"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Magtymgulynyň mirasyna bagyşlandy

Düýn Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň guramagynda türki dünýäniň beýik akyldary we Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly umumy sapak geçirildi. «Magtymgulynyň älemi» ady bilen geçirilen umumy sapagy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow alyp bardy. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, aspirantlar, ýaş alymlar gatnaşdylar.

Ruhy hazyna

Gahryman Arkadagymyzyň dürli ugurlar boýunça ýazan eserleri her bir okyjynyň ýankitabyna öwrüldi. Ol kitaplarda durmuşyň ähli taraplary babatda ylmy, pelsepewi nukdaýnazardan gürrüň edilýär. Kitaplary okan dürli kärdäki okyjylar ondan özüne gerekli maglumatlary susup alýar. Milli Liderimiziň zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly täze kitaby hem şeýle kitaplaryň biri bolmak bilen, şöhratly pederlerimiziň taryhyny, dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny çuňňur özleşdirmekde bolşy ýaly, milli ylym ulgamynda aýratyn ähmiýeti bolan eser hökmünde ykrar edilýär.

Binýady berk, goldawy giň tutumlar

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň çuň taryhy kökleri halkymyzyň gadymyýetden gelýän parahatçylyksöýüjilik, hoşmeýillilik ýaly ýörelgelerinden ugur alýar. Hut şunuň esasynda güneşli Diýarymyz garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, dost-doganlyk, hoşmeýilli goňşuçylyk ýaly ata-babalarymyzdan miras galan kadalara berk eýerip gelýär. Ata Watanymyz ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»; «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy»; «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary»; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde barha belende galýan abraýynyň, halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň berkemegine goşýan uly goşandynyň giňden goldaw tapýandygynyň beýanydyr. Halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we ählum

Dil öwrenmek — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň berkarar Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmek babatda öňde goýýan belent wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde, bilimiň hiliniň dünýä derejesine çykarylmagy, bilim işgärleriniň has netijeli işlemegi, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegi babatda ägirt uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, bu ugurda dünýä tejribesiniň gazananlaryny, döwrebap tehnologiýalary giňden durmuşa ornaşdyrmak babatynda alnyp barylýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» boýunça amala aşyrylýan okuw-usulyýet işleri has-da kämilleşdirilýär. Ynha, şeýle işleriň biri hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan guralan «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatdyr. Maslahata dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, dilçi alymlar gatnaşdylar. Iki gün dowam eden maslahatda ata Watanymyzda dil bilimini ösdürmekde ýetilen sepgitler, alnan netijeler, dilleri kämil öwrenmegiň we öwretmegiň häzirki zaman usullary, daşary ýurtlaryň bilim edaralary bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň edildi.

Mertligiň milli mekdebi

Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde tanyşlyk we özara tejribe alyşmak maksady bilen medeni gezelençde boldular. Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň täze, döwrebap binalar toplumynda kämil watançy nesli kemala getirmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Harby mekdebiň okuw we dolandyryş binasynda ýerleşdirilen Berdimuhamet Annaýewiň eli kitaply, harby lybasly heýkeli parahatçylyga, ylym-bilim almaga, watansöýüjilige çagyrmak bilen, Watan goragçylarynyň ruhuny belende galdyrýar. Watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoluna bagyşlanan interaktiw muzeý, elektron kitaphana, okuw otaglary harby okuwçylaryň zehinlerini ösdürmekde, häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyklykda, döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Hünärli ynsan ýeňşe ýar

Halkymyzda: «Hünär eýesini eziz eder» diýen nakyl bar. Kesp-kärli, hünärli bolmak adamy adam hökmünde taplaýar. Hünär saýlandan soň, onuň hak eýesi bolmak ynsanyň baş maksadydyr. Ine, ýylyň-ýylyna geçirilýän «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşik hem harby hünäri kämilleşdirmekde netijeli häsiýete eýedir. Göreldeli harby gullukçylar bu bäsleşikde Watana bolan beýik söýgini hünär ussatlygy bilen birleşdirýärler. Olaryň kalbyndaky yhlasyň hem zehiniň — ýeňşe alyp barýandygyna bolan ynam şowlulyga eltýär. Şularyň ählisiniň gözbaşynda bolsa, watanperwerlik duýgulary bardyr. «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşigiň esasy maksady, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň serkerdeleriniň hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirmekden, harby gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmakdan, döwrebap okuw tejribelerini ýaýratmakda tapawutlanan terbiýeçi serkerdelere mynasyp baha bermekden ybaratdyr. Bäsleşigiň ahyrynda özi ýaly serkerdelerden ähli ugurlar babatda tapawutlanmagy başaran terbiýeçi serkerde, uly leýtenant Mähri Annaýewa «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» diýen ada mynasyp boldy. Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlarydyr sowgatlary gowşuryldy.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ýaş nesillerimizi bilimli, terbiýeli edip ýetişdirmekde jan aýaman zähmet çekýän mugallymlaryň biri Ogulşat Saýlyýewadyr. Ol Baýramaly etrabyndaky 11-nji orta mekdepde taryh mugallymy bolup işleýär. Şeýle-de, ol synp ýolbaşçysy hökmünde okuwçylaryň tertibine, bilimine gözegçilik edýär. Ýaşlygyna garamazdan, Ogulşat mugallym il arasynda ökde mugallymlaryň hatarynda tanalýar. Ol ýaşlara taryh dersi boýunça sapak berip, okuwçylaryň sowatly bolup ýetişmegi ugrunda irginsiz aladalanýar. O. Saýlyýewa birnäçe görkezme esbaplaryň üsti bilen okuwçylara sapagy oňat düşündirýär. Şeýle-de, Ogulşat mugallym özüniň geçýän synp sagatlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren kitaplaryndan giňden peýdalanýar.

Serhetçi serkerdämize guwanýarys

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň:¬«Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary tutumly işlere höweslendirmek, şol bir wagtda, olaryň sagdyn kemala gelmekleri bilen bagly ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän döredijilik, ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Merkeziň ýanyndaky «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda döwletimizde sportda we ýaşlaryň durmuşynda ýetilýän belent sepgitleri wagyz-nesihat etmek, olary halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, şeýle-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýaşlyk — ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bu döredijilik bäsleşiginde uly leýtenant Furkatžan Matkurbanow hem üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolmagy başardy. Geçirilen döredijilik bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňijä Hormat haty we sowgatlar gowşuryldy.

Bilim — kämilligiň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler esasynda mugallymçylyk ugrundan hünärmenleriň işjeň we döredijilikli işlemekleri üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň mugallymlary ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, bilim derejesi häzirki zamanyň ylmy-tehniki gazananlaryna laýyk gelýän milli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen işleri ýokary depginde alyp barýarlar. Giň gerimli özgertmeleriň netijesinde bilim ulgamynyň dürli basgançaklarynda okatmagyň usullary, şertleri, hili düýpgöter üýtgedi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň has öňdebaryjy tehnologiýalary — täze kompýuterler, interaktiw tagtalar, internet ulgamyna birikdirilen dürli okuw-usulyýet enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap mekdepler hereket edýär. Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleriniň döwrüň talabyna laýyk kämil bilimli bolmagyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri-de ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmakdyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň gerimini

Beýik maksatlar belent sepgitlere ýetirýär

Häzir türkmen ýaşlarynyň beýik maksatlary tutup, belent sepgitlere ýetýän ajaýyp döwrüdir. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata Watanymyzyň geljegini bagtyýar ýaşlarda görmek bilen, olara uly ynam bildirýärler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylmyň-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn ähmiýet bermegi we bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Aýratyn-da, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Garaşsyz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurup, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrýarys. Bilim edaralarynyň maddy-enjamla

Durnukly ösüşiň möhüm talaby

Häzirki wagtda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Çünki ilatyň ýokary bilim derejesi islendik döwletiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Milli bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýleki möhüm wezipeleriň hatarynda, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan işleri-de görkezmek bolar. Ýaşlarymyzda baý mirasymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy we milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge bolan gyzyklanmalar barha artýar. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, birinji synpa gadam basýan çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň sowgat berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Öwrediji programmalar bilen üpjün edilen noutbuk kompýuterleri innowasion sanly tehnologiýalary özleşdirmekde ilkinji ädimlerini ädýän kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna bu ugurdaky sowady ele almaga mümkinçilik berýär. Bilşimiz ýaly, bu günki günde sanly ulgama geçmek döwrüň talabyna we zerurlygyna öwrüldi. Hut şonuň üçin-de ýurdumyzyň mekdeplerini degişli enjamlar bilen üpjün etmek, bilimiň tehniki ösüşini gazanmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ähli orta mekdepleriň arasynda «elektron mekdep» ulgamy işjeň ornaşdyrylýar. Munuň

Röwşen geljegimiziň kepili

Täze taryhy eýýamda giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarly ýaş nesliň  kemala gelýändigi buýsandyryjydyr. Munuň özi «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oýlanyşykly bilim syýasatynyň, ulgamda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri nesilleriniň ylym-bilimli, terbiýeli bolmagyna aýratyn üns berip gelipdir. Bu kämil ýörelgeler häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi we döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

Bilim — kämilligiň ak ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ulgamyň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagy bolsa jemgyýetimiziň ösüşleriniň esasy binýadydyr. Munuň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagynda hem ähmiýeti uludyr. Bular bolsa, öz nobatynda, döwletimiziň kuwwatyny artdyryp, onuň dünýä ýüzünde ornuny has-da berkidýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda milli bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny gurşap alan bu özgertmeleriň netijeleri guwandyryjydyr. Bilim ojaklarynda dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-terbiýe berilmegi ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar nesilleriniň bilimler dünýäsine has-da çuň aralaşmaklaryna netijeli itergi berýär. Ýaş nesliň bilim alyp, ylym öwrenmegi, kitaby hemişelik hemra edinip, dünýägaraýyşlaryny giňeltmegi, öňdebaryjy tehnologiýalara ökdelik bilen erk etmegi, sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi munuň aýdyň subutnamalarydyr. Gazanylýan şunuň ýaly üstünlikler eziz Diýarymyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyza bilim-terbiýe bermegiň kuwwatly binýadynyň döredilendigini tassyklaýar. Munuň özi geljekde sowatly, kämil hünärmenleriň kemala gelmegi, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, halkym

Üstünliklerimiziň sakasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary arkaly bilim ulgamynda badalga berlen maksatnamalaýyn özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi hemmämizi guwandyrýar. Sebäbi bilim ulgamyndaky nusgalyk özgertmeler watansöýüji, belent ahlakly, zehinli, ukyply, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmegiň binýadyny berkidýär. Ulgamda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeleriň anyk hukuk resminamalaryna daýanmagy işleriň netijeliligini kepillendirýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi hem-de beýleki kanunçylyk namalary muňa subutnamalardyr. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy bolsa şeýle hukuk resminamalarynyň üstüni ýetirdi. Bu resminama ýaş nesle bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Okuw işlerine ylmyň gazananlaryny, innowasion usullary giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny has-da ýokarlandyrmak şeýle döwletli maksat-tutumlaryň aýrylmaz bölegidir. Bilime bütin adamzadyň hem-de ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy hökmünde mynasyp baha berýän Arkadagly Gahryman

Diller ― dostluk köprüsi

Şeýle at bilen biziň çagalar bakja-bagymyzda bäsleşik geçirildi. Etrap bilim bölüminiň guramagyndaky bu bäsleşige etrabymyzdaky çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleri gatnaşdylar. Çagalarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwes döretmek, olaryň sözleýiş dilini ösdürmek hem-de ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeler daşary ýurt dillerinde özlerini tanyşdyrmak, labyzly goşgy okamak bilen birlikde aýdymlary we sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler.

Bilim işgärlerimiz ― döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Ministrligiň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, ýeňijileriň arasynda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem bar. Has takygy, bäsleşik Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwalynyň çäklerinde jemlenildi. Onda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Diýar Yhtyýarow ýeňijileriň hataryndan orun almagy başardy.

Dünýä dilleriniň hepdeligi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatda dünýä dilleriniň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň dowamynda okuwçylar diňe bir bilim ojagymyzda öwrenilýän rus we iňlis dillerinde däl, eýsem, beýleki daşary ýurt dillerinde hem täsirli çykyşlary etdiler. Hepdeligiň dowamynda maňa 11-nji synpyň okuwçylary bilen göreldeli okuw sapagyny geçmek ynanyldy. Oňa şäherimiziň ähli mekdeplerinden kärdeşlerimiz gatnaşdylar.

Ders bäsleşikleri geçirilýär

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ýylyň-ýylyna geçirilip gelinýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigine üstümizdäki okuw ýylynda hem aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine agzalan ders bäsleşiginiň mekdebara tapgyrlarynyň guramaçylyk derejesi hem anyk görkezýär. Mekdep bäsleşiklerine Kaka etrabynda jogapkärçilikli çemeleşilýär. Türkmen dili we edebiýaty, rus dili, iňlis dili, himiýa, biologiýa, taryh, geografiýa, informatika we informasiýa tehnologiýalary, matematika, fizika ýaly dersler boýunça geçirilýän bäsleşikleriň ilkinji tapgyrlary etrabyň mekdeplerinde degişli düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda geçdi. Hormatly Prezidentimiziň mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakda, ösdürmekde bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde, okuw derslerini çuňňur özleşdirmekde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezen mekdep okuwçylaryny höweslendirmekde hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamakda nobatdaky bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr. Synplar we dersler boýunça aýratynlykda geçirilýän bäsleşigiň mekdep tapgyrlarynyň ýeňijileri etrap bäsleşigine gatnaşarlar.

Paýtagtymyzda frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça okuw maslahaty geçirildi

2–7 dekabr aralygynda paýtagtymyzda ýerleşýän "Ynamly Kepil" koworking merkezinde frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) tarapyndan gurnaldy. Treninga grafiki dizaýn, programma üpjünçilik, terjimeçilik, sözleýşiň bozulmalaryny düzetmek, sosial medialarda mahabatlandyrmak we beýleki häzirki zaman ugurlarynda tejribesi bolan ýaş hünärmenleriň 24-si gatnaşdy.

Geçmişden şu güne

Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda döwrebap jemgyýetiň we döwletiň esasyny düzýän bilim ulgamy dürli döwürlerde aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Gadymy türkmen taryhynyň bir bölegi bolan Atabeglik mekdepleri orta asyrlarda türkmen halkynyň bilim we terbiýe ulgamyny ýokary derejä çykarmakda meşhurlyk gazanypdyr. Olar diňe bir çagalaryň bilim almaklaryny üpjün etmän, eýsem, şahsyýetiň kemala gelmegine, watansöýüjilik, ahlak we ynsaplylyk ýaly gymmatlyklaryň nesilden-nesle geçirilmegine-de uly goşant goşupdyr. Şol mekdepleriň esasyny düzýän ahlak ýörelgeleri we bilim çemeleşmeleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän, ýaş nesilleriň pikirlenişine täsir edýär. Bu bilim ojaklarynyň esasy aýratynlygy bilim bermek bilen birlikde terbiýä hem aýratyn üns berilmegidir. Bu mekdepler çagalara diňe bir ylym-bilim bermän, eýsem, olaryň ahlak taýdan terbiýelenmegini-de maksat edinipdir. Häzirki wagtda bu ýörelge türkmen maşgalalarynda we mekdeplerde dowam etdirilýär. Terbiýäniň üsti bilen ösýän nesil öz ene diline, edep-tertibine, gadymy däp-dessurlaryna hormat bilen garamagy öwrenýär.