"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Çaga bilesigelijiligi

Bilesigelijilik adamyň ganyna siňen häsiýetdir. Eger-de daş-töweregimizi gurşap alýan zatlarda bize näbelli bir zat gabat gelse ýa-da täsin ses eşitsek, biziň aňymyzda «bilesigelijilik düwmejigi» basylýar. Şonda bilmeýän zadynyň üstüni dolmak üçin ynsanda bilmek islegi artýar. Bilesigelijilik bilmeýän zadyňy öwrenmäge bolan aşa islegdir ýa-da ýetmeýän maglumatyň üstüni dolmakdyr. Bilesigelijilik adamy kämilleşdirýän hereketdir. Ol durmuşda maksadyňy tapmagyň ýol çelgisidir. Bilesigelijilik Ýer togalagyndaky islendik jandara mahsusdyr. Ýöne täze-täze zatlary bilmegi köpler dowamly ürç edinmeýärler.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Halkara ylmy jemgyýetçiligi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan maglumat eýýamy hökmünde häsiýetlendirilýän zamanada islendik ugurda öňegidişlik gazanmak üçin sanly ulgamyň mümkinçilikleri uly ähmiýete eýedir. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we täzeçil çözgütleriň önümçilige, söwda we hyzmatlar ulgamyna ornaşdyrylmagy ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak üçin ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri döredýär. Tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi bilen, olardan netijeli peýdalanmagy başarýan hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipä öwrülýär. Döwür bilen deň gadam urup, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin durmuşyň we önümçiligiň ähli ugurlaryna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen birlikde, innowasion ulgamlardan baş çykarýan hem-de olary yzygiderli kämilleşdirmäge ymtylýan hünärmenler zerurdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak maksady bilen, bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär. Sanly bilim ulgamy innowasion tehnologiýalary bilim we terbiýeçilik işinde giňden peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Sanly tehnologiýalar maglumatlary toplamak, gaýtadan işlemek, geçirmek we saklamak bilen baglanyşykly amallary hil, howpsuzlyk, ýeňillik taýdan täze de

Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

Körpeleri okuwa höweslendirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il-ýurt bähbitli beýik işler, asylly ýörelgeler, belent maksatly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, saglygyny, mekdebe taýýarlygynyň talabalaýyk bolmagyny göz öňünde tutýar.

Üstünlikleriň binýady

Ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe boldy. Dürli halkara ders bäsleşikleri, ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar, festiwallar ýurdumyzyň abraýyny has-da beýgeltdi. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde täze bilim edaralary ulanyşa berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet-galamlaryndan çykan ajaýyp eserleri bize — mugallymlara ýaşlara bilim bermekde uly gollanma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tutuşlygyna ýaşlara, olaryň üstünliklerine bagyşlanmagy bolsa aýratyn guwandyrýan ýagdaýdyr. Bu eseri okan hem bir ýaş nesliň Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmäge çalyşýandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Biziň mekdebimizde bilim we terbiýe alýan okuwçylar hem şeýle asylly ýörelgä eýerýärler.

Beýik işler bilime daýanýar

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary gyzgalaňly dowam edýär Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, 31-nji iýulda ýurdumyzyň hünär bilimini berýän okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary başlandy. Meýilnamalara laýyklykda, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär.

Türkmenistanyň wekilleri halkara innowasiýa taslamasyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň wekilleri Nižniý Nowgorodyň N.A.Dobrolýubowa adyndaky Döwlet dil uniwersitetinde gurnalan “Ýaş mugallymlar we gözlegçiler üçin tomusky institut” atly halkara innowasiýa taslamasyna gatnaşýarlar. Uniwersitetiň web sahypasynda habar berlişi ýaly, şu ýyl NNDU-niň meýdançasy: Hytaý, Hindistan, Argentina, Belarus, Moldowa, Ermenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan ýaly 11 ýurtdan 35 ýaşa çenli 25 sany ylmy we mugallymçylyk hünäriniň wekillerini birleşdirdi.

«Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalaryň hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça ýörite çäre geçirildi

ÝUNISEF-iň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda çaganyň hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça ýörite çäre geçirildi. 29-njy iýulda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen bu çäre ýaş nesilleriň köp sanlysyny bir ýere jemledi. Günüň maksatnamasy BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna laýyklykda, çagalara öz hukuklaryny öwretmäge gönükdirilen bilim oýunlaryny, wiktorinalary we interaktiw çykyşlary öz içine aldy. Çagalar öz hukuklary we howanyň üýtgemegi barada düşünje berýän wideo tomaşa etdiler, wiktorina gatnaşdylar.

Okuwçylar medally dolandylar

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen 56-njy halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu abraýly halkara ders olimpiadasyna dünýäniň 87 döwletinden 387 okuwçy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy R.Jumaýew we 12-nji synp okuwçysy A.Atajanowa kümüş medala, şeýle hem şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy D.Döwletow, 12-nji synp okuwçysy J.Akmyradowa bürünç medala mynasyp bolup, himiýa dersinden ýokary bilim derejelerini görkezmegi başardylar.

Ösen tejribeler özleşdirilýär

Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň biri hem Koreýa Respublikasydyr. Ýurdumyz ylym, bilim, medeniýet, sanly tehnologiýalar, söwda we ykdysadyýet ulgamlarynda Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu hyzmatdaşlyk häzirki wagtda bilim we ylym ulgamynda has-da ösdürilýär. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan ýokary ynam bilen häsiýetlendirilýär.

Giriş synaglary başlandy

Düýn ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary başlandy. Ir säherde geçirilen dabaralarda Döwlet senamyz ýerine ýetirildi we gutlag sözleri, synaglary tabşyrmagyň düzgünleri hakynda çykyşlar diňlenildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklandy. Meýilnamalara laýyklykda, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär.

Bilimli ozar

Şu günler ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýokary bilim almak isleýänleriniň tolgundyryjy duýgulara düşýän güni. Sebäbi ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň dalaşgärleri okuwa kabul etmek üçin alýan synagy başlandy. Her ýylda Watanymyzyň ähli ýerinde bu çäre uly dabara beslenip geçirilýär. Şeýle dabaraly çäre sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan ajaýyp Arkadag şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde-de gyzgalaňly başlandy. «Akylly» şäherde geçirilýän bu çärä gatnaşýan dalaşgärlere diňe bir öz ýakyn hossarlary üstünlik arzuw etmän, olary gören ähli ildeşlerimiz «ýürekde beslän arzuwyň hasyl bolsun», «şowly bolsun» diýip, göwün galkyndyryjy sözleri bagyşlaýarlar. Şeýle etmezçe-de däl. Sebäbi gursagynda ynsan ýüregini göterip ýören her bir adam öz şatlygyna däl-de, özgäniň şatlygyna şärik bolup, begenjini deň paýlaşmagy hem gowy görýändir.

Ak arzuwlar — Aýdyň menziller

Düýn paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglaryna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesillere okamaga, döwrebap bilim almaga giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. 2024 — 2025-nji okuw ýylynda hem ýokary okuw mekdeplerine girmäge isleg bildirýän zehinli ýaşlaryň müňlerçesi synaglarda öz saýlan hünärleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezerler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan beýik işlerine mynasyp goşant goşmak, esasan, döwür bilen deň gadam urýan, bagtyýar zamanamyzyň ylymly-bilimli, ruhubelent ýaşlarynyň paýyna düşýär. Şol belent maksat ugrunda okamak, öwrenmek, ussat hünärmenler bolup ýetişmek bolsa her bir ýaş türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr. Bilşimiz ýaly, dalaşgärlerden ýokary taýýarlygy talap edýän giriş synaglary möwsümi hem ýaşlaryň durmuşynda ykbal kesgitleýji häsiýete eýedir. Synaglar ýaşlaryň başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň iň zehinlilerini talyplyga kabul etmek maksady bilen, açyklyk, aýanlyk, deňhukuklylyk derejesinde geçirilýär. Biz hem okap, öwrenip, ýokary bilimli hünärmenler bolmak ugrunda yhlasly zähmet çekýän ýaşlaryň ählisine üstünlik arzuw edýäris!

Ylym tejribe bilen utgaşdyrylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji iýunynda oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, ýurdumyzyň önümçiligine ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ony dünýä tejribesi esasynda alyp barmak barada maslahat geçirdi. Şonda önümçiligiň öňdebaryjy alymlary, daýhanlary bilen oba hojalygyna degişli ýaş hünärmenleriň işleriniň utgaşykly alnyp barylmagynyň wajypdygy bellenildi. Türkmen alymlarynyň gazanan ylmy netijeleriniň hem-de taýýarlan ylmy-önümçilik gollanmalarynyň halk köpçüligine ýaýradylmagy boýunça zerur işleriň geçirilmelidigi nygtaldy. Şulardan ugur alnyp, biziň ýokary okuw mekdebimizde hem, «Daşoguz welaýatynyň şertlerinde güýzlük bugdaýyň ösüş döwürlerine, hasyllylygyna, hasylyň hiline ekiş möhletiniň täsirini öwrenmek», «Daşoguz welaýatynyň şertlerinde dänelik ekinleriň esasy zyýankeşleriniň bioekologiki aýratynlyklary» atly mowzuklar boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär. Bu işler ýurdumyzda galla bolçulygyny döretmäge goşant bolmak bilen birlikde, talyp ýaşlarda hünär endiklerini kämil ele almaga, şunuň bilen baglylykda, ylmy işler bilen meşgullanmaga bolan höweslerini artdyrýar. Netijede, geljekki hünärmenleriň öz hünärlerine ussat, oba hojalyk pudagynyň ugurlary boýunça ylymly bolmagyna şert döredýär.

Hünärli ýaşlar — rowaç menzillere

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesle zamanabap bilim, asylly terbiýe bermek bilen bir hatarda olara hünär öwretmek meselesi hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hem bu babatda jikme-jik gürrüň edilip, anyk iş ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda döwletimiziň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Şonuň esasynda iýul aýynyň 15-inden 28-i aralygynda bilim ojaklarynda talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmeklik ýola goýuldy. Aýry-aýry orta hünär okuw mekdeplerinde bolsa bu iş şu günler hem dowam edýär.

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin hünärmenleri taýýarlaýar

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goldaw berýär. Bu maksatnamanyň esasy bölegi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda "Sanly çözgüt – IT meýdança" hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi boldy. Bu innowasion bilim giňişligi, 2025-nji ýyla çenli ýurduň sanly ykdysadyýetini ösdürmek Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, sanly ulgamlar we beýleki degişli ugurlarda hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenendir.

Işler guramaçylykly alnyp barylýar

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalarymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar. Şu günler Sarahs etrap bilim bölümine degişli mekdeplerde hem täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Sarahs etrap bilim bölümine degişli 27 sany umumybilim berýän orta mekdeplerde ýeňil abatlaýyş işleri talabalaýyk geçirildi. Mekdepleriň howlusyndaky baglaryň düýpleri ýumşadylyp, agardyldy. Bilim ojaklarynyň çäginde doly derejede arassaçylyk işleri gözden geçirildi. Synp otaglaryndaky partalaryň we oturgyçlaryň abatlygyna seredildi. Kitaphanalardaky kitaplaryň arassalygyna, üpjünçiligine hem doly derejede ähmiýet berildi. Bu babatda etrabyň 1-nji, 9-njy, 11-nji, 17-nji, 19-njy, 21-nji, 27-nji mekdepleri işlerini öňdäkileriň hatarynda tamamladylar.

Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

Körpelerde düşünjeleri kemala getirmek Mekdebe çenli çagalar edaralary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu döwür çagalar üçin-de, ata-eneler üçin-de örän jogapkärli we möhümdir. Mekdep ýaşyna ýetmedik körpe çagalar daş-töwerek baradaky ilkinji düşünjeleri, edep-terbiýäni mekdebe çenli çagalar edaralarynda alýarlar hem-de mekdep okuwyna taýýarlanýarlar. Bu döwürde ata-eneleriň terbiýeçiler bilen bilelikde sazlaşykly işleri alyp barmagy maksadalaýykdyr. Mekdebe çenli çagalar edaralary özüniň ähli terbiýeçilik we bilim beriş işlerini döwlet maksatnamasy esasynda alyp barýarlar. Olara ýörite bilimi bolan terbiýeçiler ilkinji bilimleri we edep-düzgünleri ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda öwredýärler.

El işleriniň bäsleşigi geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan hem-de gyzykly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan gyzlaryň arasynda «Hünärim bar — hormatym bar» atly el işlerini taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirdi. Onda «Güneş» hem-de «Bägül» toparlary özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan gyzlar milli el işlerimizi taýýarlamakda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde «Güneş» gyzlar topary ýeňiji bolup, toparyň wekillerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Döwlet gullukçylarynyň hünär kämilligi — döwrüň talaby

Watan, döwlet, aýdyň geljek ýaly düşünjeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan adyl syýasatyň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen, ýurduň has bagtyýar, eşretli, abadan ertiri babatdaky aladalar durmuşyň ähli ugurlaryny we ulgamlaryny öz içine alýar. Bu hakykat ýurdumyzda berilýän bilimiň derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrundaky köpugurly tagallalarda hem aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylyp, ol indi 15 ýyldan gowrak wagt bäri döwletimiziň dolandyryş, hukuk binýadynyň berkemegine öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. Döwlet edaralarynyň hem-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, onuň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Şu maksatlar bilen akademiýanyň öňünde ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça örän jogapkärli wezipeler goýuldy.

Atçylyk: gadymy hünär, döwrebap bilim

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze — 2024-2025-nji okuw ýylyna uly taýýarlyk görülýär. Şu günler welaýat merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär. Arkadag şäherindäki bilim ojaklary hem zehinli ýaşlara giňden gujak açýar. Olaryň biri-de şu ýyl täze okuw binasynda ilkinji gezek giriş synaglaryny geçirjek Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasydyr. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hünärmen maksatnamasy boýunça atçylyk, weterinar lukmançylygy hünärlerinde, bakalawr maksatnamasy boýunça seýisçilik, weterinar we sanitar ekspertizasy, milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty, oba hojalygyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda), atly sport we atly syýahatçylyk taýýarlyk ugurlarynda ýaşlara bilim berilýär. Atly sport we atly syýahatçylyk ugrunda okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl dil taýýarlygy, 4 ýyl bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir. Akademiýada giriş synaglary 31-nji iýul — 13-nji awgust aralygynda geçiriler.