"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman bilen mähirli salamlaşyp, Gahryman Arkadagymyz Neda Bergeriň Türkmenistanda uly hormata eýedigini aýtdy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz onuň ýurdumyzda geçirilýän köp sanly baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandygyny we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götzburgdan ynanç hatyny kabul etdi. Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi. Mejlisi açmak bilen, toparlaryň başlyklary birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda bar bolan uly mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmaga çalyşýarlar. Mejlise gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen-awstriýa döwletara gatnaşyklaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Köpugurly hyzmatdaşlyk — ösüşiň bähbidine

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki sepgidine we geljekki ösüş ugurlaryna, söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerine, iki dostlukly ýurduň ykdysadyýetleriniň dürli pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan nobatdaky forum giňden ösdürilýän özara gatnaşyklarda täze ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 18-nji noýabrynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, bu döwletiň işewür düzümleriniň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bilelikdäki taslamalarynyň, şol sanda gurluşyk, syýahatçylyk, söwda, marketing we ulag hyzmatlarynda dürli pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary getirmek taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi babatda oňyn tejribe toplanandygyny belledi.

Parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlarda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetýär. Ata Watanymyzyň berkararlygy hem-de halkymyzyň abadançylygy barada gije-gündiz taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işler günsaýyn döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini barha belentliklere göterýär. Ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler bilen bir hatarda, parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda öz beýanyny tapýar we parlament diplomatiýasy ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň kanun çykaryjy häkimiýeti Milli Geňeşiň Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisinden ybarat bolup, iki palata hem agzybirlikde, jebislikde, milli kanunçylygymyzyň has-da kämilleşmegini nazarlap, öz işlerini üstünlikli alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyz şu ýylyň 14-n

Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar.  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli ýolbaşçylaryň foruma taýýarlyk görlüşi babatdaky habaryny diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklaryň okgunly ösmegi taraplaryň köpugurly, uzak möhletli esasda hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklaryny tassyklaýar. Netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň görkezijisidir. Awstriýanyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan uly işewür toparlarynyň wekilleri bilen köpýyllyk ysnyşykly gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli gural hökmünde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň möhüm ornuny belledi hem-de Aşgabatda geçiriljek işewürlik maslahatynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlenildi

Seul, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy, şeýle-de işewürler maslahatyna gatnaşdy we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ir bilen Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň “Ýonsan” köşgüne tarap ugrady.

Türkmenistanyň ulag-logistikasy Ýewraziýa yklymynyň üstaşyr düzüminiň möhüm bölegidir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň barşynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşiklerde ulag-logistika ulgamynyň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Bu babatda iki ýurduň port düzümlerini ulanmak arkaly, utgaşykly ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu port öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan halkara derejedäki köpugurly terminaldyr. Onuň kuwwaty, hususan-da, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Hindi ummanynyň deňiz ugurlary boýunça gatnawlary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça yklymda iň iri ulag halkasy bolmak mümkinçiligine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy portunyň we BAE-niň portlarynyň logistik baglanyşygynyň örän uly geljegi bar.

Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli ýolbaşçylaryň foruma taýýarlyk görlüşi babatdaky habaryny diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklaryň okgunly ösmegi taraplaryň köpugurly, uzak möhletli esasda hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklaryny tassyklaýar. Netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň görkezijisidir. Awstriýanyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan uly işewür toparlarynyň wekilleri bilen köpýyllyk ysnyşykly gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli gural hökmünde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň möhüm ornuny belledi hem-de Aşgabatda geçiriljek işewürlik maslahatynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Parlament diplomatiýasynyň täze ugry

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti, bu ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşyklar hem-de däp bolan döwletara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjek beýleki çäreler meýilleşdirildi. 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy.

Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň täze taryhy tapgyry

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň uçary Seul şäheriniň «Seoul Air Base» halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistan — Koreýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal-Gon we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Dost­luk­ly gat­na­şyk­lar pug­ta­lan­dy­ryl­ýar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Ga­raş­syz ýur­du­myz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­lan­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar. Dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ozaldan habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan resmi sapary iki dostlukly döwletiň parlament gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirmek bilen, täze sepgitlere ýetirýär. Şu gün, ýagny, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 29-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok-Ýol bilen duşuşyp, özara bähbitli hem-de umumadamzat ähmiýetli işleriň iňňän wajyp ugurlary hakynda gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde parlament diplomatiýasynyň täze ugry

Seul, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy. Ir bilen hormatly Arkadagymyz özüniň sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän myhmanhanadan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasyna tarap ugrady.

Däp bolan hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär Şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Bu döwrüň içinde türkmen-koreý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça okgunly häsiýete eýe bolup, ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy, özara bähbitli taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasyna şu gezekki resmi sapary aýratyn many-mazmuna eýedir.

Ynama esaslanýan ygtybarly hyzmatdaşlyk

Dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugurlarynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Kerwen gurap ötýän ýyllaryň dowamynda bu gatnaşyklar barha berkeýär. Bu gün Türkmenistan döwletimiz dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hem-de dostlukly döwlet hökmünde tanalýar. Ýakyn Gündogar ýurtlary babatda hem bu hut şeýle. Üstesine taryhy kökleriň, düşünjedir dünýägaraýyşlaryň, geljege gönügen maksat-meýilleriň meňzeşligi hem-de diňe bir iki döwlete däl, eýsem, ähli adamzada bähbitlidigi taraplary biri-birine has-da ýakynlaşdyrýar. Birleşen Arap Emirlikleri döwleti köp ýyllardan bäri Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri. Abu-Dabi, Dubaý, Şarja diýen sözleri türkmeniň uludan-kiçisi hemmesi bilýär diýen ýaly, çünki bu şäherler Gündogaryň iň bir gelim-gidimli, häzirki zaman söwdasynyň hem-de syýahatçylygynyň ösen, şeýle hem erkin ykdysady zolaklara baý bolan açyk şäherleridir. Edil şonuň ýaly, Emirliklerde hem Türkmenistan döwletimiziň abraýy juda beýik, halkymyza goýulýan hormat örän uly. Muny Emirlikleriň gündelik metbugatyndan, teleýaýlymlarynda gyzgyny bilen ýetirilýän habarlardan, şeýle hem täzelikde hormatly Prezidentimiziň bu döwlete bolan ilkinji resmi saparyndaky mähirli garşylamalardan hem-de saparyň guwandyryjy netijelerinden anyk kesgitläp bolýar.

Türkmen-koreý gatnaşyklary: işjeňlik, ýokary netijelilik

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýulmak bilen, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe boldy. Hususan-da, 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň, 2013-nji ýylda Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy dostlukly döwletleriň gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrdy.

Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ilerletmegiň ýoly bilen

Aşgabat — Seul, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady.  Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul bilen söhbetdeş bolup, soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykandygyny belledi. 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär. Gahryman Arkadagymyz resmi saparynyň dowamynda ilki bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýon bilen ýokary derejede gepleşikleri geçirdi. Duşuşyga dostlukly döwletleriň parlament wekilleri hem gatnaşdylar. Bu duşuşyk örän netijeli häsiýete eýe bolmak bilen, hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açdy.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň demirýolçylary ýük dolanyşygynyň ýokarlandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

«Demirýollary» AGPJ we «Uzbekiston temir ýullari» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri Daşkentde geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýük dolanyşygynyň ýokarlandyrmagyň we onuň yzygiderli üpjün edilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistanyň demir ýol edarasynyň resmi saýty habar berýär. Duşuşygyň barşynda taraplar daşalýan harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlary alyşmagyň hasabyna ýük daşamalaryny artdyrmagyň, şeýle hem lokomotiw hojalygy ulgamy boýunça tejribe alyşmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.