"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

HALKARA HYZMATDAŞLYKDA BILIM WE ÝAŞLAR MESELELERI – türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mysalynda aýdyňlygy bilen ýüze çykýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Türkmenistanda Täjigistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyk- lary, taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Türk- menistan üçin Täjigistan Respublikasy örän möhüm we ygtybarly hyzmatdaşdyr. Bu ýurt bilen gatnaşyklar uzak möhletleýin esasda guralýar. Iki döwletde-de köpugurly hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň bähbidine, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýändigine berk ynanylýar.

«Talyp joşguny — 2023» döredijilik bäsleşigi geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Talyp joşguny —2023» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ösüşlerini wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik zehinlerini açmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde edebi-çeper kompozisiýalara, aýdym-sazly çykyşlara, degişme sahnalaryna tomaşa edildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça institutyň iňlis dili we edebiýaty hünäriniň II ýyl talyby Söhbet Babaýew ýeňiji boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşige gatnaşyjylary şäher geňeşimiz tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

Biotehnologiýa — geljegi uly ugur

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde şäheriň degişli düzümleriniň işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly giňişleýin maglumat berýän şekilli taslamalary synlady. Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynda, esasan, senagat toplumyna degişli önümçilik kärhanalarynyň guruljakdygyny belläp, bu işleriň ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny, olarda öndüriljek önümleriň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda wajyp orny eýelejekdigini nygtady. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň hem-de ýaş mugallymlarynyň ýurdumyzda bar bolan çig mallardan taýýarlan önümleri-de görkezildi. Milli Liderimiz olar bilen tanşyp, ýaş alymlary höweslendirmegiň wajypdygyna ünsi çekmek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da giňeltmegiň, olaryň ylmy we önümçilik ähmiýetini açyp görkezmegiň möhümdigini aýtdy. Alym Arkadagymyzyň belent ynamy uniwersitetiň ähli professor-mugallymlaryny, talyp ýaşlaryny diýseň buýsandyrdy hem-de olary täze, döredijilikli ylmy gözleglere ruhlandyrdy.

Parafin, Gidrat, gaz gyzdyryjy peçler

Milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagatynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda guýularyň önüm berijiligini gowulandyrmak üçin bar bolan serişdelerden peýdalanmak, täze tehnikalara, innowasion tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman önümçilik toplumlaryna degişli giň gerimli işleri alyp barmak derwaýys meseleleriň biridir. Nebitdir gazy zemin çuňlugyndan tä ýeriň ýüzüne çenli akdyrmak ylmyň, täze tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Has takygy, uglewodorod çig malyny talap edilýän ýere çenli bökdençsiz akdyrmak nebit bilen iş salyşýanlaryň paýyna düşýär. Onuň hem sebäbi, guýynyň çuňlugyndan nebitiň ýeriň üstüne çenli akymynda we oňa ýardam berýän ýerüsti enjamlaryň dürli çylşyrymlaşmalara gabat gelýän ýagdaýlaryň bolýanlygy mälimdir. «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitli känlerinde «gara altyn» çykarmagyň islendik usulynda onuň bilen bagly bolan enjamlaryň parafinleşmegi guýulardan nebitiň alnyşyny we gerekli ýerlere akdyrylyşyny bökdemek bilen bir hatarda, önümiň özüne düşýän gymmatyny ýokarlandyrýar hem-de onuň garşysyna göreş çärelerini geçirmek üçin köp harajatlary we zähmeti talap edýär. Hut şoňa görä-de, parafin-smola maddalarynyň döremeginiň garşysyna yzygiderli göreşmek nebitçileriň üns merkezinden düşenok. Aslyýetinde, guýular göteriji turbalaryň we nebit ýygnaýjy uly çeleklere (rezerwua

Guýularda gabat gelýän çylşyrymly hadysalaryň öňüniň alnyşy

Günbatar Türkmenistanyň nebitli we gazly meýdançalarynda nebitli guýular özleşdirilende aşaky gyzylreňk gatlaklaryň käbirlerinde önüm bilen bilelikde dag jynslarynyň guýynyň içine girip, ulanyş sütüniniň, nasos-kompressor turbalarynyň we ştuseriň dykylmagyna getirip, önümiň gelmeginiň öňüni böwetläp, guýuda çylşyrymlaşmalaryň emele gelmegine we önümiň çykmagynyň doly bes edilmegine getirýär. Ol ýagdaýlar, esasan hem, Günbatar Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Nebitlije meýdançasynda gazylan guýularda köp duş gelýär. Guýularyň süzgüçlerinden gelýän dag jynslarynyň guýynyň sütünine girmeginiň öňüni almak hem-de ol guýulardaky dag jynslaryny guýudan çykarmak zerur bolup durýar. Nebitlije meýdançasyndaky guýularda bu meseläni çözmekde önümli gatlaga ýörite mikrosement kowmak arkaly gatlagy abatlamak, önümli gatlakda perforasiýa deşikleriniň sanyny azaltmak belli bir derejede olaryň guýynyň sütüniniň içine girmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Ýokardaky işler geçirilenden soň dag jynslary gelýän bolsa, nasos-kompressor turbalarynyň aşaky bölegindäki guýgujyny süzgüje (filtre) ýakyn goýup, yörite gidrodinamikasy hasaplanyp saýlanan diametrli nasos-kompressor turbalary bilen ulanyş sütüniniň arasyndan ýokary basyşly suw kowup, süzgüçden gelýän dag jynslaryny we uglewodorodlary özi bilen alyp, turbanyň içindäki ýokary tizligiň hasabyna, olary guýudan çykaryp, ýörite s

Wodorod energetikasy — geljegiň ýangyjy

Innowasion tehnologiýalar we ekologiýa meseleleri Türkmenistanyň ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklara baý bolmagy ýurtda senagat pudaklarynyň kärhanalaryny ýokary depginde ösdürmäge uly mümkinçilik döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu ugurda uly işler amala aşyrylýar. Önümçilige öňdebaryjy sanly we innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şol bir wagtyň özünde täze döredilýän önümçiliklerde ekologiýanyň talaplarynyň doly berjaý edilmegine uly ähmiýet berilýär.

Talyplar ― ders bäsleşikleriniň ýeňijileri

Welaýatymyzdaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlara mynasyp boldular. Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersi boýunça geçirilen bäsleşikde toparlaýyn hasapda ikinji orna mynasyp boldy. Gazanylan üstünlikde mekdebiň talyplary Aýsoltan Baýramowanyň, Şabibi Hümmetöwezowanyň, Açylgül Atamuradowanyň mynasyp paýlary bar. Bu ders boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenabadyň Agrosenagat hem-de welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary hem öňdäki orunlary eýelediler.

Ýeralmanyň seçgiçilik işleri

Ýeralma dünýä ýurtlarynda, şol sanda biziň ýurdumyzda hem ikinji çörek hasaplanylýar. Ýeralmadan ýa-da ýeralma goşulyp taýýarlanylýan tagamlar saçaklarymyzy bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyndan ugur alan edermen daýhanlarymyz ýeralmany öndürmegiň tilsimlerini doly öwrendiler we ýyl-ýyldan öndürilýän hasylyň mukdaryny artdyrýarlar. Ylmy edebiýatlarda berilýän maglumatlara görä, ýeralmanyň tohumçylygynyň ylmy esasda ýola goýulmagy onuň hasylynyň 30-45 göterim artdyrylmagyna, krahmal düzüminiň 1-2 göterim ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Ýeralmanyň tohumçylygynyň beýleki ekinleriňkiden, mysal üçin, bugdaýyňkydan, gowaçanyňkydan tapawutly ýeri, dänesinden ýa-da çigidinden däl-de, öz ýeralma klubenlerinden köpeldilýänligidir. Ýeralma biziň şertlerimizde gülleýän bolsa-da, däne bermeýär. Dünýä ýurtlarynyň hemmesinde diýen ýaly, ýeralmanyň tohumçylygy klubenleri seçip almak, nesil arassalygyny ýokary derejede saklamak arkaly alnyp barylýar. Tohumçylykda köpeltmek üçin ulanylýan ýeralma klubenlerini «tohum» diýlip, klubenleri saýlap almak usulyny bolsa «klon seçgi usuly» diýip atlandyrmak kabul edilendir.

Ylym-bilim — ösüşlerimiziň özeni

Bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrýan giň gerimli tutumlaryň esasy maksady ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň bilim almaga elýeterliligini üpjün etmekden hem-de bu babatda öz tebigy başarnygyny ýüze çykarmagy üçin zerur bolan şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle asylly maksada ýetmekde bilim özgertmelerinde dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarydyr okuw enjamlaryna, milli tejribeler bilen dünýä tejribeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk bolmagyna ýakyndan ýardam edýär. Bilim ulgamyna innowasiýalary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä ylmynyň gazananlaryna esaslanýar. Bilim berlişiniň hiline aýratyn üns berlip, tehnologiýa täzeliklerini, bu ugurdaky oňyn tejribeleri giňden ornaşdyrmak tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde ýurdumyzda okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri biziň — ýaşlaryň hyzmatynda.

Kitap — paýhas ummany

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, welaýat kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Kitap — paýhas ummany» ady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinden, Arkadagly Serdarymyzyň bagtyýar ýaşlar baradaky aýdan sözlerinden mysallary getirdiler, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi boýunça gürrüň etdiler hem-de şahyryň goşgularyny ýatdan aýtdylar. Kitap okamaga höwesli ýaş okyjylarymyzyň ýüze çykmagyna itergi beren bäsleşigiň ýeňijileri baýraklar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Önümiň hili idege bagly

Ýurdumyzyň pile öndürijilerine piläniň ýokary hasylyny almak maksady bilen, yzygiderli zerur önümçilik şertleri döredilýär. Ýüpekçi kärendeçilere döwrebap zähmet çekmek üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde dokma senagatyna zerur çig mal bolup hyzmat edýän piläniň önümçiligi ýylsaýyn ýokarlanýar. Ýüpek gurçugynyň ýeke-täk iýmit çeşmesi bolan tut agajynyň ýapragynyň üpjünçiligini gazanmak, ýagny ýüpek gurçuklarynyň iýmit goruny döretmek maksady bilen, ýurdumyzda tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle-de tut agaçlarynyň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlary ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ýurdumyzda ýüpekçiligi ylmy esasda ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak babatynda hem möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde hem bu ugurda öndürijilikli zähmet çekjek ýaş ýüpekçi hünärmenler taýýarlanylýar. Talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimleri önümçilik işleri bilen utgaşykly ýagdaýda alnyp barylýar. Uniwersitetiň agroekologiýa fakultetiniň ýüpekçilik hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlary ýokary okuw mekdebiniň çäginde ýerleşýän ýüpekçilik tejribehanasynda ýüpek gurçuklarynyň tohumlarynyň janlandyrylýan döwründen başlap, pile sarym döwrüne çenli aralykda alnyp barylýan işleri professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda ylmy nukdaýnazardan öwrenýärler.

Türkmeniň ylym ägirdi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini derňän ýokary derejeli alym, diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem daşary döwletlerde-de ylmy abraýy ykrar edilen edebiýatçy alym Baýmuhammet Garryýew edebi mirasymyzy içgin öwrenip, ony ile ýaýmakda uly iş bitiren meşhur alymlaryň biridir. Onuň halkymyzyň asyrlarboýy toplan edebi mirasyny öwrenip, ony halkymyza ýetirmekde bitiren işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ol ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzyň döreden edebi mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan folklor eserlerini ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toplap, ýazga geçiren nusgawy edebiýatymyzyň halkdan ýazyp alan eserlerini kätiplerdir hatdatlaryň ýazan golýazmalaryndan göçürip, düşnükli bolar ýaly täze ýazuwda türkmen halkyna ýetirmekde uly işleri bitiripdir.

Robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Robototehnika ― 2023» atly taslama bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige orta mekdepleriň okuwçylary robot tehnikasyna degişli taslamalaryny hödürlediler. Has takygy, bäsleşikde taslamalaryň 35-sine baha berildi.

GALYNDY DUZLARDAN ZYÝANSYZLANDYRYJY ÖNÜME ÇENLI

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Batyr Atdaýew ylmy gözlegleri geçirip, Garlyk kaliý dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynda galyndy bolup galýan duzlardan zyýansyzlandyryjy serişdäni öndürip boljakdygyny subut etdi. Ýer ýüzünde bakteriýalara garşy sabynlaryň ýüzlerçe görnüşi bar. Sabynyň şeýle görnüşini taýýarlamakda esasy ulanylýan düzüm bölekleri triklozan bilen triklokarbandyr. Ýaş alym Türkmenistanda (megerem, dünýäde) ilkinji bolup, adaty sabyna bakteriýalara garşy durýan häsiýeti bermek üçin erik ýapragyndan peýdalandy.

Ylym — önümçilige

Gün fotoelektrik desgalarynyň energiýa ölçegleri Ýangyç-energetika serişdeleriniň oýlanyşykly sarp edilmegi ählumumy dünýä meseleleriniň biri bolup durýar. Onuň üstünlikli çözülmegi diňe bir dünýä bileleşiginiň mundan beýläk-de ösmegi üçin däl, eýsem, biosferany gorap saklamak üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanýan täze energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagy bu meseläni çözmegiň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar.

Geografiýa hepdeligi

Ýaş nesliň bilimleri ezber ele almagyny, zehinli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, okuwçylarda geografiýa dersine höwes döretmek maksady bilen, mekdebimizde geografiýa hepdeligini geçirdik. Oňa şäherdäki mekdeplerden mugallymlar, ene-atalar myhman hökmünde çagyryldy. Bir hepdäniň dowamynda mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda guralan dürli mazmunly çäreler özboluşlylygy bilen tapawutlandy. «Döwletlere syýahat» atly bäsleşigimiz has-da gyzykly boldy. Onda mekdep okuwçylary dünýäniň ençeme döwletlerine gaýybana syýahat etdiler. Olar bijesine düşen döwletleriň milli aýratynlyklaryny açyp görkezdiler: şol ýerde ýaşaýan halkyň dilinde salamlaşdylar, gürrüň berdiler, milli egin-eşiginde aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler, dürli tagamlary taýýarladylar. Şeýle-de ýurtlaryň döwlet nyşanlarynyň hem-de gözel ýerleriniň suratlaryny çekdiler. Bu şertde dünýä döwletleri barada maglumatlar toplamakda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanyldy. Dünýä dillerinde sorag-jogap alşyldy. Çärede sport oýunlaryna hem giň gerim berildi. Gyzykly geçen hepdeligiň dowamynda çagalar ýaş nesliň ylymly-bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmegi barada uly alada edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Kitaphana ulgamy ösüş ýolunda

Milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan kitaphanalar ulgamynda ösüşleriň, özgertmeleriň bolup geçýändigi guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphanalar işe girizildi, olaryň  gaznalarynda saklanylýan neşirler barada ýeke-täk maglumat binýady, ýagny bitewi elektron katalogy döredildi, kitaphanalaryň arasyndaky maglumat alyş-çalyş işi ýola goýuldy. Häzirki wagtda kitaplar elektron görnüşde elýeterli bolup, kompýuterleriň hem-de ykjam telefonlaryň üsti bilen gerekli neşiriň sanly görnüşini almak bolýar. Munuň özi okyja gerekli maglumaty çalt tapmaga, wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bitewi elektron kitaphana ulgamy ýurdumyzyň kitaphanalaryny halkara giňişlige çykarmakda hem-de dünýäniň ösen kitaphana ulgamy bilen utgaşdyrylyp, okyjylar üçin maglumatlary elýeterli etmekde, degişli edebiýatlary tiz we netijeli gözläp tapmakda örän uly ähmiýete eýedir. Biziň şäher merkezi kitaphanamyzda hem bu işler talabalaýyk alnyp barylýar. Kitaphanamyzyň hazynasynda kitaplaryň müňlerçesi bolup, olaryň üsti täze neşirler bilen yzygiderli doldurylýar we okyjylar köpçüligine gyzgyny bilen ýetirilýär. Kitaphanaçylarymyz kitaphana hazynasyny elektron katalogyna geçirmek, okyjylara hyzmat etmek işini yzygiderli ýola goýdular. Dürli kitaplaryň elektron gory döredilip, okyjylaryň olardan netijeli peýdalanmagyna mümkinçilikler berilýär. Kitaphanamyzda seýrek duş

Ylym ýolunyň ýaş ýolagçylary

Mälim bolşy ýaly, 24 — 28-nji aprel aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde türkmen we daşary ýurtly talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen III Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2023) jemi jemlendi. Ýokary derejede geçirilen bu halkara olimpiada Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Saud Arabystanynyň, Germaniýanyň, Wengriýanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen halkara olimpiadada zehinli we başarjaň ýaşlaryň birnäçesi altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Gazetimiziň şu sanynda ýeňiş gazanan türkmen hem-de daşary ýurtly talyplaryň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Çagalar dünýäsiniň ylmy täzelikleri

Ylym ýa-da ylmy açyşlar diňe bir alymlary ýa-da uly adamlary gyzyklandyrmaýar. Eýsem, häzirki wagtda çagalaryň dünýäsi bilen baglanyşykly ylmy açyşlar hem bolup dur. «Nowça» sahypamyzyň üsti bilen şol ylmy täzelikleriň käbirleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Ozon gatlagyny goramagyň derwaýyslygy

Ýer planetasynyň daşyny gurşap alan, gazlardan durýan gatlaga atmosfera diýilýär. Ol tratosfera, stratosfera, mezosfera, ionosfera, ekzosfera diýen gatlaklara bölünýär. Stratosfera bilen mezosferanyň möhüm düzüm bölegi ozondyr. Onuň mukdary 25-30 kilometr belentlikde has köpdir. Atmosferadaky gazlaryň göwrümi boýunça 2.10-7 göterimi, massasy boýunça 3,3.10-6 göterimi ozona degişlidir. Eger-de, ähli ozony 1 atmosfera basyşynda ýygnap bolsa, onda ol bary-ýogy 1,7 — 4 millimetr galyňlykdaky gatlagy emele getirer.