«Kitap okan gullar magnydan dokdur»
Akyldarlar: «Kitaba ynan, ol siziň iň ýakynyňyzdyr. Kitaplar sessizdirler, emma haçan gerek bolan wagty olar size aýdyň hem düşnükli dilde gürrüň bererler. Gerek bolsa öňüňizde dünýäni hem açyp bererler» diýip nygtapdyrlar. Kitap ynsany terbiýeleýär, durmuşa taýýarlaýar. Ol adamzadyň döreden iň ajaýyp miraslarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bu resminamada pedagogik işgärleriň okatmak-terbiýelemek usulyýeti babatdaky tejribesini artdyrmak maksady bilen, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara alyp, olarda kitap okamaga höwesi döretmäge we ýatdan hasaplamak endiklerini, ýatkeşligini, özbaşdak pikirlenişini ösdürmäge gönükdirilen çäreler bellenendir.