Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi» atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň wekilçilikli çäre döwletimiziň geçen taryhy döwrüň dowamynda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ulgamlaýyn esasda alyp baran netijeli gatnaşyklaryna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlardyr talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara maslahatda Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasaty hem-de halkara hyzmatdaşlyk babatda alyp barýan oňyn syýasatynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda 32 ýyl mundan ozal, 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilip, geçen döwrüň içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşleriň gazanylandygy, ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan demokratik, hukuk we dünýewi döwlete öwrülendigi nygtaldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 153 döwleti bilen