"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Arminiý Wamberi — Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenen syýahatçy alym

Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler bagtyýar halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgularyny oýarýar. Şu bagtyýar döwrümizde alym Arkadagymyzyň: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nurana bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, şu günki kämil türkmen jemgyýetinde has-da rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylýar» diýen parasatly sözleri bu günki gün biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň halkara derejesinde toýlanjak günleriniň öňüsyrasynda şahyryň özboluşly, pähim-paýhasa ýugrulan köp röwüşli edebi mirasynyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendiginiň ýene bir ýola şaýady bolýarsyň. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň milli şahyry bolman, ol dünýä edebiýatyna ummasyz goşant goşan beýik akyldardyr. Akyldaryň döredijiligini dünýä edebiýatyndan, türki halklaryň gadymy edebi däplerinden üzňe göz öňüne getirip bolmaz, çünki şahyr hemişe özünden öňki akyldarlaryň döredijiligini içgin öwrenipdir we olaryň öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerini öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, özüniň ölmez-ýitmez eserlerini döredipdir. Akyldar şahyryň ajaýyp eserleri her bir döwürde beýleki ýurtlaryň alymlarynyň hem

Pyragynyň paýhasyndan gözbaş alan binýat

Berkarar döwlet gurmagyň arzuwynda ýaşan watançy şahyryň döredijiliginde Watan waspy onuň ýürek owazy, kalp mukamy bolup ýaňlanýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda juda jaýdar belläp geçýär. Geliň, şol setirlere ünsi çekeliň: «Ömrüň manysy — Watanyň parahatçylygynda. Adamyň ömürboýy edýän yhlasynyň özeninde Watan baradaky alada bar. Watanyň gymmaty ömürboýy eden yhlasyň bilen ölçärden hem ýokardadyr. Akyldar Magtymguly:

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna öwrülen goşgulary çeperçiligi, many taýdan çuňlugy, milli mazmuna baýlygy, ynsanperwer ideýalary gozgaýandygy bilen tapawutlanýar. Şahyr döwlet gurmakda ynsanperwer syýasaty öňe sürmek bilen, durmuşdaky kanuny orunlary barada oňyn pikirleri öňe sürüpdir. Ol sahawatlylyk, ynsanperwerlik düşünjeleriniň her bir adamda bolmagyny isleýär: Jümle mahlukga açyk tutgul ýüzüň,

Akyldar şahyra bagyşlanan dokumental film gyrgyz teleýaýlymlarynda görkezilýär

Mälim bolşy ýaly, Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental film surata düşürildi. Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde düşürilen bu film akyldar şahyryň ömri we döredijiligi barada gyzykly maglumatlary, taryhy faktlary, gyrgyz ylmy intelligensiýasy bilen geçirilen söhbetdeşlikleri öz içine alýar. Gyrgyz dilinde ses berlen dokumental film maý aýynyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň «Тв-15», «Реги­он», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» we «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkezilýär.

«Eurovision-2024-iň» netijeleri belli boldy

11-nji maýda Şwesiýanyň Malmo şäherinde «Eurovision-2024» aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ses berlişigiň netijelerine görä, şweýsariýaly aýdymçy Nemo Metler «The Code» aýdymy bilen ýeňiji boldy. Şeýle-de ilkinji üçlügi degişlilikde, horwatiýaly hem-de ukrainaly aýdymçylar jemlediler.

«Iň gowy mekdep muzeýi» atly bäsleşik geçirildi

Orta mekdeplerde medeni-miras boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, taryhy enjamlaryň saklanyşy, iş resminamalarynyň talabalaýyk ýöredilişi, olary mundan beýläk-de aýawly saklamaga, goramaga, ýaş nesillerimizde taryhymyza, medeni mirasymyza, milli gymatlyklarymyza bolan hormaty, söýgüni artdyrmak maksady bilen, etrabymyzyň orta mekdeplerinde hereket edýän mekdep muzeýleriniň arasynda «Iň gowy mekdep muzeýi» atly bäsleşik geçirildi. Ol Dänew etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň 2024-nji ýyldaky tassyklanan Düzgünnamasy esasynda geçirilip, düzgünnamanyň şertleri boýunça etrabyň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň muzeýlerine toparyň aýlanyp görmeginde emin agzalary tarapyndan baha berildi. «Iň gowy mekdep muzeýi» atly bäsleşikde I orna 24-nji orta mekdep, II orna 2-nji orta mekdep, III orna 19-njy orta mekdep mynasyp boldular.  Ýeňijiler Dänew etrap bilim bölüminiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy.

Guýmagursak zehin

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor Çary Nurymowyň ady ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden bellidir. Dürli görnüşli saz eserleri bilen milli aýdym-saz sungatymyzy baýlaşdyran halypa kompozitorlaryň döredijiliginiň süňňüni düzýän «Teke nagyşlary», «Maru-Şahu-Jahan» ýaly uly göwrümli eserlerdir. Bu eserler diňe türkmen milli aýdym-saz sungatymyz üçin däl-de, eýsem Gündogar saz medeniýeti üçin täzelik bolan eserler hasaplanylýar. Kompozitor bu eserlerinde türkmen halkynyň, şeýle-de gündogar halklaryň taryhyna, medeniýetine, sungatyna mahsus bolan ajaýyp heňleri, owazlary dürli saz gurallaryň sazlaşygynda bermegi ussatlyk bilen başarýar. Şol sebäpli bu eserler ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden belli eserlere öwrüldiler. Guýmagursak zehinli Çary Nurymow dürli ýyllarda balet sungaty üçin hem ençeme eserleri döretdi. Onuň döreden «Köýten nalasy», «Epgegiň tepbedi», «Baýkyl» ýaly baletleri ozalky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynda sahnalaşdyryldy. Bu baletlerde ýaňlanan sazlar öz milli öwüşginleri bilen tapawutlanan, olarda beýan edilýän wakalaryň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn kabul edilmegine sebäp boldy.

Akyldar şahyryň dogduk mekanynda

ýaşlar bilen köpugurly çäreler geçirildi Geçen hepdäniň anna we şenbe günlerinde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda akyldar şahyrymyzyň şanly toýy mynasybetli ylmy-amaly maslahat hem-de dabaraly çäreler geçirilip, olara Watanymyzyň giňişliklerinden ýaşlaryň uly topary gatnaşdy.

«Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Şu gün — 11-nji maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky «Magtymguly Pyragy» muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Mukamly dünýäniň bilbilleri

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda  ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen bäsleşik geçirildi. Oňa sungat ojagymyzyň zehinli talyplary hem gatnaşdylar. Ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň 1 ― 3-nji ýyl talyplarynyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 10 ― 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik türkmen milli, kirişli, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, fortepiano bagşy we ýekelikde aýdym aýtmak ýaly ugurlary öz içine aldy. Bäsleşigiň birinji tapgyry degişlilikde welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde, ikinji tapgyry bolsa Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde geçirildi.

Şanly senä bagyşlandy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredilmeginiň 95 ýyllygy mynasybetli hasabat konserti boldy. Konsert bilen ugurdaşlykda guralan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň çeken suratlarynyň sergisi hem örän täsirli boldy. Kirişli saz gurallarynda ýerine ýetirilen eserler sergä özboluşly öwüşgin çaýdy.

Rowaýatlara siňen Pyragy

«Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigine Halk döredijiligine degişli bolan rowaýatlar biziň milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen dili we edebiýaty mugallymymyz rowaýatlaryň gözbaşynda hökman bir hakykatyň bardygyny aýdýar. Munuň şeýledigine «Magtymguly hakynda rowaýatlar» atly kitaby okanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Biz akyldar şahyrymyza degişli rowaýatlaryň, tymsallaryň örän kändigine buýsanýarys.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde tebigatyň keşbi

«Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigine Ynsan elmydama tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykly ýaşaýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy tebigatyň üsti bilen adam häsiýetlerini açyp görkezýär. Şahyryň eserlerinde gahrymanyň Watana, il-gününe bolan tükeniksiz söýgüsi türkmen tebigatyna bolan mähir-muhabbet bilen okyja ýetirilýär. Şahyrana mazmuna eýe bolan tebigat şekilleri: howalanyp duran gojaman daglar, akar çeşmeler, çasly çaýlar, dürli ir-iýmişli bag-bakjalar... şygyr gahrymanynyň dünýä, jemgyýet, döwür, durmuş, adam we onuň häsiýeti baradaky oýlanmalarynyň özenidir. Magtymgulynyň şygyrlaryny şahyranalyga beslenen tebigat bezeýär. Magtymgulynyň eserlerinde tebigat suratkeşliginiň özboluşly we köptaraplydygyna göz ýetirmek bolýar.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

«Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň»atly döredijilik bäsleşigine Mähriban çagalar, žurnalymyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly bäsleşik yglan edilipdi. Bu bäsleşige zehinli suratkeş jigilerimizden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda tebigat gözellikleriniň beýanyny açyp görkezýän ençeme suratlar gelip gowuşdy. «Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi» sahypamyzda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlaryny size ýetirýäris.

Kiçijek Sinba

Birdenkä öňüňizden ýolbars ýa-da gaplaň çykaýsa, gorkarsyňyzmy?! Gorkmaz ýaly-da däl. Olar çyksa, diňe bir kiçi ýaşly çagalar däl, eýsem, özümizden uly ýaşdakylar hem eýmense gerek. Sebäbi Janly tebigatyň milli muzeýine baranymyzda, ýolbarsyň hem gaplaňyň eýmendiriji nazaryny görüpdik. Ýöne men bu gezek ol gorkunç haýwanlar hakynda däl-de, multfilmlerde görkezilýän naşyja, mähirli ýolbars çagajygy barada gürrüň etmekçi. Özi-de ol beýleki ýolbarslar ýaly gorkuly däl-de, ýylgyryp ýören, degişgenje kiçijek ýolbars. Ony her birimizem gowy tanaýan bolsak gerek, ol biziň söýüp tomaşa edýän «Şa ýolbars» («Korol Lew») multfilmindäki kiçijek ýolbarsymyz — Sinba. Gören bolsaňyz, multfilmde ýaňy dünýä inen Sinba — uly bir sähranyň hem janly-jandarlaryň ýolbaşçysy bolan şa ýolbarsyň ýeke-täk perzendi. Kiçiligine garamazdan, Sinba örän bilesigeliji bolup, ol tutuş sährada beýleki haýwanlar ýaly oýnasy, ylgap bökjekläsi gelýär. Ýöne oňa rugsat berilmeýär, sebäbi onuň daş-töweregi ýabany ýyrtyjylardan, duşmanlardan doly, üstesine-de, ol şa ýolbarsyň ýalňyz perzendi. Şonuň üçin-de, oňa beýleki deň-duşlary ýaly öýden uzaklaşmaga, nätanyş haýwanlar bilen gürleşmäge hem rugsat berilmeýär. Muňa garamazdan, bilesigeliji Sinba birnäçe haýwanlar bilen dostlaşyp, olar bilen köp kynçylyklary başdan geçirýär. Maşgalasyna hem janly-jandarlara howp salýan duşmanlardan üstün çykyp, iň soňunda, Sinbanyň özi

Änew – beýik medeniýet

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda gadymy Änew şäheriniň taryhy, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten ösüşleri we şanly geljegi hakynda söhbet açylýar. Gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip, aýratyn hukuk derejesine eýe bolmagy häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän medeniýet diplomatiýasynda gazanylýan ösüşleriň anyk netijesidir.

Sahnada «Gilgameş»

Golaýda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda režissýor Ö.Galandarowyň dramaturg O.Bäşimowanyň «Gilgameş» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyran taryhy dramasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda halkara TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli sahnalaşdyrylan spektaklda halkymyzyň şan-şöhratly taryhy, ruhy-ahlak gymmatlyklary barada çeper keşpler arkaly gürrüň berilýär. Spektaklda teatryň M.Sätiýew, A.Berdiýewa, L.Nuryýewa, A.Nepesowa, H.Hydyrow we beýleki belli artistleri özlerine ynanylan taryhy şahsyýetleriň keşplerini ynandyryjy ýerine ýetirdiler.

Mahmal owazly bagşy

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Bilim, saglyk, medeniýet işgärleriniň hem-de çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda welaýatyň bagşylary onuň belent adamkärçiligi, milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşan goşandy barada täsirli gürrüň berdiler. Bu ýerde guralan sergide milli saz gurallarymyz, bezeg şaý-seplerimiz, dessançy halypa bagşylaryň, şol sanda Akjagül Myradowanyň dürli ýyllarda düşürilen fotosuratlary görkezildi.

Mertlik mekdebi

7-nji maýda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Beýik ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Dabaraly duşuşykda Döwletsähet Orazow, Merdan Berdigylyjow, Sergeý Agamýan, Azat Orazow ýaly paýtagtymyzyň ýaşuly ýaşaýjylary uruş hem-de zähmet weteranlarynyň geçen şöhratly ýoly, görkezen edermenligi barada mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryna täsirli gürrüňleri berdiler. Olaryň belleýşi ýaly, pederlerimiziň geçen ömür ýoly ýaş nesillerimizi watançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde nusgalyk mekdepdir.

Magtymgulynyň şygryýeti we türkmen romansy

Magtymguly Pyragynyň çuň manyly şygyrlaryndan ruhlanan kompozitorlaryň döredijiligi dürli görnüşli žanrlary öz içine alýar. Meşhur kompozitorlar Ý.Meýtusyň «Magtymguly» operasy, W.Muhadowyň 1-nji simfoniýasy («Magtymgulynyň ýadygärligine»), A.Kulyýewiň «Magtymguly» simfonik poemasy, M.Annamyradowyň «Täleý» kantatasy, S.Tüýliýewiň «Türkmen binasy» waspnamasy we «Dünýä, heý!» wokal toplumy beýik söz ussadynyň buýsançly keşbini özünde janlandyran ajaýyp eserlerdir. D.Öwezowyň, A.Kulyýewyň, O.Gurbannyýazowyň, W.Ahmedowyň, R.Allaýarowyň, N.Halmämmedowyň, Ç.Nurymowyň, N.Muhadowyň, D.Nuryýewiň birnäçe hor we kamera-wokal eserleri dana Pyragynyň sözlerine döredilen, türkmen kompozitorçylyk sungatyny baýlaşdyran eserlerdir.