Seýle gelseň bu daglara
Alysdan seredeniňde seleňläp görünýän, dilkaw-dilkaw kert gaýaly, başy belent Balkan daglaryna seýle barsaň, diňe bir ajaýyp dag howasy bilen däl, eýsem, özboluşly gözellikleri — şildiräp akýan dury suwly çeşmeleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilenem özüne bendi edýär. Depesine tylla Günüň şuglasy çaýylyp duran bu daglaryň, hakykatdan hem, özboluşly tebigaty, haýwanat we ösümlikler dünýäsi bar. Bu daglarda mesgen tutan janly-jandarlar, kök uran ösümlikler dogduk Diýarymyzyň bezegidir, biziň guwanjymyz hem milli baýlygymyzdyr. Balkan daglarynda gurak howa şertlerine çydamly damarlak ösümlikleriň 400-den gowragynyň ösýändigini, haýwanat dünýäsinde dürli jandarlaryň 200-den gowrak görnüşiniň gabat gelýändigini hünärmenler nygtaýarlar. Barmasy kyn dag gaýalarynda bürgüt, sakgally garaguş, gajar, laçyn, bedeneçi garaguş, garçgaý ýaly ýyrtyjy guşlar höwürtge tutunýarlar. Käkilikleriň, akganat we tokaý torgaýynyň, garadamak owazçysynyň, çürlentginiň, gyzylbaş çirrigiň, arça paltatumşugynyň kiçiräk sürülerine gabat gelmek bolýar. Balkan dagynda umgalar, aýraklar, keýikler we beýleki jandarlar üçin ot-iým gory ýeterlikdir. Daglaryň kert gaýalarynda ýerleşen gowaklar ýabany haýwanlaryň gaçybatalga mesgenidir.