"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat

Biziň halkymyzda tebigat bilen ysnyşykly, sazlaşykly ýaşamak gadymdan gelýän ýol-ýörelgeler hasaplanylýar. Şonuň üçin hem daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak babatdaky wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň biri bolmagynda galýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji awgustynda ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem munuň aýdyň güwäsine öwrüldi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahat Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty tarapyndan guraldy. Hazar deňziniň gününi Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellemek asylly däbe öwrüldi.

Aý nuruna ýalkym saçýar Awaza

Goja Hazaryň ajaýyp kenarynda jahana aklyk hem-de gözellik paýlaýan ýaly bolup oturan Awaza bu gün jenneti ýatladýar. Onuň her bir künjeginde gözellik bar. Aňyrsyna göz ýetmeýän bu deňziň ajap kenarynda seýil etmek, onuň asmanynda uçup ýören çarlaklaryň sesine maýyl bolmak köňüllere melhem bolup siňýär, kalbyňa tükeniksiz hyjuw berýär, her bir adamyň gözellige bolan teşneligini gandyrýar. Awazanyň ajaýyp gözelligine bütin durkuň hem düýrmegiň bilen goşulyşyp, gatylyşyp gideniňi duýman galýarsyň. Jenneti mekanyň gözelligini, deňiz guşlarynyň al-asmana göterilip perwaz edişlerini synlamak hem täsin, hem-de göwün göteriji. Bu täsin gözellik bada-bat ruhy dünýäňi gaplap, kalbyňa rahatlyk çaýýar. Şeýdip, ajaýyp Awazanyň gözelliginden lezzet alýan ynsan ylhamlanýar, gujurlanýar, hyruçlanýar. Bu ýakymly görnüş ruhy dünýäňe siňip, ýakymly täsirleriň, lezzetli duýgularyň gujagyna atarýar. Tebigy gurşawyň bu gaýtalanmajak dünýäsine seýran etmek, çarlaklaryň sesine ylhamlanmak köňle üýtgeşik aram berýär. Bu gözelligiň gujagynda ýaýnap, «Deňiz guşy» atly aýdyma hiňleneniňi duýman galýarsyň. Gök deňiz-ä, gök deňiz,Hüwdüle sallançakda.Ýöne bolsun hüwdüleň,Hazar deňizi hakda.

Köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek ýolunda

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy bu ýurtlaryň ösüş meýillerini beýan edýän, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýakyn döwür üçin ylalaşylan ugurlaryny kesgitleýän möhüm syýasy çäre boldy. Ýokary derejeli bu çäre sebitdäki hyzmatdaşlyk meýdançasynyň bu görnüşiniň peýdalydygyny görkezdi. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň Hökümetlerine ozalky konsultatiw duşuşyklaryň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalaryň mazmunyna çuňňur seljerme geçirilmeginiň, orta möhletli döwre niýetlenip, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça çäreleri kesgitlemegiň hem-de bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän «Ýol kartasyny» kabul etmegiň zerurdygyny nygtady.

Hazaryň ekologiýa abadançylygy

12-nji awgustda Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şanly senä — Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar. Hazar deňziniň güni Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellenilýär. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk

Öňňin Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şanly senä — Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar. Hazar deňziniň güni Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellenilýär. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Durnukly ösüşiň köpugurly şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler halkymyzyň abadan durmuşyny nazarlamak bilen birlikde, sebit hem-de dünýä halklarynyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň hem bähbidine gönükdirilendir. Häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamy hojalyk gatnaşyklarynyň durnukly we sazlaşykly ösüşine oňyn täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistanyň BMG-niň we onuň düzümleriniň çäklerinde ulag geçelgeleriniň döredilmegini nazarlaýan giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly sebit we yklymara derejesinde köpugurly utgaşdyrylan ulag düzüminiň döredilmegine önjeýli goşant goşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda özüniň amatly geosyýasy ýerleşişini hem-de adam kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanyp, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda yzygiderli tagallalar edip, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini barha giňeldýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz adamyň öz mümkinçiliklerini açmagy we durmuşa geçirmegi babatda jemgyýetiň her bir agzasy üçin deň we amatly şertleri döretmegi maksat edinýär.

Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 12-nji awgust (TDH). Şu gün Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şanly senä — Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar. Hazar deňziniň güni Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellenilýär. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň başlangyçlary sebitleýin gatnaşyklaryň täze çäklerini açdy

3. Milli önümleriň halkara sergisi ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde netijeli çäre boldy Ýakynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmäge, şol sanda daşary ykdysady hem-de daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünliklere beslenmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Awaza duşuşygy: sebiti ösdürmegiň täze ugurlary, mümkinçilikleri, şertleri

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi pugtalandyrmakda, taryhy, dini, medeni umumylygy bolan halklaryň asudalygyny, abadançylygyny berkitmekde, sebitiçi, sebitara we yklymara hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze syýasy esaslary, ykdysady islegleri, medeni mümkinçilikleri emele getirdi. Konsultatiw duşuşyga gatnaşyjy bäş döwletiň — Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň köptaraply, özara bähbitli, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, galyberse-de geografik ýerleşişi hem-de tebigy gorlary babatdan alanyňda dünýä döwletleri bilen maýa goýum, söwda dolanyşygy, senagatlaşmagyň, şonuň ýaly-da logistik hereketleriňdir hyzmatlaryň täze görnüşlerinidir ugurlaryny döretmäge bolan islegleri olaryň garaýyşlarynyň umumydygyny ýa-da biri-birine golaýdygyny görkezýär. Munuň özeninde uzak asyrlaryň dowamynda goňşy ýaşan, geçmişi bir köke daýanyp, ýagty geljek baradaky umyt-arzuwlary bir akabada birleşýän halklarymyzyň birek-birege bolan dostanalygy, ynamy, ygrarydyr. Hormatly Prezidentimiziň gürrüňi edilýän konsultatiw duşuşykda eden çykyşynda: «Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur» diýen sözleri aýratyn ünsümizi çekdi. Çünki ol,

Türkmenistanyň başlangyçlary sebitleýin gatnaşyklaryň täze çäklerini açdy

2. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşantdyr Häzirki döwürde gender deňligi jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy üpjün etmek işinde, durnukly ösüşiň esasynda adam şahsyýetiniň uly mümkinçiligini amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, zenanlar üçin deň hukuklary hem-de mümkinçilikleri üpjün etmek meseleleri dünýäniň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň şeýledigine 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy şaýatlyk etdi. Forumyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy bilen ugurdaşlykda geçirilmegi sebitiň zenanlarynyň gatnaşyklarynyň netijeli görnüşi hökmünde onuň işine itergi berdi, bu meýdançanyň halkara derejedäki ornuny pugtalandyrdy.

Zemine parahatçylyk eçilýän başlangyçlar

Hazaryň dost-doganlyk kenarynda wysal tapýar Hazar hakynda täzelik aýdaýmag-a kyn aslynda, çünki onuň taryhy, şu günki mümkinçilikleridir geljegi baradaky pikir-garaýyşlar indi birnäçe ýyldan bäri türkmen metbugatynda jikme-jik beýanyny tapyp gelýär. Bu gün ylmy jemgyýetçilikde hazarşynaslaryň täze nesilleri kemala gelen bolsa, dünýä syýasatynda «dostlugyň, parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň deňzi» diýip häsiýetlendirilýän Hazar bilen bagly özboluşly ugur döredi. Ol hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda türkmen diplomatiýasynyň hem ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hazar boýunça Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlarydyr öňe sürýän teklipleri bolsa kenarýaka döwletleriň ählisiniň ýagty geljegini, doganlyk halklaryň bähbitlerini birleşdirmegi nazarlaýar.

Röwşen geljegiň hatyrasyna

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda dost-doganlyk hem hyzmatdaşlyk deňzi bolan gojaman Hazaryň türkmen kenarynda bolup geçen möhüm ähmiýetli waka — Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy taryha altyn sahypalary ýazdy. Sebit ýurtlarynyň gülläp ösüşini, doganlyk halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyny nazarlaýan derwaýys meseleleriň birbada altysyny öz içine alan bu duşuşyk bir maksada gulluk edip, biri-birege ynanyşmak arkaly bilelikde alnyp barylýan döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleriň oňyn netijelere, belent sepgitlere eltýändigini ýene-de bir gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiziň örän jaýdar belleýşi ýaly, biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur. Ilki bilen, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hem-de onuň çäklerinde geçirilen halkara forumlarda sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, telekeçilik işjeňliginiň artmagyna aýratyn ähmiýet berlendigini bellemeli. Bu babatda hormatly Prezidentimiz duşuşykda eden taryhy çykyşynda: «Häzir möhüm wezipe biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky doly bahaly söwda-ykdysady gatnaşyklary täzeden dikeltmekden, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakdan, ony giňeltmekden we hil taýdan täzelemekden ybaratdyr» diýip belledi hem-de Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýar

Hazar deňzi: köpugurly hyzmatdaşlyk we giň gerimli mümkinçilikler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda hem Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli hem-de umumadamzat bähbitlerinden gözbaş alýar. Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygy syýasatynyň özeninde Merkezi Aziýa we Hazar sebiti yklymyndaky strategik durnuklylygyň ygtybarly merkezine, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin uzakmöhletleýin hem-de geljegi uly ykdysady hyzmatdaşa, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr merkeze öwürmäge saldamly goşant goşmak maksady durýar. Geçmişde Hazar deňziniň üstünden dürli ugur boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklar amala aşyrylypdyr we kenarýaka halklaryň dost-doganlygyny berkidip, medeniýetiniň, sungatynyň ýakynlaşmagyna mümkinçilik döredilipdir. Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda şol taryhy eýýamlardan dowam edip gelýän parahatçylykly, özara bähbitli gatnaşyklar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşýan Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine m

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça BILELIKDÄKI BEÝANNAMA (2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Türkmenbaşy şäheri)

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy, duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar. Döwletleriň Baştutanlary dostluk we özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak, konstruktiwizm we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeleri boýunça, taryhy taýdan emele gelen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň depginli ýagdaýyny belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine esaslanyp hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmäge özleriniň berk eýerýändigini tassyklap, Merkezi Aziýa sebitini özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda gepleşikler we geňeşmeler arkaly ösdürmegiň möhüm meselelerine seretmegiň hem-de olary çözmegiň zerurdygyny belläp, öz döwletleriniň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbitlerine açyk we giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, durnukly ösüş, söwda-ykdysady we maýa goýum-maliýe, ulag-kommunikasiýa, suw-energetika, maglumat-tehnologiýa, ekologiýa we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk b

Türkmenistanyň başlangyçlary sebit gatnaşyklarynyň täze çäklerini açdy

Mälim bolşy ýaly, gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ähmiýetli halkara çäreleriň ýene-de bäşisi guraldy. Olaryň birinjisi — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy;

Dünýäniň nurana sebiti

Awazadaky taryhy wakalardan soňky oýlanmalar Bu söhbediň näme hakyndadygyny okyjylar eýýäm sözbaşydan aňan bolsalar gerek. Hawa, gürrüň biziň sebitimiz — Merkezi Aziýa sebiti barada. Bu dogrusynda buýsanç bilen aýtmaga näçe diýseň esas bar. Eýýäm geçilen ýollar, şu günki hallar, ak ertirlere uzaýan pikir-hyýallar muny görkezip dur.

Türkmenistan — dost-doganlygyň mekany

Döwletli Diýarymyzda halkymyz bagtyýarlykda ýaşap, taryhy wakalara şaýat bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan şu ajaýyp günlerimizde gojaman Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen, dünýa ýaň salan wakalar bu babatda uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde deňiz kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi ählimiz üçin buýsançly wakalara öwrüldi. Bu giň göwrümli çäreler sebitiň halklarynyň arasyndaky gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha täze öwüşgine eýe bolýandygyny äşgär etdi.

Hazar — dostlugyň we ylalaşygyň deňzi

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk türkmen halkyna mahsus asylly ýörelgelerdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty halkara gatnaşyklarynda umumy ykrar edilen kadalaryň we ýörelgeleriň esasynda özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilýär. Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylda ýurdumyzda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji duşuşygy döwletimiziň öňe süren başlangyjy esasynda geçirildi. Onuň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikleriň hil taýdan täze derejä çykmagyna hem-de bu gepleşikleriň ýokary derejede yzygiderli häsiýetde geçirilmegine itergi berendigini aýratyn bellemek gerek. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Tähran şäherinde geçirilen ikinji, 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Baku şäherinde geçirilen üçünji duşuşyklarynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşine esas berýär.

Hyzmatdaşlygyň we berekediň kenary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak, halkymyzyň adadan durmuşyny üpjün etmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Adamlaryň oňat dynç almaklary we saglyklaryny berkitmek üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti uludyr. Mundan başga-da, Hazaryň güneşli kenarynda belent tutumlara beslenip geçirilýän döwletli maslahatlar sebitde we dünýäde energetika, logistika ulgamlaryny ösdürmekde, söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde möhüm orna eýedir. Şu ýylyň 6-njy awgustynda-da Hazaryň ajaýyp kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we beýleki möhüm çäreleriň bilelikde geçirilmegi hem uly waka öwrüldi. Hawa, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy möhüm syýasy-ykdysady forumlary geçirmek, mynasyp dynç alşy guramak üçin ajaýyp künjekdir.

Awaza ýagtylyk hem güýç paýlady

Hawa, žurnalistleriň «Awaza çäreleri» diýip atlandyran wakalary tamamlandy. Üstünden 3-4 gün geçen şol wakalar hakynda nämeler aýdyp bolar?! Owalbaşda aýtmaly zat, olam biziň sebitimizde döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ugur alnandygydyr. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň indi üçünji gezek yzygiderli geçirilýändigi, her gezegem sebit we onuň daş-töweregindäki ýagdaýlar bilen baglanyşykly meseleleriň töwerekleýin ara alnyp maslahatlaşylýandygy, olary çözmek üçin güýçleri birleşdirmek, mümkinçilikleri jemlemek babatda ädimleriň ädilýändigi, bu gezek bolsa duşuşyk bilen utgaşyklylykda, bäş sany ähmiýetli çäräniň geçirilendigi, olaryňam bu döwletli işe sebitiň halklarynyň ünsüni çekmäge we doly goldawlaryny gazanmaga gönükdirilendigini kanagatlanmak bilen aýdyp bolar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny sebitiň halklarynyň gurultaýy hökmünde kabul edýärsiň. Bu gurultaýyň baş ideýasy, öňe sürýän esasy taglymaty bolsa halklarymyzyň dostlugyny we agzybirligini pugtalandyrmakdyr.