» lotoreýasyndan utan şunça serişdesini siziň pikir etmejek, ýöne tutuş adamzat üçin juda bähbitli işe sarp etdi. Utuşyndan soňky ilkinji beren interwýusynda ol gazanan pullaryny özüniň tokaýlary goramak we gaýtadan dikeltmek hem-de biodürliligi gorap saklamak boýunça «Anyama» gaznasyny ösdürmek üçin sarp etmekçidigini beýan etdi.

Gözellik nury

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi halkara jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň dünýäniň abadançylygy, global derejede ekologiýa-arassaçylyk çärelerini üpjün etmäge giňden seslenmesi hökmünde kabul edildi. Muny bolsa dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyna berilýän oňyn bahalar hem aýdyň tassyklaýar. Gözel paýtagtymyzyň bagy-bossan tebigatyny onuň islendik ýerinde görmek, ýakymly howasyny bolsa her ädim ýerinde duýmak bolýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda 145 milliondan gowrak bag nahallarynyň ekilendigi, paýtagtymyzda ähli amatly şertleri göz öňüne tutulan Botanika bagynyň hereket edýändigi we onda köpsanly bag görnüşleriniň ösdürilip köpeldilýändigi hem guwandyryjydyr.

Ählumumy ekologik howpsuzlyga goşant

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary ählumumy derejede giň goldawa eýe bolup, olaryň durmuşa geçirilmegi parahatçylygyň we durnuklylygyň täze ölçegini emele getirdi. Şunda ekologiýa diplomatiýasy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Aşgabat şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi bolsa ýurdumyzda daşky gurşawy goramak hem-de ekologik howpsuzlygyň institusional esaslaryny berkitmek babatda alnyp barylýan işlere aýratyn gyzyklanma bildirilýändigini tassyklaýar. XX asyryň ortalaryndan bäri has derwaýys häsiýete eýe bolan tebigaty goramak we ekologiýa bilen bagly meseleler häzirki zaman halkara syýasatynyň strategik gün tertibinde ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly ählumumy başlangyjy 2019-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen sammitde ýola goýlup, onuň esasy maksady şäherlerde amatly ekologik gurşawy emele getirmekden ybaratdyr. Şunda Aşgabat şäheriniň tebigaty goramak ugurly abraýly güwänama eýe bolmagyny şertlendiren binýatlaýyn tagallalar barada aýratyn durup geçmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.

Böwürslen

Günorta-Günbatar Köpetdag ösümliklere örän baýdyr. Olaryň biri-de böwürslendir. Böwürsleniň dünýäde 250 görnüşi bolup, ýurdumyzda 3 görnüşi: garrygala  böwürsleni, anatoliý böwürsleni, gülgüne (gögümtil)  böwürslen duş gelýär.  Garrygala böwürsleni dag derman ösümligi bolup, dag derýajyklarynyň ugrunda ösýär. Miwesi gara, çal örtükli, ýumurtga şekilli bolýar. Böwürslen maý-awgust aýlary gülleýär, iýul-oktýabr aýlarynda miwesi ýetişýär. Ol tohumy, düýbünden çykan ösüntgileri bilen köpelýär. Ösümlik Günorta-Günbatar Köpetdagda, Ýolderede, Hozluda, Tälim hem Güwen jülgelerinde, Sumbarda, Könekesirde, Saýwanda, Gökderede, Arçabilde duş gelýär. Miwesi bişýänçä, özüniň reňkini üç gezek üýtgedýär. Ak, gyzyl, garamtyl, goýy gyrmyzy reňkli bolýar. Miwesi terligine iýilýär we gaýtadan işlenýär. Ondan bal, mürepbe, marmeladlar, şireli suwlar taýýarlanylýar.

Bagym bar — barym bar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen badalga berlen ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşde mynasyp dowam edýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet baştutany wezipesine girişeninden soňra ilkinji il-ýurt bähbitli işini bag ekmek çäresinden başlamagynyň özi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 22-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar barada hasabatyň berilmegi ähli halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy. Habar berlişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýandygyna şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa h

Kämil hem tämiz şäher

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň at-abraýy, şan-şöhraty Ýer ýüzünde has-da ýokarlanýar. Golaýda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy baradaky aýdylan habary ildeşlerimiz uly buýsanç, şatlyk bilen kabul etdi. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabady okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabada her gezek baranymda, täsin keşbine esewan edeniňde, ak şäherimizde amal edilýän beýik işlere buýsanjyň goşalanýar. Keşbi özgerdilen aýna ýaly tekiz, gijelerine bolsa şuglazar, nurana köçelerini synlanyňda, gözel paýtagtymyzyň beýik ösüşlerine, gür baglyga bürenmegine buýsanmazlyk asla mümkin däl. Ynha, bu gün ak şäherimiz Aşgabat gözel tebigaty, ekologiýa taýdan arassalygy bilen jahana ýaň salýar. Yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, bezeg işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, bagçylyk hojalyklarynyň işgärleriniň ýol ugurlaryna oturdýan bezeg agaçlary tutu

Hoşallyk maslahaty

Bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň beýik ösüşleri ýurdumyzyň taryhy sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişen gününden başlap, bagy-bossanlyga öwrülen ajaýyp Diýarymyzyň her bir güni hoş habarlara, şatlykly wakalara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzyň aprel aýynyň 22-sine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan uly goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy baradaky hoş habar mynasybetli, ýaňy-ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Medeniýet öýünde hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata harby ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary, serkerdeleri we harby talyplary gatnaşdylar. Hoşallyk maslahaty örän guramaçylykly ýagdaýda geçirildi we onda çykyş eden harby gullukçylar ýurdumyzda durnukly ösüşi gazanmak üçin öňde goýlan maksatlara ýetmekde göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmakda möhüm işleriň esasylaryny, dünýäde at-abraýa, şan-şöhrata eýe bolýan ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpd