"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Saglyk — baş baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Täze saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, bejeriş-dynç alyş öýleri gurulýar, dünýä lukmançylygynda gazanylýan tejribeler durmuşa ornaşdyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda berkarar döwletimiziň abraýy arşa galýar. Keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, keseli öz wagtynda ýüze çykarmak we bejermek, ilaty zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmek, ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksady bolup durýar. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda häzirki zaman kliniki, ylmy-kliniki merkezleriniň, saglyk öýleriniň täze binalary gurulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda asyrlara ýaň saljak beýik işler amala aşyrylýar. Geçen, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe täze, döwrebap saglygy goraýyş edaralary gurlup, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, ulanmaga berildi we birnäçe desgalaryň bolsa gurluşygy dowam edýär.

Baş baýlygymyz

—  Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň. —  Açyk arassa howada gezelenç ediň.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne ça­gy­ryş

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 Gün­do­ga­ryň par­lak ýyl­dy­zy ha­sap­lan­ýan be­ýik akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­den äh­li ugur­la­ra de­giş­li şy­gyr­la­ry tap­mak bol­ýar. Çün­ki ol dur­mu­şa hem­me­ta­rap­la­ýyn akyl ýe­ti­ren, hem di­ni, hem dün­ýe­wi ylym­lar­dan go­wy baş çy­ka­ryp bi­len ylym­dar adam­dyr.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

— Gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy gigiýenanyň kadalaryny we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň! — Elleriňizi elmydama arassa ýagdaýda saklaň we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwuň!

Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edeliň!

Saglyk — gymmatly baýlyk. Bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek zerur. Gyş paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli.

Peýdaly maslahatlar

Möwsümleýin keselleriň öňüni alalyň!

■ Gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy gigiýenanyň kadalaryny we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. ■ Elleriňizi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Sagdyn diş – saglygyň girewi

Adamzat ýaşaýşynda möhüm orun eýeleýän iýmitiň lezzetini duýmakda, ony çeýnemekde dişleriň ýerine ýetirýän işleriniň uly ornunyň bardygyny belleýär. Haçanda, iýmit doly we dogry çeýnelmedik ýagdaýynda onuň ýokumynyň ýokdugy, lezzetiniň peselýändigi we umumy bedene şol sanda iýmit siňdiriş ulgamyna zyýanly, oňaýsyz täsirleriniň bardygy, iýmitdäki ýokumly maddalaryň çäkli derejede peýdasynyň bolýandygy ylmy taýdan subut edilendir. Doly we dogry çeýnelen iýmitiň düzümindäki ýokumly maddalar iýmit siňdiriş ulgamynda oňat özleşip, beden üçin gerekli derman bolup beden agzalary hereket eden ýagdaýynda, oňa güýç-gaýrat berýär hem-de aň- düşünjäniň giňelmegine, ýaşaýyş üçin gerekli bolan ýokumly madallaryň bedende toplanmagyna uly ýardam edýär. Baş saglygyň sakasy dogry we kadaly iýmitlenmek bilen bagly. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Adamyň ýokumly iýmitlenmegi, iýmitiň özleşmekligi, iýmit kabul edilende gowy çeýnemekligi üçin sagdyn dişler gerek. Agyz iýmit siňdiriş ulgamynyň ilkinjisi bolup, iýmitleriň siňdirilmäge başlanýan agzasydyr. Diş iň berk synalaryň biri hasaplanýar. Ýetginjeklerde 32, çagalarda bolsa, 28 diş bolup, iýmitleriň çeýnelmegini üpjün edýär. Çagalykda çykan süýt dişleriň ýerine wagtyň geçmegi bilen berk, çeýe dişler çykýar.Haçanda diş saglygyna üns berilmese, şekerli iýmitler köp iýlip soňundan

Möwsümleýin keselleriň öňüni almagyň kadalary

— Gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmeli. — Eliňizi elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

 — gyş paslynda howanyň sowuklygy sebäpli, islendik keselden, şol sanda ýiti respirator keselinden goranmaly; — pasyla görä geýinmeli. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli;

Ýene iki operasiýa üstünlikli geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna lebaply çagalaryň ýene-de ikisinde çylşyrymly operasiýalar üstünlikli geçirildi. Has takygy, paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde biziň welaýatymyzyň ýaşaýjysy bolan 6 ýaşly çagajykda ortopediki we hirurgiki operasiýalar üstünlikli geçirildi. Halkara kardiologiýa merkezinde bolsa Gündogar sebitiň 14 ýaşly ýaşaýjysy ýürek näsazlygy bilen bagly çylşyrymly operasiýany üstünlikli geçirdi.

“Herekete - bereket” – sagdynlygyň şygary

Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygy barada alada edip, ýaşlaryň zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda hemmetaraplaýyn bilimli, terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns beripdirler. Bu ýol-ýörelge bolup, halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornap galypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, ilatyň saglygyny goramak boýunça başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky öz geljegi bolan çagalaryna terbiýe bermäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga aýratyn üns beripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de bu ýol-ýörelge döwrebap dowamat-dowamyny saklap gelýär. Döwletimizde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap halkara saglyk merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri, anyklaýyş merkezleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Datly miwe

Güneşli Türkmenistan dürli datly miwelere örän baýdyr. Şolaryň hatarynda hurma miwesi hakynda käbir maglumatlary bilmek örän peýdalydyr. Hurma ýurdumyzda bitýän süýji miweleriň hatarynda datlylygy, ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde birnäçe ýokumly maddalar saklanýar. Hurma birnäçe döwletlerde, ýagny Ýaponiýada ýeňşiň nyşany, Hytaýda bolsa şatlygyň alamaty hasaplanýar. Bu miwe mikroelementlere baý bolup, onuň sagaldyjy häsiýeti bardyr. Hurmanyň düzüminde kaliý, kalsiý, fosfor, magniý, demir, alma we limon turşulyklary, A we B, C, PP witaminler bolup, ýod, antioksidant, beto-keratin saklanýar. Hurma bişende süýjäp, düzüminde glýukozanyň belli mukdaryny saklaýar. Ol ýürek keselli näsaglarda ýürek myşsalaryny berkitmäge peýdaly. Bedende köp suwuklyk ýitirilen ýagdaýynda, hurma beden düzüminde ýitirilen kaliýniň öwezini dolmaga ukyplydyr.

Nurana ýollarda sahawatly gadamlar

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özüniň üçünji ýylyna gadam goýdy. Goja taryh üçin juda ujypsyz bu wagt aralygynda gaznanyň paýlan haýyr-sahawat serpaýy tutuş asyrlary, tutuş nesilleri ýyladýar. Bu gaznanyň müdiriýetiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öňüsyrasynda we geçen anna güni Mary welaýatynda geçirilen mejlisleri henize çenli edilen işleriň jemlerine we öňde duran wezipelere bagyşlandy. Ştab-kwartirasy ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherde ýerleşýän gazna, sözüň doly manysynda, öz öňünde goýan maksatlaryna ýetip gelýär. Döredileli bäri gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalarda geçirilen 260 operasiýanyň 50-den gowragy welaýatymyzyň çagalarynda amala aşyryldy. Munuň özi ýaňy iki ýaşyny dolduryp, üçünji ýylyna gadam goýan gaznanyň gysgajyk taryhy üçin iňňän gowy netijedir. Sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik sahawaty duran gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýürek-damar, ortopedik we beýleki kesellerden ejir çekýän çagalarda operasiýalar üstünlikli geçirilip, olaryň ömrüne, maşgalasyna saglyk serpaýy bagyşlandy. Munuň özi telim maşgalanyň ýyllarboýy ýüreginde beslän arzuwlarynyň garaşylmadyk ýagdaýda amala aşmagydyr.

Sitrus miweleriniň saglyga peýdasy

Sitrus miwelerine, esasan hem, gyş aýlarynda köp isleg bildirilýär. Olar düzüminde ynsan saglygyna peýdaly bolan köpsanly ýokumlary saklaýar. Sitrus miweleriniň düzümindäki C ýokumy diňe bir immun ulgamyny berkitmän, eýsem, bedeniň öýjüklerini daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerinden goraýar we wagtyndan öň garramagynyň öňüni alýar. Şeýle-de olaryň düzüminde köp mukdarda B ýokumy bar. Bu bolsa ukusyzlygyň öňüni alýar, deriniň, saçyň saglygyny berkidýär. Mundan başga-da adamyň hemişe keýpiçag bolmagyna ýardam edýär. Miweleriň düzümindäki fitonsidler bolsa mörjewleriň hem-de zyýanly kömelekleriň köpelmeginiň öňüni alýar. Mysal üçin, limon dümew keselini bejermekde we öňüni almakda iň köp ulanylýan miwe bolup, askorbin turşusyna baýdyr. Bu miwäniň işdä açyjy, bedenden zäherli maddalary çykaryjy, madda çalşygyny güýçlendiriji täsiri bar. Ary baly bilen bilelikde ulanylanda, limonyň bejerijilik täsiri has-da artýar. Pyrtykal ýokumlara iň baý sitrus miwesidir. Ol düzüminde askorbin turşusyny, minerallary, flawonoidleri, fitoelementleri saklaýar. Ondaky A ýokumy gözüň görejine we derä gowy täsir edýär. Pyrtykal düzüminde saklanýan pektiniň hasabyna iýmit siňdiriş ulgamyna, şekeriň hasabyna bolsa kelle beýnisiniň işine öz oňaýly täsirini ýetirýär.

Saglyk hakda peýdaly maslahatlar

❄ Gyş paslynda ýüze çykýan ýiti respirator wirusly kesellerden habardar bolmaly. ❄ Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli.

Hyzmatlardan hemmeler hoşal

Saýat etrabynyň ýaşaýjylary her gezek etrap hassahanasynyň deňinden geçenlerinde diňe bir onuň şähere görk berip duran binagärlik aýratynlygyna däl-de, eýsem, mümkinçiliklerine hem guwanýarlar. Durky täzelenilip, mümkinçilikleri doly döwrebaplaşdyrylan hassahana etrabyň ýaşaýjylarynyň saglyk hyzmatlary üçin ýol söküp ýörmek zerurlygyny aradan aýyrdy. Onda-da nähili saglyk hyzmatlary?! Tomografiýa, fizioterapiýa ýaly has ösen saglyk merkezlerinde ýola goýlan hyzmatlar indi Saýada-da göçüp geldi. Bir mahallar bu saglyk hyzmatlary üçin Aşgabada, iň bärkisi Türkmenabada gitmeli bolýardy. Etrapdaky ilkinji tomografiýa enjamynyň kömegi bilen adamlara saglyk paýlaýan tejribeli lukman Merdan Agamämmedow indi keselleri has takyk anyklap bilýändiklerini, munuň bolsa bejerginiň öz wagtynda we takyk berilmegine ýardam edýändigini aýdýar.

Syratlylygyň syry

Adam bedenindäki artykmaç ýaglaryň saglygymyza zyýan ýetirýändigi hemmämize mälimdir. Olardan dynmak üçin käbir gök-bakja önümlerini, miweleri we içgileri peýdalanyp bolar. Olar bedendäki ýaglaryň okislenmegine we ýok bolmagyna kömek edýär. Mysal üçin, badamjanyň bejerijilik täsiri ondaky ýokary iýmit süýümi bolan pektin bilen baglanyşyklydyr. Buglanan badamjan has-da oňyn tasirini berýär. Gök çaý hem bedendäki ýagy ýakýan iň täsirli içgileriň biridir. Çünki gök çaýda kateşin bar. Içindäki antioksidantlar metabolizmi çaltlandyrmaga we ýagyň ýanmagyny ep-esli ýokarlandyrmaga kömek edýär. Şonuň üçin gök çaýy yzygiderli içýänler, köplenç, ýeňil horlanýarlar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ýiti respirator keselinden goranalyň! Möwsümleýin ýiti respirator keseli howanyň sowamagy bilen ýüze çykýar. Halk köpçüliginde bu kesel “sowuklama” diýlip atlandyrylýar. Burnuň akmagy ýa-da dykylmagy, bokurdak agyrysynyň peýda bolmagy, sesiň gyrylmagy, üsgülewük, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kelle agyrysy, umumy ysgynsyzlyk, myşsalaryň we bogunlaryň agyrmagy, kä halatlarda näsagyň birki gezek içiniň geçmegi keseliň esasy alamatlarydyr. Şeýle alamatlar ýüze çykanda özbaşdak bejergi geçirmäň, antibiotikleri we beýleki derman serişdelerini lukmanyň maslahatyny almazdan, özbaşdak ulanmaň!

Peýdaly maslahatlar

Möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almaly. Pasla görä geýinmeli.