"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ynsan saglygyny goramakda lukmanlar tarapyndan uly işler amala aşyrylýar. Serhetabat etrap hassahanasynyň “Galaýmor” oba saglyk merkeziniň işgärlerem ynsan saglygyny goramakda yhlasly zähmet çekýärler. Oba saglyk merkezine Azat Saryýew ýolbaşçylyk edýär. Bu ýerde näsaglara bejergi, sanjym işleri gowy geçirilýär. Näsaglara agyz-burun örtügini dakynyp, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmelidikleri barada degerli maslahatlar berilýär.

Möwsümleýin keselleriň öňüni alalyň!

Keselleriň öňüni almak sagdyn bolmagyň esasy şertidir. Möwsümleýin döreýän ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bolsa, keseliň öňüni alyş gündelik çäreleri ýerine ýetirmek we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak zerurdyr. Kesele garşy durnuklylygyňy ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmek (iýmitde gök önümler we miweler agdyklyk etmeli), maşklary berjaý etmek, elmydama hereketde bolmak, günüň dowamynda ýeterlik derejede arassa agyz suwuny içmek (1,5-2 litre çenli), ýeterlik ukyny almak hem-de zyýanly endiklerden daşda durmak zerurdyr. Ýokanç kesellerden goranmak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli: elleri sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly, asgyranyňda we üsgüreniňde agyz-burnuňy eliň aýasy bilen ýapman, tirsegiň iç ýüzi bilen ýapmaly ýa-da bir gezeklik süpürgiçleri ulanmaly (ulanylandan soň, olary agzy ýapyk gaba taşlamaly), eliň bilen ýüz-gözüňi ellemeli däl, elleriňizi zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalap durmaly. Howada tozan bölejikleriniň kadadan agdyklyk edýändigi sebäpli, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmagy we howpsuz 2 metr aralygy saklamagy unutmaly däl. Bir gezeklik örtükleri iki sagatdan artyk dakynmaly däldir, ulanylan örtükleri bolsa, ýörite gaba salyp, zyňmaly. Köp gezeklik örtükleri düzgün boýunça ýuwup, gyzgyn ütük bilen ütüklemeli.

Dogry naharlanmak barada

Naharyň gyzgynyny sowuk zatlar bilen, süýjüsini turşusy bilen, ýaglysyny duzlusy bilen garyşdyryp naharlanmak saglyk üçin peýdalydyr. Nahar iýeniňizde elmydama şol bir nahara endik edinmäň. Öňüňizde goýlan nahar tutuşlygyna ýagly bolsa, saglyga zyýan ýetirýär. Dürli-dümen iýmitleri köp peýdalanmak gylyk-häsiýetiň, durkuň üýtgemegine täsir edýär. Süýji zatlary aşa köp iýmezlik saglyk üçin has ähmiýetlidir. Gereginden az iýmäge endik etseň, ol keýpiňi gaçyrar we ýaltalygy döreder. Süýji tagamlara endik etseň, keýpiňi göterip, bedeniňi gyzdyrýar, süňňi gyzgyn adamlar bolsa şadyýan, ruhubelent hem dogumly bolýar. Turşy zatlaryň köp iýilmegi süňňüň tiz garramagyna getirýär. Duzly zatlar bedeni guradýar, onuň aşa köp iýilmegi tapdan gaçyrýar. Üznüksiz berhiz tutmak süňňüňi sökýär we mejalsyz edýär. Nahary endige, düzgüne görä wagtly-wagtynda edinmek saglyk üçin peýdalydyr. Nahar iýeniňizde aşgazany üçe bölmeli: iýmit üçin, suw üçin we dem üçin, ýagny dem alara ýer goýmalydyr. Aşa gyzgyn naharlary we çüýrän miweleri iýmekden saklanyň.

Saglyk tämizlikden başlanýar

Otaglardaky tozana garşy göreşmegiň esasy ýoly arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmekdir. Otaglardaky tozanlardan dynmagyň ygtybarly ýoly çyglandyrylyp geçirilýän tämizleýiş işleridir, tozanlary çygly esgileriň we tämizleýji serişdeleriň kömegi bilen aýyrmakdyr. Bu tämizleýiş usuly häli-häzire çenli iň ygtybarly we amatly ugurlaryň biri bolup durýar. Şeýle arassaçylyk çäresini hepdäniň dowamynda birnäçe gezek geçirip durmaly. Adam günüň köp bölegini otaglarda, ýagny öýde, edara-kärhanalarda geçirýär. Şeýle bolansoň, girip-çykylýan otaglary arassa saklamak sagdyn ýaşaýşyň iň zerur şertidir. Otaglarda tozanyň ýygnanmagy adam saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu ýygnanýan tozanlar düzümi boýunça hem dürli-dürlüdir. Tozan bölejikleri adam bedenine dem alyş ýollarynyň üsti bilen düşüp, zyýanly täsirini ýetirip başlaýar. Şoňa görä, otagda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek tozanyň zyýanly täsirlerinden we mikroblaryň ýaýramagyndan goranmagyň amatly ýoludyr. Galyberse-de, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen, töweregiňizdäkileri dürli kesellerden goraýarsyňyz.

Kelem—tebigatyň sowgady

Kelem saglyk üçin diýseň peýdaly önümleriň hataryna girýär. Bize çagalygymyzdan tanyş bolan bu önümde beden üçin zerur bolan ähli witaminler — A, C, B1, B2, B3, B6, K, hatda aşgazanyň näsazlyklaryny bejermekde diýseň ähmiýetli U witamini, fitonsidler, fermentler, mineral maddalary bar. Ter kelemden taýýarlanan işdäaçarlar, onuň duza ýatyrylan görnüşi-de özüniň peýdaly taraplaryny tutuşlygyna diýen ýaly saklap galýar. Kelem ilki Gadymy Müsürde ýetişdirilipdir. Ol döwürler keleme aňrybaş hödür hökmünde garalyp, ony diňe barjamly adamlara nahardan soň üýtgeşik tagam hökmünde hödür edipdirler.

Arassaçylyk saglygyň baş sakasydyr

Adama kesel ýolugansoň, onuň aýrylyp gitmesi kyn bolýar. Şonuň üçin hem keseli bejereniňden, onuň öňüni almak aňsatdyr. Munuň üçin her bir adamyň öz saglygyna aýawly garamagy zerurdyr. Lukmançylyk ylmynda arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek arkaly, dürli ýokanç keselleriň öňüni alyp bolýandygyny aýdýarlar. Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegi bolsa biz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Gigiýenanyň iň ýönekeý, ýöne zerur düzgüni arassaçylygy endik edinmek. Nahary taýýarlaýan wagtyňyz, nahardan soň ýa-da daşardan gelnende, elleriňizi sabyn bilen gowy edip ýuwmaly. Ýaşalýan, dynç alynýan otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip durmaly. Tämiz howa immuno ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Öýde çygly arassalaýyş işlerini wagtly-wagtynda geçirip durmaly, tozan bolmazlygyny gazanmaly.

Sagadyň jaňy

Biziň köpimiz ir bilen turmak üçin sagadyň jaňyny ulanýarys. Işimize, okuwymyza wagtynda ýetişmek üçin sagadymyzyň jaňynyň sesine oýanmagy endik edinipdiris. Sagatsyz oýanmak hakynda pikir edip görüpmidiňiz?! Eger siz sagatsyz oýanmagy endik edinseňiz, onda siziň şähdiňiz açyk, ünsüňiz güýçli, keýpiňiz çag bolar. Eýsem, sagatsyz oýanmagy nädip endik edinmeli? Onuň jogaby örän ýönekeý. • Adatça uly ýaşly adamlara gowy ukysyny almak üçin 6-8 sagat wagt gerek bolýar. Ilki bilen, ýeterlik ukyny almak üçin özüňize näçe wagtyň gerekdigini biliň. Gowy pikirleri aňyňyzda aýlap, uklamagy endik ediniň.

Ynsan saglygynyň aladasy

Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamy hem uly üstünliklere beslenýär. Watanymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde peýda bolan hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hatda iň alysda ýerleşýän obalarynda hem gurulýar. Munuň özi halkara ülňülere kybap gelýän döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyna elýeterliligini üpjün etdi. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan öňegidişliklere milli senenamamyzda geçen ýylda ilkinji gezek 10-njy oktýabrda bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde açylyp ulanylmaga berlen täze saglygy goraýyş desgalary bolan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi, Estetiki merkezi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu desgalar häzirkizaman lukmançylygynyň ähli talaplaryna laýyk gelýär. Muňa olaryň dünýäniň abraýly baýraklaryna– degişli güwänamalara mynasyp bolmagy hem güwä geçýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň we baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň çäginde dabaraly ýagdaýda açylan beýikligi 25

Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwuň, sagdyn boluň!

Elleri ýygy-ýygydan ýuwup durmak zerur we peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji mikroblar we bakteriýalar ellerde toplanýar hem-de ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Nahardan öň we soň, daşarda gezelenç edilenden soň, elleri gowy edip, sabyn bilen ýuwmaly. Asgyrylanda, üsgürilende, elýaglyk ulanmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda, hapa elleriň keselleri diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň birtoparynyň döremegi ähtimal. Bu keselleriň toparyna ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Hut şonuň üçin hem ellerimizi elmydama arassa saklalyň, bu peýdaly endigi özümizde hem-de çagalarymyzda kemala getireliň! Elleriň iki tarapyny-da barmaklaryň aralary bilen birlikde akar suwuň aşagynda sabynlap, 20 sekunt gowy edip ýuwmaly. Ellerimizi gowy durlanymyzdan soňra, süpürip guratmaly.

Saglyk – uly baýlyk

SAGDYN BOLAÝYN DIÝSEŇIZ... Ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak, öwezini hiç zat bilen dolup bolmajak baş baýlygyň saglykdygy barada, saglygymyzy goramagyň hem ilki bilen özümize baglydygy hakda näçe gürrüň edilse-de, kähalatlarda geleňsizlige ýüz urulmalaryň gabat gelýändigini, bu geleňsizligiň soňunyň howply netijelere getirýändigini bilýäris. Häzirki dowam edýän gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde, esasan, gartaşan adamlar saglyk ýagdaýyna has ünsli bolmaly. Pasla görä geýinmeli. Ýuwnup asla daşary çykmaly däl. Aýakgaplaryňyzy hem ünsden düşürmeli däl. Aýakgabyňyzyň topugyňyzy ýapmagyny, aşagy galyň we suw geçirmeýän görnüşde bolmagyny gazanyň! Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli, sagdyn iýmitlenmeli. Iýmit önümlerini maşgala üçin gerek bolan mukdarda taýýarlamaly. Olary ertesi güne galdyrmak maslahat berilmeýär. Täze taýýarlanylan iýmit önümlerini dogry kabul etmeli we sowadyjylarda saklamaly. Gök önümleri we miweleri köpräk iýmeli. Bedeniň gan basyşyny, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly. Munuň özi garaşylmadyk iýmit zäherlenmelerinden, gan basyşyň ýokarlanmagyndan we ganyň düzümindäki süýjiniň mukdarynyň artmagyndan gorar.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Saglygy goraýşyň belentliklerine tarap

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyzy uly ösüşlere we özgertmelere alyp barýar. Bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dabaralara beslenjekdigi, biz — saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň kalplaryny hem buýsançly duýgulara gaplaýar. Ýurt derejesinde gazanylýan üstünlikler barada söhbet edilende, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen datly miweleri, bitirilen işler, hususan-da, saglygy goraýyş ulgamyndaky möhüm wezipeleriň amal edilişi dogrusynda giňişleýin söhbet etmek has-da ýakymly. Sebäbi dürli pudaklardaky döredilen döwrebap şertleriň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hem gazanylan ägirt uly ösüşleriň aýdyň netijelerini halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine uýmak bilen, mähriban Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we üns-aladalary netijesinde abadan durmuşda ýaşaýandygyndan hem görmek bolýar. Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň 12 jiltden ybarat «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaby çap edilip, bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe boldy. Bu ajaýyp kitap, saglygy goraýyş ulgamy üçin milli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerinde hem talyplara ýörite öwredilýär.

Buýan köki — köp derdiň dermanydyr

Türkmenistanyň tebigaty senagatda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda ulanylýan dürli görnüşli ösümlik dünýäsine baýdyr. Olaryň biri hem kösükliler maşgalasyna degişli bolan, derýalaryň arasyndaky ýerlerde arna jeňňeliklerini emele getirýän, Amyderýanyň we Syrderýanyň boýlarynda ösýän buýandyr. Bu ösümligiň gymmatlygy onuň dermanlyk häsiýetine eýe bolan kökündedir. Häzirki zaman lukmançylygynda buýan köki dem alyş ýollarynyň kataral kesellerinde gakylyk goparyjy serişde hökmünde ulanylýar. Buýan köküniň serişdeleriniň immunitet dörediji, şeýle hem ýokunja we allergiýa garşy häsiýetleri ýüze çykarylandan soň, onuň ähmiýeti has hem artdy. Bu ösümlik gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümlikdir. Hormatly Prezidentimiz wirus ýokanjyna garşy durmakda türkmen buýanynyň we ondan taýýarlanýan melhemleriň peýdaly bolup biljekdigini belledi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde buýanyň 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi bar. Alymlar buýan köküniň düzümindäki glisirriziniň häzirki döwrüň ýiti respirator ýokanjynyň ýaýramagyna päsgelçilik döredýändigini belleýärler.

Il saglygy - ýurt baýlygy

Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösen döwletleriň hataryna çykarmak boýunça amala aşyrylmaly işleriň esasy ugurlary kesgitlenendir. Maksatnamada bellenilişi ýaly, maşgala lukmançylygyny hem-de maşgala saglygy goraýyş hyzmatyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylan beýik işler aýratyn guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi ugrunda alnyp barlan işler özüniň oňyn netijelerini berdi.

Lukman maslahat berýär

Howanyň üýtgemegi sebäpli möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyzyň biri bolan gyzyl burç goşulan unaşy içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.

Sagdyn raýat — bagtyýar jemgyýet

Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ruhuny alamatlandyrdy. Jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamyň saglyk derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleriniň netijeli peýdalanylmagyny ugur edinýän hormatly Prezidentimiz saglygy goraýşyň netijeli çemeleşmelerini durmuşa ornaşdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň adam hakda aladany esasy üns merkezinde goýýan syýasaty oýlanyşykly işlenip düzülen Maksatnamalaryň we Strategiýalaryň çäginde durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Prezident» Maksatnamasynyň düzüm bölegi hökmünde taýýarlanan «Türkmenistanda bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnama», «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama» hereket edýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ynsan saglygyny goramak babatda hem uly işler alnyp barylýar. Bu babatda ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap hassahanalardyr şypahanalar hereket edýär. Olarda zähmet çekýän lukmanlaryň baş maksady her bir raýatyň baş baýlygy bolan saglygyny goramakdan, dikeltmekden ybaratdyr. Türkmengala etrap hassahanasynda-da lukmanlar gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşylap, degişli barlaglardan geçirip, bejergi berýärler. Lukmanlar kadaly iýmitiň, hereketiň saglygyňy goramagyň esasy serişdesidigini nygtaýarlar. Hassahananyň hirurgiýa bölüminiň lukmanlarydyr şepagat uýalary özleriniň wezipelerine jogapkärli çemeleşýärler. Bu ýere gelýän näsaglar özlerine edilýän hyzmatlar üçin lukmanlara alkyş aýdýarlar.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz!

Nar. Halk lukmançylygynda naryň gabygy, gülleri, miwesi hem-de tohumy sarygetirmede, suwly çişlerde, üsgülewükde, ganazlykda, kellagyryda, diş etiniň ganamasynda, içgeçmede, gaz ýa-da kömür tutmada we gurçuklara garşy serişde hökmünde giňden peýdalanylýar. Naryň miwesini ganazlykda ulanýarlar. Tohumynyň ary baly bilen garylyp taýýarlanylan melhemi howply başly ýaralarda, dişagyryda, burun we gulak kesellerinde haýyrlydyr. Injir. Bu miwe gan lagtalanmasynda juda nepli. Ýapragyny, miwesini siňňile ýapgy etseň, basym aýrylýar. Miwesiniň düýbüni arpa ununa garyp, dömmä ýapsaň, tiz ýumşadýar. Guradylan miwesini süýtde gaýnadyp içseň, gökbogmany dep edýär.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Zenjebil

Howanyň, suwuň, iýmitiň adamyň ýaşaýşy üçin zerur bolşy ýaly, keselleriň öňüni almaga we olary bejermäge kömek edýän ösümlikleri hem öwrenmek möhümdir. Halkyň saglygy barada çynlakaý alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly 12 jiltden ybarat ylmy-ensiklopedik kitaplarynda gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelnen we ençeme ýyllaryň dowamynda synagdan geçip, biziň günlerimizde ylmy lukmançylykda ulanylýan ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Irki döwürlerden bäri dürli ýurtlaryň halk lukmançylygynda ulanylyp gelinýän ösümlikleriň biri hem, ýerasty baldagy hassa janlara derman bolýan zenjebildir. Bu ösümligi rus dilinde имбиръ, latynça zingiber officinale diýip atlandyrýarlar. Türkmen dilinde zenjebil diýlip atlandyrylýan bu ösümlik köplenç, tropik ýurtlarda ösýär. Ol daşky görnüşi boýunça gamyş ösümligine meňzeş bolup, teňňeli baldaklary 1-2 metre ýetýär. Gülleri goza meňzeş, gysga baş şekilli gül çogdamyna ýygnanandyr. Gülüniň reňki açyk — gülgüne, mämişi, mawumtyl-sary ýa-da meledir. Ýerasty baldagy etlek-ýognas bolup, gataňsy, uly bolmadyk inçejik tüýjagazlar bilen örtülendir. Zenjebiliň ýerasty baldagynyň guradylan görnüşinde 1-2 göterim efir ýagy saklanýar. Efir ýagy oňa ýakymly ys berýär. Düzüminde fenola meňzeş gingerol diýlen maddanyň bardygy sebäpli, ýakyp barýan ýiti ysly