"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Ak altyn

Ak altyn diýilse, gürrüň pagta baradadyr öýdäýmäň. 1741-nji ýylda Kolumbiýanyň altyn käninden tapylan gymmatbaha metala — platina ýewropalylar şeýle at beripdirler. Häzirki wagtda ak altyn diýip gyzylyň platina bilen garyndysyna (diňe platina-da däl, marganes, palladiý, nikel, kümüş, bürünç...) aýdylýar. Ýöne başda platinanyň diňe özüne-de ak altyn diýlipdir. Platinany heniz sary reňke öwrülip ýetişmedik «çig altyn» hasaplapdyrlar. Platina D.Mendeleýewiň periodik tablisasyndaky 78-nji belgidäki metaldyr. Ol adamzat taryhynda iň syrly we owadan metal hasaplanýar. Metal ispança «kümüşjik» diýen manyny berýär. Oňa daşky sypatynyň kümşe meňzeşligi üçin şeýle diýilýär. Otda kynlyk bilen ereýäni üçin «kümüşjik» diýip, bu metala kembaha garalypdyr.

Ýasga süýji suw ýatagynyň ähmiýeti

Ýurdumyzyň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny gözläp tapmak, işläp geçmek we rejeli peýdalanmak halk hojalygyny ösdürmegiň esasy meseleleriniň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar we bu ugurda ylmy taýdan esaslandyrylan netijeli çözgütleri amala aşyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen tebigatynyň täsin künjekleriniň hatarynda durýan Ýasga ýerasty köli içgin alada mynasyplygy bilen tapawutlanýar. Bu süýji suw ýatagy günbatarda Uly Balkan, günortada Kiçi Balkan, gündogarda Köpetdag gerişleri, demirgazykda Garagum sährasy bilen gurşalyp alnan, linzanyň uzynlygy, takmynan, 60 kilometre, ini bolsa 25 kilometre deň. Suwy özünde saklaýan esasy jisim çäge bolan bu ýatakda suwuň galyňlygy 60-70 metre ýetýär. 1957-1958-nji ýyllarda G.N.Ýomudskiý we N.G.Şewçenko tarapyndan Ýasga süýji suw linzasynyň üsti açylyp, 1963-nji ýylda ol doly özleşdirilip ulanyşa berilýär. Düzüminde suw saklaýan çetwertik döwrüniň çökündileri, esasan, terrigen görnüşli dag jynslaryndan, iri däneli fraksiýalardan durýar. Bu döwrüň aşaky bölegi alewrolitler, çägeler bilen häsiýetlendirilýär. Ýokary çetwertik döwrüniň çökündileri az derejede alewrit, toýun görnüşlerinden durýar. Ýasga suw ýatagynyň duzlulygy 1 g/l-den aşak bolan süýji suw bölegi perimetri boýunça duzlulygy 1 g/l-den ýokary suw toplumy bilen gurşalyp alnandyr. Şonuň üçin ony linza görnüşli diýip atlandyrýarlar. Bu suwlaryň emele gelşini h

Ylym — kämillige ýol

Halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Halypa uly bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Uzak döwrüň dowamynda munuň netijeli ugurdygyna göz ýetiren pederlerimiz halypa-şägirtlik ýoluny ýörelge derejesine çykarypdyrlar. Haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, halypa öz ugrunyň alymy hasaplanýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtligi dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň uludyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda hem himiýa we himiýa tehnologiýalary ugrundan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bu ýerde işgärleriň 50 göterime golaýy ýaşlardyr. Olaryň sany her ýylda degişli ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň, ýagny Belarusuň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň hasabyna artýar. Himiýa ugrundan bilim alýan ýaşlary ylma çekmek üçin ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde uly işler alnyp barylýar. Institutyň binýadynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýatlyk kafedralary hereket edýär. Şeýle-de institutyň aspirantura bölümine ykdysad

Ýuwuş suwy we ekişiň täze tehnologiýasy

Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna we tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň alymlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde, ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tygşytly peýdalanmak, suwarymly, şorlaşan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda önümçilik ähmiýetli tehnologiýalar hem-de usullar döredildi. Ýörite habarçymyz ýakynda şunuň ýaly ähmiýeti we geljegi uly işe teswir bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň oba hojalyk ylymlary bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Aşyrmuhammet SAPARMYRADOWA ýüz tutdy. — Häzirki wagtyň önümçiliginde şorlaşan eňňit ýerlerde adaty ýuwuş we tagt suwlary diňe keşler boýunça tutulýar. Munuň üçin gowaçanyň ekişinde, ilki bilen, suwaryş keşi çekilýär we olar boýunça tagt suwy tutulýar. Gerşiň topragy taba gelende, gowaça gerşe ekilýär. Şunda gowaçanyň ösüş suwlary hem şol keşler arkaly tutulyp, yzgar suwuň gerşe tarap hereketi netijesinde, topragyň zyýanly duzlary kem-kemden şol ýerde ýygnanýar. Şeýdibem, eýýäm ösüş döwründe, ekin ýerleriniň şorluk derejesine baglylykda, ýaş gowaça düýpleriniň 25 göterimine çenlisi guraýar. Munuň özi gowaçanyň hasylynyň kemelmegine getirýär. Şunuň ýaly ýagdaýyň öňüni almakdan ötri geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde, suwarymly şorlaşan ýapgyt ýerlerde täze görnüşli suwaryş keşlerini çekmegiň

Ýunus Emre edebiýaty öwreniş ylmynda

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Beýleki ugurlar bilen birlikde, türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň ösdürilmegine-de berilýän üns has-da güýçlendi. Türkmen edebiýatynyň köp asyrlyk taryhy, şu güni bilen baglanyşykly derwaýys meseleler möhüm wezipe edilip goýuldy. Milli edebiýatymyzyň öwrenilmegine, onuň ösüş, baýlaşyş ýollaryny seljermäge bolan talaplar täze many-mazmuna eýe boldy. Ylym bilen meşgullanmaga giň şertler döredildi. Döredilýän mümkinçilikler türkmen edebiýatçylaryny edebiýaty öwreniş ylmynyň möhüm ugurlarynyň, belli-belli şahsyýetleriniň döredijiligini çuňňur öwrenmäge borçlandyrýar. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Ýunus Emredir. Ol dünýä meşhurlygyny gazanan beýik söz ussatlarynyň biri.

Belli filosof we alym

Taryhda özboluşly yz goýan şahsyýetler az däl. Şolaryň biri-de Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmed al-Birunydyr. Şöhratly geçmişimizi içgin öwrenmäge giň mümkinçilik döreden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ýurdumyzyň esasy syýahatçylyk merkezleri: Köne Nusaý — Parfiýa patyşalarynyň mekany, orta asyr Gündogarynyň ajaýyp alymlarynyň (Biruny, ibn Sina we beýlekiler) ady bilen bagly bolan Köneürgenç, Gündogaryň gadymy medeni ösüşiniň merkezleriniň biri bolan Gadymy Merw — olaryň ählisi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi» diýip belläp geçýär. Horasanly akyldar Abul-Hasan Harakininiň «Nurul-ulum» («Ylmyň ýagtylygy») atly kitabynda akyldarlaryň, belli ylym işgärleriniň özleri aramyzdan gitse-de, döreden eserleri halkyň aňynda ýaşaýandygy nygtalýar. Abu Reýhan Biruny hem şeýle şahsyýetleriň biridir. Ol astronomiýa, matematika, geodeziýa, etnografiýa, filosofiýa, taryh ýaly ylymlarda özüni tanatdy. Soltan Mahmyt Gaznaly köşkde gulluk edýän alymlara howandarlyk edip, özüniň hem ylma-bilime bolan söýgüsini artdyrypdyr. Abu Reýhan Biruny hem soltanyň köşgünde döredilen mümkinçilikden peýdalananlaryň biridir.

Dil — milletiň gadymy genji-hazynasy

Häzirki zaman türkmen dili, onuň sözlük goruny hasyl edýän sözler, sintaktik gurluşyny emele getirmäge gatnaşýan söz düzümleri uzak döwrüň önümi bolup, olar geçmişden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlar, edim-gylymlar bilen baglanyşyklylykda ösüp, kämilleşip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmen däp-dessurlary, urp-adatlary, gündelik oba hojalyk, maldarçylyk işleri ýaly, olar bilen baglanyşykly ulanylýan sözler we söz düzümleri-de örän gadymydyr we döwrüň ruhuna laýyklykda, olaryň köpüsi şol duruşlaryna, birnäçesi bolsa timarlanan görnüşinde häzirki zaman türkmen diliniň sözlük düzümine girdi. Olaryň käbirine seredip geçeliň. Loganak — ata aýagyňy basyp münmek üçin agaçdan edilen üzeňňä loganak diýilýär. Ol biziň mirashanamyzda hem saklanýar.

Guýynyň düýbündäki çäge dykylmasyny aýyrmagyň usullary

Häzirki döwürde nebit çykarmakda iň uly kynçylyklaryň döremegine sebäp bolýan hadysalaryň biri-de guýynyň düýpýaka zolagynda çägäniň emele gelmegidir. Uzak ýyllaryň dowamynda nebit berýän gatlaklarda birnäçe özgerişler bolup geçýär. Gatlak basyşynyň pese gaçmagy, önümiň suwlanmagy we guýynyň düýpýaka zolagynyň hapalanmagy hem-de opurylmagy netijesinde gatlagyň durky bozulýar we çäge guýynyň düýbüne ýygnanýar, çäge dykysy emele gelýär. Şu agzalyp geçilen päsgelçilikler guýynyň düýpýaka zolagyna güýçli täsir edýär. Guýulardan alynýan önüm bilen bilelikde çägäniň gelmegi dowam edýär. Düýpýaka zolagynda guýular gazylanda, ulanylanda, abatlaýyş işleri geçirilende ýa-da guýularyň düýpýaka zolagyna buraw we himiki erginler bilen täsir edilende, düýpýaka zolagy özüniň öňki ýagdaýyny ýitirýär, hapalanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, guýularyň önüm berijiligine belli bir derejede täsir edýär. Gatlakdan çäge gelmeginiň öňüni almakda köp usullar peýdalanylýan hem bolsa, guýudan mehaniki garyndylar gelip durýar. Çäge gelmegini aýyrmakda guýynyň düýpýaka zolagyny himiki serişdeler hem-de sement garyndylary bilen berkitmek, çägäni ýuwmak üçin öýjükli sement ergini ulanylýan hem bolsa, çäge gelmek meselesini doly aýyrmaklyga ýardam edip bilmeýär. Ulanylýan usullar birbada kömek edýän hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen ýene-de suw bilen ýuwlup aýrylýar. Guýularyň düýpýaka zolagynyň bozulmagy netijesin

Şöhratly taryhymyzda ylmy eserler

Türkmeniň medeni mirasyny öwrenip, taryhyň müňýyllyklaryna uzap gidýän köklerini yzarlanyňda, türkmen medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň dürli ugurlarynyň ir döwürlerde gülläp ösendigine göz ýetirýärsiň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyny ylmy esasda öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde bu ugurda uly mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ajaýyp eserleri döreden türkmen söz ussady Abdylla Mübäregiň ömri we döredijiligi barada durup geçmegi we onuň ynsanperwer taglymatlarynyň XI-XII asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen meşhur akyldar-sopy Muhammet Gazalynyň «Ylym barada kitap» atly eserinde öz beýanyny tapyşy hakynda söhbet etmegi makul bildik.

Kitap — ylmyň açary

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak boýunça dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň medeni ojagy bolan kitaphana ulgamynda guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Kitaphanalar bu günki gün adamlaryň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde kitaphanalarda hyzmat etmegiň täze, döwrebap usullary ýola goýuldy. Olarda çeper we ylmy, edebi mirasymyza, halk döredijiligimize degişli kitaplary, özlerine gerek bolan edebiýatlary okyjylaryň diňe kataloglaryň we kartotekalaryň kömegi bilen däl, eýsem, elektron görnüşdäki kataloglardan, internet ulgamyndan gözläp, tapyp bilmekleri üçin amatly şertleriň döredilmegi wagty tygşytlamaga ýardam berýär. Halkymyzyň gymmatly hazyna bolan kitaba ähli döwürlerde-de uly sarpa goýandygyny N.Saryhanowyň «Kitap» atly eserindäki Welmyrat aganyň maşgala eklenjiniň çeşmesi bolan guba düýesini kitaba çalşandygyndan bilýäris. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Kitap ylym-bilime höwesli ýaşlarymyz üçin gerekli maglumatlaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär. 

Älem syrlaryna akyl ýetiren şahyr

Häzirki döwürde söz ussadynyň mirasyny ylmy esasda öwrenmek Magtymgulyny öwreniş ylmynyň möhüm wezipesi bolup durýar. Çünki akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine giňden taýýarlyk görlüp, bu babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Beýik akyldaryň döredijiliginde mifler, asman, Ýer, Gün, Aý, ýyldyzlar bilen baglanyşykly kosmogoniki (älemiň gelip çykyşy hakyndaky taglymat) garaýyşlar uly orun tutýar. Söz ussady goşgularynda mifologik sýužete ýüzlenmek bilen, adamlara örän täsin, gizlin, syrly aňlatmalary beýan edýär. Şahyryň bu ugurda döreden şygyrlarynyň içinde «Niçe ýaşyndadyr» atly goşgusy mifologiki sýužetiň ajaýyp nusgasydyr. Elbetde, bu şygyr babatda magtymgulyşynas alymlar ylmy garaýyşlaryny beýan etdiler. Biz hem şol alymlaryň pikirlerini içgin öwrenip, bu şygyr babatda öz garaýyşlarymyzy beýan etmegi makul bildik. Şahyryň bu şygrynyň esasynda öküz, Ýer, asman, Gün diýen düşünjeler durýar. Ýer göteren sary öküz, Bilmen, niçe ýaşyndadyr.Tört müň tört ýüz aýagy bar,Hemmejesi döşündedir.

Ylym — ösüşleriň binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri döretmek boýunça ýola goýlan işler ýaşlary ylmy üstünliklere ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bolsa ylym ulgamynda ýaşlarymyzyň ylmy mümkinçilikleriniň uly geljeginiň bardygyny aýdyň beýan edýär. Ylym akylyň, paýhasyň ösüşiniň gözbaşy bolmak bilen, jemgyýetçilik ösüşini kämillik derejesine çykarýan ummasyz güýçdür. Şeýle ösüşiň binýady berk, kökleri çuň, geljegi uly bolýar. Pederlerimiz öz döwründe ylym-bilimde baý tejribe toplapdyrlar. Ylymly-bilimli, sowatly adamlary hormatlapdyrlar. Şu jähetden, batly depginler bilen ösýän durmuşymyz jemgyýetiň öňünde-de, her bir adamyň öňünde-de täze talaplary goýýar. Häzirki döwürde «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen pähime eýerýäris. Şu nukdaýnazardan talyplara berilýän bilimiň akgynly ugry ylymdyr. Ylymda gazanylýan üstünlikler bolsa türkmen jemgyýetiniň ylmy akabasynyň berk binýatly bolmagyny kepillendirýär.

Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy

16-17-nji ýanwarda ýurdumyzda «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy» ady bilen türkmen hem-de eýran alymlarynyň ylmy maslahaty geçirildi. Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzlarynyň biri bolan Abu Seýit Abul Haýyr — Mäne baba Merkezi Aziýada ylym-bilimiň gülläp ösmegine uly goşant goşupdyr, ýüzlerçe şägirtleri ýetişdiripdir. Şeýle hem öz meşhur rubagylarynda şerigatyň kada-kanunlaryny, sopuçylyk tefsirlerini we olar baradaky düşünjelerini, pikir-garaýyşlaryny gysgadan gelen çuňňur manyly şöhlelendiripdir. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, Mäne babanyň yzyna eýerýän sopudyr müritleriň kemala gelmegi bilen, onuň «Müritlik — myratlyk» diýen tarykaty döräpdir.

Ylym — döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň şerti

2024-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, 2024-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy. Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gülälek ANNANEPESOWA bilen söhbetdeş bolduk. — Gülälek Orazmyradowna, ýurdumyzda ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada söhbedimize başlasak!

Müňýyllyklaryň röwşen ýyldyzy

16-17-nji ýanwarda ýurdumyzda geçirilen «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy» atly türkmen hem-de eýran alymlarynyň ylmy maslahaty netijeli häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mejlisler jaýynda öz işine başlan maslahatda iki doganlyk halkyň ylym wekilleri orta asyr Gündogar edebiýatynda, sopuçylyk ylmynda görnükli orun eýelän Mäne babanyň ömrüne we döredijiligine, ýaşan döwründäki syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna ýetiren täsirine degişli täze maglumatlar, ylmy işler boýunça pikir alyşdylar, tejribelerini paýlaşdylar. 17-nji ýanwarda maslahata gatnaşyjylar keramatly piriň guburynyň üstünde bina edilen kümmete zyýarat edip, orta asyr binägärlik toplumynyň gurluş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Kaka etrabynyň medeniýet öýünde dowam eden maslahatda çykyş edenler aryf şahyryň eserlerinde beýan edilýän gymmatly pikirleriň many-mazmuny we onuň aramgähiniň çäginde ýüze çykarylan tapyndylar bilen baglanyşykly ylmy täzelikleri halk köpçüligine ýetirdiler. Foruma gatnaşan alymlaryň käbiriniň bu babatdaky pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Mäne babaly hekaýatlar

Birinji hekaýat Agyzdan-agza geçip gelen rowaýata görä, ol (Mäne baba) şeýle diýen: «Gurhany Kerimi öwrenýän döwrümde bir gün kakam: «Ertir seniň bilen halypanyň ýanyna gitmeli» diýdi. Men Gurhany Kerimi öwredýän başky mugallymymyň ýanyna baryp: «Ertir meni kakam başga halypanyň ýanyna äkidýär» diýdim. Ol şonda: «Mübärek bolsun!» diýip doga etdi we: «Şu pendimi hiç wagt unutma, göz açyp-ýumasy salym Allanyň yşkynda bolmak hem Gün bolup Ýer ýüzüne nur çaýan ýalydyr» diýdi.

Gyzgynlyga ukyply ýeňilleşdirilen tamponaž kompozisiýasyny işläp düzmek

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşine uly üns berýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda täze açylýan iri ýataklaryň uglewodorod serişdeleriniň özleşdirilişiniň depginini çaltlandyrmak üçin toplumyň işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýdy. Uglewodorod serişdelerini çykarmaklygy artdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Şol maksatnama laýyklykda, tebigy gorlary özleşdirmekde 2030-njy ýylda nebitiň gazylyp alnyşynyň derejesini bir ýylda 110 million tonna, gazyň çykarylyşyny bolsa ýylda 250 milliard kub metre ýetirmek göz önünde tutulýar. Bu sepgitlere ýetmek üçin nebitgaz pudagynyň önümçiligine dünýäde ylmyň iň soňky gazanan öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tehnikalaryny ornaşdyrmak zerur bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, nebit we gaz guýularyny burawlamaklyga, esasan hem, olaryň sütünlerini berkitmeklige degişli ylmy-tehniki işleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns bermeli bolýar.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna, şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran 14488-nji Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglu

Arzuwlardan alymlyga çenli

Manyly ömrüniň ýarym asyra golaýyny ýurdumyzyň weterinariýa gullugyna bagyş eden Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň baş hünärmeni Annanazar Bäşimow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bahar paslynyň ajaýyp gününde «weterinariýa ylymlarynyň doktory» diýen alymlyk derejesine eýe boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen ylmy geňeşde ylmy jemagatyň öňünde «Türkmenistanda dowarlaryň gan-parazitar keselleri we olara garşy göreş çäreleri» atly doktorlyk dissertasiýasyny üstünlikli goran alym, gör, nijeme gijeleri ukusyz geçirendir, ylmy kitaplary okap, dünýä tejribelerini öwrenýän, ylmy makalalary, gollanmalary ýazýan wagtynda ençeme gezek çaýyny sowadandyr... ...Heniz mekdep ýaşyna-da ýetmedik oglanjyk Aşgabady etekläp oturan Bagyr obasynda, gojaman Köpetdagyň goýnunda mal bakýarka, ykbalyna dowardarçylyk kesbi-käriniň ýazyljakdygy barada pikirem eden däldir. Ýöne şol ýyllaryň içinde ol owlak-guzujyklar bilen oýnap-ösüp, mallara halys öwrenişipdi...

Ýaşlar — ýurduň geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sepgidinde «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza serpaý ýapmagy tamamlanan ýylymyzyň ýakymyny has-da artdyrmak bilen, täze ýylymyza berk ynam, beýik maksatlar bilen girişmegimize badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň geljegini ýurdumyzyň röwşen ertiri we şanly ösüşleri, olaryň ukyp-başarjaňlygyny ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty bilen baglanyşdyrmagy biziň her birimizde ruhy joşgun döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan şadiwanlarynda ynamyň ganatlandyryjy, güýçlendiriji we ruhlandyryjy gudrata eýedigini belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabyny ýaşlara bagyşlamagynda hem çuň many-mazmun jemlenýär. Ajaýyp eseri okap başlan badyňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy, olaryň gazanýan üstünliklerine bolan buýsanjy kalbyňy gaplap alýar. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada giňişleýin söz açylmagy, şeýle-de olaryň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, asylly gylyk-häsiýetler dogrusynda paýhasly pikirleriň öňe sürülmegi ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly