"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşindäki mejlisinde öňe süren teklipleri

■ Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlarynydyr wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmek teklip edildi. ■ Sebitiň ekologik meselelerine strategik çemeleşmäni kemala getirmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklip edildi.

Gadymy goňşuçylyk ýörelgeleri

SEBIT GATNAŞYKLARYNYŇ BINÝADYNDA DURMAK BILEN, DUŞENBE DUŞUŞYKLARY IŇ TÄZE TARYHA ALTYN HARPLAR BILEN ÝAZYLAR Bizi diňe ýollar däl-de, ýürekler, ynam we maksatlar hem ýakynlaşdyrýar. Ýürek ýakyn bolanda birek-birege ynam artyp, maksatlar aýdyň, geljegi nazarlaýan häsiýete eýe bolýar. Sebitiň döwletleriniň taryhy kökleriniň bir umumylykdan gözbaş almagy, halklarynyň asyrlaryň dowamynda birek-birek bilen oňyn goňşuçylyk gatnaşygynda bolmagy Merkezi Aziýa ýurtlaryna häzirki wagtda hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebitiň giň mümkinçiliklerini özara bähbitli esasda peýdalanmaga uly mümkinçilik berýär. Muny Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geljegi nazarlaýan çuňňur mazmunly başlangyçlaryň — anyk teklipleriň öňe sürülmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Duşenbe duşuşyklary: umumy binýada daýanyp, täze belentliklere tarap

Merkezi Aziýa asyrlaryň jümmüşine kök uran beýik taryhy bilen, ummasyz energiýa gorlary bilen, ägirt uly mümkinçilikleri bilen, Beýik Ýüpek ýoluny ugrukdyran oňyn-oňaýly geografik ýerleşişi bilen, iň esasysy-da, asyrlaryň aýlawynda bir derýanyň suwuny içip, oňşukly-ylalaşykly ýaşaşyp gelen, köki bir, ruhy bir, dost-dogan halklary bilen özboluşly keşbe eýe bolan sebitdir. Geçmişden şu güne deňiç möhüm ykdysady, syýasy, medeni merkezdir. Bu sebitiň dünýäniň iri syýasy-ykdysady zolaklary bilen jebis gatnaşykly-galtaşyklydygyny, Aziýadyr Ýewropanyň arasyndaky möhüm köprüdigini göz öňünde tutanyňda hem onuň geosyýasy, geoykdysady ähmiýetine aň ýetirmek bolýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhynyň bitewi bolşy ýaly, geljeginiň hem köp babatda umumydygy tagallalary birleşdirmegiň möhümligini has-da artdyrýar. Şoňa görä-de, soňky wagtlarda sebitleýin hyzmatdaşlyk barha we barha ilerlemek, işjeňleşmek bilen. 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty gözel Duşenbede bolup geçen wakalar — Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşinji konsultatiw duşuşygy, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi munuň şeýledigini ýene bir gezek tassyklady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şol günlerde dostlukly ýurtda iş saparynda bolmak bilen, Duşenbe duşuşyklaryna gatnaşyp, ileri tutulýan möhüm ugurlarda türkmen döwletiniň garaýy

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna gatnaşdy

14-nji sentýabrda Duşenbede Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda «Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar» temasy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy açyldy. Forumyň işine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri girdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi

14 — 16-njy sentýabrda Duşenbe şäherindäki «Manež» sport toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi geçirildi. Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen çärede sergi diwarlyklary 2310 inedördül metr meýdany öz içine aldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri Duşenbede duşuşdylar

13-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. Oňyn häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Duşenbe Beýannamasynyň taslamalaryna, şeýle hem ýokary derejedäki sammitleriň jemleýji resminamalarynyň toplumyna seretdiler.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Biziň umumy tagallalarymyz bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, şeýle hem Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Aral meselesiniň çözülmegi BMG bilen hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny talap edýär

Hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy Duşenbe — Aşgabat, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Sebit hyzmatdaşlygynda täze başlangyçlar

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy 14-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

(Duşenbe şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär

11-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdiler. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şunda biziň ýurdumyz bilen Russiýanyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda diplomat ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň üýtgewsiz ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary, şol sanda Wýetnam Sosialistik Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy berkidilýär

11-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň geljekde-de köpugurly strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň beýanydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Türkmen energiýa serişdeleri we logistikasy tutuş sebitiň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga ukyplydyr

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy Aşgabat — Duşenbe, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy

Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary Aşgabat — Duşenbe — Aşgabat, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistana ugrady.

Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üstünden ýük aragatnaşygyny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew bilen geçirilen gepleşiklerde Özbegistan – Türkmenistan – Hazar deňzi – Russiýa multimodal ugruny işe girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar degişli ugur boýunça Özbegistanyň we Russiýanyň arsynda eksport-import daşamalaryny guramak we beýleki ikitaraplaýyn ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň meselelerine seretdiler.

Merkezi Aziýa: bilelikdäki tagallalar — umumy geljegiň bähbidine

Asyrlaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagyň özboluşly nusgasyny kemala getiren Merkezi Aziýa döwletleriniň ykbalyny, sebitiň umumy ösüşini birek-birekden üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu gün sebitiň ýurtlary diňe bir gadyrly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dowam etdirmek bilen çäklenmän, döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryp, dünýäniň häzirki meýillerini nazara almak bilen, ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýarlar. Şunda özara gyzyklanmalardyr bähbitleriň birligini, baş maksadyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtamak gerek. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly ýokary derejeli pikir alyşma meýdançasynyň döredilmegi hem açyk we netijeli gepleşikler arkaly hut şu maksada ýetmekde bilelikdäki tagallalara goşmaça itergi bermek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dünýäde dowam edýän häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda geostrategik taýdan ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Merkezi Aziýa sebitine gyzyklanmalaryň barha artýandygy has aýdyň duýulýar. Şunda bäş doganlyk döwletiň hem olaryň halklarynyň dostlugyny we hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyrmak, jebisligimizi, hoşniýetli goňşuçylygymyzy, taryhy ykballarymyzyň bölünmezligini gorap saklamak ilkinji nobatdaky möhüm wezipe bolup öňe çykýar. Şoňa görä-de, sebit döwletleriniň Baştutan

Halkara giňişlikde

Innowasion tehnologiýalar boýunça tejribe alşyldy Tokioda Ýaponiýanyň Ylym geňeşiniň guramagynda «Durnuklylyk üçin ylym we tehnologiýalar — 2023» ady bilen geçirilen halkara maslahata ýapon Hökümetiniň agzalary, dünýäniň dürli ýurtlaryndan ylym we bilim boýunça hünärmenler, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň wekili öz çykyşynda ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň döredilendigi hem-de onuň desgalarynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berlendigi barada aýdyp, täze şäherde ýokary tehnologiýalaryňdyr innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýörelgelerine doly laýyk gelýändigini nygtady.

Dost-doganlyk mekany

Ýurdumyzda resmi saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherine baryp gördüler. Şäher häkimliginde russiýaly hyzmatdaşlaryň täze şäheriň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Iki şäheriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwerlik babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga we Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllarda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada çäreleriň Meýilnamasyna — «Ýol kartasyna» gol çekildi.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň bähbidine netijeli tagallalar

Häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmek, olar babatda sebit we ählumumy derejedäki hyzmatdaşlyga işjeň, netijeli gatnaşmak Türkmenistanyň BMG-niň belent münberinden dünýä bileleşiginiň garamagyna yzygiderli hödürleýän teklipleriniň we başlangyçlarynyň esasyny emele getirýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna-da jogapkärçilikli çemeleşip, anyk teklipleriň hem-de garaýyşlaryň uly toplumyny hödürleýär. Baş Assambleýa BMG-niň esasy alty edarasynyň biridir. Ol her ýyl nobatdaky sessiýasyna sentýabr aýynda ýygnanýar we ýylyň dowamynda hereket edýär. Sessiýanyň başlanmagyna üç aý galanda bolsa onuň ýolbaşçy düzümi saýlanýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda 7 gezek wise-başlyk wezipesini ýerine ýetirmek bilen, dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrdy. Ýurdumyzyň guramanyň nobatdaky 78-nji sessiýasynda öňe sürjek başlangyçlary hem, däp bolşy ýaly, parahatçylygy, howpsuzlygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmagy, Bitaraplyk syýasatyna ähmiýet bermegi, öňüni alyş diplomatiýasy düşünjesiniň ýaýbaňlandyrylmagyny, durnukly ösüşiň bähbidine ulag, energetika, ekologiýa, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da berk