«EKSPO — 2020»: ösüşleriň hem özgerişleriň aýnasy
Halkara sergiler edarasy häzirki döwürde EKSPO sergileriniň 4 görnüşini guraýar we olaryň arasynda «EKSPO» Bütindünýä sergisi has meşhurdyr. Bu sergini medeniýet, taryh, bilim we sungat ugurlary boýunça geçirilýän olimpiýa meňzetsek hem ýalňyş bolmasa gerek. «EKSPO» Bütindünýä sergisi oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini, senagat taýdan ösüşini, milli aýratynlyklaryny, eksport artykmaçlyklaryny açyp görkezýän we dünýäniň tas ähli döwletlerini özünde birleşdirýän çäredir. Şu ýylyň 1-nji oktýabrynda açylan we 6 aý dowam etjek «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçirilmegi dünýäniň ählumumylaşýandygyny we onda her bir döwletiň öz ornunyň, garaýyşlarynyň, sözüniň bardygyny hem-de bolmalydygyny ýene bir ýola ýüze çykardy. Gürrüňi edilýän şygaryň saýlanylyp alynmagy dünýä ykdysadyýetiniň kynçylykly döwri başdan geçirýän häzirki günlerinde has-da aýratyn mana eýedir. Bu şygar halkara jemgyýetçilikde we döwletara gatnaşyklarda emele gelen hem-de çözgüdine garaşýan «gyzgyn» meseleleri aradan aýyrmakda, döwletara, halkara gatnaşyklarda ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde, ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmakda, şonuň bilen birlikde-de, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde tagallalarydyr mümkinçilikleri birleşdirmegiň derwaýysdygyny aýan edýär. Şeýle bo