Raýat jemgyýetiniň kämil mekdebi
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik Şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny uly ruhubelentlikde garşylaýan berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşini hem-de merdana halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň mynasyp dowamy bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen esasy ýörelgämiziň çäklerinde üstünliklere beslenýän taryhy tutumlaryň özeninde şeýle asylly maksatlar jemlenendir. Bu döwletli maksadyň hemişe rowaçlyklara beslenmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. Sebäbi halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary wekilçilikli edara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleri amala aşyrmakda jemgyýetçilik pikirini diňlemek hem-de şolar esasynda oňyn çözgütleri kabul etmek ýaly kämil durmuş ýörelgelerine daýanýar. Munuň üçin bu ýokary wekilçilikli edaranyň ýerlerde ýerli wekilçilikli edaralary bolan welaýat, etrap hem-de şäher halk maslahatlary hereket edýär. Ýokary wekilçilikli edaranyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän «Türkmenistanyň H